Habarlar

Okgunly ösüşiň we progresiň maksatlaryna gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy

Baş sahypaYlymlar akademiýasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ýaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2009-12-02

Bilermenleriň Türkmenbaşyda geçirilýän Halkara forumyndan

Şu gün Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň, ylmyň, meýilleşdirmegiň bilimiň hilini ýokarlandyrmakda ornuna bagyşlanan bilermenleriň halkara forumy öz işini dowam etdirdi.

Maslahatyň mejlisleriniň altysynyň barşynda global maglumatlar jemgyýetiniň kemala getirilýän şertlerinde häzirki zaman tehnologiýalaryny we öňde baryjy ylmy işläp düzmeleri bilim prosesine ornaşdyrmagyň meselelerine bagyşlanan çykyşlar diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen hünärmenleri, şol sanda bilim we daşary işler ministrlikleriniň, Mejlisiň, Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn institutlarynyň, Ýokary attestasiýa komitetiniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Milli bilim institutynyň, Milli strategiki meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň wekilleri, şeýle hem ýokary okuw jaýlarynyň we mekdepleriň mugallymlary, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän bilim reformalarynyň esasy ugurlary we normatiw-hukuk bazasy bilen kärdeşlerini tanyşdyrdylar. Ýewropa ýurtlaryndan we ABŞ-dan Türkmenistanyň hyzmatdaşlary tarapyndan amala aşyrylýan halkara taslamalary, hususan-da «Täze eýýamyň Ýüpek ýolunyň» taslamasy görkezildi. Olar ýurtda multimediýa ylym-bilim ulgamyny döretmäge ýardam etdi, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň bilim prosesinde ulanylmagyny ep-esli giňeltdi. Häzirki günde şol ulgama guramalaryň 69-sy, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň 16-sy we ylmy-barlag institutlarynyň 15-si birikdirildi. Taslama uzak aralykdan okatmagyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga şert döretdi, şeýle hem ýurdumyzda interaktiw telelukmançylygyny ösdürmäge ýardam etdi.

Bilermerleriň duşuşygyna gatnaşyjylaryň gyzyklanma bildirilen gepleşikleriniň üns merkezinde bilim we ylym ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, umumy we hünärment biliminde, düýpli we amaly ylmy-barlaglarda maglumat-habarlar tehnologiýalarynyň orny baradaky meseleler boldy.

Ýygnananlar ÝUNESKO-nyň Statistika institutynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda meýilnamalaşdyryş we ylym-bilim proseslerini ösdürmek babatda toplan tejribesi bilen tanyşdyryldy. Bilim we ylym edaralarynyň maglumatlar infrastukturasyny (telekommunikasiýa we bilim maglumatlar setiniň infrastukturasyny ösdürmek; informatizasiýa proseslerini dolandyrmagyň meseleleri) ösdürmek, şeýle hem mekdepleriň we ýokary okuw jaýlarynyň okuw prosesinde dünýä tejribesini ulanmak, täze tehnologik multimediýa enjamlaryny ornaşdyrmak, onuň mümkinçilikleri baradaky meselelere bagyşlanan çykyşlar uly gyzyklanma döretdi.

Günüň ikinji ýarymynda guralan «tegelek stola» gatnaşyjylar maglumatlar-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň maglumatlary we bilimleri eleterli etmegini gowulandyrmagyň, maglumatlar we aragatnaşyk tehnologiýalaryny ählumumy progresiň hatyrasyna ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen Döwlet Habarlar Gullugy



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy