Habarlar

“Täze Galkynyş döwri we türkmen diliniň hem edebiýatynyň ösüş ýollary” ady bilen ylmy maslahat geçdi

Baş sahypaYlymlar akademiýasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ýaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2007-12-09

Üstümizdäki ýylyň Bitaraplyk aýynyň 8-nde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 12 ýyllygyna we talyp ýaşlaryň gününe bagyşlap “Täze Galkynyş döwri we türkmen diliniň hem edebiýatynyň ösüş ýollary” ady bilen ylmy maslahat geçdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşiň çäklerinde geçirilen bu maslahatyň açylyşy şu edaranyň mejlishanasynda başlandy.

Umumy mejlisde ýurdumyzda başlanan täze ylmy galkynyşlar, bilim ulgamyndaky öňe gidişlikler ylmy-bilimi ösdürmek üçin döwlet tarapyndan edilýän tagallalar barasynda bu pudaklara ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşiň Başlygynyň orunbasary A. G. Allanurowa giriş sözünde we Türkmenistanyň Bilim ministiri M. B. Annaamanow gutlag sözünde bellediler.

Soňra ylmy çykyşlara gezek berildi. Mejlisde çykyş eden ýurdumyzyň görnükli dilçi we edebiýatçy alymlary türkmen diliniň hem edebiýatynyň ylmy taýdan öwrenilişindäki şu günki gazanylan netijeler, öňde durýan wezipeler barada giňişleýin we düýpli gürrüň etdiler.

Umumy mejlis tamamlanandan soňra çykyşlar bölümçelerde dowam etdirildi. Bölümçeleriň işlerine ýurdumyzyň ylmy edaralarynyň hem-de bilim ojaklarynyň dilçi – edebiýatçy alymlary, talyplar işjeň gatnaşdylar.

Bu giň möçberde geçirilýän ylmy maslahata gelip gowşan çykyşlar, esasan, iki ugur boýunça tapawutlandyrylypdyr we bölümleriň işi şoňa laýyklykda gurnalypdyr.

Türkmen edebiýatynyň taryhy, häzirki döwürdäki ösüşi ýaly wajyp meseleleriň bir topary birinji bölümçede diňlenildi.

Ikinji bölümçedäki çykyşlar bolsa, türkmen diliniň sözlükçilik we söz öwreniş, diliň taryhy ösüşi, adalgaşynaslyk meseleleri, diliniň içki gurluşy bilen baglanyşykly temalara bagyşlanylypdyr.

Bölümçeleriň ikisinde-de bosagada duran döwlet derejesinde giňişleýin bellenilip geçiljek goşa baýramçylyk bilen baglanyşykly çykyşlara hem orun berlipdir.

Olaryň önjeýli çözülişi boýunça ylmy teklipler, garaýyşlar aýdyldy. Çykyş eden alymlar, ýaş talyplar milli dil-edebiýat ylmy mekdebiniň işiniň döwrüň şu günki talaplaryndan ugur almagy maksat edinýändigini nygtadylar. Edilen çykyşlarda Galkynyş zamanasynda türkmen milli ylmynyň bu ugurlaryny geljekde öňe ilerletmek, ýerine ýetirilýän ylmy derňewleriň hilini ýokarlandyrmak, öwrenilýän temalaryň ähmiýetliligini artdyrmak bilen baglanyşykly bolan gyzykly meseleler gozgaldy.

Edilen çykyşlar ylmy maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Bölümçeler öz işini tamamlanyndan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Minnetdarlyk haty kabul edildi.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy