Habarlar

Türkmenistanda "Täze eýýamyň Yüpek ýoly" taslamasy boýunça hyzmatdaşlar duşuşdylar

Baş sahypaYlymlar akademiřasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat řaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2007-11-21

AŞGABAT, Sanjar aýynyň 19-y (TDH). Şu gün paýtagtymyzda NATO-nyň Ylym baradaky ko mitetiniň "Täze eýýamyň Ýüpek ýoly" taslamasynyň Geňeşiniň XVI mejüsi hem-de Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tehniki hünärmenleriniň VI duşuşygy açyldy. Halkara forumy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeş tarapyndan guraldy, Onuň işine Kawkaz, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň ylym-bilim ulgamlarynyň wekilieri, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, Daniýadan, Norwegiýadan, Belgiýadan, Slowakiýadan, Türkiýeden, Polşadan, Gollandiýadan, Russiýadan, Belarusdan informasion-kommunikasiýa tehnologiýalary babatda hünärmenler, Ýewraziýa uniwersitetlerinden alymlar, Türkmenistanyň ylym-bilim uigamyna birikdirilen hyzmatdaş guramalaryň wekilleri gatnaşýar.

Plenar mejüsiň açylyşynda "Täze eýýamyň Ýüpek ýoly" taslamasynyň başlygy professor Peter Kirsteýn gutlag sözi bilen çykyş etdi. Myhman taslamanyň Türkmenistanda durmuşa geçirilişine ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa forumy geçirmäge ýardam edendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Daşary ýurtly alymyň pikiriçe, türkmen lideriniň milli ylymy we bilimi kämilleşdirmäge hem-de ösdürmäge, öňdebaryjy informasion we internet-tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga ugur alan progressiw reformalary häzirki wagtda "Täze eýýamyň Ýüpek ýoly" taslamasynyň çäklerinde üstünükli hyzmatdaşlyk üçin ähli şertleri döredýär.

Nobatdaky duşuşyk bu taslamany mundan beýläkde durmuşa geçirmegiň perspektiwalaryna bagyşlandy. Hyzmatdaş ýurtlaryň uly internet-ulgamlaryny ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek meseleleri, hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary, şol sanda ylmy-barlaglary we tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek, şeýle hem geçirüen iş hakyndaky hasabatlar foruma gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy.

Foruma gatnaşyjylar ýurdumyzda üstünlikli ulanylýan milli ylym-bilim ulgamyny giňeitmegiň meselelerini hem ara aiyp mastahatlaşdylar. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç "Täze eýýamyň Ýüpek ýoly" adyny aldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeş Türkmenistanyň Prezidentiniň howandarlygynda amala aşyrylýan taslamanyň Utgaşdyryjysy diýlip bellenildi. "Ylym parahatçylygyň hatyrasyna" halkara maksatnamasynyň çäklerinde "Täze eýýamyň Ýüpek ýoly" tasiamasyna Türkmenistan bilen bir hatarda Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjjgistan, Gruziýa, Ermenistan, Azerbaýjan, Owganystan gatnaşýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda "Täze eýýamyň Ýüpek ýoly" taslamasynyň dördünji tapgyryny durmuşa geçirmek üstünlikli tamamlandy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Milli ylym-bilim ulgamyny peýdalanyjylaryň sanawynda edaralaryň 52-si, şol sanda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag institutlary, orta we ýörite orta mekdepleri bar. Şeýlelikde peýdalanyjylar taryh boýunça, häzirki döwürde dünýä ylmynyň iň soňky gazananlary we ony ösdürmegiň meýilleri hakyndaky maglumatlardan ybarat bolan global maglumatlar binýadyna mugt we çalt aralaşmak mümkinçilik aldylar.

Duşuşygy guraýjylaryň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda internet ägirt uly wirtual maglumatlar binýady bolmak bilen çäklenmän, interaktiw okatmakdan, tehniki prosesleri aralykdan dolandyrmakdan ybaratdyr. Taslamanyň utgaşdyryjylarynyň belleýşi ýaly, arhitektorlar, nebitçiler, oba hojalyk işärleri, ýagny dürli pudaklaryň hünärmenleri global ulgamda zerur maglumatlary alyp we tejribe alşyp bilerler.

Halkara forum Sanjar aýynyň 22-sine çenli öz işini dowam etdirer.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm ę 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy