Habarlar

"Harby adalgalaryň sözlügi" neşir bolup çykdy

Baş sahypaYTBÝG
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ýaz  Atgarma
  

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar
Türkmenistanyň saýtlary

Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň merkezi ylmy kitaphanasy
File server



|< < Spisok > >| 

2007-09-17

Täzelikde Türkmenistanyň Ylym we tehnika baradaky Yokary geňeşiň garamagyndaky Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda sözlükçi W. Mesgudowyň ýerine ýetirmeginde "Harby adalgalaryň sözlügi" neşir bolup çykdy.

Sözlük Türkmenistanyň Milli ýaragly güýçleriniň düzgünnamalaryna, taktika, atyş, nyzam taýýarlygyna, Raýat goranyşyna, harby tehnika, söweş sungatyna, harby gullukçylaryň gündelik hajatlaryna we ş.m. degişli 5000 çemesi sözlük makalalaryny öz içine alýar. Sözlükde beýan edilen adalgalardyr söz utgaşmalaryny okyjylaryň özleşdirmekleri, manylaryna aň ýetirmekleri üçin, olaryň ählisine gysgaça düşündiriş berilýär.

Sözlügiň sözlükligi düzülende "Harby ensiklopediýa sözlüginiň", "Harby lukmançylyk sözlüginiň", ýaragly güýçleriň umumy harby düzgünnamalarynyň dürli harby gollanmalaryň, harby işe we raýat goranyşyna degişli okuw kitaplarynyň, türkmen dilinde harby leksika bagyşlanan ylmy işleriň, umumy dilşynaslyk sözlükleriniň we ş.m. maglumatlary peydalanyldy.

Sözlügiň soňunda goşmaça hökmunde, aýratynlykda rus dilinde gepleýänler üçin "Harby adalgalaryň rusça - türkmençe sözlügi" berilýär.

Sözlük ýaragly güýçleriň hatarynda gulluk edýän harby gullukçylar, ýörite we ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplary, mugallymlar, şeýle hem harby iş bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenýär.



|< < Spisok > >| 
© 2003-2007, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşi