Habarlar

Türkmenistanyň XX Halk Maslahatynda garaljak meselelere bagyşlanan maslahat bolup geçdi

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2007-03-19

2007-nji ýylyň Nowruz aýynyň 19-ynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşde Türkmenistanyň XX Halk Maslahatynda garaljak meselelere bagyşlanan maslahat bolup geçdi. Oba hojalyk ugrunda hünärmenler, maslahatda ýurduň öňdebaryjy alymlary çykyş edip, oba hojalygyndaky özgertmelere ýurduň ylmy kuwwatlylyklaryny peýdalanyp goldaw bermek barada teklipler bilen çykyş etdiler. Oba hojalyk ekinleriniň seçgileri, tohumlaryň we sortlaryň hiliniň kämilleşdirilmegi oba hojalyk önümçiliginiň ösüş depginine gönüden-göni täsir etjekdigini nygtadylar, bu bolsa ýurduň azyk harytlary bazarlaryny önümler bilen doly üpjün eder. Türkmen alymlary oba hojalygyň dürli pudaklary boýunça barlaglary alyp barýarlar, esasan hem, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaklyga, däneçiligiň derwaýys meselelerine, bugdaýyň we pagtanyň täze sortlaryny ýetişdirmeklige aýratyn üns berýärler. Ylmy-barlaglaryň hilini ýokarlandyrmak üçin eksperimental (synag) bazalaryny (binýatlaryny) kämilleşdirmek, tejribe stansiýalarynyň ähmiýetini ýokarlandyrmak zerur. Alymlar daşary ýurtdan satyn alynýan täze tehnikalary synagdan geçirmeklige gatnaşmalydyrlar, ýurdumyzyň ýerli şertlerinden ugur alyp, olaryň işleýiş kadalaryny işläp düzmelidirler. Oba hojalygyny maşynlar bilen üpjün etmek üçin alymlar öz tekliplerini, hödürnamalaryny taýýarlamalydyrlar. Ylmy işlerde derwaýys ugurlaryň biri dökünleri netijeli peýdalanmak boýunça agrohimiki kartalary we gollanmalary taýýarlamakdan ybarat. Maslahata gatnaşyjylar şu we beýleki teklipleri orta atyp, oba hojalygy önümçiligine ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmaklygy ugrukdyryjy ýörite merkezi döretmek barada pikiri öňe sürdüler.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy