Habarlar

"Gadymy Oguz iline Nowruz gelipdir"

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2007-03-16

2007-nji ýylyň Nowruz aýynyň 16-synda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň mejlishanasynda "Gadymy Oguz iline Nowruz gelipdir" atly temadan folklor bäsleşigi bolup geçdi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň "Miras", Merkezi ylmy kitaphananyň "Hazyna" we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň "Bahar nagmalary" folklor toparlary gatnaşdylar. Çeper höwesjeňleriň uly joşgun bilen ýerine ýetiren örän täsirli sazly sahnalarynda türkmen halkynyň özboluşly milli däp-dessurlary, adatlary, žanr we tema taýdan köp görnüşli halk döredijilik eserleri, köp manyly hem şirin dil serişdeleri öz beýanyny tapypdyr. Tomaşaçylar bäsleşige gatnaşyjylaryň zehinine we başarjaňlygyna dowamly el çarpyşmalar bilen mynasyp baha berdiler. Folklor bäsleşigine gatnaşyjylar ýörite minnatdarlyk hatlary we gymmatbahaly ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Geçirilen çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň Merkezi ylmy kitaphananyň gaznasyndaky kitaplaryň we materiallaryň tematiki sergisi guraldy. Serginiň uly bölegini Garaşsyzlyk eýýamynda türkmen gelin-gyzlarynyň ýurdumyzyň ösüşine goşant goşantlaryny beýan edýän edebiýatlar we suratlar materiallary eýeledi.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy