Habarlar

"Juma Al-Majid" medeni miras merkeziniň ýolbaşçysy Juma Al-Majid bilen duşuşyk bolup

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2007-03-10

2007-nji ýylyň Nowruz aýynyň 8-inde Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň mejlisler zalynda Birleşen Arap Emirlerikleriniň "Juma Al-Majid" medeni miras merkeziniň ýolbaşçysy Juma Al-Majid bilen duşuşyk bolup, oňa Türkmenistanda zähmet çekýän ylmy işgärler gatnaşdylar. Bu duşuşykda Türkmenistanyň Milli medeni "Mlras" merkeziniň başlygy A. Aşyrow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň "Juma Al-Majid" medeni miras merkeziniň ýolbaşçysy Juma Al-Majidiň arasynda medeni mirasymyzy öwrenmek, medeni mirasymyzdan galan golýazma kitaplaryny rejelemek işlerini ýokary hilini üpjün etmek boýunça birek-birek bilen hünärmenleri alyşmak, okatmak, şol ugurdan hünärlerini kämilleşdirmek hakynda 2 (iki) ýyllyk şertnama gol çekildi.

Şol günüň ikinji ýarymynda BAE-lerinden gelen myhman Türkmenistanyň Milli medeni "Miras" merkeziniň mejlisler zalynda ýurdumyzyň ylmy işgärler bilen duşuşygyny dowam etdirip, bu bolan duşuşykda halkyň iň gymmatly golýazmalaryny bir ýere jemlemek, ony ene diliňde halkyňa hödürlemek işiniň iň bir mukaddes zatlaryň biridigini Juma Al-Majid duşuşykda ýörite belläp geçdi we soňra duşuşyga gatnaşyjylar bilen sowal-jogap alyşmak bilen, bu baglaşylan şertnamadan gelip çykýan wezipeler'iň ýerine ýetirilişi, onuň netijeleri "Juma Al-Majid" medeni miras merkezinden Türkmenistanyň taryhyna, edebiýatyna, diline we durmuşyň beýleki ugurlaryna degişli bolan döwletimize getiriljek golýazmalar hazynamyzyň gorunyň has-da artjakdygyny mälim etdi. "Juma Al-Majid" medeni miras merkeziniň hazynalar gory 500 000 medeni mirasy özünde jemleýändigini, şonuň ýaly-da, dünýäniň iň baý kitaphanalary, medeni miras merkezleri bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýandygyny belläp geçip, mundan beýläk Türkmenistanyň Milli medeni "Miras" merkezi bilen hem işjeň ýagdaýda aragatnaşygyň has-da jebisleşjekdigini habar bermegi, türkmen taryhyny, edebiýatyny, milli mirasyny öwrenmekde,. has ygtybarly golýazmalaryň türkmen döwletine beriljekdigi, bu bolsa türkmen halkynyň geçmiş taryhyny öwrenmekde uly goltgy boljakdygy hem-de täze baý miras gorumyzyň dörejekdiginiň aýdyň subutnamasydyr.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy