Makalar

ŞUGLASY EGSILMEÝÄN ŞAMÇYRAG

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Ylym — eşretli durmuşyň gözbaşydyr häzirki zaman jemgyýetinde ynsanperwer ylymlarynyň orny

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda ylym ulgamyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ömrüm ylma bagyslan

Adamyň bäş barmagynyň deň bolmaýşy ýaly, her kimin durmuş ýoly hem dürli—dürli. Gömükli alym Allaberdi Nuryýewiň ylym alemine aralaşmagynda hem özboluşly aýratynlyk bar.

SYÝAHATÇY ISGENDER

Türkmen topragy ähli döwürlerde hem jahankeşdeleriň, syýahatçylaryň ünsüni özüne çekip gelipdir.

Tüňçe çaýy

Bereketli türkmen topragy, Garagum sährasy, türkmen halkynyň ajaýyp milli häsiýetleri, mertligi, myhmansöýerligi hakdaky gymmatly maglumatlar gadymy rim we grek taryhçylary Gerodotyň, Strabonyň, Ptolemeýiň, ...

Ekologıýa abadançylygynyň girewi

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek arkaly ekologiýa abadançylygyny we daşky gurşawyň goraglylygyny yzygiderli gowulan-dyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan wajyp ugurlarynyň biridir.

Tebigatyň taýsyz melhemi

Ýurdumyzda döwlet derejesinde geçirilýän saglygy goraýyş we öňüni alyş çäreleri netijesinde raýatlaryň sagdyn durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilendigi guwandyryjy hakykatdyr.

GADYMY DÖWÜRLERDÄKI ATLARYŇ GORAG ESBAPLARY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasaty netijesinde gözellikde, ýyndamlykda, gaýduwsyzlykda deňsiz-taýsyz bedewlerimiziň şan-şöhraty günsaýyn belende galýar, ussat seýislerimize döwlet derejesinde uly sarpa goýulýar.

TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ DÖWREBAP SEPGITLERI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary hem içeri syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ýakyn-u-alysdaky ýurtlar bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär.

ŞÄHRYSLAM

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy we bimöçber aladalary bilen «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda medeni mirasymyzy ylmy taýdan çuňňur öwrenmek we döwrebap röwüşde dikeltmek işleri giň gerimde alnyp barylýar.

ARHEOLOGIÝA — GADYMYÝETIň DILI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her birgüni hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda täze-täze üstünliklere, rowaçlyklara beslenýär.

ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY

Täze ýylyň ilkinji suni, ilkinji sagady, ilkinji minutlary rowaçlyklara beslenip geldi. Ýylyň ilkinji güni dünýä inen taýçanagyň altynsow reňkem, sakar tagmasydyr sekilem, taýçanaga ömrüniň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň nazar salmagam döwletlilikden nyşan.

ÝAŞ ALYMLAR INNOWASIÝALAR DÜNÝASINDE

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýan ägirt uly işlerin netijesinde innowasiýalara esaslanýan we senagat taýdan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde uly üstünlikler gazanylýar.

YLMY ÖSÜŞLERIŇ OJAGY

Hormatly Prezidentimlz Türkmenistanyň Minlstrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisinde ýurdumyzyň ylym ulgamynyň işinin alnyp barlyşy bilen içsin gyzyklanyp, degişli ýolbaşçylara bu ulgamda işleriň täzeçe guralmagyna, iň täze usultärleri, hususanda, sanly ykdysadyýeti, täze innowasiýalary we nano tehnologiýalary ornaşdyrmakda, tebigaty öwrenişde ösüşiň täze belentliklerine ýetmekde ünsi has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.

«Dünýäde atyň üstünden oňat tagt ýok, kitapdan gowy dost ýok»

Hormatly Prezidentimiziň Döwlet medeniýet merkezine baryp, Döwlet kitaphanasynyň işini ösdürmek hem-de ony giňeltmek barada beren gymmatly maslahatlary ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi babatynda möhümdir.

ÝÜREKDEN ÝUREGE UZAÝAN ÝOLLAR

Milli Liderimizin belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň köpasyrlyk tejribesi özara gatnaşyklaryň medeniýetinde, medeniýetlerin özara gatnaşygynda jemlenendir.

MAHMYT KAŞGARLYNYŇ DÜNÝÄ KARTASY

XI asyrda Mahmyt Kaşgarly (1008—1105) tarapyndan ýazylan türkmen diliniň iň gadymy sözlügi bolan «Diwany lügat at-türk» atly ensiklopediki sözlük — türki halklaryň etnografiýasy, folklýory, geografiýasy, däp-dessurlary, adatlary, nakyllary, tagamlary, baýramçylyklary, ýaraglary, lukmançylyk adalgalary ýaly köp sanly tematikany özünde jemleýän ajaýyp eserdir.

HALK HAKYDASYNA HORMAT

Ýurdumyzda her ýyl bellenilip geçilýän Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül çemenli baryp, Watan gahrymanlarymyzyň belent ruhunyň öňünde tagzym etmek, indi arzyly hem asylly däbe öwrüldi.

GADYMY GÜNDOGAR MEDENIÝETI

Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň aprelinden oktýabr aýy aralygynda Germaniýanyň paýtagty Berliniň Täze muzeýinde «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy» atly sergi geçirilýär.

TÜRKMEN WE GYRGYZ DILLERINIŇ UMUMYLYKLARY

Hormatly Prezidentimiziň: «Goňşy we beýleki döwletler bilen özara bähbitli, dostlukly gatnaşyklarymyz gün-günden ösýär» diýip parasatly bellemegi, Türkmenistanyň söwdada, ykdysadyýetde, syýasatda we medeni gatnaşyklarda dünýäniň ençeme ýurtlary bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklarynyň ýylsaýyn ýokarlanýandygyny aňladýar.

GADYMY OGUZ ADATY

Beýik Seljukly döwletiniň meşhur weziri Nyzamalmülk «Syýasatnama» atly eserinde hökümdarlar barada şeýle diýýär: «Hökmigüýçli her döwürde bir adamy saýlap alyp, onuň şan-şöhratyny arşa çykarýar, oňa şalyk derejesini eçilýär.

GARAŞSYZ WATAN GOÝNUNDA

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty netijesinde, halkymyzyň mizemez agzybirligi dünýä ýaýyýar.

Sözi sarpaly alym

Halkymyz iňňän gadymy döwürlerden bäri ylma, bilime uly sarpa goýup gelýän halklaryň biri.

Ynsanperwerlik — kalplaryň küýsesi

Halkara forum GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň guramagynda geçirildi.

Paryzdepe: taryhyň altyn sahypalary

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň milli mirasyny öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga uly üns berilýär.

«TOMAGALY HUMAÝ KIMIN...»

Halkymyz gyz çagalara at dakanlarynda elmydama owadan atlary saýlamaga çalyşýarlar.

Türkmen dil bilime ösüş ýolunda

Berkarar diýarymyzda ylym-bilim ulgamyny özgertmek, ösdürmek, innowasiýalary giňden durmuşa ornaşdyrmak meselesi döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Ylma ykbalyny baglan halypa

Hormatly Prizidetimiz geçen hepdäniň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi hakynda durup, diýarymyzyň uzak ýaşly raýatlary barada mähirli sözleri aýtdy.

TÜRKMEN BAÝDAGYNDA AÝ WE ÝYLDYZLAR

Türkmenler gadym wagtlardan bäri baýdaga aýratyn sarpa goýupdyrlar. «Baýdak» häzirki wagta çenli dilimizde işjeň ulanylyp gelnen gadymy türkmen sözüdir.

Deňiz-derýa leksikasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş milli maksatnamasyna laýyklykda döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklary, şol sanda deňiz we derýa ulaglar ulgamy hem döwrebaplaşdyrylýar, kämilleşdirilýär we dünýä ylmynyň soňky gazanan innowasion tehnologiýalarynyň esasynda ösdürilýär.

WATANY SÖÝMEGIŇ BELENT NUSGASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkymyzyň milli medenýetine, mirasyna uly üns berilýär.

Hünärmentçilik bilen bagly söz düzümleri

Türkmen halky ylym-bilime hemişe belent sarpa goýup gelen halklaryň biri.

Türkmen diliniň leksikologiýasyna bagyşlanan derňew

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň, şol sanda ylym we bilim ulgamynyň has-da kämilleşmegine, rowaçlanmagyna, onuň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegine giň ýol açyldy.

DAGDANLY TAÝMAZ, TAÝSA-DA GAÝMAZ

Türkmen bagşylary joşup aýdym aýdanlarynda aýdymyň öz şygyr bentleri bilen ugurdaş manyly sanamalary hem özlerinden goşup goýberýärler.

Milli mirasyň hazynasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmeniň ruhy kämilligini, düşünje sagdynlygyny asyrlar boýy üpjün edip gelen milli mirasymyz çuňňur öwrenilýär.

GOWAÇANYŇ TOHUM ÇIGIDI: EKIŞ WE DÖWREBAP USUL

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda ýurdumyzda gowaça ekişi 2018-nji ýylyň 23-nji martynda Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda, 28-nji martda bolsa Daşoguz welaýatynda abraýly ýaşulularyň ak pata bermegi bilen badalga aldy.

Ýollar Dehistana sary

Ata Watanymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýar.

ENERGETIKA ULGAMY:
INNOWASION ÖSÜŞLER WE MÖHÜM WEZIPELER

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistan döwletimizde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler bilen baglanyşykly taryhy ähmiýetli wakalar boldy.

ADALGALAR EDEBI DILIMIZIŇ GYMMATLYGYDYR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ulgamynda-da giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.

TÜRKMEN AÝNA ÖNÜMÇILIGINIŇ TARYHYNDAN

Dünýä taryhynyň gatlaryna ösen medeniýetiň, sungatyň mekany bolup giren Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerinde geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylar ylmy esasda öwrenilýär.

BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ UGRUNDAKY ŞÄHER

Soňky ýyllarda TYA-nyň Arheologiýa we etnografiýa instituty tarapyndan Nusaý — Ürgenç kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen Paryzdepe, Şährihaýbar ýaly ýadygärliklerde alnyp barylýan işler bellärliklidir.

AZAJYK DERDI AŞ BASAR

Gyzgynlygyndan hemem gyzyl burçuň ajysyndan ýaňa agzyňy ýakyp barýan unaş sowuklamanyň, dümewiň bire-bir emi.

GÜÝZ NYGMATLARY

TYA-nyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynda hem ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligini artdyrmak, olary gorap saklamak boýunça işler ylmy esasda alnyp barylýar.

AZIÝANY BAGLAN TÜRKMEN PÄLWANY

Türkmen milli göreşi medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri göreş sungaty bilen içgin gyzyklanyp gelipdir.

Halyçylyk sungatynyň waspy

Halyçylyk sungaty uzak heňňamlarda timarlanyp, gitdigiçe owadanlanyp, türkmeni dünýä ýüzüne tanadyp gelen milli guwanjymyzdyr, halkyň ýüzüniň tuwagydyr.

Ylmy barlaglar we çözgütler

Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi.

Himiya instatituty: Gin mumkinçilikler, aydyn maksatlar

Ýurdumyzda ylym-bilime, dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda, alymlaryň işine itergi bermek, türkmen ylmynyň taze binýadyny tutmak boýun-ça düýpli işler amala aşyrylýar.

PÄHIM-PARASAT ÇEŞMESI

Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.

Ylym — häzirki eýýamyň osüş guraly

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.

Ylmyň meşhur ussatlary

Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.

«IT GELDI — GUT GELDI»

Halkymyz «It geldi — gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar.

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.

MIRAS MUKADDESLIGI

«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

KÄMILLIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr.

BAG — ZEMINIŇ ZYNATY

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.

MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY

Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hünärmenleri ylmy ekspedisiýanyň maglumatlaryny toparlara bölýärler

Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

TARYHYŇ ÝANY

Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.

HÜWDI SANAWAÇLARY

Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.

GOWHERIň GYMMATYNY SARRAF BILER

Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Häzirki döwürde iň wajyp mesele­leriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplu­mynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.

ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.

RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.

YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.

Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry — daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.

Arheologiýa: taryhy tapyndylaryň döwrebap seljermesi

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.

ULY TOÝUŇ SÄHEDI: SANLARDAKY ROWAÇLYK ALAMATLARY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sar­pa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.

Bezgli Deräniň Syry

Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10—11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.

REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.

TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?

Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.

“Garagum” žurnaly, ¹6, 2020

Türkmenistanyň Prezidentiniň
«Türkmeniň Altyn asyry»
atly bäsleşigine

ŞUGLASY EGSILMEÝÄN ŞAMÇYRAG

Sözbaşy

Adamzat taryhynda nusgalyk işleri, ylmy-edebi mirasy bilen nesillere nusgalyk yz goýan beýik şahsyýetler barmak büküp sanardan köp. Şolaryň biri hem diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem gündogarda hem günbatarda köpgyraňly ylmy-ensiklopedik işleri, edebi-çeper eserleri bilen meşhurlyga eýe bolan lukman, pelsepeçi, şahyr Abu Aly ibn Sinadyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň we ykdysady ylymlaryň doktory, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp ynsanyň ömri we döredijiligi barada söz açyp: «Öz hünärim bilen baglylykda men gadymyýetiň beýik alymy Ibn Sinanyň eserlerini gyzyklanmak bilen okadym. Meni bu adamyň gyzyklanmalarynyň çuňlugy we giňligi haýran galdyrdy. Ibn Sina diňe bir lukman hökmünde däl, eýsem filosof we akyldar hökmünde hem beýikdir» diýip, buýsanç bilen belleýär. Alym Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly iki kitapdan ybarat ylmy-ensiklopedik işinde hem türkmen topragynyň gadymy we orta asyrlarda söwda-ykdysady, medeni, ylmy gatnaşyklaryň ojagy bolandygyny nygtaýar. Hakykatdan-da, orta syrlarda Muhammet Al-Horezmi, Al-Faraby, Al-Biruny, Ibn Sina, Omar Haýýam, Mahmyt Zamahşary, Abu Seýit Abulhaýyr Mäne baba ýaly ençeme beýik alymlar ylmyň dürli ugurlarynyň, edebiýatyň ösmegine uly goşant goşupdyrlar. Ibn Sinanyň döredijiligi barada aýdylanda bolsa, onuň dürli çeşmelerde 450-den gowurak işleriniň ady agzalýar, olaryň takmynan 240-sy saklanyp galypdyr. Şolardan 150 kitap pelsepä, 40 kitap lukmançylyga, 50 kitap beýleki dürli ylymlara bagyşlanypdyr.

Ibn Sinanyň «Kitab aş-şifa» («Şypa beriji kitap») atly ylmy işinde materiýa, görnüş, hereket, wagt we giňişlik barada, Älem hakynda, elementler we asman jisimleri, materiýanyň döremegine we dargamagyna degişli garaýyşlar barada, fizika, himiýa, botanika, zoologiýa, geologiýa, meteorologiýa, astronomiýa, matematika, saz, psihologiýa boýunça tebigy ylym-bilimlere degişli maglumatlar beýan edilýär. Ibn Sinanyň arap dilinde ýazan «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly kitaby XII asyrdan başlap, ilki latyn, soňra beýleki ençeme dillere terjime edilipdir. Bu kitap 2004-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen diline terjime edilip, halka ýetirildi. Ibn Sina çeper döredijilikde hem az mukdarda bolsa-da, çuň many-mazmunly edebi eserleri hem miras goýupdyr. Söz ussadynyň edebi-çeper döredijiligi, edebi garaýyşlary gündogar we günbatar halklarynyň edebiýatlarynyň ösüşine täsirini ýetiripdir.

Ibn Sina we gündogar edebiýaty

Abu Aly Hüseýin ibn Abdylla ibn al-Hasan ibn Aly ibn Sina (980—1037) Samanylar döwletiniň gülläp ösen döwründe ylym hem edebiýat meýdanyna gelýär. Bu döwürde edebiýatda gahrymançylykly epiki eserleri döretmek däbe öwrülipdir. Abulkasym Ferdöwsi «Şanama», Esedi Tusy «Garşaspnama» atly harby-gahrymançylyk mazmunly eserlerini döredipdirler.

Samanylar döwletiniň synyp, Mahmyt Gaznawy tarapyndan esaslandyrylan Gaznawylar döwletiniň güýçlenmegi netijesinde, Ibn Sina Horezmşalar döwletiniň paýtagty bolan Köneürgenje gelýär, bu ýerde birnäçe ýyl ýaşaýar we işleýär. Nyzamy Aruzy 1156-1157-nji ýyllarda ýazan «Çahar makala» («Dört söhbet») atly dört bölümden ybarat kitabynda Gaznawylar döwletiniň hökümdary Soltan Mahmydyň Horezmşalar döwletiniň hökümdary Mamuna (Mömüne) onuň köşgündäki ähli alymlary we şahyrlary Owganystanyň Gazna şäherinde ýerleşýän öz köşgüne ibermegini emr edendigi, Mahmydyň bu çakylygyny şol döwrüň Al-Biruny ýaly görnükli alymlary we beýleki şahyrlar kabul eden hem bolsa, Ibn Sinanyň ret edendigi barada maglumatlary beýan edýär. Soltan Mahmydyň emrine boýun bolmandygy üçin özüne rahatlyk tapmajakdygyna göz ýetiren Ibn Sina şol döwrüň Nusaý, Abywerd, Tus ýaly medeni ojaklaryna barýar. Abywerdde Abu Sagyt Abulhaýyr Mäne babanyňkyda birnäçe wagt myhmançylykda bolýar, ondan soňra şol wagtky Gürgen welaýatynyň häkimi, gadymy däp-dessurlaryň goragçysy hasaplanýan Ziýarid Kowus ibn Wuşmagiriň köşgüne gelýär. 1012-nji ýylda Kowus ibn Wuşmagiriň pajygaly ýagdaýda aradan çykmagy netijesinde, Ibn Sina Hemedan welaýatynyň häkimi Şemseddöwle Abu Tahyryň (997-1021) köşgüne gelýär we ömrüniň ahyryna çenli bu ýerde ýaşaýar.

Ibn Sina gadymy grek akyldary Aristoteliň işleri bilen içgin gyzyklanypdyr we onuň pelsepewi-ylmy garaýyşlarynyň gündogar halklarynyň arasyna ýaýramagyna özboluşly täsirini ýetiripdir. Ibn Sina gündogarda ylmyň dürli ugurlarynyň, şol sanda lukmançylyk ylymlarynyň ösmegine önjeýli goşant goşupdyr. Ibn Sina ylmy işleriniň köpüsini, şol sanda «Söýgi hakynda traktat», «Guşlar hakynda traktat» we beýleki käbir eserlerini urjuza-poema görnüşinde ýazypdyr. Şahyryň poetiki, edebi-çeper mirasy dolulygyna saklanyp galmadyk hem bolsa, onuň ady bilen birnäçe goşgular, rubagylar, bir sany gazaly biziň günlerimize gelip ýetipdir. Gündogarşynas alym G.Ete onuň on üç sany rubagysyny, bir gazalyny neşire taýýarlapdyr. Ibn Sina «Haý ibn Ýakzan» atly pelsepewi mazmunly allegoriki poemany, «Guş», «Salman we Absal» atly iki setirli şygyr görnüşindäki poemalary hem ýazypdyr.

Ibn Sina şahyrana setirlerinde ylym-bilim öwrenmegi ündäpdir, ylym-bilimi adamzat durmuşyna ýagty saçýan şamçyrag hökmünde häsiýetlendiripdir.

Terk kyl bar närsäni, jan barçadan agla turur,

Jan kemaly ylymdandyr, ylymdandyr sagu-sol,

Jan eger bir çüýşe bolsa, ylym onda şamçyrag,

Hikmeti ynsanyň, bilgin, ol çyragda misli ýag,

Ol eger röwşen ýagar, sen hem salamat, hem dirig,

Ol çyrag sönse, seniň hem ölgeniň dälmi bu çag.

-diýip, ylmyň ynsan durmuşynyň, adamzat jemgyýetiniň bezegidigini, adamyň diňe ylym-bilim arkaly durmuş ýoluny ýagtyldyp, älem syrlaryna göz ýetirip, kämillige ýetip biljekdigini nygtapdyr. Akyldar şahyr nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet beripdir, ene-atanyň ogul-gyzyna bilim-terbiýe, öwüt-ündew, zerur bolanda ähli babatda hemaýat bermelidigini ündeýär. Şahyr:

Atalyk hikmeti nämedir, bilseň,

Bar-ýogun perzende bermek biminnet.

Leýik atadan öýke kylmasyn perzent,

Zamana inderse başyna külpet.

-diýip, her bir ynsanyň öz ykbalyna özüniň jogapkärdigine, durmuş ýolundaky kynçylyklardan özbaşdak baş alyp çykmagyň hötdesinden gelmek üçin oýlanyşykly, akylly-başly iş alyp barmalydygyna hem ünsi çekipdir.

Şahyr yşky-liriki mowzukdan ýazan şygyrlarynda söýgüniň her bir adama şatlyk, bagt bilen birlikde, gaýgy-hasrat hem bagyş edýändigini, söýýän adamyň magşugyna, bagtyna gowuşmagy üçin ähli kynçylyklara taýýar bolmalydygyny söýgüniň ýowuz synaglaryna mertlik bilen döz gelmelidigini ýatladýar. Şahyr:

Eý kuýaş, ýok sen dek älemde seýran,

Maňa hem ýol görkez, ýolagçy-haýran,

Muhabbet ýolunda, gördüňmi bu gün,

Ýüzi gerdsiz, dili dertsiz bir ynsan.

— diýip, ykbal ýolunda söýgä uçran ynsanlaryň dürli kynçylyklary ýeňip geçmeli bolýandygyna ünsi çekýär. Ibn Sinanyň rubagylary, dörtlemeleri many-mazmuna baý, olarda durmuş, ynsan ömrüniň manysy, nesil terbiýesi, ylym-bilim, söýgi hem gaýgy, dostluk barada edebi-çeper garaýyşlar öňe sürülýär. Şahyr öz şygyr setirlerinde:

Ýagşydyr gitmezden uşbu jahandan,

Aklyň halas bolsa, her puşeýmandan,

Erte goldan gelip, kylmasdan ejiz —

Galarsyň, peýdalan, bu gün imkandan.

-diýip, her bir ynsanyň öz ömürini manyly ýaşamagyny, soňra puşman etmez ýaly mydama akyl-paýhasdan ugur alyp hereket etmegi, şu günki günüň gadyr-gymmatyna düşünip ýaşamagy, adamlaryň wagtyny bihuda geçirmezligini, haýyr-sahawatly bolmagyny wesýet edýär. Akyldar şahyr ynsanlaryň dostluk gatnaşyklary barada söz açyp, her bir adamyň dostuna sarpa goýmalydygyny, onuň syryny ile ýaýmazlygyny, hakyky dostlaryň durmuş kynçylyklaryny ýeňip geçmekde birek-birege elmydama kömek etmelidigini ündeýär. Şygyrlarynda dostluk ýaly mukaddes düşünjelere ikilik edýänleri ýazgarýar.

Dostum duşmanyma bolupdyr myhman,

Indi oturmazmen oň bilen zaman,

Pähm kyl, şekerden zäherli bolsa,

Peşeden gaç, gonan jaýy ger ýylan.

Ibn Sina lukman şahyr hökmünde ynsanyň fiziki hem-de ruhy ýagdaýlary bilen bagly garaýyşlary öňe sürýär. Adamyň akyl-paýhasy, duýgusy arkaly özgelerden düýpli tapawutlanýandygyna, şonuň üçin hem her bir ynsanyň pähim-paýhasdan, päk duýgudan ugur alyp, ömür sürmelidigine ünsi çekýär.

Bäş agza — göz, gulak, til, burun, barmak,

Bolsa kişi teni kämilu-parlak,

Höwes-hyýal pikir hem wehm ile akyl,

Bular işi — içden buýruk ibermek.

Şahyryň adalatly nygtaýyşy ýaly, her bir ynsan ýaramaz zatlara seretmekden, gep-gybatlara gulak gabartmakdan, gowy häsiýetli, haýyr-sahawatly kişilere dil ýetirmekden, erbetliklere el urmakdan saklanmaly, tutuş durkuny we ruhy dünýäsini mydama tämiz saklamaly. Munuň üçin her bir ynsan päkýürekli, pespäl bolmaly, geldi-geçer höwes-hyýallara berilip, akyl-huşuny elden aldyrmaly däl, sagdyn pähim-paýhasdan ugur alyp hereket etmeli.

Ibn Sina meşhur alym al-Farabynyň diliň we edebiýatyň nazaryýetine degişli ylmy işleri bilen içgin tanyşypdyr, ony özüniň mugallymy, halypasy hasaplapdyr. Ibn Sina poeziýada-şygryýetde öňe sürülýän pikiri obrazly, ýagny çeper keşpleriň üsti bilen aňlatmaklyga uly ähmiýet beripdir. Şahyr şygryýete duýgulara gaplanan, deň ölçegli, rifma salnan çeper eser hökmünde häsiýetlendirme beripdir. Ibn Sina Aristoteliň «Poetika» diýen eserine hem teswirleme ýazyp, ylmy-poetik pikirlenmäniň özboluşlylygy hakynda düýpli garaýyşlary orta atypdyr. Şahyr şygryýetiň mazmuny, manysy hem-de maksady ynsanperwerlige ýugrulan bolmaly diýen pikirden ugur alypdyr. Ol şygyrlarynda özge adamlara hiç haçan zyýan ýetirmezligi, hilegärlikden halas bolmagy, elmydama ýagşy niýetli hereketlerden ugur almagy ündäpdir.

Beýik dananyň pelsepewi eserlerinde nygtaýyşy ýaly, ynsana ruhy kämillik hem paýhas şahsyýet hökmünde kämilleşmäge ýardam edýär, nadanlyk adamy il gözünden düşürýär, günä işlere iterýär. Ibn Sina şahyrlary çeper sözüň güýji bilen kämillige çagyrýan sözüň şasy hasaplapdyr, tebipleri, lukmanlary, hekimleri ynsan bedeniniň, teniniň howandary hasaplapdyr, olaryň biri ynsan ruhuny, beýlekisi bolsa tenini bejerýär diýen pikiri öňe sürüpdir. Ibn Sinanyň edebi-çeper, pelsepewi garaýyşlaryny gündogar edebiýatynyň görnükli wekilleri Omar Haýýam, Nasr Hysrow, Hafyz, Jamy, Rumy, Nyzamy, şeýle hem türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleri Andalyp, Azady, Magtymguly, Kemine we beýleki şahyrlar döredijilikli ösdüripdirler. Onuň adamkärçilik, mertlik, gaýratlylyk, ylym-bilim baradaky garaýyşlaryny çeperçilik taýdan kämilleşdiripdirler. Jelaleddin Rumy mesnewilerinde, rubagylarynda, hekaýatlarynda ylym-bilimi adamlary nadanlyk girdabyndan çykmaga kömek edýän, kämillige iterýän bakylyk daragty hasaplaýar. Magtymguly Pyragy bolsa Al-Farabynyň, Ibn Sinanyň, Jelaleddin Rumynyň we gündogaryň beýleki söz ussatlarynyň kämil ynsan hakyndaky pikirlerini imanly adam baradaky garaýyşlar bilen baýlaşdyrypdyr. Magtymguly «Gider» atly goşgusynda hem bu hakda söz açyp, ynsanyň mydama ýaramaz gylyk-häsiýetlerden daşda durmalydygyny ündeýär, eger şeýle etmese «iman senden gaçar gider» diýip ýatladýar. Şahyr «Ynsan ugraşsa» atly şygrynda «Köňül açylar, jem bolar // Bir-bire ynsan ugraşsa» diýip, ynsanperwerligi ündeýär, adamlar özara düşünişip, agzybirlikde ýaşasalar, olara baky bagtyýarlygyň hemra boljakdygyny nygtaýar.

Ibn Sina edebi-pelsepewi pikirler arkaly adamlary edep-ekramlylyga, pähim-paýhaslylyga, päk söýgä çagyrýar. Onuň pikirine görä, her bir ynsan öz ýüreginde söýgüni ösdürmeli, kämilleşdirmeli. Ibn Sina bu pikirini «Söýgi hakynda» diýen traktatynda-ylmy işinde hem düýpli beýan edip, ol öňe sürýän ýörelgelerini goşgy arkaly beýan edipdir. Ibn Sina etika-edep baradaky garaýyşlaryny «Salaman we Apsal», «Haý ibn Ýakzan» ýaly eserlerinde döredijilikli ösdüripdir. Akyldar şahyr pelsepewi-edebi eserlerinde ýagşylyk bilen ýamanlygy, hakykat bilen ýalançylygy tapawutlandyrýar, ýamanlykdan hem-de ýaramazlykdan daşda durup, kämillige ymtylmak baradaky pikirleri öňe sürüpdir. Akyldaryň pikirine görä, adamlaryň öz-özlerini kämilleşdirmäge çalyşmagy ahlaklylygyň berk binýadydyr. Ibn Sinanyň adalatly nygtaýşy ýaly, edebiýat, poeziýa-şygryýet adamy kämillige itermelidir. Söz ussady öz döredijiliginde hem şu ýörelgeden ugur alypdyr. Ibn Sinanyň rubagylaryndaky, dörtlemelerindäki edebi-çeper garaýyşlar üstünden ençeme ýüzýyllyklar geçse-de, gymmatyny ýitirmän gelýär. Bu edebi garaýyşlar gündogar edebiýatynda döredijilikli ösdürilipdir.

Ibn Sinanyň «Haý ibn Ýakzan» atly eserinde Haý atly şahyrana gahrymanyň dünýe ýaly gadymy, emma baky juwan hem-de dynç almagy bilmeýän gezende-syýahatçy täsin goja bilen duşuşygy beýan edilýär. Goja özüniň syýahatlaryny, ruhy hem daşky dünýäniň gurluşyny geografik görnüşde suratlandyryp gürrüň berýär. Bu sýužet-çeper ýordum gündogar edebiýatynda özboluşly ösüşe eýe bolupdyr. Bu eseriň çeper ýordumy esasynda Abulmejid Mahmyt ibn Adam Senaýy «Seýr al-ibad ila-l-maad» («Ebedi dünýä syýahat») atly eserini ýazypdyr. Onuň poemasynda hyýaly dünýä syýahatyň çeper beýany Ibn Sinanyň eserlerine çalymdaş bolsa-da, bu ýerde «nafsi akil-a» («paýhasly kalply») — syrly syýahatçy öz syýahaty barada gürrüň bermän, hemrasyny yzyna düşürip, syrly dünýä ýany bilen alyp gidýär we bolýan zatlary oňa görkezýär.

Bu çeper ýordumy sopuçylyk edebiýatyň wekili Abu Hamyd Awhadeddin Kermany hem «Ruhlaryň çyragy» atly eserinde suratlandyrypdyr. Bu barada maglumat az, ýöne käbir şorta sözler saklanyp galypdyr. Iňlis ýazyjysy we gündogarşynas alymy Edward Grenwil Braun (1862—1926) «Pars edebiýatynyň taryhy» atly işinde Dara Şekuhyň «Safinat al-awliýa» (Hindistan, Kanpur-Kaunpor şäheri, 1882) atly ýygyndysyna salgylanyp, Awhadeddin Kermanynyň meşhur arap şyhy Ibn al-Arabynyň dosty bolandygyny, şeýle hem Jelaleddin Rumynyň (1207—1273) dosty, şol döwrüň meşhur alymlarynyň biri Şems Tebrizi (1185—1248) bilen duşuşandygyny belleýär. Awhadeddin Kermany 1297/98-nji ýyllar töwereginde aradan çykypdyr. Onuň «Ruhlaryň çyragy» poemasy hakynda pars taryhçysy, edebiýatçysy Ryza Kuly-han Hedaýatyň «Majma al-fusaha» («Dilewarlaryň ýygyndysy») atly ýygyndysynda maglumat berilipdir. Awhadeddin Kermanynyň «Ruhlaryň çyragy» poemasynda hem syrly dünýä syýahat suratlandyrylýar. Poemanyň şahyrana gahrymany, ýagny Awhadeddin Kermany halypasynyň-piriniň hemra bolmagy bilen kämillik ýoluna düşýär. Onuň ynsan durmuşyndaky käbir ýaramaz endikleri, ýagny nebsöwürligi, görüpligi ýeňip geçip, hakyky kämillige ýetişi täsirli beýan edilýär. Poemada kämilligiň dürli basgançaklary barada söhbet açylýar. Awhadeddin kämillige ýetmek üçin geçýän syrly dünýä syýahaty Ibn Sinanyň eserindäki Haý ibn Ýakzanyň syýahaty bilen mazmuny we ulanylýan edebi adalgalary babatda gabat gelýär.

Arap alymy Abubekr Muhammet ibn Abdylmälik al-Kaýsi Ibn Tufaýl hem «Haý ibn Ýakzan» atly risalasynyň girişinde, öz eserini Ibn Sinanyň «Haý ibn Ýakzan» atly eseriniň esasynda döredendigini belläpdir. Emma gündogarşynas alym Ýe.E.Bertels Ibn Sinanyň eseri bilen Ibn Tufaýlanyň «Haý ibn Ýakzan» atly risalasynyň sýužeti-çeper ýordumy babatda tapawutlydygyny nygtapdyr.

Ibn Sinanyň «At-taýr» («Guş») atly allegoriýa mazmunly ikinji bir eserinde awçylar tarapyndan tutulyp, kapasa gabalan guşlaryň keşbi suratlandyrylýar. Ol guşlaryň käbirine bendilikden boşamak başardýar, soňra olar beýleki guşlara-da kapasadan boşamaga kömek edýärler. Erkinlige çykansoň olar ýola düşýärler, uly kynçylyklara döz gelip, sekiz sany beýik dag gerişlerinden geçip, adalatly hökümdaryň huzuryna barýarlar. Olar adalatly hökümdardan özlerini aýaklaryna berkidilen zynjyr halkalaryndan halas etmegini haýyş edýärler. Ol hem öz gezeginde zulumkeşleriň üstüne ol zynjyr halkalary aýyrmagy emr etjek çaparyny ýollaýar.

Bu eser Ferideddin Attaryň «Mantyk at-taýr» («Guşlaryň söhbeti») atly meşhur poemasyna meňzeş. Guşlaryň syýahatynyň äheňi golaý, emma Attaryň eserinde sekiz dag, sekiz jülge diýlip üýtgedilýär we jülgedäki suratlandyrylýan hadysalar has çylşyrymly. Attardan soňra bu mowzuk çagataý edebiýatyna geçýär. Alyşir Nowaýy ony «Lisan at-taýr» («Guş dili») poemasyna girizipdir, jülgeleriň suratlandyrylyşy hem dürli özgerişlere eýe bolup, bu çeper ýordum XIX asyra çenli dowam edýär. Nowaýynyň poemasynyň çeper ýordumy, ondan soňra Bahaulla atly şahyryň «Haft wadi» («Ýedi jülge») atly poemasyna ülňi bolup hyzmat edipdir. Şeýlelikde, Abu Aly ibn Sinanyň eserleriniň sýužeti-çeper ýordumy sekiz ýüz ýyllap gündogar edebiýatynda dowam edip gelipdir.

Ibn Sina «Salman we Absal» atly allegoriki hekaýaty ilkinji bolup ýazypdyr. Jelaleddin Rumy hem soňra şu at bilen poema ýazypdyr. Ibn Sina Gündogarda ilkinji bolup ten bilen ruhuň arabaglanyşygy hakyndaky pelsepewi garaýyşlary öňe sürüpdir. Ten bilen ruhuň arasyndaky «nefs» — nefes, dem, jan bilen bagly garaýyşlary özboluşly ösdüripdir. Ähli janly zatlaryň ewolýusiýasy, ösüşi, özgerişleri hakdaky konsepsiýa-baş ýörelge, ýagny minerallardan başlap, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň üsti bilen adama çenli we adamyň iň ýokary kämillik basgançagyna we ondan-da ýokary göterilişi «Haý ibn Ýakzan» poemasynda örän düýpli suratlandyrylýar. Bu garaýyş Jelaleddin Rumynyň ähli diwanynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär, onuň ogly Bahaweddin Muhammet Welediň (1226—1312) şahyrana döredijiliginde hem giňişleýin ösdürilýär. Bu Merkezi Aziýanyň poetiki döredijiligine örän uly täsirini ýetiren ussat şahyr Mürze Abdylkadyr Bediliň (1644—1720) hindi-pars dilli şygyrlarynda hem orun alýar.

Şeýlelikde, Ibn Sinanyň özünden soňraky şahyrlarynyň döredijiligine täsirini ýetirendigini ynamly aýtmak mümkin. Olaryň hatarynda şahyr hem pelsepeçi Nasyr Hysrow Alawynyň (1004—1071) kosmografiki-älemiň gelip çykyşy baradaky «Şiş fasl» («Alty bölüm»), «Guşaýiş wa rahaýiş» («Açmak we halas bolmak») atly eserleriniň birnäçe bölümleri Ibn Sinanyň eseriniň mazmunyna golaý. Nasyr Hysrow «Röwşenainama» poemasynda hem kyssa eserlerindäki garaýyşlaryny gaýtadan çeperçilikli işläp, beýan edipdir. Bu kitaplarda ynsanyň durmuşyndaky külpetlerden, kynçylyklaradan halas bolmagynyň, günälerden saplanmagynyň, kämillige ýetmeginiň, bagtly bolmagynyň açary ylym-bilimdedir diýen garaýyşlar öňe sürülýär. Adam okamak, bilmek, ylym öwrenmek arkaly älem syrlaryna, durmuşdaky öz ornuna göz ýetirýär, bagtyýar ýaşaýyşyň açaryny ele alýar, ýagny ylym-bilim arkaly bagtly bolmagyň ýollaryny salgy alýar.

Baba Afzal edebi tahallusyna eýe bolan Afzaleddin Muhammet bin Hasan Kaşany (1195—1265) hem Ibn Sinadan täsirlenip, ajaýyp dört setirli goşgulary döredipdir, olaryň köpüsi Omar Haýýamyň ady bilen ýaýrapdyr. Baba Afzal ylym-bilimiň dürli ugurlaryna, esasanam, metafizika we psihologiýa degişli traktatlary ýazypdyr. Onuň «Jawidan-name» traktatynyň birinji bölümi ylmyň toparlara bölünişine bagyşlanypdyr. Ol ähli ylymlaryň dünýewi ylymlar we ylahy ylymlar diýen iki topara bölünýändigi baradaky garaýyşlary öňe sürüpdir. Dünýewi ylymlar hem öz içinde: sözleýiş hakyndaky ylym («ilm—i güftar»), şahsy hereketler hakyndaky ylym («ilm—i kirdar»), pikirleniş hakyndaky ylym («ilm—i endişe») diýen üç topara bölünýär. Ylahy ylymlar hem teodiseýa («towhyt») hakyndaky ylym we ynsan ykbalyna akyl ýetiriş ylmy diýen iki topara bölünýär. Bu garaýyşlar hem Ibn Sinadan gözbaş alyp gaýdýar. Ibn Sinanyň edebi-çeper döredijiligi arap, pars we türki dilli edebiýatyň ösüşine özboluşly täsirini ýetiripdir. XII asyrda ýaşap geçen meşhur şahyr Omar Haýýam hem Ibn Sinany özüniň halypasy hasaplapdyr.

Ibn Sina we Günbatar edebiýaty

Günbatarda Awisenna ady bilen meşhurlyga eýe bolan Abu Aly ibn Sinanyň ylmy-edebi mirasy XII-XIV asyrlarda ýewropa ýaýrapdyr. Ibn Sinanyň «Haý ibn Ýakzan» atly poemasynyň sýužeti-çeper ýordumy italýan şahyry Dante Aligýeriniň «Ylahy komediýa» atly eseriniň esasyny düzýär. Görnükli gündogarşynas alym Ýe.E.Bertels «Ibn Sina we pars edebiýaty» atly işinde Ibn Sinanyň eserindäki Haýyň wezipesini Danteniň eserinde Wergiliniň ýerine ýetirýändigine, onuň öz şägirdini syýahata alyp gitmän, şol güzaply ýoly beýan edýändigine ünsi çekýär. Edebiýatçy alym Munira Şahydy «Ibn Sina we Dante» atly ylmy işinde gündogar we günbatar edebiýatynda ynsanperwerlik garaýyşlaryň suratlandyrylyşyny, Ibn Sinanyň we Danteniň özlerinden öňki hem-de öz döwrüniň medeniýetine garaýyşlaryny, bu söz ussatlarynyň döredijilik mirasynyň umumlyklaryny açyp görkezýär. Ibn Sinanyň we Danteniň ylmy-şahyrana döredijiliginiň kökleriniň gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny, ellinizm, ýagny grek, rim, arap, pars, türki dilli ylmy-edebi garaýyşlar bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Gündogaryň we günbataryň bu iki akyldarynyň şahyrana hem-de pelsepewi-estetiki mirasyny taryhy taýdan seljerip, olaryň döredijiliginiň dünýä halklaryna ençeme täze pikirleri, garaýyşlary berendigini nygtaýar. Şahyrlaryň adamzada mahsus bolan pähim-paýhaslylyk, asyllylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik, päklik, sapýürerklilik ýaly häsiýetleri suratlandyrmak arkaly öňlerinde goýan maksatlarynyň birmeňzeşdigine ünsi çekýär. Ibn Sina we Dante ähli ynsanlara söýgi bilen garamak we jemgyýetçilik bähbitleri üçin gowulyklary, haýyrly işleri etmek adamyň beýik borjudyr diýen garaýyşy öňe sürüpdir. Bu pikirler antiki, ýagny gadymy döwrüň Aristotel, Eflatun (Platon), Diogen ýaly akyldarlary tarapyndan esaslandyrylypdyr, orta asyrlarda al-Faraby, Horezmi, Ibn Sina ýaly meşhur alymlar tarapyndan düýpli ösdürilipdir, şeýlelikde päk ahlaklylyk, ynsanperwerlik, akýüreklilik, söýgi baradaky pikirler düýp özeni boýunça umumy bir bitewi düşünjä öwrülipdir.

Ynsanperwerligiň, päk ahlaklylygyň, gowulygyň ýokary derejesine ýeten adam greklerde ajaýyp adam hasaplanypdyr, gündogar halklarynyň arasynda bolsa kämil adam atlandyrylypdyr. Gündogarda, ýagny tasafwuf edebiýatynda şerigat, tarykat, magryfat, hakykat diýen dört basgançagy geçen adama kämil ynsan hökmünde häsiýetlendirme beripdirler. Ibn Sina öz işlerinde adamyň ahlak-etiki derejesine baha berýär. Al-Faraby päk ahlaklylyk, ynsanperwerlik ähli adamlara mahsus häsiýetler bolmalydyr diýen pikri öňe sürýär. Faraby Aristoteliň, Eflatunyň päk ahlaklylyk, ynsanperwerlik baradaky pikirlerini özboluşly ösdürip, ony ideal-nusgalyk döwletiň, jemgyýetiň aň taýdan ösen, ukyp-başarnykly adamy we etikasy-ahlak kadalary bilen baglanyşdyrýar. Al-Farabynyň ylmy garaýyşlaryna görä, ideal-nusgalyk döwletde, jemgyýetde ýaşaýan adam aň taýdan ösen, ukyp-başarnykly, ahlak taýdan arassa bolmaly. Bu nusgalyk döwletde poeziýa-şygryýete terbiýeçilik babatda uly orun degişli bolup, ol päk ahlagy wasp edip, erbetligi ýazgarmaly. Al-Farabynyň ylmy-edebi garaýyşlary gündogaryň akyldarlarynyň, şol sanda Ibn Sinanyň ylmy hem şahyrana döredijiliginde, soňra gündogar we ýewropa edebiýatynda düýpli orun alýar, many-mazmun, çeperçilik taýdan ösdürilýär.

Ibn Sinanyň ynsanperwerlik, ahlak-etiki garaýyşlary Horasanyň, Türkiýäniň, orta asyrlarda gündogar halklary tarapyndan Andalus diýip atlandyrylan Ispaniýanyň üsti bilen Italiýa aralaşýar. Ýeri gelende aýtsak, Ispaniýa gündogar ýurtlary bilen Ýewropanyň arasynda ýerleşýändigi üçin, şol döwürlerde bu ýurduň üsti bilen söwda gatnaşyklary hem amala aşyrylypdyr. Gündogar we ispan, italýan halklarynyň şol döwürdäki syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýlary bilen baglanyşykda bu halklaryň edebiýaty, şygryýeti özboluşly ösüşe eýe bolýar, edebi gatnaşyklar ýola goýulýar. Gündogar edebiýatynyň, şygyr sungatyny çeperçilik däpleri ýewropa edebiýatyna täsirini ýetiripdir we döredijilikli ösdürlipdir. Edebiýatçy alym I.N.Golenişew-Kutuzow «Danteniň döredijiligi we dünýä edebiýaty» atly işinde gündogarly akyldarlarynyň ýewropada medeni, ylmy, edebi galkynyşyň ýüze çykmagynda ähmiýetine ünsi çekip: «Ýakyn Gündogar X-XIII asyrlarda Günbatar Ýewropa diňe bir grek dilinden terjimeleri, Aristoteliň, Ptolemeýiň, Galeniň işlerine teswirlemeleri bermek bilen çäklenmän, eýsem, Merkezi Aziýaly, eýranly we gündogarda ýaşan ýewreý alymlarynyň arap dilinde ýazan asylky nusgadaky düýpli ylmy işlerini hem berdi» diýip, ýerlikli belleýär. XII asyrdan başlap, Ibn Sinanyň «Sagalma kitaby», «Halas bolma», «Metafizika», «Lukmançylyk ylymlarynyň kanunlary» ýaly dürli kitaplary ýewropa dillerine ençeme gezek terjime edilipdir. Bu babatda, türkmen alymy N.Baýramsähedow: «Ýewropada Ibn Sinanyň „Kanuny“ ýörgünli bolman, eýsem filosofik traktatlary, tebigat bilimlerine degişli eserleri, goşgulary hem uly hormata mynasyp bolupdyr» diýip, adalatly nygtaýar.

Orta asyrlarda gündogar medeniýetiniň Ispaniýanyň üsti bilen ýewropa ýurtlaryna aralaşmagy netijesinde, Merwiň, Köneürgenjiň, Samarkandyň, Buharanyň, Horasanyň we beýleki medeni-ylmy ojaklardaky kitaphanalarda bar bolan ylmy-edebi kitaplar hem ol ýewropa ýurtlaryna ýaýrapdyr. Bu günki gün Ispaniýanyň, Italiýanyň, Germaniýanyň, Wengriýanyň, Rumyniýanyň, Belgiýanyň, Fransiýanyň, Angliýanyň we beýleki ýurtlaryň medeni ojaklaryndaky kitaphanalarynda uly gymmatlyk hökmünde saklanylýan, ylmyň dürli ugurlaryna, edebiýata degişli arap, pars, türki dillerdäki gadymy golýazmalar hem muny bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Ýeri gelende aýtsak, Garaşsyzlyk ýyllarynda bu golýazmalaryň elektron nusgalarynyň ençemesi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary tarapyndan ýurdumyza getirildi we türkmen diline terjime edilip, halkymyza ýetirildi. Bu işler häzirki günlerde yzygiderli dowam etdirilýär.

Italýan şahyry Dante Aligýeriniň «Ylahy komediýa» atly poemasyny ýazmazdan öň gündogar halklarynyň arasynda ýaýran rowaýatlar bilen, meşhur şahyr, edebiýatçy we pelsepeçi Abul-Ala Ahmet ibn Abdylla at-Tanuhi al-Maariniň, şeýle hem şahyr, pelsepeçi Muhammet ibn Aly ibn Muhammet ibn Arabynyň eserleri bilen içgin tanyşýar. Al-Maari «Risalat-al-Gufran» («Günäleriň geçilmegi hakynda ýüzlenme») atly pelsepewi mazmunly şahyrana eserini ýazanda Ibn Sinanyň edebi-pelsepewi garaýyşlaryndan peýdalanypdyr. Ol ynsanperwerligi, päk ahlaklylygy, sabyr-kanagatlylygy ündeýär, ýalançylygy, ikiýüzliligi, adalatsyzlygy, tekepbirligi we husytlygy ýazgarýar, her bir adamyň öz paýhassyz hereketi üçin jogapkärdigine ünsi çekýär. Al-Araby hem pelsepewi işlerinde «al-insan al-kamil», ýagny kämil ynsan hakyndaky garaýyşlary ösdüripdir, her bir adamyň ýaramaz häsiýetlerden saplanyp, ylym-bilim arkaly kämillige ýetip biljekdigini nygtapdyr. Ispaniýaly edebiýatçy we taryhçy alym Migel Asin-Palasios italýan şahyry Danteniň «Ylahy komediýa» atly eserini ýazmagyna gündogar edebiýatynyň ýetiren täsirini düýpli öwrenipdir. Ispan alymy öz işlerinde Danteniň bu ajaýyp eserini ýazanda gündogar edebiýatyndan, esasan hem Ibn Arabynyň döredijiliginden peýdalanandygy bilen bagly anyk maglumatlary beýan edipdir.

Dante «Ylahy komediýa» atly poemasyny 1308-1321-nji ýyllarda, ýagny dünýägaraýyşy, şahyrlyk zehini babatda kämillige ýeten döwründe ýazypdyr. Orta asyrlara degişli pelsepewi, ahlak, ylahy bilimler babatda ensiklopedik eser hasaplanýan bu poema, italýan we dünýä edebiýatynyň ajaýyp eserleriniň biri hasaplanýar. Dante orta asyr edebiýatyndaky çeper ýordumlary döredijilikli ösdüripdir, çünki ondan öňki we onuň döwürdeş şahyrlary, filosoflary-pelsepeçileri ynsanlara mahsus asyllylyk, pähim-paýhaslylyk, ynsanperwerlik baradaky garaýyşlary öňe sürüpdirler. Dante hem bu eserinde päkýüreklilik, adamkärçilik ýaly häsiýetler bilen kämillige ýetip bolar, munuň üçin özüňi ylym-bilime, akyl ýetirmegiň dünýäsine bagyş etmeli diýen pikiri öňe sürýär.

Gündogaryň ylmy-edebi çeşmeleriniň, Abu Aly Ibn Sinanyň ylmy-poetiki mirasynyň Danteniň «Ylahy komediýa» atly eserine ýetiren täsiri barada fransuz gündogarşynasy Edgar Bloşe, eýranly edebiýatçy we taryhçy alym, şahyr hem ýazyjy Seýid Nefisi, eýranly filosof alym Daneşpaju Muhammet Tagy, Abdyl Hamit Zarinkup, arap edebiýatçysy Ysmaýyl Dahyýat ýaly alymlar hem ylmy işlerinde belläpdirler. Dante 1304-1307-nji ýyllarda ýazan, dört kitapdan ybarat «Meýlis» atly pelsepewi mazmunly eserinde älemiň gurluşy, adamzat jemgyýeti, ynsan kämilligi, adamzat jemgyýetinde ylym-bilimiň, akyl-paýhasyň orny baradaky garaýyşlaryny beýan edende Ibn Sina, Al-Faraby, Al-Gazaly, Al-Fergany, Ibn Ruşt ýaly gündogarly alymlaryň ylmy işlerine hem salgylanýar.

Ibn Sina hem öz nobatynda antik we orta asyr jemgyýetiniň öňdebaryjy garaýyşlaryny toplap, bir ulgama salypdyr, olary toparlara bölüpdir. Ibn Sinanyň ylmy-edebi döredijiliginiň köpugurlylygy dogrusynda söz açyp, lukmançylyk ylymlarynyň taryhyny öwreniji rus alymy B.D.Petrow beýik alymyň ylmy mirasy hakynda ýazan ylmy işinde: «Orta asyrda Ýewropada zehini, döredijiliginiň giň gerimliligi babatynda Ibn Sina bilen deňäre hiç kim ýok» diýip, buýsanç bilen nygtaýar.

Dante «Ylahy komediýa» atly poemasynda Sokrat, Platon (Eflatun), Demokrit, Diogen, Ewklid, Ptolomeý, Gippokrat, Galen ýaly gadymy grek, rim akyldarlary bilen bir hatarda XI asyrdaky Gündogaryň beýik filosofy we lukmany Ibn Sinanyň (Awisennanyň), XII asyrdaky arap filosofy Ibn Ruştyň (Awerroisiň) atlaryny hormat bilen ýatlaýar. Olaryň ynsanperwerlik, söýgi, kämil ynsan baradaky garaýyşlaryny öňe sürýär. Dante öz eserlerinde Ibn Sinanyň ylmy garaýyşlaryny öz döwrüniň ruhuna, jemgyýetçilik durmuşyna laýyklykda döredijilikli ösdürip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp, dünýäniň ynsanperwerlik hereketine täsirini ýetiripdir. Danteniň poemasy «Güni hem älemi hereketlendiýän söýgüdir» diýen çuň manyly şahyrana setirler bilen tamamlanýar. Akyldar şahyr bu eseriniň üsti bilen her bir ynsanyň öz ömrüni manyly ýaşamalydygy, ylym-bilim öwrenmelidigi, ähli ynsanlaryň birek-birege söýgi, hormat bilen garamalydygy, her bir işi päkýüreklilik bilen amal etmelidigi, ata Watanyň, ene topragyň, ata-babalarynyň sarpasyny belent tutmalydygy, haýyr-sahawatly işleri bilen halkyň söýgüsini gazanmalydygy hakyndaky öwüt-ündewlerini çeperçilikli beýan edýär. Danteniň bu eseri mowzugy, many-mazmuny, çeperçiligi taýdan kämil eserleriň hatarynda dünýä edebiýatynda aýratyn orun aldy hem-de sýužeti-çeper ýordumy boýunça gündogar we ýewropa edebiýatlarynda edebi gatnaşyklarynyň öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär.

Umuman, görnükli alym, lukman hem şahyr Ibn Sinanyň ylmy-edebi mirasy Gündogarda-da, Ýewropada-da meşhurlyga eýe bolupdyr. Ibn Sinanyň kämillige, ynsanperwerlige, belent adamkärçilige, ähli ynsanlara we tebigat gözelliklerine söýgi bilen garamaklyga çagyryş bolup ýaňlanýan çuň many-mazmunly şahyrana eserleri hem bu günki gün türkmen okyjylary bilen birlikde, gündogar we ýewropaly okyjylarynyň çuňňur söýgüsine mynasyp boldy.

Myrat TUWAKOW,
TYA-nyň bölüm müdiri,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2020, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy