![]() | Bezgli Deräniň Syry |
|
|||||||
| | |||||||||
|
REPETEK OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIKRepetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär. TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir. Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10—11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr. llki başda gowaklarda çekilen ýazgylar soňky taryhy ösüşde türkmenleriň halylarynda ýüze çykyp başlapdyr. Biziň döwrümizde-de olar halyçylyk sungatynda yzygiderli ulnaylýar. Olar ilki gowak ýazgylary görnüşlerinde döräpdir. Bu şertli suratlary uzak wagtlap saklamak üçin olary uly daşlaryň ýüzüne çekipdirler. Heýkeller öz göwrümleri, boýy we ýüzündäki şekilleri boýunça jübüt ýasalypdyr daş heýkellerdäki idiografiki çyzgyly ýazgylar ilkinji adamlaryň çokunan «Bolhasyllygyň enesi Äşäniň» ady bolmaly. Şol şertli idiografiki şekil Altyndepäniň külalçylygynda-da ulanylypdyr. Şeýle-de ol doga-tumarlarda, terrekotlarda ýazylypdyr. Olaryň biziň eýýamymyzdan öňki 3-nji müňýyllyga degişlidigini alymlar anykladylar. Şeýle-de idiografiki şertli şekil türkmen halylarynyň göllerine öwrülipdir. Gündogar medeniýetinde şol şertli idiografiki ýazgy arhitektura bezegi hökmünde buthanalarda ulanylypdyr. Bezegli derede gabat gelýän «haça» meňzeş daş heykeller hristian medeniýetinde uly dini simwoliki orun tapan haça, şeýle-de türkmen halylaryndaky nagyşlara öwrülipdir. Şol daşa çekilen «+» ýazgysy biziň eýýamymyzdan öňki 3-nji müňýyllykda Anew medeniýetinde gabat gelýän bürünç haç möhürlerdir. Bezegli deredäki dörän diwar suratlary daş heýkellere geçip, dünýäniň in gadymy medeniýeti hökmünde, soňra Ýewropa döwletlerindäki hristian medeniýetine öwrülip, şol simwoliki belgiler «Haç» — toba ediň, diýen ýazgy hem-de şertli idiografiki çyzgy «Bolhasyllygyň enesi — Äşäniň ady» ýazylan çyzgy Germaniýada gabat gelýän jaýlaryň daşky arhitektura bezeglerine öwrüiipdir. Bu idiografiki belgileriň biziň günlerimize çenli türkmen halylarynyň nagyşlarynda saklanyp galmagy daşdaky ýazgylaryň tötänleýin däldigini görkezýär. Bu ýadygärlikleriň taryhy ähmiyeti uludyr. Olaryň yerleşyän yerinde saklanyp galan gadymy idiografiki ýazuwyň Türkmenistanda bolandygynyň subutnamasydyr. Şeyie-de şol gadymy medeniyetiň dünyä halklarynyň medeniyetlerine-de uly täsir edendigini belläp geçmek gerek. Muhammet GELDIÝEW, etnograf. |
![]() |
![]() |
| © 2003-2007, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşi |