Makalar

DAGDANLY TAÝMAZ, TAÝSA-DA GAÝMAZ

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



HALK HAKYDASYNA HORMAT

Ýurdumyzda her ýyl bellenilip geçilýän Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül çemenli baryp, Watan gahrymanlarymyzyň belent ruhunyň öňünde tagzym etmek, indi arzyly hem asylly däbe öwrüldi.

GADYMY GÜNDOGAR MEDENIÝETI

Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň aprelinden oktýabr aýy aralygynda Germaniýanyň paýtagty Berliniň Täze muzeýinde «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy» atly sergi geçirilýär.

TÜRKMEN WE GYRGYZ DILLERINIŇ UMUMYLYKLARY

Hormatly Prezidentimiziň: «Goňşy we beýleki döwletler bilen özara bähbitli, dostlukly gatnaşyklarymyz gün-günden ösýär» diýip parasatly bellemegi, Türkmenistanyň söwdada, ykdysadyýetde, syýasatda we medeni gatnaşyklarda dünýäniň ençeme ýurtlary bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklarynyň ýylsaýyn ýokarlanýandygyny aňladýar.

GADYMY OGUZ ADATY

Beýik Seljukly döwletiniň meşhur weziri Nyzamalmülk «Syýasatnama» atly eserinde hökümdarlar barada şeýle diýýär: «Hökmigüýçli her döwürde bir adamy saýlap alyp, onuň şan-şöhratyny arşa çykarýar, oňa şalyk derejesini eçilýär.

GARAŞSYZ WATAN GOÝNUNDA

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty netijesinde, halkymyzyň mizemez agzybirligi dünýä ýaýyýar.

Sözi sarpaly alym

Halkymyz iňňän gadymy döwürlerden bäri ylma, bilime uly sarpa goýup gelýän halklaryň biri.

Ynsanperwerlik — kalplaryň küýsesi

Halkara forum GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň guramagynda geçirildi.

Paryzdepe: taryhyň altyn sahypalary

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň milli mirasyny öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga uly üns berilýär.

«TOMAGALY HUMAÝ KIMIN...»

Halkymyz gyz çagalara at dakanlarynda elmydama owadan atlary saýlamaga çalyşýarlar.

Türkmen dil bilime ösüş ýolunda

Berkarar diýarymyzda ylym-bilim ulgamyny özgertmek, ösdürmek, innowasiýalary giňden durmuşa ornaşdyrmak meselesi döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Ylma ykbalyny baglan halypa

Hormatly Prizidetimiz geçen hepdäniň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi hakynda durup, diýarymyzyň uzak ýaşly raýatlary barada mähirli sözleri aýtdy.

TÜRKMEN BAÝDAGYNDA AÝ WE ÝYLDYZLAR

Türkmenler gadym wagtlardan bäri baýdaga aýratyn sarpa goýupdyrlar. «Baýdak» häzirki wagta çenli dilimizde işjeň ulanylyp gelnen gadymy türkmen sözüdir.

Deňiz-derýa leksikasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş milli maksatnamasyna laýyklykda döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklary, şol sanda deňiz we derýa ulaglar ulgamy hem döwrebaplaşdyrylýar, kämilleşdirilýär we dünýä ylmynyň soňky gazanan innowasion tehnologiýalarynyň esasynda ösdürilýär.

WATANY SÖÝMEGIŇ BELENT NUSGASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkymyzyň milli medenýetine, mirasyna uly üns berilýär.

Hünärmentçilik bilen bagly söz düzümleri

Türkmen halky ylym-bilime hemişe belent sarpa goýup gelen halklaryň biri.

Türkmen diliniň leksikologiýasyna bagyşlanan derňew

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň, şol sanda ylym we bilim ulgamynyň has-da kämilleşmegine, rowaçlanmagyna, onuň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegine giň ýol açyldy.

Milli mirasyň hazynasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmeniň ruhy kämilligini, düşünje sagdynlygyny asyrlar boýy üpjün edip gelen milli mirasymyz çuňňur öwrenilýär.

GOWAÇANYŇ TOHUM ÇIGIDI: EKIŞ WE DÖWREBAP USUL

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda ýurdumyzda gowaça ekişi 2018-nji ýylyň 23-nji martynda Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda, 28-nji martda bolsa Daşoguz welaýatynda abraýly ýaşulularyň ak pata bermegi bilen badalga aldy.

Ýollar Dehistana sary

Ata Watanymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýar.

ENERGETIKA ULGAMY:
INNOWASION ÖSÜŞLER WE MÖHÜM WEZIPELER

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistan döwletimizde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler bilen baglanyşykly taryhy ähmiýetli wakalar boldy.

ADALGALAR EDEBI DILIMIZIŇ GYMMATLYGYDYR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ulgamynda-da giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.

TÜRKMEN AÝNA ÖNÜMÇILIGINIŇ TARYHYNDAN

Dünýä taryhynyň gatlaryna ösen medeniýetiň, sungatyň mekany bolup giren Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerinde geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylar ylmy esasda öwrenilýär.

BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ UGRUNDAKY ŞÄHER

Soňky ýyllarda TYA-nyň Arheologiýa we etnografiýa instituty tarapyndan Nusaý — Ürgenç kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen Paryzdepe, Şährihaýbar ýaly ýadygärliklerde alnyp barylýan işler bellärliklidir.

AZAJYK DERDI AŞ BASAR

Gyzgynlygyndan hemem gyzyl burçuň ajysyndan ýaňa agzyňy ýakyp barýan unaş sowuklamanyň, dümewiň bire-bir emi.

GÜÝZ NYGMATLARY

TYA-nyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynda hem ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligini artdyrmak, olary gorap saklamak boýunça işler ylmy esasda alnyp barylýar.

AZIÝANY BAGLAN TÜRKMEN PÄLWANY

Türkmen milli göreşi medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri göreş sungaty bilen içgin gyzyklanyp gelipdir.

Halyçylyk sungatynyň waspy

Halyçylyk sungaty uzak heňňamlarda timarlanyp, gitdigiçe owadanlanyp, türkmeni dünýä ýüzüne tanadyp gelen milli guwanjymyzdyr, halkyň ýüzüniň tuwagydyr.

Ylmy barlaglar we çözgütler

Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi.

Himiya instatituty: Gin mumkinçilikler, aydyn maksatlar

Ýurdumyzda ylym-bilime, dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda, alymlaryň işine itergi bermek, türkmen ylmynyň taze binýadyny tutmak boýun-ça düýpli işler amala aşyrylýar.

PÄHIM-PARASAT ÇEŞMESI

Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.

Ylym — häzirki eýýamyň osüş guraly

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.

Ylmyň meşhur ussatlary

Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.

«IT GELDI — GUT GELDI»

Halkymyz «It geldi — gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar.

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.

MIRAS MUKADDESLIGI

«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

KÄMILLIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr.

BAG — ZEMINIŇ ZYNATY

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.

MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY

Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hünärmenleri ylmy ekspedisiýanyň maglumatlaryny toparlara bölýärler

Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

TARYHYŇ ÝANY

Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.

HÜWDI SANAWAÇLARY

Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.

GOWHERIň GYMMATYNY SARRAF BILER

Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Häzirki döwürde iň wajyp mesele­leriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplu­mynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.

ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.

RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.

YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.

Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry — daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.

Arheologiýa: taryhy tapyndylaryň döwrebap seljermesi

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.

ULY TOÝUŇ SÄHEDI: SANLARDAKY ROWAÇLYK ALAMATLARY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sar­pa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.

Bezgli Deräniň Syry

Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10ó11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.

REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.

TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?

Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.

2018-04-14

«Türkmenistan» gazeti

DAGDANLY TAÝMAZ, TAÝSA-DA GAÝMAZ

Türkmen bagşylary joşup aýdym aýdanlarynda aýdymyň öz şygyr bentleri bilen ugurdaş manyly sanamalary hem özlerinden goşup goýberýärler. Aýdym-saz sungatyny öwrenijiler ol hili sanamalara «haraýlar» hem diýýärler. Olaryň birinde şeyle diýilýär:

Agajyň gowusy yrgaý,

Her kim nesibesin görgeý,

Asmandaky mollatorgaý,

Ýary gördüňmi, gördüňmi?!

Şu ýerdäki «yrgaý» sözüne 1968-nji ýylda Moskwada neşir edilen «Türkmençe-rusça sözlükde» şeýle düşündiriş berlipdir:

Yrgaý — дерево, из ствола которого делают соху (coxa — azal, ýagny, öňki döwürlerde ýer sürmek üçin ulanylan köne gural).

Has anyk aýdylanda, ýer sürülýän sada gurluşly azalyň ýeri agdarýan bölegi, ýere girýän burny dagda bitýän, daşy ýaryp çykýan örän gaty agaçdan edilipdir.

Gepleşik dilinde has ýörgünli ulanylýan dagdan, dagdan agaç sözleri hem käbir ýerlerde, özem çäkli ýagdaýda duş gelýän yrgaý sözüniň sinonimi bolmaly. Çünki «Paýhas çeşmesindäki» bir nakylda «Agajyň gatysy soky bolar» diýlişi ýaly, örän gaty agaç hökmünde dagdan agajyndan künde, soky ýaly, berk, çydamly bolmaly zatlar ýasalypdyr. Öňki döwürlerde ýüpden edilýän çaga sallançagynyň kiliminiň iki başyna gerňelýän, ýüzi nagyşlanan sallançak agaç hem köplenç, dagdandan edilipdir.

Türkmen halky dagdan agajyny keramatly, gözden-dilden goraýan mukaddes agaç hasaplaýar. Şol ynam-ygtykat bilen dagdandan kiçijik (üljäniň şänigi çemesi ululykda), iki başy ýaýbaňja, orta bili gysbyja şekiljik ýasap, ýaş çagajyklaryň tahýasyna, kürtekçesine dakýarlar ýa-da alaja bag bilen boýnundan asýarlar. Ol şekiljige dagdanjyk diýýärler.

Çeper elli gelin-gyzlaryň aýratyn ussatlyk bilen nagyşlan kürte, çyrpy ýaly lybaslaryna hem gözden-dilden gorasyn diýip dagdanjyk çatýarlar. Halynyň bolsa esasy nagyşlarynyň başlanýan ýerinde-de, gutarýan ýerinde-de bir hatar dagdanjyk nagşyny çitýärler.

Umuman, türkmençilikde haýsy zada göreniň mähri gidip, gözi deger öýdülse, şoňa dagdan agajyny gorag edýärler. Hat-da türkmen malgarasynyň ýüpünejde bir bölek dagdan agajyny berkidýär. Bu babatda şeyle bir rowaýatam aýdýarlar.

Öňde-de bir gözi degegen adam bar eken. Ol adam özüniň bu bolşundan müýnürgemän, gaýtam:

— Men gözümi diken zadymy, salymyny bermän tüwdüräýýändirin — diýip öwünýärmiş. Bir gün şeýdip öwnüp otyrka töweregindäkiler oňa:

— Beýle bolsa, hany, hol duran düýäni tüwdür, göreli! — diýipdirler. Ol adam şol diýilýän düýä tarap gözüni çarhlap, tiňkesini dikipdir weli, düýe duran ýerinde taýyp, bir en-tirekläpdir-de, yöne ýykylmandyr. Gözi degegen adam:

— Bu ýerde bir hikmet bardyr, ýogsa, düýe hökman ýykylardy. Hany, ýörüň, göreliň! — diýipdir. Baryp görseler, düýäniň owsarynyň düýbünden iki barmak çemesi dagdan agajy bar eken. Muny gören adamlar:

— Be-e, dogrudanam dagdanly taýsa-da, gaýmajak eken! — diýşipdirler.

Şu wakadan soň «Dagdanly taýmaz, taýsa-da gaýmaz» diýen sözler nakyla öwrülip, il içine ýaýrandygyny aýdýarlar.

Bu nakyldaky «gaýmaz sözi köp manyly söz bolup, onuň bir manysy, bir ýerden bat bilen ýykylmak, zarply gaýtmak diýmekdir». Türkmen diliniň sözlüginde«: gaýmak sözüniň şu manysyna B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanyndan:

Men bilmedim näme üçin atlanyp, at üstünden gaýdyňmy sen, Artykjan?

— diyen setirler mysal getirilipdir.

Diýmek, «Paýhas çeşmesindäki» «Dagdanly taýmaz, taýsa-da gaýmaz» diyen nakyl, dagdan agajyny dakynan ýa-da ýanynda saklan adam (mal-gara-da) taýmaz, büdremez, büdrese-de ýykylmaz, dagdan ony bela-beterden gorar diyen manyda gelýär.

Sözümiziň başyndaky «yrgaý» sözi bilen «dagdan» sözüniň sinonimdigi hakdaky pikire dolanyp gelsek, dagda bitýän, rus dilinde «Kaменнoe дepeво» diýilýän («Türkmençe-rusça sözlük») dagdan bilen yrgaý, ikisem bir zat bolup, her ýerde ýa-da her döwürde başgaçarak atlandyrylan bolup biler, ýa-da olaryň ikisem şol bir daragtlar maşgalasynyň biri-birinden az-kem tapawutlanýan görnüşleriniň atlary bolup biler.

Çünki sözlüklerde-de görkezilişi ýaly, olaryň ikisindenem durmuşda iň gerekli, iň mukaddes zatlar bilen baglanyşykly enjamlar: azal, soky, sallançak agaç ýaly zatlar ýaşalypdyr. Üstesine-de, bu agajyň göz-dilden goraýyş güýji hakdaky ynam-ygtykady hem goşup:

Agajyň gowusy yrgaý — diýilýän bolmaly.

Türkmeniň aňynda arzyly-sarpaly orun alan bu daragtyň dilimizde atlandyrylyşy baradaky gürrüňe okyjylar hem goşulyp, ony aýdyňlaşdyrmaga ýardam ederler diyen umyt bilen, bir tarapy dagdan agajyna direýän wakany şu yerde ýatlamakçy.

Geçen asyryň segseninji ýyllardy. Iş sapary bilen Mary welaýatynda bolanymda, wagt tapyp, Soltan Sanjaryň aramgähine zyýarat etdik. Şonda ýanymyz bilen gideri ýaşuly bilim işgäri ýadygärligiň gurluşy barada gürrüň berip durşuna sözüniň soňunda ahmyr bilen şeyle diýdi:

— Bu binanyň gümmeziniň iç yüzünden goýlan agaçlar dagdan agajy eken. Men özüm şu ýakyndaky obada önüp-ösdüm. Oglankak, bu ýerlerde goýun bakardyk. Iň yaman yeri hem oglanlar bolup, käte elimiz teşeli gelip, ýadygärligiň gümmezine çykyp, şol dagdan agaçlardan goparyp äkiderdik... Biz-ä, ol wagt çaga, bu zatlaryň gymmatyna düşünmändiris diýsem, ululara näme diýjek?! Bize käýemegiň deregine, gaýtam dagdan agajyny maşgalasynyň goragçysy hökmünde ulanjak bolup, bizi iberipdirler... Şu zatlaryň dünýe malyna çalşyp bolmajak halk hazynasydygy hakda il arasynda wagyz-nesihat edilip ýörülmese, düşünilmese-düşündirilmese, gaýdyp düzedip bolmajak yaramaz ýagdaýlara baryp ýetiljek eken...

Ýaşuly- mugallymyň şu ökünçli janykmasy her gezek ýadyma düşende, milli mirasymyza belent sarpa goýulýan, taryhy ýadygärlikleriň döwlet derejesinde goralýan, olarda rejeleýiş işleri geçirilýän, medeni mirasy ylmy taydan öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýan, bagtyýar zamanamyza guwanmak, buýsanmak duýgusy telim esse güýçlenip, kalbyma dolýar. Şu sogaply işleriň başynda duran hormatly Prezidentimize müň keren alkyş aýdýaryn.

Ejegyz ÇARYÝEWA,

TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň
esasy ylmy işgäri,
dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty.


e-mail: info@science.gov.tm © 2003-2018, TŁrkmenistanyň Ylymlar akademiżasy