Makalar

TÜRKMEN AÝNA ÖNÜMÇILIGINIŇ TARYHYNDAN

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



DAGDANLY TAÝMAZ, TAÝSA-DA GAÝMAZ

Türkmen bagşylary joşup aýdym aýdanlarynda aýdymyň öz şygyr bentleri bilen ugurdaş manyly sanamalary hem özlerinden goşup goýberýärler.

Milli mirasyň hazynasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmeniň ruhy kämilligini, düşünje sagdynlygyny asyrlar boýy üpjün edip gelen milli mirasymyz çuňňur öwrenilýär.

GOWAÇANYŇ TOHUM ÇIGIDI: EKIŞ WE DÖWREBAP USUL

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda ýurdumyzda gowaça ekişi 2018-nji ýylyň 23-nji martynda Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda, 28-nji martda bolsa Daşoguz welaýatynda abraýly ýaşulularyň ak pata bermegi bilen badalga aldy.

ENERGETIKA ULGAMY:
INNOWASION ÖSÜŞLER WE MÖHÜM WEZIPELER

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistan döwletimizde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler bilen baglanyşykly taryhy ähmiýetli wakalar boldy.

BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ UGRUNDAKY ŞÄHER

Soňky ýyllarda TYA-nyň Arheologiýa we etnografiýa instituty tarapyndan Nusaý — Ürgenç kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen Paryzdepe, Şährihaýbar ýaly ýadygärliklerde alnyp barylýan işler bellärliklidir.

AZAJYK DERDI AŞ BASAR

Gyzgynlygyndan hemem gyzyl burçuň ajysyndan ýaňa agzyňy ýakyp barýan unaş sowuklamanyň, dümewiň bire-bir emi.

GÜÝZ NYGMATLARY

TYA-nyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynda hem ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligini artdyrmak, olary gorap saklamak boýunça işler ylmy esasda alnyp barylýar.

AZIÝANY BAGLAN TÜRKMEN PÄLWANY

Türkmen milli göreşi medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri göreş sungaty bilen içgin gyzyklanyp gelipdir.

Halyçylyk sungatynyň waspy

Halyçylyk sungaty uzak heňňamlarda timarlanyp, gitdigiçe owadanlanyp, türkmeni dünýä ýüzüne tanadyp gelen milli guwanjymyzdyr, halkyň ýüzüniň tuwagydyr.

Ylmy barlaglar we çözgütler

Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi.

Himiya instatituty: Gin mumkinçilikler, aydyn maksatlar

Ýurdumyzda ylym-bilime, dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda, alymlaryň işine itergi bermek, türkmen ylmynyň taze binýadyny tutmak boýun-ça düýpli işler amala aşyrylýar.

PÄHIM-PARASAT ÇEŞMESI

Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.

Ylym — häzirki eýýamyň osüş guraly

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.

Ylmyň meşhur ussatlary

Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.

«IT GELDI — GUT GELDI»

Halkymyz «It geldi — gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar.

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.

MIRAS MUKADDESLIGI

«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

KÄMILLIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr.

BAG — ZEMINIŇ ZYNATY

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.

MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY

Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hünärmenleri ylmy ekspedisiýanyň maglumatlaryny toparlara bölýärler

Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

TARYHYŇ ÝANY

Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.

HÜWDI SANAWAÇLARY

Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.

GOWHERIň GYMMATYNY SARRAF BILER

Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Häzirki döwürde iň wajyp mesele­leriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplu­mynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.

ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.

RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.

YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.

Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry — daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.

Arheologiýa: taryhy tapyndylaryň döwrebap seljermesi

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.

ULY TOÝUŇ SÄHEDI: SANLARDAKY ROWAÇLYK ALAMATLARY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sar­pa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.

Bezgli Deräniň Syry

Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10ó11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.

REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.

TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?

Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.

«Türkmenistan» gazeti,
14.02.2017

TÜRKMEN AÝNA ÖNÜMÇILIGINIŇ TARYHYNDAN

Dünýä taryhynyň gatlaryna ösen medeniýetiň, sungatyň mekany bolup giren Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerinde geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylar ylmy esasda öwrenilýär. Bu tapyndylar şol döwürlerde senetçiligiň nä derejede ösendigini aýan edýär. Orta asyrlarda ösen senetleriň biri hem aýna önümçiligidir.

Arheologik maglumatlar we ýazuw çeşmeleri aýna senetçiliginiň önümçilik güýçleriniň ösmegine düýpli täsirini ýetirendigine şaýatlyk edýärler. Senetçiligiň aýrylmaz bölegi bolan aýna önümçiliginiň taryhyny öwrenmek onuň ösüşini aýdyňlaşdyrmagyň esasy ugry bolup durýar. Orta asyr ýadygärliklerinde gazuw-barlag işleriniň geçirilmegi aýnadan ýasalan dürli—dürli gaplaryň köp mukdarynyň ýüze çykarylmagyna ýardam edýär.

Türkmenistanyň çäklerinde aýna öndürilmegini öwrenmekde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynda saklanylýan aýna tapyndylar bahasyna ýetip bolmajak hazyna bolup durýar.

Orta Aziýada aýna işlenip bejerilendigi baradaky ýazuw ýatlamalaryna Hytaý ýyl ýazgylarynda gabat gelinýär. Olarda biziň eýýamymyzyň V asyrynyň birinji çärýeginde reňkli aýna ýasaýan ussalar barada habar berilýär.

Rus taryhçysy A.Smirnowyň 1928-nji ýylda ýazan işinde Orta Aziýada haýran galdyryjy derejede örän dürli—dürli görnüşdäki aýnadan ýasalan reňkli hem-de taýýarlanyş usuly boýunça ajaýyp önümleriň ençemesiniň tapylandygy barada ýatlanyp geçilýär. Alymlar olaryň ýerli ussalar tarapyndan öndürilendigi baradaky netijelere gelýärler.

Abu Bekr Muhammet ar-Raziniň «Syrlaryň syrlary kitaby» (IX asyr) atly alhimiki traktatynda aýna ýasalyşy, onuň görnüşleri barada käbir maglumatlar bar. Bu eserden aýna ýasalyş işleriniň ýola goýluşynyň ýagdaýyny anyklamak bolýar. Ýygyndyda aýnanyň dürli görnüşiniň bolandygy barada aýdylýar. «Ol çägeden we potaşdan (aşgardan) alynýar. Onuň iň gowy görnüşi ak (reňksiz), dury siriýa aýnasydyr. Ol öz hlli boýunça hrustaly ýada salýar» diýlip ýazylypdyr.

I müňýyllygyň ortalarynda tutuş Alynky Gündogarda gymmat bahaly metallardan we dag hrustalyndan ýasalan gap-gaçlaryň giňden ýaýrandygyny alymlar belleýärler. Soňra olaryň deregine özüniň durulygy boýunça dag hrustalyna çalymdaş, emma has arzan aýnany işläp bejermekligi öwrenipdirler.

Al-Biruniniň işinde Orta Aziýada aýna işläp bejermekligiň taryhy barada maglumatlar berilýär. Onda aýnanyň eredilmeginiň usullary gysgaça beýan edilýär. Ol aýna öndürmegiň orta asyr tehnologiýasy, aýna önümleriniň gymmaty we derejesi barada kabir düşünjeleri berýär. Şeýle hem aýnanyň rejelenişi we syrçalar barada maglumatlary getirýär.

Orta Aziýanyň çäklerinde aýna işläp bejerilmeginiň başlangyç döwri we onuň emele gelmeginiň sebäpleri baradaky maglumatlara akademik W.W. Bartoldyň işlerinde gabat gelmek bolýar. Ol Hytaýa günbatardan, grek-rim dünýäsinden aýna we hrustal önümleriniň getirilendigini hem-de Orta Aziýada aýna senagatynyň dörändigi barada ýazýar. B.e. ozalky II asyrdan başlap, Beýik Ýüpek ýoly arkaly Günbatar ýurtlary bilen ýola goýlan söwdanyň netijesinde Orta Aziýada aýna işläp bejermeklik oýlanyp tapylypdyr we şol gatnaşyklaryň esasynda Orta Aziýada aýna senagatynyň başy başlanypdyr.

Bar bolan maglumatlar aýna işläp bejermekligiň ýüze çykmagynyň has irki döwürlerde bolandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň çäklerinde irki aýna önümleri aýna esasly monjuklar görnüşinde Ýaňgalada (miladydan öňki II müýyllygyň ikinji ýarymy) we Änew gatlaklarynda (miladydan öňki II — I müňýyllyklar) tapyldy. Iki kertikli agymtyl-ýaşyl aýnadan ýasalan monjuk Änew IV medeni gatlagyndan (miladydan öňki II müňýyllygyň aýagy, I müňýyllygyň başy) tapyldy. Änew medeniýetiniň düzgünleşdirilen dowürleri boýunça bu gatlaklar Namazga VI döwrüne degişli edilýärler. Änewiň ýokarky gatlagynda (miladydan öňki I müňýyllyk) geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde gara tog milli açygrak goňur aýnadan ýasalan başga bir monjuk tapyldy. Bu gatlak belli arheolog W.M. Masson tarapyndan Änew IV döwri diýlip hasaba alyndy. Aýna önümleriniň miladydan öňki II — I asyrlara degişlileri Nusaýdan hem tapyldy.

Türkmenistanyň çäklerinde orta asyrlarda senetçiligiň beýleki görnüşleri bilen bilelikde aýna önümleriniň önümçiligi ählitaraplaýyn ýaýrap başlapdyr. Aýna işläp bejermeklik şäher, şeýle hem oba ilatynyň barha artýan isleglerini kanagatlandyrypdyr. Oňa Türkmenistanyň orta asyr şäherlerinde geçirilen arheologik işleriň netijesinde tapylan aýnadan ýasalan tapyndylar şaýatlyk edýär. Merw, Nusaý, Şähryslam, Misseriýan — bular aýnadan ýasalan önümleriň önümçilik merkezleri bolupdyrlar. Aýna önümlerinden has köp duş gelýänleri okara, käse görnüşli gaplaryň galyndylary, şeýle hem özleriniň ölçegleri boýunça kiçi göwrümli bolany sebäpli, bitin görnüşde saklanyp galan dürli atyr we lukmançylykda ulanylan kiçijik çüýşejiklerdir. Aýnadan dürli bezeg şaýlaryny hem ýasapdyrlar. Şähryslamdan asyklar we şelpeleriň birnäçesi tapyldy. Olary iki görnüşe bölmek bolar: içinden göni deşik geçýän melewşeräk reňkli aýnadan taýýarlanylan romb görnüşli we mawy aýna ergininden taýýarlanylan kesik-konus şekilli. Şelpäniň aşaky çägi gyzyl aýna ergininden ýasalan, dakylýan guşajyk bilen bezelipdir. Keramiki materiallara salgylanyp, olar XII—XIII asyrlar bilen senelenýär. Şeýle-de, kolba, banka, badalar, bulgurlar uly çüýşeleriň, grafin görnüşli gaplaryň bokurdaklary, düýpleri duş gelýär. Seýrek duş gelýän gapjagazlara alambikler — himiki derňewlerde ulanylan turbajykly gabyň bölegi ýa-da simaby gaýtadan işlemek üçin ulanylan piliň holtumyna meňzeş gap degişlidir. Bu gaplar irki orta asyrlardan başlap duş gelýär we IX—XIII asyrlarda giňden ýaýrapdyr. Ilkinji şeýle gaplar bürünçden ýasalypdyr diýen çaklama hem bar. Missariýandan tapylan uzyn turbajyk görnüşli konus şekilli himiki gabyň — alambigiň bölegi bolmagy mümkin. Ol tutuksy aýnadan ýasalypdyr. Alambigiň şuna meňzeş turbajyklary Tatarystandaky Bilýar ýadygärliginden köp mukdarda tapylypdyr.

Arheologik ýadygärliklerde aýnadan ýasalan önümleriň bardygy barada arheologlaryň makalalarynda agzalyp geçilýär. Bu babatda aýratyn bellemeli iş arheolog Ý.A.Dawidowiçiň Nusaýyň orta asyr aýnasynyň taryhyna bagyşlanan makalasydyr. Onuň işinde Nusaýdan tapylan ençeme aýna önümleri — badalaryň, güldanlaryň, käseleriň, atyr çüýşeleriniň, kolbalaryň (turbajyk ýa-da konuş, guýguç şekilli, uzyn bokurdakly togalak gap), probirkalaryň (lukmançylykda we himiýa tejribelerinde ulanylýan turbajyk görnüşli gapjagaz), alambikleriň we ýuka penjire aýnasynyň galyndylary bar.

Aýna önümleriniň tapyndylary Nusaýyň Orta Aziýada iri senetçilik merkezleriniň biri bolandygyny subut edýär. IX asyrda syrçaly keramikanyň entek ilatyň durmuşyna ymykly ornaşmandygyny, aýnadan ýasalan zatlaryň bolsa eýýäm giňden ulanylandygyny we Orta Aziýada aýna işläp bejermegiň çalt ösmeginiň göze ilýändigini alymlar belleýärler. Tapylan aýna galyndylary we önümler bu ýerde aýna öndürýän senetçilik ussahanalarynyň bolandygyna şaýatlyk edýär.

Hanhowuz galasynyň taryhynyň arheologik taýdan öwrenilmeginiň netijesinde bu ýadygärligiň söwda ýolunda ýerleşip, berkitmelerden, kerwensaraýlardan ybarat, keramika, kerpiç bişirýän we aýna eredilýän peçleri özünde jemlän iri mesgenleriň biri bolandygy anyklanyldy. Aýna eredilýän peçler şäheriň taşlanyp gidilen we ýumrulan ýerlerinden gurlupdyr.

Merwden tapylan aýna galyndylarynyň içiräk toplumy, şeýle hem Gäwürgaladan we Soltangaladan tapylan aýna monjuklar XII—XIII asyrlarda aýna öndürmegiň giň gerim alandygyna güwä geçýär. Merw monjuklaryna çalymdaş aýna monjuklar Orta Aziýanyň, Kawkazyň we Gündogar Ýewropanyň dürli döwürlerdäki ýadygärliklerinde gabat gelýär. Bu bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň senetçilige hem öz täsirini ýetirendigini görkezýär.

Şasenemgalada we onuň töweregindäki ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan aýna önümleri Guýusaý çäklerinde, şeýle hem Çermenýabyň kenarynda aýna önümçiliginiň bolandygyny, görnüşleri boýunça birmeňzeş gaplaryň bölekleriniň köp tapylmagy aýna önümleriniň diňe ýerli ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak bolman, eýsem, satuwada çykarylandygyna güwä geçýär.

Arheologik barlaglaryň netijesinde Şähryslam şäheriniň Orta Aziýada aýna önümçiliginiň merkezleriniň biriniň bolandygy anyklandy. Şähryslamdan daşdan we keramikadan ýasalan önümler bilen birlikde aýnadan ýasalan önümler hem tapylyp, olar barada «Şähryslamyň maddy medeniýeti» atly kitapda maglumatlar berilýär. Ýadygärligiň Bäherden şäherçesinden uzak bolmadyk ýerde, kwars çägesiniň alynýan ýeriniň golaýynda ýerleşýändigide ünsüňi özüne çekýär. Belki-de, orta asyrlarda ýaşap geçen aýna ýasaýjylar hem bu çägäni aýna önümlerini ýasamakda peýdalanandyrlar. Bu ýerden aşhana gaplary, atyr-derman, öý hojalygynda ulanylýan we bezeg şaýlary görnüşli dürll—dürli aýna önümleri tapyldy. Şähryslamyň aýna önümleri ýaşyl, gök we sary aýnalardan ýasalypdyr.

Aşgabat şäheriniň öňki aýna kombinatynyň himiki barlaghanasynyň kesgitlemegine görä, ýaşyl reňk almak üçin demriň we misiň okisi, gök reňk üçin kobalt, sary reňk üçin kükürt ulanylypdyr, şeýle hem aýnany 1000 — 1200 dereje gyzgynlykda taýýarlapdyrlar. Şähryslamda setirlenip ýasalan gazanpisint çukurlaryň içinde kükürdiň bölekleri üýşürilip goýlan görnüşde ýüze çykaryldy. Şol tapyndylar orta asyrlarda hem şeýle himiki usulda işlenendigine güwä geçýär.

Misseriýanda alnyp barlan köpýyllyk barlaglar stratigrafiýa, suw üpjünçiligi, maddy we ruhy medeniýet, senetçilik we söwda barada dürli maglumatlary almaga mümkinçilik berdi. Misseriýanda keramika, metal önümleri bilen birlikde, aýna önümleri hem tapyldy. Olary aşhana, atyr-derman çüýşelerine, himiki çüýşelere we bezeg önümlerine hem bölmek bolar. Misseriýanyň aýna önümleriniň arasynda dürli görnüşli emekleri bolan okaralaryň birnäçe galyndysy aýratyn tapawutlanýar. Aýna önümleriniň arasynda lukmançylyga degişli kiçijik gapjagazlary, düýbi guýguç şekilli jamlar, grafinler, bulgurlar we hojalykda ulanylýan beýleki zatlar bar. Olar görnüşleri, göwrümleri, ulanylyşy, reňkleri boýunça tapawutlanýarlar.

Olaryň arasynda ýaşylymtyl hem-de tüsse reňkli aýnadan taýýarlanylan ajaýyp bulgurlar tapawutlanýarlar. Misseriýandan tapylan ýaplaryň örän ýuka aýnadan ýasalandygy sebäpli, dine gulplary-eltutarlary, düýpleri ýa-da bokurdaklary saklanyp galypdyr. Aýna önümleriniň galyndylarynyň köp bolmagy XI — XII asyrlarda Misseriýanyň ilatynyň senetçiligiň bu görnüşiniň önümçiligini ýola goýandyklaryndan we giň gerimde peýdalanandyklaryndan habar berýär.

Paryzdepeden tapylan aýna önümleriniň galyndylarynyň arasynda aýratyn gyzyklanma döredýänleri iki sany bir-birine meňzeşräk küýzejik görnüşli gaplaryň bölekleridir. Olaryň inçelen bokurdagyna birikdirilen erňejigi gysylyp, guýguç hökmünde ýasalypdyr, bokurdagy bolsa aşaklygyna giňäp, emaý bilen göwrä geçýär. Erňejigiň gysylmagy küýzejikden guýulýan suwuklygyň azajykdan, usullyk bilen akmagy üçin niýetlenendir. Gaplaryň göwresiniň örän ýuka (galyňlygy 1 millimetr) bolany sebäpli saklanyp galmandyr. Şeýle ýukajyk küýzejik dury ýaşyl aýnadan üflenip ýasalypdyr.

Şular ýaly göwresi bolan guýguçly we tutawaçly küýzejikler Türkmenistanyň başga ýadygärliklerinde henize çenli duş gelmedi. Erňegi guýguçly, bokurdagy ýok, göwresi has çişirilen, ölçegleri ulurak küýzeler Gazagystanyň Kuýruktobe we Otrar ýadygärliklerinden tapylypdyr.

Daňdanakandan hem kiçi göwrümli çüýşejikleriň tapylmagy orta asyrlarda Türkmenistanyň çäklerinde himiýanyň, lukmançylygyň ösendigini subut edýär.

Türkmenistanyň medeniýetiniň orta asyrlarda gülläp ösen döwründe senetçiligiň birnäçe görnüşleri sungat derejesine ýetirilipdir. Olardan keramika, metal önümleri bilen bir hatarda, aýna önümçiligini hem görkezmek bolar. Türkmenistanyň ýadygärliklerinden ýüze çykarylan aýnadan ýasalan zatlar özleriniň nepisligi bilen göreni haýran edýärler. Olar dürli reňkli aýnalardan galyň we ýukajyk edip, üfläp we guýma usulynda ýasalypdyr.

Günorta Türkmenistanyň ösen şäherleri bolan Merw, Nusaý, Şähryslam, Misseriýan ýaly orta asyrlaryň medeni merkezlerini häsiýetlendirmekde, olaryň sungat derejesine ýetirilen senetçiliginiň bolandygyny aýna önümçiliginiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar.

XX asyryň 20-nji ýyllarynda Türkmenistanda ilkinji senagat kärhanasy gurlup, aýna önümlerini çykaryp başlapdyr. Şol zawod Orta Aziýada aýna önümçiliginiň başyny başlan kärhanadyr. 1928-nji ýyldan başlap aýna önümlerini, 1938-nji ýylda bolsa penjire aýnalaryny öndürmeklik mehanizmleşdirilipdir. XX asyryň aýagyna çenli aýna kärhanasy uly toplum — kombinat derejesine ýetip, onda ýokary hilli önümleri — penjire aýnalaryny, dürli görnüşli gaplary, çüýşeleri, termoslary, çyra çüýşeleri, günden goraýan we başga birnäçe görnüşli aýnalar öndürilipdir. Çykarylan önümlere diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, Ukraina, Eýran, Owganystan, Türkiýe ýaly başga-da köp ýurtlarda uly isleg bildirilipdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze we kuwwatly aýna kärhanasynyň gurluşygyny möhüm wezipeleriň hatarynda goýdy. Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşýän Owadandepede täze kuwwatly aýna kärhanasynyň gurluşygy güýçli depginde amala aşyryldy we önüm öndürip başlamaga taýýar edildi. Onuň öndürjek önümleri diňe türkmenistanlylaryň islegini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, dürli ýurtlara ýokary hilli önümleri eksport eder. Gadymy senagat bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gülläp ösüşlere eýe bolýar.

Nurgözel BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Taryh institutynyň esasy ylmy işgäri.


© 2003-2018, TŁrkmenistanyň Ylymlar akademiżasy