Makalar

Ylmy barlaglar we çözgütler

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



DAGDANLY TAÝMAZ, TAÝSA-DA GAÝMAZ

Türkmen bagşylary joşup aýdym aýdanlarynda aýdymyň öz şygyr bentleri bilen ugurdaş manyly sanamalary hem özlerinden goşup goýberýärler.

Milli mirasyň hazynasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmeniň ruhy kämilligini, düşünje sagdynlygyny asyrlar boýy üpjün edip gelen milli mirasymyz çuňňur öwrenilýär.

GOWAÇANYŇ TOHUM ÇIGIDI: EKIŞ WE DÖWREBAP USUL

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda ýurdumyzda gowaça ekişi 2018-nji ýylyň 23-nji martynda Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda, 28-nji martda bolsa Daşoguz welaýatynda abraýly ýaşulularyň ak pata bermegi bilen badalga aldy.

ENERGETIKA ULGAMY:
INNOWASION ÖSÜŞLER WE MÖHÜM WEZIPELER

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistan döwletimizde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler bilen baglanyşykly taryhy ähmiýetli wakalar boldy.

TÜRKMEN AÝNA ÖNÜMÇILIGINIŇ TARYHYNDAN

Dünýä taryhynyň gatlaryna ösen medeniýetiň, sungatyň mekany bolup giren Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerinde geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylar ylmy esasda öwrenilýär.

BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ UGRUNDAKY ŞÄHER

Soňky ýyllarda TYA-nyň Arheologiýa we etnografiýa instituty tarapyndan Nusaý — Ürgenç kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen Paryzdepe, Şährihaýbar ýaly ýadygärliklerde alnyp barylýan işler bellärliklidir.

AZAJYK DERDI AŞ BASAR

Gyzgynlygyndan hemem gyzyl burçuň ajysyndan ýaňa agzyňy ýakyp barýan unaş sowuklamanyň, dümewiň bire-bir emi.

GÜÝZ NYGMATLARY

TYA-nyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynda hem ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligini artdyrmak, olary gorap saklamak boýunça işler ylmy esasda alnyp barylýar.

AZIÝANY BAGLAN TÜRKMEN PÄLWANY

Türkmen milli göreşi medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri göreş sungaty bilen içgin gyzyklanyp gelipdir.

Halyçylyk sungatynyň waspy

Halyçylyk sungaty uzak heňňamlarda timarlanyp, gitdigiçe owadanlanyp, türkmeni dünýä ýüzüne tanadyp gelen milli guwanjymyzdyr, halkyň ýüzüniň tuwagydyr.

Himiya instatituty: Gin mumkinçilikler, aydyn maksatlar

Ýurdumyzda ylym-bilime, dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda, alymlaryň işine itergi bermek, türkmen ylmynyň taze binýadyny tutmak boýun-ça düýpli işler amala aşyrylýar.

PÄHIM-PARASAT ÇEŞMESI

Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.

Ylym — häzirki eýýamyň osüş guraly

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.

Ylmyň meşhur ussatlary

Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.

«IT GELDI — GUT GELDI»

Halkymyz «It geldi — gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar.

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.

MIRAS MUKADDESLIGI

«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

KÄMILLIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr.

BAG — ZEMINIŇ ZYNATY

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.

MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY

Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hünärmenleri ylmy ekspedisiýanyň maglumatlaryny toparlara bölýärler

Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

TARYHYŇ ÝANY

Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.

HÜWDI SANAWAÇLARY

Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.

GOWHERIň GYMMATYNY SARRAF BILER

Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Häzirki döwürde iň wajyp mesele­leriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplu­mynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.

ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.

RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.

YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.

Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry — daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.

Arheologiýa: taryhy tapyndylaryň döwrebap seljermesi

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.

ULY TOÝUŇ SÄHEDI: SANLARDAKY ROWAÇLYK ALAMATLARY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sar­pa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.

Bezgli Deräniň Syry

Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10ó11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.

REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.

TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?

Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.

«Türkmenistan», gazati,
27.07.2017ý.

Ekologiýa

Ylmy barlaglar we çözgütler

Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, «RIO+20» bütindünýä maslahatynda, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň, Araly halas etmek boýunça Merkezi Aziýanyň döwlet ýolbaşçylarynyň ýygnaklarynda adamzadyň umumy öýi bolan tebigaty, ekologiýany aýawly saklamak babatda täze-täze başlangyçlary, teklipleri öňe şürdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda topragyň, suwuň we howanyň ýagdaýyna ylmy taýdan yzygiderli gözegçilik edilýär.

Häzirki döwürde ekologiýa Türkmenistanyň ylmynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşuldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna zamanabap ylmy-barlag enjamlarynyň uly tapgyry gelip gowuşdy. Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda daşky gurşawyň himiýasyny we ekologiýasyny öwrenmek boýunça barlaghana döredildi. Ol barlaghana ýokary takyklykda işleýän enjamlar bilen üpjün edildi. Olaryň hatarynda suw, toprak, howa gurşawynyň ekologiýasyny öwrenýän, «Kamaz» awtoulagynda oturdylan göçme barlaghanada bar. Bu barlaghanadaky gaz ölçeýji enjamlaryň kömegi bilen howanyň 7 görnüşli gaz düzümini, suw gurşawyndaky onlarça metaly seljermäge mümkinçilik berýän atom-emissiýaly spektrometr, atmosferanyň 5 sany fiziki görkezijisini hasaba alýan meteostansiýa, howanyň iri we ownuk tozan bölejiklerini kesgitleýän enjamlar bar.

Şeýle köptaraply, zamanabap enjamlar bize ekologiýanyň dürli ugurlary boýunça ylmy-gözleg işlerini alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Çäklendirilen suw serişdeleri sertlerinde biz olary oba hojalyk ekinlerini suwarmak üçin rejeli ulanmalydyrys» diýýär. Bu sözleriň çuňňur manysy bar. Hasaplamalara görä, soňky 50 ýyldan gowrak döwürde Merkezi Aziýanyň ilaty 3 esse, suwarymly ýerleriniň meýdany 2 esseden gowrak artypdyr. llatyň yzygiderli artmagy, suwaryş suwunyň azalmagy ekin dolanyşygyna täze suw gorlaryny talap edýär. Bu hakda hormatly Prezidentimiz: «Biziň alymlarymyz „Altyn asyr“ Türkmen kölüni we onuň şor suw akabalaryny hem-de oňa ýanaşyk ýerleri oba hojalygynda we durmuş-ykdysady ulgamynda netijeli ulanmagyň tehnologiýalaryny hem döretmelidirler» diýýär. Bu çagyryşa iş bilen jogap bermek ylmy jemgyýetçiligiň paýyna düşýär.

Biziň döwrümizde ekologiýa täsir etmeýän önümçilik pudagyny tapmak kyn. Olaryň hemmesiniň esasynda ýaşaýyş gurşawynyň himiki taýdan özgermesi, hapalanmasy bölüp geçýär. Hut şonuň üçinem, ekologiýanyň arassalygy janly we jansyz tebigatyň ähli iş meýdanyny öz içine alýar. Ekologiýadan üzňelikde ýaşap bolmaýar.

Arassa önümçilik — arassa ekologiýa, energiýany tygşytlamagyň, megerem, esasy usullarynyň biri bolsa gerek. Biziň ylymdaky alyp barýan ugrumyz giň möçberde alnanda, ekologiýa bilen energiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara sazlaşygyny üpjün edyär. Şeýle energiýa çeşmeleriniň bir görnüşi-de suwdur.

Yssy, gurak howaly ýurtlarda suw tas hemme zady çözýän energiýa çeşmesidir. Şol sebäpden, biziň halkymyzda «Suw damjasy — altyn dänesi» diýen pähim döräpdir. Türkmenistanyň giň ýer çägine seredeniňde, süýji suw şeýle bir bol däl. Emma Türkmenistanda onlarça kub kilometre çenli möçberdäki ätiýaçlyk şor akaba suwy bar. Muňa «Altyn asyr» Türkmen koli we Sarygamyş koli mysal bölüp biler. Kölleriň başkysynda zeý suwlarynyň, takmynan, 10 kub kilometri, soňkusynda bolsa 50 kub kilometr möçberdäki zeý suwy jemlenendir. Olary netijeli peýdalanyp bilsek, ägirt köp energiýany tygşytlarys.

Yzygiderli geçirilen ylmy-barlag işleriň netijesinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň şor akabalar ulgamyny suwaryşda peýdalanmagyň ekologiýa kartasy işlenip düzüldi. Ol karta toprak şorlaşma we suwaryş hil görkezijileri boýunça dört zolaga bölündi. Zolaklar boýunça akabalaryň, howdanlaryň maddy, göwrüm balanslary hasaplanyp çykaryldy. Balykçylyk hojalyklaryny ösdürmekdäki ekologik mümkinçiliklere baha berildi. Şor suwy peýdalanmagyň teklipnamalary işlenip düzüldi, gyzyklanýan taraplara ugradyldy. Biz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň umumy duzlulygy 2—4 g/l-e den bolan şor akaba suwlaryny suwaryşda ekologiýa taýdan howpsuz peýdalanmak üçin Aşgabat şäheriniň arassalanan lagym suwlaryny-da soňa ugrukdyrdyk. Netijede, şor, akaba suwlary fosfatlar, mis, demir, nikel, bor, kobalt, marganes ýaly peýdaly mikroelementler bilen baýlaşdy, suwaryş ähmiýeti artdy. Hasaplamalarymyza görä, Aşgabat şäheriniň arassalanan lagym suwuny we onuň gaty çökündilerini şor, duzly suw bilen sazlaşykly peýdalanyp bilsek, her ýylda 200 tonna çenli möçberdäki mineral fosfor dökünini we düzümi mikroelementler bilen baýlaşan süýji suwuň 20 göterime golaýyny çenlisini şor suwuň hasabyna tygşytlap, suwaryşda ulanyp bolar.

Peýdalanylmasy zerur bolan energiýanyň uly möçberi Sarygamyş kölüdir. Sarygamyş köli akymsyz ýagdaýdaky köl bölüp, onda häzirki wagtda 50 kub kilometre çenli duzly suw jemlenendir. Bu ägirt uly görkezijidir.

Geçirilen köp sanly gözleg-barlag işlerimiziň esasynda Sarygamyş kölüniň suwuny «Altyn asyr» Türkmen kölüniň Daşoguz goluna tarap akdyrmagyň ylmy esaslary işlenip düzüldi. Soňda kölüň duzlulyk derejesi oňa «Derýalyk» şor akabasyndan goşulýan duzlulygy pes bolan suwuň hasabyna peşe düşer, iýmit gurşawy üçin amatly sertler dörär.

Dünýa tejribesinde henize çenli gabat gelinmedik, dowamly wagty talap edyän bu geçirilmeli çäreler netijesinde, Sarygamyş köli akymly ýagdaýa geçer. Şeýlelikde, duzlaşmak howpy sowlup, kölde ekologiýa ulgamyň dikelmegi üçin amatly şertler dörär, balyk öndürijiligi artar.

Ylmyň energiýa tygşytlylygyny üpjün edip biljek ýene bir ugry howa gurşawydyr.

Hasaplamalara görä, adamlaryň isjeňligi bilen baglanyşykly ýygnanan bug ýyladyşhana gazlarynyň hasabyna ýeriň üstki gatlagynda bolmalysyndan, takmynan, 33 derejä çenli artykmaç ýylylyk toplanypdyr. Bu ýagdaý Ýer ýüzünde dürli ekologik näsazlyklaryň döremegine alyp barýar.

Adam işjeňligi bilen baglanyşykly ýyladyşhana gazlary biziň sertimizde, esasan, içinden ýakylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň işleýän mahalynda döreýän gazlardyr. Olar, esasan, uglerodyň, azodyň, kükürdiň kislorodly birleşmeleri, ozon, kükürtli wodorod gazlarydyr. Bu gazlar Günüň ultramelewşe şöhlesiniň täsiri bilen ýeriň üstki gatlagynda artykmaç ýylylygyň toplanmagyna sebäp bolýar. Biziň 2014-nji ýylda şäher boýunça çak taýdan deň bölünen meýdanlardaky howanyň gazlylyk derejesini öwrenmek boýunça geçiren barlaglarymyza görä, ozonyň kabir artyk mukdarlary hasaba alyndy. Bu gaz, esasan, awtoulaglaryň bölüp çykarýan dört walentli azot oksidiniň fotohimiki dargamagy bilen emele gelýän gazdyr. Ozon gazynyň kadadan çykan mukdarlary şäheriň gür awtoulag gatnawly ýaşaýyş toplumlarynda dusýar.

Ýyladyşhana gazlaryna ösümlik toparlarynyň täsirini öwrenmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde şertli üç topar — pürli, iri ýaprakly, garyşyk ýaprakly ösümlikler boýunça gözleg işlerini alyp bardyk. Howanyň gazlylyk derejesiniň üýtgeýjiligi zamanabap seljeriş we meteorologiýa enjamlarynyň kömegi bilen anyklanyldy.

Barlaglaryň esasynda howa gazlarynyň ylym üçin täze, nazary we amaly maglumatlary alyndy. Alnan maglumatlar gaýtadan işlenilip, şäheriň degişli guramalaryna teklipnamalar görnüşde hödürlener.

Biz barlaghanalarymyzda alnyp barylýan ylmy ugurlaryň kabirleri hakda aýtdyk. Täze ylmy netijelere umytlandyrýan gözleglerimiziň ýaýrawy bolsa giň.

Çary KULYÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Himiýa institutynyň
daşky gurşawyň himiýasy we ekologiýasy barlaghanasynyň müdiri,
himiýa ylymlarynyň kandidaty.


© 2003-2018, TŁrkmenistanyň Ylymlar akademiżasy