Makalar

PÄHIM-PARASAT ÇEŞMESI

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.

Ylym — häzirki eýýamyň osüş guraly

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.

Ylmyň meşhur ussatlary

Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.

MIRAS MUKADDESLIGI

«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

KÄMILLIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr.

BAG — ZEMINIŇ ZYNATY

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.

MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY

Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hünärmenleri ylmy ekspedisiýanyň maglumatlaryny toparlara bölýärler

Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

TARYHYŇ ÝANY

Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.

HÜWDI SANAWAÇLARY

Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.

GOWHERIň GYMMATYNY SARRAF BILER

Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Häzirki döwürde iň wajyp mesele­leriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplu­mynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.

ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.

RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.

YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.

Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry — daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.

Arheologiýa: taryhy tapyndylaryň döwrebap seljermesi

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.

ULY TOÝUŇ SÄHEDI: SANLARDAKY ROWAÇLYK ALAMATLARY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sar­pa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.

Bezgli Deräniň Syry

Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10ó11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.

REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.

TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?

Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.

«Türkmenistan» gazeti,

2017-06-17

Magtymguly diýip adym tutsalar

PÄHIM-PARASAT ÇEŞMESI

Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Milli Liderimiz beýik akyl­dar şahyryň doglan ýerinin beýik daglaryň arasynda ýerleşýändigini, onuň eserleriniň beýikligini nazarda tutup, Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň paýtagtymyzyň günorta künjegindäki ajaýyp belentlikleriň birinde oturdylmagynyň örän buýsançly ýagdaýdygyny, munuň özi şol sanda türkmen halkynyň häzirki döwürde ýeten belent derejesiniň has aýdyň alamaty bolup durýandygyny belledi. Ähli ösüşleriň çuňňur watansöýüjilikden gözbaş alýandygyny ýatlanyňda, milli mirasymyzyň howandary Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjynyň döreden uly ruhy ýokary göterilişigi tebigy ýagdaýdyr. Bu şatlykly habar ähli halkymyz bilen birlikde, edebiýatçy alymlarymyzyda buýsandyrdy.

Türkmen halkynyň geçmişine ser salanyňda, taryhda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň onlarçasynyň bardygyna göz ýetirýärsiň. Bu başgaça bolup hem bilmez. Çünki, ençeme asyrlaryň dowamynda onlarça döwletleri döreden türkmenler diňe bir Gündogaryň däl, eýsem-de umumadamzat taryhyna, edebiýatyna, medeniýetine, sungatyna öz saldamly goşandyny goşup, atlaryny baky ebedileşdirmegi başardylar. Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan ýar­dam bermeginde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eědatlarymyzyň ömür ýoly we amala aşyran beýik işleri giň gerimde dikeldilýär, ylmy esasda seljerilýär, neşir edilýär.

Şeýle şahsyýetleriň biride beýik Magtymguly Pyragydyr. Beýik şahyryň döredijiligi türkmen we daşary ýurt alymlary tarapyndan ürç edilip öwrenilýär. Türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynda «magtymgulyşynaslyk» diýen ugruň bolmagyda beýik Pyragy­nyň döredijiliginiň çuň we köpgyranlylygyndan, onuň ähmiýetiniň juda ýokarydygyndan habar berýär. Be­ýik akyldaryň edebi mirasy hernäçe öwrenilse-de, onuň paýhas ummany uç-gyraksyzdyr. Onuň diwanlary diňe bir öz-özlüginde bahasyna ýetip bolmajak edebi gymmatlyk bolman, eýsem-de, türkmeniň taryhyna, medeniýetine, durmuş pelsepesine, halk döredijiligine, milli özboluşlylygyna aralaşmakda ygtybarly çeşmedir. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir. Ýurdumyzda onuň pähim-paýhasly şygyrlaryny has düýpli öwrenmek we ýörelge edinmek, şu günki kä­mil türkmen jemgyýetinde has-da rowaçlandyrmak, geljekki nesillere ýetirmek barada möhüm işler ama­la aşyrylýar».

Magtymguly atamyzyň şygyrlary seljerilende, onuň ylmyň dürli ugurlaryndan giň düşünjesiniň bolandygyny görüp bolýar. Pyragynyň:

— Okap bildim Sagdynyň men «Bossanny», Gör, ne ajap Hakanynyň «Mediany»,

Istär men «Şanama», «Sakynamany», Halyf Omar bilen Süleýman bolsam — diýen setirlerinden onuň Gündogar edebiýatynyň meşhur söz ussatlarynyň eserleri bilen ýakyndan tanyş bolandygyny görüp bolýan bolsa:

— Bagdatda gyş bolmaz, Gyrgyzda tomus, Bulgaryň şähriniň ýassysy bolmaz

ýaly setirlerinden ýakyn-u-yrak ýurtlardan we ol ül­kelere mahsus aýratynlyklardan hem habarlydygyny görüp bolýar. Ýeri gelende bellesek, Magtymgulynyň döredijiliginden şeýle mysallaryň onlarçasyny getirip bolar.

Gündogarda X—XI asyrlardan başlap, medrese­ler bilim merkezi bolmak bilen bir hatarda, döredijilik, magaryfçylyk, ylym-bilim dünýäsindäki tazelik­leri ýaýýan ojak bolupdyr. Döredijilik ýoluna başlan söz ussatlary medreselerdäki alan bilimlerini öz döredijiliklerine siňdiripdirler. Abulkasym Ferdöwsi, Nyzamylmülk, Omar Haýýam, Muhammet Gazaly, Jelaletdin Rumy, Abdyrahman Jamy, Sagdy Şirazy, Alyşir Nowaýy ýaly akyldarlaryň işlerinde taryhy maglumatlaryň, dürli rowaýatlaryň, hekaýatlaryň gaýtalanyp gelmegi çeşmeleriň umumylygyndan ha­bar berýär. Sözümiz gury bolmaz ýaly, kabir mysallara ýüzleneliň.

Soltan Mälik şanyň häkimlik eden döwri (1072—1091) hakynda bize käbir rowaýatlar belli we olaryň birinde şeýle diýilýär: Soltanyň baş weziri Nyzamylmülk her ýyl medreseler gurmak we olaryň harajadyny çekmek üçin epesli möçberdäki puly döwletiň gaznasyndan alýan ekeni. Muny Mälik şa eşidende, ol bu pula giden bir goşuny saklap boljakdygyny ýa-da Stambulyň diwarlaryny täzeden dikeldip bol­jakdygyny aýdyp, dergazap bolupdyr. Şonda Nyza­mylmülk: «Sen goşunyň bilen bile Allanyň öňünde aýyply bolarsyň. Seniň gyrgynçylyk döredýän goşu­nyň jemlenen wagtynda, duşmanlaryňdan arasy iki arşyň bolan ýerden gylyçlary, üç ýüz arşyna bara-bar aralykdan bolsa peýkam bilen olar seni gorap bilerler. Olaryň günäsi uludyr, çünki olar wagtlaryny oýundyr keýpi-sapalykda geçirýärler. Men bolsa se­niň üçin „gijeki goşuny“ döretdim. Seniň goşunyň gije ýatyrka, „gije esgerleri“ Allanyň öňünde nyzama düzülip, gözýaş edip, seniň we goşunyň üçin doga okarlar. Sen we esgerleriň olaryň hemaýaty bilen ýaşaýarsyňyz we kuwwatlanýarsyňyz. Olaryň oklary we dogalary ýedi gat asmana ýeter» diýip, ýetişdiren «esgerleriniň» Mälik şanyň goşunyndan has güýçlüdigini aýdypdyr. Biziň bu rowaýata ünsi çekmegimiz ýöne ýerden däldir.

Azadynyň «Wagzy-Azat» poemasynda bir patyşanyň beýleki bir patyşa garşy ursa başlamakçydygyny aýdanda, ol alymdyr derwüşlerden goşun taýýarlandygyny we olaryň oklarynyň ýedi gat asmana ýetýändigini aýdýar.

Döwletmämmet Azady beýan edilýän wakadan ýedi asyra golaý wagt geçendigine garamazdan, ondan habarly bolup, täsirlenip, öz döredijiliginde hem peýdalanypdyr. Beýik Pyragy hem öz eserle­rinde dawa-jenjelden, uruş-dawadan gaça durup, mydama akyl-parasata eýermegi, ylym öwrenmegi nesihat edýär.

Magtymguly Pyragynyň Gündogar edebiýaty­nyň, şol sanda türkmen edebiýatynyň çeper aňynyň ösüşini hem-de geljekki ösüş ýoluny kesgitlemekde ägirt uly ornunyň bolandygyny tekrarlasymyz gelýär. Akyldar şahyryň edebi-ylmy mirasy juda giň we köptaraply. Onuň eserlerini hertaraplaýyn öwrenmek di­ňe türkmen edebiýatyny öwreniş ylmy üçin ähmiýetli bolman, tutuş adamzadyň çeper aňyýetiniň ösüşine akyl ýetirmekde hem örän gymmatlydyr.

Hydyr GELDIÝEW,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky
Dil we edebiýat institutynyň ylmy işgäri.


© 2003-2017, TŁrkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.