Makalar

Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Halyçylyk sungatynyň waspy

Halyçylyk sungaty uzak heňňamlarda timarlanyp, gitdigiçe owadanlanyp, türkmeni dünýä ýüzüne tanadyp gelen milli guwanjymyzdyr, halkyň ýüzüniň tuwagydyr.

Ylmy barlaglar we çözgütler

Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi.

Himiya instatituty: Gin mumkinçilikler, aydyn maksatlar

Ýurdumyzda ylym-bilime, dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda, alymlaryň işine itergi bermek, türkmen ylmynyň taze binýadyny tutmak boýun-ça düýpli işler amala aşyrylýar.

PÄHIM-PARASAT ÇEŞMESI

Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.

Ylym — häzirki eýýamyň osüş guraly

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.

Ylmyň meşhur ussatlary

Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.

«IT GELDI — GUT GELDI»

Halkymyz «It geldi — gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar.

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.

MIRAS MUKADDESLIGI

«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

KÄMILLIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr.

BAG — ZEMINIŇ ZYNATY

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.

MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY

Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hünärmenleri ylmy ekspedisiýanyň maglumatlaryny toparlara bölýärler

Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

TARYHYŇ ÝANY

Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.

HÜWDI SANAWAÇLARY

Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.

GOWHERIň GYMMATYNY SARRAF BILER

Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Häzirki döwürde iň wajyp mesele­leriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplu­mynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.

ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.

RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.

YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.

Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry — daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.

Arheologiýa: taryhy tapyndylaryň döwrebap seljermesi

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.

ULY TOÝUŇ SÄHEDI: SANLARDAKY ROWAÇLYK ALAMATLARY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sar­pa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.

Bezgli Deräniň Syry

Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10—11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.

REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.

TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?

Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.

«Türkmenistan» gazeti,

13.06.2017

Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

AŞGABAT, 12-nji iýun (TDH). Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Däp bolşy ýaly, ýeňijileri sylaglamak dabarasy ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan, ýurdumyzyň ylmyny ösdürmäge uly goşant goşan zehinli türkmen alymlarynyň ençeme nesillerini ýetişdiren Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda geçirildi.

Ýaş alymlaryň bäsleşiginiň döwlet gözden geçirilişi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyryldy hem-de türkmenistanlylaryň ýokary intellektual neslini, milli ylym mekdebiniň hakyky ussatlaryny kemala getirmek boýunça maksada gönükdirilen ägirt uly işleriň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşlar maslahatynda ylym hereketini ösdürmäge kuwwatly itergi berildi. Milli Liderimiz forumda eden çykyşynda Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, ylmy ösdürmek meseleleri barada hem durup geçdi. Häzirki zaman dünýäsiniň, her bir döwletiň we jemgyýetiň durnukly hem-de sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglydyr. Şoňa görä-de, milli Lideriniz ylmy açyşlaryň, innowasion tejribäniň, ylmy-inženerçilik pikirleriň, ýaş alymlaryň senagat-innowasion hem-de maglumat-tehnologik ylmy barlaglarynyň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak üçin örän möhümdigini belledi.

Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlaryň merkezini döretmek hakynda forumda kabul edilen çözgüt hem şol maksatlara gönükdirilip, ýurdumyzda geçirilýän ýaşlaryň ylmy-barlag işlerini utgaşdyrýan edara bolup durýar. Häzir eýýäm ýokary okuw mekdeplerinde Ýaş alymlaryň geňeşleri hereket edýär, olaryň gurşawyna talyplar hem-de olaryň halypa mugallymlary çekildi. Bu ylym-bilim düzümleriniň ulgamy ýokary okuw mekdeplerdäki ýaşlaryň ylmy gyzyklanmasyny hem-de başlangyçlaryny höweslendirmäge, olary ilerletmäge we amala aşyrmakda ýardam etmäge, halkara forumlara hem-de duşuşyklara, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşmagyna goldaw bermek bilen, olary bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmäge hem täzelikleriň maglumat binýadyny döretmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň arasynda zehinlileri ýüze çykarmaga, ylmyň dürli ugurlarynda ylmy-barlag işlerini höweslendirmäge gönükdirilen abraýly ylmy bäsleşik öňdebaryjy pikirleri, innowasion tehnologiýalary çekmekde uly güýje öwrüldi. Olar eziz Watanymyzy has-da ösdürmäge, mähriban halkymyzyň bagtyýar geljegine hyzmat eder.

Intellektual bäsleşige ylmy-barlag institutlaryň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, orta okuw hünär mekdepleriniň okuwçylary ylmy gözleglere uly gyzyklanma bildirýän dürli hünärleriň wekilleri gatnaşýarlar.

Şu gezekki bäsleşige ýaş zehinleriň bir müňden gowragy gatnaşdy. Olar bilermenler toparynyň garamagyna häzirki döwrüň ylmynyň möhüm ugurlarynyň altysy boýunça işläp taýýarlamalary we barlag işleri hödürlediler. Bular nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary, täze serişdeleri öwrenmek, energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; habar beriş — aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary; innowasiýa ykdysadyýeti; ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlardyr. Hödürlenen işleriň möhümdigine, netijeleriň iş ýüzünde ähmiýetine we ony önümçilige ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerine, ylmy täzeçilligiň derejesine baha bermek bilen, eminler topary tarapyndan ýeňijiler kesgitlenildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde baýramçylyk hem-de ýokary ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürýär. Ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ylmy işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplary, Ylymlar akademiýasynyň doktorantlary we aspirantlary gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň arasynda şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde açylan «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar hem bar.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bäsleşigiň ýeňijilerine Gutlagyny ruhubelentlik bilen dinlediler. Döwlet Baştutanymyz ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini gazanan üstünlikleri bilen gutlap, bu ajaýyp bayrama bagyşlanan çareleriň döredijiligiň täze menzillerinde ylmy-inženerçilik pikirleri, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik barlaglary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ylmy-bilim binýadyny has-da pugtalandyryp, şan-şöhratyny has-da belende göterjek bagtyýar ýaşlarymyzda gaýtalanmajak täsirleri galdyrjakdygyna berk ynam bildirdi.

Soňra bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýaşlaryň ylmy bäsleşiginiň ýeňijilerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan Hormat diplomlary we gymmatly sowgatlar gowşuryldy. Aň-bilim bäsleşiginiň ýeňijileri ýurdumyzyň ýaş nesli hakynda hemmetaraplaýyn edýän aladasy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ähli gujur-gaýratlaryny, zehinlerini hem-de bilimlerini sarp etjekdiklerine milli Liderimizi ynandyrdylar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny pugtalandyrmaga, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ýaş alymlaryň daşary ýurtly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge aýratyn üns berýar. Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň onlarçasy hereket edýär. Olarda ýokary hilli we hemmetaraplaýyn bilim almak hem-de ylym bilen meşgullanmak, dünýäniň esasy ylym we bilim merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak, maglumat alyşmak üçin ähli şertler döredildi.

Biziň ýaş alymlarymyz, talyplarymyz, okuwçylarymyz ylym ulgamyny kämilleşdirmäge mynasyp goşant goşup, özboluşly çözgütleri teklip edýärler. Ýeňijileriň ylmy işleri munuň subutnamasydyr, şolaryň hatarynda ençeme abraýly aň-bilim bäsleşikleriniň ýeňijileri hem bar. Olar halkara ders we taslama bäsleşiklerinde medallaryň 70-sini gazanyp, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gazanan medallarynyň üstüni yetirdi, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň medallaryň 21-sine mynasyp bolmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Uniwersitetiň eýwanynda ylym pudagynda we täze tehnologiýalar ulgamynda ýaş alymlaryň oňyn döredijilik gözleglerini äşgär edýän sergi guraldy. Onda kitaplar hem-de ylmy işleriň ýygyndylary, dürli gurnamalaryň we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamyndaky açyşlaryň, himiýa önümlerini öndürmegiň innowasion tehnologiýalary, Garagumuň çägesinden gurluşyk serişdelerini hem-de kremniý almagyň aýratynlyklary, Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ösýän ösümlikleriň esasynda dermanlyk serişdeleriň täze işläp taýýarlamalary görkezildi.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan taýýarlanan «Bagtyýarlyk döwrüniň ýaş alymlarynyň ylmy gadamlary» atly işleriň ýygyndysy bu milli aň-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileriniň döredijilikli gözlegleriniň gerimini görkezdi. Neşir Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine goşant goşjak zehinli ýaşlaryň ylmy barlaglarynyň we amaly işläp düzmeleriniň netijeleri bilen tanyşdyrýar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzyň ylmyny we bilimini innowasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy, milletimiziň örän baý aň-paýhas kuwwatynyň ösdürilmegi üçin zerur bolan ähli şertleriň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe önde goýlan belent maksatlara yetmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Baýramçylygyň dabaraly bölegini ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň çykyşy jemledi.


© 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.