Makalar

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Ylmy barlaglar we çözgütler

Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi.

PÄHIM-PARASAT ÇEŞMESI

Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Ylym — häzirki eýýamyň osüş guraly

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.

Ylmyň meşhur ussatlary

Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.

«IT GELDI — GUT GELDI»

Halkymyz «It geldi — gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar.

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.

MIRAS MUKADDESLIGI

«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

KÄMILLIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr.

BAG — ZEMINIŇ ZYNATY

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.

MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY

Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hünärmenleri ylmy ekspedisiýanyň maglumatlaryny toparlara bölýärler

Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

TARYHYŇ ÝANY

Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.

HÜWDI SANAWAÇLARY

Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.

GOWHERIň GYMMATYNY SARRAF BILER

Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Häzirki döwürde iň wajyp mesele­leriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplu­mynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.

ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.

RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.

YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.

Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry — daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.

Arheologiýa: taryhy tapyndylaryň döwrebap seljermesi

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.

ULY TOÝUŇ SÄHEDI: SANLARDAKY ROWAÇLYK ALAMATLARY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sar­pa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.

Bezgli Deräniň Syry

Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10ó11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.

REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.

TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?

Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.

«Türkmenistan» gazeti,

12.06.2017

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir. Halkymyz «Akyl — ylmyň hyrydary», «Akyl ýaşda däl, başda», «Alym gül getirer, ary — bal», «Alyma amal ýaraşar», «Bir — okana, bir — dokana» ýaly ajaýyp nakyllary nesline miras goýupdyr. Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan tejribesi her bir döwürde nesillerin ýaşaýyş-durmuşynda aýratyn möhüm orny eýeläpdir. Ata-babalarymyzyň daýhançylyk, çarwaçylyk, senetçilik, binagärlik we beýleki ugurlarda toplan tejribesi, baý dünýägaraýşy nesilden-nesle geçip, biziň şu günlerimize gelip ýetipdir. Gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen türkmen topragynda emele gelen köp sanly medeni ojaklarda öz döwrüniň meşhur alymlary, akyldarlary, söz ussatlary ylmyň, edebiýatyň ösmegine mynasyp goşant goşup, özlerinden soňky nesillere hiç haçan gymmatyny ýitirmejek uly hazynany miras goýupdyrlar.

Hormatly Prezidentimiz bu hakda söz açyp: «Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda öz köptaraply ylmy we ajaýyp çeper eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdy. Olar ylmy we çeper döredijiligi bilen dünýä medeniýetinin ösüşine önjeýli goşant goşdular» diýip nygtaýar. Hakykatdan-da, Köneürgenç türkmenleriniň, Seljuk türkmenleriniň döwletleriniň gülläp ösen döwründe we ondan soňky döwürlerde ýaşap geçen al-Horezmi, al-Faraby, al-Biruny, Ibn Sina, Omar Haýýam, Mahmyt Kaşgarly, Mahmyt Zamahşary, Nejmeddin Kubra, Muhammet Baýram han, Nurmuhammet Andalyp, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly meşhur akyldarlar özüniň ylmy-pelsepewi, edebi eserleri bilen diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş Gündogar halklarynyň taryhynda uly yz goýupdyrlar. şeýlelikde, türkmen halky dünýä halklarynyň ylmy-edebi dünýägaraýşynyň ösmegine hem özboluşly täsirini ýetiripdir.

Gadymy Merwde, Köneürgençde ylym-bilim öwrenip, ençeme ylmy açyşlary bilen uly yz goýan akyldarlar, beýik alymlar, ajaýyp söz ussatlary, binagärler, nakgaşlar, sazandalar bu günki gün halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ajaýyp künjeginde döredilen «Ylham» seýilgähinde geçmişde uly yz goýan we ylmyň, bilimiň, medeniýetiň, edebiýatyň ösüşine bimöçber uly goşant goşan beýik şahsyýetlerimiziň ýadygärlikleri ebedileşdirildi. şu günki hem-de geljekki nesiller üçin nusgalyk işleri bitiren görnükli şahsyýetlerimiziň keşbi her birimizi döredijilik dünýäsine, ylym-bilime ruhlandyrýar, geçmişdäki meşhur şahsyýetlerine bolan buýsanjyny artdyrýar.

Ýurdumyzda geçmişdäki beýik alymlaryň, akyldarlaryň ylmy-edebi mirasyny düýpli öwrenmäge, ylym ulgamyny döwrebap ösdürmäge we ony täze belent derejelere çykarmaga giň mümkinçilikler döredildi.

Türkmenistanda «Ylmy edaralar hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň kanunlary işlenip taýýarlandy we kabul edildi. Bu kanunçylyk namalar ýurdumyzyň ylym edaralarynyň hukuk ýagdaýyny, maksatlaryny, wezipelerini we ygtyýarlyklaryny, olaryň kysymlaryny we gömüşlerini, ylmy edaralaryň işinin döwlet tarapyndan düzgünleşdirilişini kesgitleýär.

Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde islendik döwletiň üstünlikli ösüşleriniň girewi ilki bilen ylym-bilim ulgamynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Ylmyň iň täze gazananlaryny döwlet dolandyryşynda, ykdysadyýetde, önümçilikde netijeli peýdalanmak döwletiň geljekki ösüşleriniň möhüm sertleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, ykdysady ylymlaryň we lukmançylyk ylymlarynyň doktory, daşary ýurtlaryň ençeme ylmy ojaklarynyň Hormatly professory diýen belent ada mynasyp bolan Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda ylmy ählitaraplaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejelere çykarmak, ýokary tehnologiýalary ylym-bilim edaralaryna ornaşdyrmak, türkmen alymlarynyň döredijilikli hem-de netijeli işlemegini gazanmak, dünýäniň ösen döwletleri bilen ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda zerur bolan ähli şertleri döredýändigi buýsandyryjy hakykatdyr.

Ýurdumyzda ylma döwlet tarapyndan berilýän goldaw ýylsaýyn artýar. Möhüm ähmiýetli ylmy barlaglar, tejribe-synag we tehnologik işleri maliýeleşdirmek üçin zerur serişdeler üpjün edilýär. Türkmenistanda alnyp barylýan ylmy-barlaglaryň gerimi yzygiderli giňeldilýär, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri toplumlaýyn amala aşyrylýar we olaryň netijelerini durmuşa ornaşdyrmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda hereket edýän aspiranturalaryň, doktotoranturalaryň üsti bilen alymlaryň täze neslini, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy taýdan taýýarlykly, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri ýetişdirmek babatda zerur işler durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli ösdürilýär, täze tehnologiýalar, innowasiýalar ornaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup, ulanmaga berlen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetini ösdürmäge goşant goşýan esasy düzüm bölekleriniň birine öwrüldi. Bu merkezde döwrebap ylmy-barlaghana enjamlary bilen enjamlaşdyrylan barlaghanalar, patent-maglumat bölümleri, tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak ýaly bölümler bar. Merkeziň barlaghanalarynda bio-tehnologiýalar, nanotehnologiýalar, maglumat we himiýa tehnologiýalary ulgamynda toplumlaýyn barlaglar, maddalary himiki-fiziki taýdan düýpli öwrenmek, biomateriallary, uglewodorod çig mallary molekulýar taýdan deňemek we işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly ylmy-barlaglary geçirmäge zerur bolan ähli şertler döredilen.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy, Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy, Biologiýa we derman ösümlikleri, Himiýa, Maldarçylyk we weterinariýa institutlarynda ylmyň takyk ugurlary boýunça ylmy-tejribe ähmiýetli ylmy barlaglar alnyp barylýar. Ýurdumyzda toprakdan we suwdan aýawly peýdalanmak, ekin dolanyşygyny kämilleşdirmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, Aral we Hazar denizleriniň, Garagum çölüniň, Köýtendagyň ekologiýasy, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň hem-de onuň zeý akabalarynyň töweregindäki ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bioköpdürlüligini ylmy esasda öwrenmek, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk pudaklary, şäher gurluşygy we beýleki ulgamlar üçin geografik maglumatlar ulgamyny döretmek, ylmy esasda işläp taýýarlamak, tebigy baýlyklarymyzy gorap saklamak we olardan rejeli peýdalanmak, ýerli çig maldan senagat we durmuş ähmiýetli önümleriň önümçiligini artdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ekologiýa taýdan arassa, energiýa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak, täze usullar esasynda nebit-himiýa önümlerini, gazy, mineral serişdeleri gaýtadan işlemek boýunça tehnologiýalary döretmek, saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleri geçirmek, keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek bu günki gün ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde ileri tutulýar. şonuň ýaly-da, Taryh, Arheologiýa we etnografiýa, Milli golýazmalar, Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutlarynda Türkmenistanyň gadymy, orta asyr taryhyny, Garaşsyzlyk döwrüni we hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini, taryhy-medeni, arheologik ýadygärlikleri, medeni mirasymyzy, nusgawy we häzirki zaman edebiýatymyzy, türkmen diliniň derwaýys meselelerini öwrenmekde, dürli gömüşli sözlükleri taýýarlamakda möhüm ähmiýetli işler giň gerimde alnyp barylýar. Türkmenistanda ylmy ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasy, Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň döwlet maksatnamasy, 2015-2020-nji ýyllar üçin innowasiýa işini ösdürmegiň maksatnamasy, Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň maksatnamasy we beýleki derwaýys wezipeler yzygiderli amala aşyryldy we amala aşyrylýar. Türkmenistan ÝUNISEF, UNFPA, ÝUNESKO ýaly halkara guramalary bilen bilelikde ylym ulgamynda möhüm işleri alyp barýar. Ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimi yzygiderli giňeldilýär. Ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň guramagynda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahaty geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu halkara maslahat türkmen we daşary ýurtly alymlaryň ylmyň dürli ugurlary boýunça tejribe alyşmagyna we hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmegine özboluşly itergi berýär. şu gün 12-nji iýunda geçiriljek halkara ylmy maslahatda hem Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary: nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öwrenmek, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary we ylmyň başga-da birnäçe ugurlary boýunça wajyp meseleler ara alyp maslahatlaşylar.

Mahlasy, jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolan ylym ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynyň wajyp şerti bolup hyzmat edýär. Türkmen alymlary hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň ylmyny ösüşiň hil taýdan täze, dünýä derejesine çykarmak, ylmy-barlaglaryň hem-de tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we durmuşyň derwaýys meselelerini çözmäge gönükdirmek babatda öz öňlerinde goýan wezipelerini netijeli durmuşa geçirmek üçin yzygiderli hem-de yhlasly zahmet çekýärler.

Myrat TUWAKOW,
TYA-nyň Dil-edebiýat, taryh we pedagogika ylymlary bölüminiňbaş bilermeni,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.


© 2003-2017, TŁrkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.