Makalar

Ylmyň meşhur ussatlary

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Halyçylyk sungatynyň waspy

Halyçylyk sungaty uzak heňňamlarda timarlanyp, gitdigiçe owadanlanyp, türkmeni dünýä ýüzüne tanadyp gelen milli guwanjymyzdyr, halkyň ýüzüniň tuwagydyr.

Ylmy barlaglar we çözgütler

Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi.

Himiya instatituty: Gin mumkinçilikler, aydyn maksatlar

Ýurdumyzda ylym-bilime, dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda, alymlaryň işine itergi bermek, türkmen ylmynyň taze binýadyny tutmak boýun-ça düýpli işler amala aşyrylýar.

PÄHIM-PARASAT ÇEŞMESI

Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.

Ylym — häzirki eýýamyň osüş guraly

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.

«IT GELDI — GUT GELDI»

Halkymyz «It geldi — gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar.

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.

MIRAS MUKADDESLIGI

«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

KÄMILLIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr.

BAG — ZEMINIŇ ZYNATY

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.

MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY

Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hünärmenleri ylmy ekspedisiýanyň maglumatlaryny toparlara bölýärler

Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

TARYHYŇ ÝANY

Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.

HÜWDI SANAWAÇLARY

Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.

GOWHERIň GYMMATYNY SARRAF BILER

Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Häzirki döwürde iň wajyp mesele­leriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplu­mynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.

ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.

RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.

YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.

Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry — daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.

Arheologiýa: taryhy tapyndylaryň döwrebap seljermesi

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.

ULY TOÝUŇ SÄHEDI: SANLARDAKY ROWAÇLYK ALAMATLARY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sar­pa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.

Bezgli Deräniň Syry

Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10ó11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.

REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.

TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?

Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.

«Mugallym» gazeti,

2017-06-05

Ylmyň meşhur ussatlary

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr. Ylmyň gazananlary döwletiň ýokary ösüşlerine, jemgyýetiň bagtyýarlygyna alyp barýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz ähli ösüşleriň özeninde ylmyň durandygyny nygtaýar.

Ylmyň döremeginiň we kemala gelmeginiň müňýyllyklara uzap gidyän taryhynda biziň pederlerimiziň mynasyp orny bardyr. Ýurdumyzyň çäklerinde öz adyny ylmyň sahypalaryna altyn harplar bilen ebedilik ýazan meşhur alymlar, taryhçylar, geograflar, filosoflar, müneçjimler, syýasat-şynaslar ýaşapdyrlar. Olara şu günlere çenli saklanyp galan örän köp sanly golýazmalar, kartalar, çyzgylar, ölçegler we hasaplamalar şaýatlyk edýar.

Mundan müňlerçe ýyl ozal matematika, astronomiýa, himiýa, fizika, geografiýa, kartografiýa, lukmançylyk ýaly ylymlaryň başlangyç esaslary işlenip düzülipdir. On asyr gowrak ozal ýaşan belli arap alymy al-Mutahar: «Eger-de, kimde-kim arassa akyl-paýhasy bilen etmeli işine gowy düşünip, ylma özüni bagyşlasa, ylym öz syrlaryny açar» diýip belläpdir.

Türkmenistanyň tutýan meýdanynda uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barlan arheologik barlaglar dünyäniň gadymy döwletleri Müsür, Hindistan, Mesopotamiýa we Hytaý bilen döwürdeş Altyndepeden, Marguşdan (Goňur toplumy), Änewden, Namazga depeden tapylan tapyndylar ilkinji adamzat ösüşiniň şu ýerlerde hem bolandygyny subut etdi. Biziň eýýamymyzdan ozalky III—II müňýyllyklarda bu ýerlerde ilkinji şäher döwletleri döräpdir, matematiki we geometriki hasaplamalar esasynda binagärlik döräp, kowçumlaýyn ekerançylyk obalary yüze çykypdyr. Hünärmentçiligin dürli gömüşleri: küýzegärçilik, aýnadan ýaşalan önümler, magdan we dag-magdan önümçiligi, zergärçilik, agaç işläp bejermek giň gerime eýe bolupdyr.

Biziň eýýamymyzdan ozalky VI, biziň eýýamymyzyň III asyrlarynda häzirki Türkmenistanyň çäginde ençeme irki nusgawy binagärçilik mekdepleri döräpdir. Olarda ellinçilik-binagärlik usullary ulanylyp başlanypdyr. «Beýik ýüpek ýolunyň» döremegi bilen ilkinji kartalar, ýol görkezipler, geografiýa, kartografiýa boýunça traktatlar peýda bolup ugraýar. Ilkinji kompas oýlanyp tapylýar. Grek alymy Ktesiýiň, taryhçy Geradotyň, geografiýaçy Strabonyň işlerinde biziň ýurdumyzyň geografiki ýerleşişi, ýaşaýan halklar, dili, däp-dessurlary hakynda ilkinji ylmy maglumatlar peýda bolup ugraýar. Parfiýada, Dehistanda we Horezmde ylym öýleri, kitaphanalar döredilipdir.

VII—IX asyrlarda Merkezi Aziýanyň döwletlerinde ýaşaýan halklaryň yslamy kabul etmegi bilen ylymda düýpli özgertmeler bolup geçipdir. Ozalky otparaz dili bilen birlikde arap dili dolanyşyga girizilipdir. Şunuň bilen baglylykda Demirgazyk Horasanda, Horezmde ýaşaýan halklaryň arap dili we edebiýaty bilen tanyşlygy başlanypdyr. IX—XII asyrlarda Maryda, Gürgençde meşhur alymlar ýaşapdyrlar we döredipdirler. XII asyrda Maryda hususy kitaphanalar döredilipdir. Musulman dünýäsiniň ýurtlarynyň meşhur alymlary biziň ýurdumyzda bilim alypdyrlar we işläpdirler.

XII asyrdan başlap ençeme asyrlaryň dowamynda Muhammet al-Horezminiň ylmy mirasy Gündogar bilen Günbatary, Kiçi Aziýa bilen Ýewropany, Hindistan bilen Merkezi Aziýany we arap ýurtlary bilen Orta asyr Rusy birleşdirýän medeni köpri bolup hyzmat edipdir. Maryda doglup, şol ýerde bilim alyp, meşhur alym bolup ýetişen Ahmet ibn Abdallah al-Merwezi hakynda aýratyn bellemekçi. Ol «Hebeş al-Hesip» lakamy bilen meşhurlyk gazanyp, Orta asyr Gündogarynyň beýik matematigi we astronomy hökmünde taryha girdi. Ol astronomiýa boýunça düypli ylmy eserleri döredip, «zijler» (tablisa) düzüpdir. Onun ýiti zehininden «Sindhind boýunça ziji», «Kiçijik aş-Şah ziji», «Mamun ziji», «Astrologiýa bilen işlemek hakynda kitap», «Galtaşýan töwerekler hakynda kitap» we başga-da ençeme ylmy işleri ýazypdyr.

Abu Reýhan Biruny (973—1050 ýý) özüniň «Geodeziýa» atly kitabynda gadymy alymlar Eratosfen, Gipparh Ptolomeý we Ýahýa ibn Abu Mansuryň adyny hem agzaýar. Beýik alymyň maglumatlaryna görä, Abu Mansur Maryda doglupdyr. Ondan «Asman giňişligi hakynda düşündiriş» (Al-Ibana an aflak) we başga-da fizika ylmyna degişli dürli maglumatlar galypdyr. Onuň döwürdeşI meşhur astronom we filosof Mansur ibn Talha ibn Tahyr ibn Hüseýn (Marynyň häkimi, ylmy işlerine «al-Huzan» tahallusyny goýupdyr döwlet işlerinden daşary ylym bilen meşgullanypdyr. Ol «San we hasaplar hakynda kitap», «Asman giňişliginiň togolakdygyny tassyklaýan kitap» ýaly gymmatly eserleri döredipdir.

Abu Reýhan Birunynyň geodeziýa we kartografiýa ylmynda bitiren hyzmaty uludyr. Hususan-da, günbatar Penjabyň, Hindistanyň Multan, Lahor, Jelam, Sialkot we Pakistanyň demirgazyk-günbatar serhet welaýatlarynyň ýerleşyän ýerlerini we giňliklerini ölçäpdir. Bu babatda alym dine ýerli maglumatlara salgylanypdyr. Mysal üçin, kerwenbaşylar, çaparlar, ol ýa-da beýleki şäherleriň, şonuň ýaly-da welaýatlaryň aralyklaryny düşelgeler arkaly uzynlyklara bölüpdir. Şu ýerde uzynlyk, agram, göwrüm hem-de aralyk ölçegleri bilen iş salyşýan adamlarda — kerwenbaşylarda, binagärlerde, harbylarda, ýer ölçeýjilerde we miraplarda astrolýaba, niwelir, teodolit we kompas ýaly gurallar bolmandygyny bellemekçi.

Ölçeg birlikleriniň köpüsi, esasan, XVII — XVIII asyrlarda dolanyşyga girizilip, XX asyryň ortalaryna çenli ulanylyp gelnipdir. Emma käbir uzynlyk ölçegleri, mysal üçin, menzil, agaç eýýäm XII — XIII asyrlarda belli bolupdyr. Ilkinji kartalar («haryta»), topografik çyzgylar hut şu döwürde peýda bolupdyr. Bize bular Orta asyrlaryň ýazuw we edebi çeşmeleri arkaly aýandyr.

Geodeziýa we kartografiýa ylmyna öz goşandyny biziň ýurdumyzyň çäginde ýaşan alymlar hem goşupdyrlar. XI asyrda Maryda seljuklaryň köşgünde meşhur Kyýaseddin Abulfath Omar ibn Ybrahym Haýýam (1040—1122 ýý.) işläpdir. Ol Mälik şanyň (1055—1092 ýý.) görkezmesi bilen Maryda obserwatoriýa açyp, ozaldan gelýän senenama düzediş girizilipdir.

Biz, esasan, anyk alymlar, ýagny dünýä ylmynyň taryhynda görnükli yz galdyran ildeşlerimiz hakynda beýan etdik. Iň gadymy döwürlerden başlap, aýratyn-da, VII — XII asyrlarda Merkezi Aziýada, şol sanda ýurdumyzyň çäklerinde ylmyň anyk pudaklaryna üns berlipdir. Elbetde, taryh, dil, edebiýat ylymlary hem uly ösüşlere eýe bolupdyr. Gadymyýetde pederlerimiz ylmyň durmuşdaky ähmiýetine gowy düşünipdirler.

Maýagözel HOMMAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň ylmy işgäri.


© 2003-2017, TŁrkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.