Makalar

«IT GELDI — GUT GELDI»

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Ylmy barlaglar we çözgütler

Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi.

PÄHIM-PARASAT ÇEŞMESI

Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.

Ylym — häzirki eýýamyň osüş guraly

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.

Ylmyň meşhur ussatlary

Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.

MIRAS MUKADDESLIGI

«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

KÄMILLIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr.

BAG — ZEMINIŇ ZYNATY

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.

MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY

Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hünärmenleri ylmy ekspedisiýanyň maglumatlaryny toparlara bölýärler

Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

TARYHYŇ ÝANY

Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.

HÜWDI SANAWAÇLARY

Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.

GOWHERIň GYMMATYNY SARRAF BILER

Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Häzirki döwürde iň wajyp mesele­leriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplu­mynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.

ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.

RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.

YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.

Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry — daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.

Arheologiýa: taryhy tapyndylaryň döwrebap seljermesi

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.

ULY TOÝUŇ SÄHEDI: SANLARDAKY ROWAÇLYK ALAMATLARY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sar­pa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.

Bezgli Deräniň Syry

Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10—11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.

REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.

TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?

Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.

«Türkmen dili» gazeti,
10.05.2017

Leksikologiýa

«IT GELDI — GUT GELDI»

Halkymyz «It geldi — gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar. Şeýle hem pederlerimiz it bilen bagly «It ýyly ek, doňuz ýyly or» diýmek bilen it ýylynyň ygally, bereketli, hasylly bolýandygyny belläpdirler. Görşümiz ýaly,süýdemdiriji öýhaýwany bolan itler adam durmuşynda möhüm orna eýe bolupdyrlar. Ir zamanlarda adamlar durmuş zerurlygy bilen bagly ilkinji haýwanlary eldekileşdirip başlapdyrlar. Şonda haýwanlaryň içinde it adama hem wepaly ýoldaş, hem onuň maşgala ojagyny, hojalygyny goraýjy hökmünde özüni aldyrypdyr. Şondan bäri itler adamyň ýakyn hemaýatkäri hasaplanypdyr. Ynsana wepaly hyzmat edipdir.

Geçmişde, esasan, maldarçylyk, çarwadarçylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz tohum itleri özüne hemra edinipdirler, olara aýratyn üns bilen garapdyrlar. Olary güjükliginden ýöwuz şertlere çydamly bolar ýaly özboluşly terbiýeläpdirler. Olarda gerekli zerur ukyplary ösdüripdirler. Irginsiz zähmetiň we türgenleşigiň esasynda türkmen tohum itleri kemala gelipdir. Umuman, itler adamlaryň durmuşynda ähmiýetli orun eýelänsoňlar, olar türkmen müçe hasaby boýunça on birinji ýylyň adyna, ýagny «it ýyly» diýen ada hem eýe bolupdyr. Munuň özi halkymyzyň türkmen tohum itlerine milli gymmatlyk hökmünde garandyklaryna hem şaýatlyk edýär.

Türkmen dil biliminiň onomastika ugrunyň toponimika, antroponimika, etnonimika ýaly bölümlerinde-de it, güjük, köpek bilen baglanyşykly has atlara gabat gelmek bolýar. Mysal üçin, ýer-ýurt atlarynda Güjükgyrylan, Güjükli, Güjüksuwy, Itasan, Itgyrylan, Ituwlan, Köpekli, Köpekýap ýaly sözleriň deräniň, depäniň, gyryň, kakyň, çeşmäniň we ş.m. ady hökmünde ulanylyşyny görmek bolýar. Dogry, bu ýerde mysallaryň käbiri etniki at hökmünde hem ýüze çykyp biler.

Türkmen antroponimiýasynda it, güjük, köpek ýaly sözlerden hasyl bolan adam atlary hem özboluşly bir topary emele getirýärler. Bu ýerde «güjük ýaly çydamly bolsun, jany berk bolsun, ölmesin, uzak ýaşasyn» diýen ýaly manylary öz içine alýan Güjük, Güjükdurdy, Italmaz, Itbaý, Köpek, Köpekmyrat ýaly adam atlaryny ýatlap geçmek bolar.

Türkmen halky howlusynda it saklamagy gowy görýän halklaryň biridir. It saklaýan adam itniň dogumly, gorkmazak bolmagyny isläp, itine Ýolbars, Aždar, Gaplaň ýaly atlary dakypdyr. Şeýle hem güjügiň daşky alamatlaryna, tüýüniň, gözüniň reňkine görä, Garagöz, Akbaý, Garabaý, Goňurja ýaly atlary ýa-da olaryň häsiýetlerini, hüşgärligini aňlatmak üçin Wepaly, Dogumly ýaly atlary ulanypdyrlar.

Türkmen halkynyň gyzyldan gymmatly baý edebi-medeni mirasynda hem güjük, it bilen baglanyşykly, ýagny «Güjük dalanman köpek çykmaz», «Güjük ýaly „jöw-jöw“ edeniňden, ala köpek ýaly „haw-haw“ et», «It alnyna gelen gurt alnyna-da geler», «It batyra üýrer, gorkagy ýarar», «It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy», «It gylygyna eýesi ýetik», «Itiň agzy ala bolsa-da, möjek görende biriger», «Iti bolmadygyň ýalagy bolmaz», «It üýrer, kerwen geçer», «It — ata, är — daýa», «Arkaly köpek gurt alar» kimin nakyllarda öz beýanyny tapypdyr.

Bilşimiz ýaly, dil biliminde sözler biri-biri bilen baglanyşýarlar, şonuň netijesinde hem olar dürli görnüşdäki utgaşmalyry, aňlatmalary emele getirýärler. «Grammatik we many taýdan biri-biri bilen baglanyşdyrylan iki ýa köp sözüň şonuň ýaly birikmesine söz utgaşmasy diýilýär» diýip, dilçi alym A. Annanurow belleýär. Durnukly söz utgaşmalarda, durnukly aňlatmalarda hem bu leksik birlikleri görmek bolýar. Mysal üçin, güjükligine dalanmak ýaşlygyndan gözüniň ody alynmak, tejribesizkä agzy uçukladylmak ýaly manyny berýär. Içi güjükli gürrüň kinaýa, kine gatyşykly aýdylan igençli gürrüňi aňladýar.Agzyna it daňlan ýaly diýmek, hemişe lakgyldap oturan, yzyny üzmän ýaňraýan, ýaňra, lakgy diýen manydadyr. It alan sanaja döndermek biriniň bar aýbyny, kemçiligini aýtmak, paş etmek bilen bagly aňlatmadyr. It aýagyny iýen ýaly bir ýerde uzak durmaýan, gezegen, ykmanda, bir ýerde uzak eglenmän ygyp ýören babatda aýdylýan sözdür. It bilen pişik ýaly biri-biri bilen oňuşmaýan, biri-birini görende jyny atlanýan adamlar hakynda aýdylýar. It degmek biriniň ýa-da bir zadyň arzysy gaçmak, gymmaty kemelmek, gadyrsyzlanmak manysyndadyr. Itden aç-da ýok, dynç-da aňrujy gün güzerany aýlansa, işlemegi, zähmet çekmegi halamaýan adam hakynda aýdylýan aňlatma. Itden alyp, ite bermek aňlatmasy al petinden almak, ýüzüni almak, dalamak; özüni dürsemäge maý bermän, çykgynsyz güne salmak bilen bagly aýdylýar. Itden beter aç gaty aç, örän aç adam babatynda aýdylýar. Itden beter ýigrenmek öte ýigrenmek, gaty erbet görmek, halamazlyk. Itden çykarmak ugradan kişI bolup, atyp öldürmek, ýarag ujundan öldürmek ýa-da gaýdyp yzyny tapmaz ýaly etmek bilen bagly aýdylýar. Itde san bar, onda san ýok il deňinde görülmeýän, adam hatarynda ugry idelmeýän, sansyz, maslahat-sala salynmaýan, äsgerilmeýän adam hakynda aýdylýar. Ite bir sümek bergisi bar bergisi gaty köp diýmekdir. Bu aýtgyň asyl köki «ite bir süňk bergisi bar» bolmaly. It eýesini, pişik bikesini tananok agdar-düňder, başly-barat, bitertip ýagdaýy aňlatmak üçin ulanylýar. It göresi däl ýerine ýetirilişi, edilişi, ýasalyşy, bolşy şeýle bir ýaramaz, görer ýaly däl diýen manylary aňladýar. It görse, gözi agarjak hatda it hem çydajak däl, adam çekip çydar ýaly däl, ejirli, jebirli diýen manydadyr. It haýyr görmez hiç kime peýdasy degmeýän adama aýdylýan aýytgy. Iti aldap uran ýaly etmek namartlyk edip jeza bermek, aldawa salyp, niýetiňI amala aşyrmak, bigaýratlamak manylarda ulanylýar. Iti kowup, ýerinde ýatyp ýören il içinde sansyz, kär ýaramaýan, işden gaça durýan, bikär adam babatynda aýdylýar. It indegi ýok düýbünden indelenok, gereklenenok, gowy hyzmat edilenok diýen manydadyr. Itiň art aýagyndan suw içmek aňlatmasy kyn, agyr günde ýaşamak, ejirli durmuşda gün görmek bilen bagly ulanylýar. Itiň çykmak gaty ýadamak, lütüň çykmak, halys bolmak. Itiň güni ýa-da Itiň güni bilen diýen aňlatma örän kyn, agyr ýagdaýda, zordan, kynçylyk bilen, zoraýakdan diýen manylary aňlatmak üçin ulanylýar. It janly çydamly, kynçylykdan, zähmetden gaýtmaýan, jany berk adam babatynda aýdylýar. It masgarasy bolmak ynsana gelişmeýän iş edip, ile masgara bolmak, masgara bolup gözden düşmek, öz günäň bilen biabraý bolmak. It masgarasy etmek birini iliň öňünde biabraý etmek, birini köpçüligiň öňünde masgaralamak bilen baglydyr. It otlan ýaly aňlatma iki manyda ulanylýar. Olaryň birinjisi, ugursyz-utgasyz, näme diýýänine düşüner ýaly däl diýen manyda, ikinjisi bolsa çalak-çulak edilen, ýaramaz ýerine ýetirilen iş barada aýdylýar. It ýalybir zat diýip ýüz tutsaň, ýüzüňi alyp duran, yzgytsyz, mähirsiz adam hakynda aýdylýar. It ýalyny yssy bermek biriniň içini ýakmak, gaharyny getirmek bilen bagly ulanylýar. It ýandakdan böken ýaly ýaramaz ýerine ýetirilen iş, göwnejaý edilmedik zat hakynda aýdylýar. It ýassanan ýaly birahat bolmak, gorkuly, ünjüli bolmak, ygtybary ýok manylary aňladýar. It ýylgyryşyny etmek ýalandan ýylgyrmak, syrtarylyp ýylgyrmak, ýalym-ýulum edip, ýaramsaklyk bilen ýylgyran bolmak ýaly manylary aňlatmakda ulanylýar. Görşümiz ýaly, it, güjük, köpek sözleri bilen baglanyşykly durnukly aňlatmalar köp sanly bolup, olar çeper eserlerde, özara gürrüňdeşlikde giňden ulanylýar.

Türkmen nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde, çeper eserlerde, türkmen halk döredijiliginde hem itler bilen baglanyşykly sözler öz şöhlelenmesini tapýar. Mysal üçin, hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romanynda «Omar awçynyň Ýolbars, Aždar diýen itleri şagallaryň uwlamalaryna ýabjynyşyp, ürmek bilen jogap berýärdiler» diýen setirlere gabat gelmek bolýar. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy bolsa «It hem arryklygyn gurda bildirmez, // Elbetde, duşmana syýasat ýagşy» ýa-da «Yssy beren köpek ýegdir,// Uýatsyz, ykrarsyz ärden» diýmek bilen itleri gylykly,wepaly haýwan hökmünde suratlandyrýar. Türkmen halkynyň söýgüli şahyry Gurbannazar Ezizow bolsa «It» diýen goşgusynda:

...Köçede keýp bilen it üýrse batly,

Onuň daş ýüregin oda daglardy;

«Üýrüber, doganym, sen örän bagtly,

Üýrüber, doganym!» diyip aglardy.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan 2017-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryň şekili hökmünde türkmen alabaýynyň keşbiniň saýlanyp alynmagy türkmen tohum itlerine goýulýan sarpanyň uludygyny görkezýär.

Mary welaýatynyň çäginde yacute;erleşýän gadymy taryhy-medeni ýadygärlik toplumy bolan Daňdanakanda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde türkmen alabaýynyň faýansdan edilen şekiliniň tapylmagy halkymyz üçin guwandyryjy wakadyr. Munuň özi halkymyz tarapyndan ýüzýyllyklaryň dowamynda türkmen itleriniň arassa tohumyny ösdürip ýetişdirmekde çäksiz aladalar edendiginden habar berýär.

Ata GYLYJOW
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň
bölüm müdiri


© 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.