Makalar

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.

Ylym — häzirki eýýamyň osüş guraly

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.

Ylmyň meşhur ussatlary

Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.

MIRAS MUKADDESLIGI

«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

KÄMILLIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr.

BAG — ZEMINIŇ ZYNATY

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.

MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY

Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hünärmenleri ylmy ekspedisiýanyň maglumatlaryny toparlara bölýärler

Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

TARYHYŇ ÝANY

Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.

HÜWDI SANAWAÇLARY

Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.

GOWHERIň GYMMATYNY SARRAF BILER

Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Häzirki döwürde iň wajyp mesele­leriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplu­mynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.

ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.

RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.

YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.

Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry — daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.

Arheologiýa: taryhy tapyndylaryň döwrebap seljermesi

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.

ULY TOÝUŇ SÄHEDI: SANLARDAKY ROWAÇLYK ALAMATLARY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sar­pa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.

Bezgli Deräniň Syry

Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10—11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.

REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.

TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?

Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.

«Türkmenistan» gazeti,

2016-12-16

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.

Wiktor Sarianidi 1929-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Daşkent şäherinde grek maşgalasynda dünýä inip, tä ýokary okuw mekdebini gutarýança, şol şäherde ýaşaýar. Onuň öz gürrüňlerinden çen tutsak, ol ýaşlykdan ýuridik-hukuk fakultetinde okap, sülçi bolmagy, çylşyrymly derňewleri geçirip, açyşlar etmegi arzuw edipdir. Emma durmuşda ol Daşkendiň döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň arheologiýa kafedrasynda belli gündogarşynas arheolog Mihail Ýewgenýewiç Massonyň okuwçylarynyň biri bolýar. Şeýlelik bilen, gözleg işlerini we açyşlaryny başga ugurda — arheologiýada alyp barýar.

1945-nji ýylda Türkmenistanda Günorta Türkmenistanyň toplumlaýyn arheologiýa ekspedisiýasy döredilýär we onuň ýolbaşçylygyna M.Ý.Masson bellenilýär. Şol ekspedisiýa türkmen halkynyň gojaman taryhynyň dowamynda toplan taryhy tejribesini, nesillere galdyran ajaýyp taryhy we medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny öwrenmekde uly işleri amala aşyrýar. M.Ý.Masson Gadymy Merw we Köne Nusaý galalarynda gazuw-agtaryş işlerini alyp baryp, öz talyplary bilen tejribe sapaklaryny geçirýär. Şol talyplaryň biri hem W.I. Sarianididir. Ol talyplyk ýyllarynda, gadymy Merwde işlän döwürlerinde arheologiýa ylmynyň ummanyna düşüp, bütin galan ömrüne bu topragyň taryhyny çuň öwrenmegi özüne maksat edinýär.

Garagumuň jümmüşinde ýerleşýän bürünç we irki demir zamanlaryna degişli Tahyrbaý, Ýazdepe, Togalak ýadygärliklerinde gazuw-agtaryş işlerine gatnaşýar. 1972-nji ýylda Garagumuň çäge syrgynlarynyň astynda gömlüp galan, bürünç eýýamynyň Merkezi Aziýadaky iň uly şäheriniň — Goňurdepäniň üstüni açdy we ömrüniň soňky kyrk ýyl töweregi şol ýadygärlikde giň gerim alan arheologik gözleg işlerini alyp bardy.

Gazuw-gözleg işleriniň netijesinde b.e. öňki III müňýyllykda Murgabyň gadymy hanasynyň giňişliginde Mouru ýa-da Marguş gadymy ýurdunyň emele gelendigi we gülläp ösendigi aýan edildi. Ol ýurt Mesopotamiýa bilen Hind derýasynyň arasyndaky aralyk çägi eýeläp, indi malim bolmagyna görä, bütin ýakyn Gündogaryň ykdysadyýetinde, şeýle hem medeniýetinde möhüm orny eýeläpdir.

Murgabyň bol suwy çekilensoň, suwsuz tebsiräp galan gum depeleriniň jümmüşinde, adam-gara ýaşamaýan takyrlykda arheologlara Goňurdepeden başga-da birnäçe ýadygärlikleriň üstüni açmak başartdy. Goňurdepeden b.e. öňki II müňýyllygyň ortalarynda, ilatyň göçüp giden wagtlarynda onuň diňe beýik ymaratlarynyň ýerleşýän merkezi böleginiň özi 25 gektara golaý meýdany tutupdyr. Mundan başga-da, 10 gektar meýdany şäher gonamçylygy eýeläpdir.

Ozal mälim bolmadyk Marguş ýurdunyň açylmagy otparazlyk dininiň watanynyň hem Merkezi Aziýada, hususan-da Margianada bolandygy hakyndaky täze nazaryýeti öňe sürmäge we esaslandyrmaga mümkinçilik berdi. Köp sanly ägirt uly köşkler, belent ymaratlar, baý şa gonamçylyklary, gadymy sungat eserleri özlerinin ähli geň galdyryjy täsinlikleri bilen bu ýerde ozal mälim bolmadyk dünýä medeniýetiniň gadymy merkeziniň bolandygyna şaýatlyk edýär.

Köşkler we belent ymaratlar bu gün uka giden ýaly dymyp otyrlar, emma müňýyllyklaryň aňyrsynda bu ýerlerde bize tanyş bolmadyk durmuş gaýnap joşandyr. Ol wagtlar bu ýerlerde özüniň hili we gömüşleri boýunça iň ýokary derejä ýeten keramiki önümler bişirilen küreler, dürli tagamlar bişirilen ojaklar alawlap ýanandyr. Şeýle nepis ýasalan keramika önümleri diňe bürünç zamanyna häsiýetlidir.

Goňurdepede şumerlerde we gadymy hindi harappa medeniýetinde ulanylan oýulyp şekil salnan silindr gömüşli möhürleride tapylypdyr. Ýüze çykarylan tapyndylaryň radiouglerod (himiki analiz-derňew) işleri geçirilende, olaryň b.e. ozalky 2300-nji ýyllara degişlidigi anyklandy. Marguş ýurdunyň b.e. öňki III müňýyllygyň ahyryna II müňýyllygyň birinji ýarymynda ýakyn Gündogar sebitde dünýä medeniýetinde Müsür, Mesopotamiýa, Harappa we Mohenjo-Daro ýaly siwilizasiýalar bilen bir hatardaky ösen medeni merkezleriň biridigi subut edildi.

Wiktor Sarianidi iki gezek uly, dünýä meşhur açyş etdi.

Olaryň birinjisi: 1978-nji ýylda demirgazyk Owganystanda b.e. ozalky I asyra degişli Tylladepeden 7 sany şa gubrunyň üstünden baryp, altyndan ýasalan bezeg şaýlarynyň 20 müňüsinden ybarat «Baktriýa altyny» ýa-da «Baktriýa hazynasy» diýlip atlandyrylan hazyna tapyldy.

Açyşlaryň ikinjisi: 2004-nji ýylyň ýazynda Türkmenistanda, Garagumda Goňurdepäniň eteginde 5 sany, 2009-njy ýylda 3 sany ýerasty jaýlarynyň — şa guburlarynyň üsti açylýar. Bu jaýlarda ýokary derejeli adamlar jaýlanyp, gapdalyndan olaryň mallary, şeýle hem durmuşda ulanan zatlary ýüze çykaryldy. Şol ýerden keramika, altyn-kümüş gaplar bilen bir hatarda, gymmat bahaly. metallardan we daşlardan ýasalan bezeg şaýlary, toýundan, daşdan, kümüşden ýasalan adam we haýwan şekillerinden ybarat heýkeljikler tapyldy.

Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem şekillendiriş sungatyna degişli her hili sýu˛etli we şekilli mozaika pannosynyň tapylmagydyr. Bu sungat eseri suwagyň ýüzüne çekilen ˛iwopis şekilleri bilen dürli daşlardan gurnalan mozaika utgaşdyrylyp döredilendir. Şeýle usulda ýerine ýetirilen mozaika dünýä boýunça iň irkisidir we başga ýerde entek şeýle eser ýüze çykarylan däldir.

Goňurdepäniň ilatynyň gündelik durmuşynda köp ulanan serişdeleri we sungat eserleri bu gün Türkmenistanyň muzeýleriniň iň gymmatly eksponatlarynyň hatarynda orun aldy.

Wiktor Sarianidiniň Goňurdepede eden açyşlary b.e. öňki III müňýyllygyň soňunda II müňýyllygyň birinji ýarymynda gadymy Gündogar siwilizasiýasynyň bäşinji merkeziniň bolandygyny subut etdi.

Wiktor Sarianidi ylmy-barlag ekspedisiýalaryna tä aradan çykýança, ýagny 2013-nji ýylyň dekabryna çenli gönüden-göni ýolbaşçylyk etdi. Onuň irginsiz gözlegleriniň netijesinde tapylan, ozal hiç kime mälim bolmadyk, gadymy Gündogar şäheriniň harabalygyna syýahat edenleriň sany häzire çenli gör, näçe müňe ýetendir?! Bu ýere ymtylýan jahankeşdeleriň sany ýylsaýyn artýar. Sebäbi geçmiş, taryh bilen içgin gyzyklanýanlaryň ählisi, dogrudan-da, rowaýata meňzeş şäheri öz gözleri bilen görmek isleýärler. Ýaňy-ýakynlarda hem Garagumuň çägesiniň astynda gizlenip ýatan Goňurdepe galasy dört müň ýyldan soňra özüniň özboluşly beýik medeniýetini bütin dünýä äşgär etdi.

Wiktor Sarianidiniň Müsür, Mesopotamiýa, Hindistan we Hytaý bilen bir hatarda, Goňurdepäniň hem-de Murgap derýasynyň köne akabasynyň tutuş oazisiniň hakykatdan-da, gadymy Gündogar siwilizasiýasynyň bäşinji merkezidigini tassyklamagyndan soňky geçen ýyllaryň dowamynda bu tema bagyşlanyp ençeme halkara ylmy maslahatlar geçirildi.

Taryhçy alymyň gymmatly açyşlary dogrudan-da, öz-özünden köp çaklamalary tassyklaýar: antik döwrüň ussalarynyň elinden çykan kämil, ajaýyp, amaly-haşam önümleri dünýäniň irki medeniýet ojaklaryndan alysda — Murgap derýasynyň boýunda ýerleşýän çolaja künjekde öňde-baryjy döwletleriň esasy ölçeglerine laýyk gelýän adaty Gündogar soltanlygynyň gülläp ösendigine äşgär şaýatlyk edýär. Bu aýdylanlaryň delili hökmünde, ylaýtada, Goňurdepe galasynyň merkezi köşgi aýratyn tapawutlanýar. Bu kaşaň ymarat diňe patyşa we onuň maşgalasyna niýetlenip gurlupdyr. Patyşanyň we onuň köşk emeldarlarynyň her gün dini urp-adatlary, şol sanda gurbanlyk dessuryny berjaý etmekleri üçin ähli şertler döredilipdir. Patyşanyň nebereleriniň köşgüň günortasyndaky gonamçylygynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde toplanan arheologik maglumatlaryň ylmy seljerişi bu gadymy şäheriň ilatynyň patyşanyň we onuň kowumdaşlaryndan, dolandyryjy aris-tokratiýadan (4,06 göterim), orta synpyň wekillerinden (85,40 göterim), garyp gatlaklardan (10,54 göterim) düzülendigini anyklamaga mümkinçilik berdi. Bu maglumatlar ilatyň jemgyýetçilik düzüminiň ýokary ösüşe eýe bolandygy we gurluşy boýunça örän çylşyrymlydygyny görkezýär. Arheolog alymlar diňe bir Togalak — 21 se˛dehanasyny gurmak üçin bir milliondan gowrak kerpijiň sarp edilendigini hasapladylar. Aglaba köpçüligiň orta synpdan düzülendigine görä, ilat imisalalykda, abadançylykda ýaşapdyr diýmek mümkindir.

Eýsem, bu syrly hem-de täsin ýurt nähili atlandyryldyka? Alymlaryň köpüsi onuň otparazlaryň mukaddes kitaby hasaplanylýan Awestada ady agzalýan Mouru, bizin eýýamymyzdan öňki I müňýyllygyň ortasyndaky meşhur Bisütün ýazgylaryndaky Marguşdygyna berk ynanýarlar. Taryhçylaryň öz arasyndaky adaty gürrüňçilikde, pikir alyşmalarda bolsa, Marguş ýurdy we gadymy Margiana diýlen iki düşünje bir manyda ulanylýar.

Goňurdepäniň köşgüni gurmagyň meýilnamasy deňölçeglilik-simmetriýa kadasyny berjaý etmezden ýerine ýetirilipdir. Gurluşykçylaryň ýeketäk hem-de baş maksady bu binanyň ýerine ýetirýän wezipesine, onuň howpsuzlygyna amal etmekden ybarat bolupdyr. Munuň üçin girelgeler, işikler diýseň insiz, darajyk, gorag diwarlary bolsa iki gat tutulypdyr. Diwarlaryň daş tarapyndaky üçburçly penjire gözleri duşmana garşy ok atmak maksady bilen dälde, Günüň düşmegi, ýagny, ýagtylyk çeşmesi hökmünde, içki geçelgelere, otaglara şemal çalmagy üçin goýlupdyr. Goňurdepäniň arheologik toplumynyň hem Mesopotamiýanyň köşkleri ýaly toýundan ýasalyp bişirilen turbalar arkaly lagym ulgamy bilen doly üpjün edilendigi esasy bellemeli zatlaryň biridir. Bu ýerdäki desgalaryň ýenede bir aýratynlygy — olaryň içinde belli-belli ýerlerde hüjreleriň toplumy örän dar, insiz otaglardan ybarat bolupdyr. Üsti gümmezli hüjreleriň çykgytly-özboluşly işikleriniň örümleri Özüniň nepisligi, owadanlygy bilen tapawutlanýarlar.

Gazanylan netijeleriň esasynda Wiktor Iwanowiç Sarianidi gadymy Marguş döwletiniň Günbatardaky Müsür hem-de Mesopotamiýa, şeýle-de, Gündogardaky Hindi hem-de Hytaý ýaly «gadymy medeniýetleriň» arasynda möhüm orny eýeläp, halkara gatnaşyklarynyň — söwda, medeni, dini we syýasy ugurlaryň öz aralarynda kesişýän çatrygyna öwrülip, gadymy Gündogar siwilizasiýasynyň bäşinji merkezi bolandygyny doly subut etdi.

Şeýlelikde, Margianadaky kyrk ýyla çeken arheologik gözlegler ýlmy-barlag jähetden alanyňda-da, öz dowamlylygy, möhleti boýunça häzirki zamanda özboluşly aýratynlyga eýedir.

Türkmen döwleti bu meşhur alymyň zähmetine elmydama ýokary baha berip geldi: Wiktor Iwanowiç Sarianidi Magtymguly adyndaky halkara baýragyna mynasyp boldy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hormatly agzalygyna saýlandy, onuň ylmy-taryhy kitaplary Aşgabatda yzygiderli we uly möçberlerde çap edilip, okyjylara ýetirildi. 2000-nji ýylda Wiktor Sarianidi Türkmenistanyň hormatly raýatlygyna kabul edildi we türkmen pasporty gowşuryldy. Görnükli alymyň türkmen topragyny öwrenmekde bitiren işleri şöhratly taryhymyzyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy.

Nurgözel BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Taryh institutynyň esasy ylmy işgäri.


© 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.