Makalar

MIRAS MUKADDESLIGI

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
  

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.

Ylym — häzirki eýýamyň osüş guraly

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.

Ylmyň meşhur ussatlary

Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.

KÄMILLIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr.

BAG — ZEMINIŇ ZYNATY

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.

MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY

Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hünärmenleri ylmy ekspedisiýanyň maglumatlaryny toparlara bölýärler

Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

TARYHYŇ ÝANY

Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.

HÜWDI SANAWAÇLARY

Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.

GOWHERIň GYMMATYNY SARRAF BILER

Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Häzirki döwürde iň wajyp mesele­leriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplu­mynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.

ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.

RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.

YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.

Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry — daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.

Arheologiýa: taryhy tapyndylaryň döwrebap seljermesi

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.

ULY TOÝUŇ SÄHEDI: SANLARDAKY ROWAÇLYK ALAMATLARY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sar­pa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.

Bezgli Deräniň Syry

Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10ó11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.

REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.

TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?

Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.

«Türkmenistan» gazeti,
22.11.2016ý.

MIRAS MUKADDESLIGI

«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Milli Liderimizin parasatlylyk bilen alyp barýan bu döwlet syýasatynda, şonuň bilen utgaşyklylykda üstümizdäki ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýip, atlandyrylmagynda örän çuňňur many bar. Çünki köki berk daragtyň pajarlap, şaha ýaýradyşy ýaly, berkarar döwletimiz müňýyllyklaryň jümmüşlnden gözbaş alýan şöhratly taryhyna daýanyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe göz gamaşdyryjy ösüşlere eýe bolýar.

Gojaman taryhyň saralan sahypalaryna ser salsaň, zarbyndan dünýäni sarsdyran ärleriň, älemiň gurluşyna göz ýetiren alym-ulamalardyr halatly pirleriň, gör, niçemesi mundan ötüpdir. Kuwwatly döwletler, kaşaň-kaşaň ymaratlary asman-pelege gol bulaýan, bagy-bossana bürelip oturan şäherler bolupdyr. Emma wagt geçip, heňňam üýtgäpdir.

Ägirtleriň gaýraty bilen döredilen zatlar Ýer ýüzünden nyşansyz ýitip gidibermändir. Ene ýeriň gatlaklaryndan olaryň galyndylary tapylyp dur. Gymmatyny maly-dünýe bilen ölçäp bolmajak şol tapyndylary bir ýere jemläp, aýawly saklap, nesilden-nesle geçirmek üçin adamzat medeniýeti muzeý diýilýän täsin dünýäni döredipdir. Muzeýde goýlan zatlaryň hersi bir döwür hakda söz açyp, taryhy wakalaryň şaýady bolup dur. Olaryň hersiniň ýanyna baryp, synlanyňda, tanyşdyryjynyň gürrüňlerini diňläp durşuňa, özüňi göýä, şol döwre baryp düşen ýaly duýýarsyň.

Ine, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gireniňden, ata-babalarymyzyň gadymyýetde ulanan birgiden eksponantlary görüp, şol döwürde eziz Watanymyzda bolup geçen gowgaly wakalar bilen tanyş bolanyňda, göýä diýersiň, wagt atyna atlanyp, bir günüň içinde asyrlara, müňýyllyklara syýahat eden ýaly bolýarsyň. Şeýdip, asyrlaryň ýaňyna gulak asyp ýörşüňe, etnografiýa bölümine ýeteniňde, has üýtgeşik ýakymly duýgular kalbyňa dolýar. Sebäbi bu ýerdäki zatlaryň hersi giden bir hazyna! Ynha, görsen, dilsiz-agyzsyz duran köne zatdyr weli, diline düşünseň, geden bir, dünýäni, ata-babalarymyzyň ýaşan, döreden dünýäsini açyp berer. Edebiýatdaky, halk döredijiligindäki kabir sözleriň manysyna doly hemem dogry düşünmek üçinem muzeýe gelip göräýmeli. Meselem, türkmen halk döredijiliginde çaga oýa wagtynda ony oýnadyp, söýgüläp aýdylýan hüwdi sanawaçlarynda şeýle diýilýär:

— Döneýin dönüşinden, Ergary ýörişinden, Ereme köýneginden, Gurama kü rtesinden.

Şu bentde ady getirilýän gurama kürte hemişeler çaga iň köp geýdirilýän eşikleriň biridi. Şeýle bolmagynyň sebäbem onuň eliň aşagynda hemişe tapylyp duran mata bölejiklerinden tikilýändigi üçin bolmagy mümkin. Eli hünärli türkmen gelinleri ulular üçin biçilen geýim-gejimlerden galan bölejik matalary zyňyp goýbermän, olardan çagasyna gurama kürte tikipdirler. Munuň üçin ilki bilen dürli renkli mata bölekleriniň her reňkinden çaganyň boýuna ýetip durar ýaly zolaklary gurnaýarlar. Soňam şol zolak-zolak matalary reňkleri boýunça gelişdirip-utgaşdyryp birikdirýärler. Birikdirilen zolaklar çaganyň egnine laýyk bolar ýaly inlilige ýetensoň, oňa bitewi matadan işlik edip, iki tarapyna gyýy aýlaýarlar. Ýakasyny çäk açyp ýa-da pyşdyl-ýaka edip kebşirleýärler. Egniniň üstünden ýeňe derek üçburç mata bölegini (onam işlikläp) birikdirýärler-de, ujundan hem alaja bag bilen kümüş düwmejik asýarlar. Taýýar bolan kürtäniň öň tarapy bilen arka tarapyny birikdirer ýaly, goltugynyň aşagyndan ýognasrak edilip örülen alajadan bagjyk dakýarlar. Ine, onsoň hiç zat ýok ýerinden diýen ýaly, enaýyja çaga eşijegi taýýar bolýar.

Şeýdip, enäniň gyzgyn mähri siňdirilip, tikilen gurama kürtejikleri muzeýlerde synlanyňda, hem-ä, halk döredijiligindäki goşgy setirleri diliňe gelýär, hemem gyýkyndylardan gözellik döreden ýarnaçyl enelerimize guwanjyň artýar.

Muzeýiň etnografiýa bölüminde dürli ýaşdaky aýallaryň hersiniň öz ýaşyna görä, eşik geýdirilen keşpleri hem synlamak bolýar. Şolaryň birine ýaşuly aýalyň lybaslary geýdirilipdir: egninde sowsany köýnek, başynda ak çyrpy, onuň aşagyndan ak gyňaç boglupdyr. Edil ýaş gelinleriň daňynýan düýpli gyzyl gyňajy ýaly, ýöne nagyşlary birneme insizräk edip, ak keteniden nagyşlap, seçekläp gyňaç dokalypdyr. Biz köplenç, «ak gyňaçly ene» diýilse, häzirki garry enelerimiziň daňynýan ak ýüň ýaglyklaryna düşünýäris. Emma muzeýdäki nagyşlap dokalan gyňajy synlaýarsyň weli, «Gorkut ata» şadessanyndaky:

— Ak sakgally ataň jaýy uçmah bolsun! Ak gyňaçly eneň jaýy jennet bolsun!

diýen alkyşly sözler bada-bat ýadyňa düşýär-de: «Hä-ä, şol diýilýän enäniň ak gyňajy, ine, şunun ýaly bolandyr-ow» diýip, göz öňüne getirýärsiň.

Ynha-da, al-ýaşyl mata böleklerinden ine-dördül gözenek edip, gurnalan düýebaşlyk. Ýanynda-da iki gapdalyndan goýberilýän düýe halyklar. Gelnaljy edilip, gelin getirilende, gaýtaryjyda gelniň mündürilýän düýesini şu zatlar bilen bezäpdirler. Ilki düýäniň üstüne düýebaşlygy atyp, onuň iki gapdalyndan düýäniň garnyny ýapyp duran halyklary asypdyrlar. Şu zatlary synlap durşuňa, türkmeniň döwletli ojagynda tutulýan şagalaňly toýlar göz öňüne gelýär: gyzyl-çog edilip bezelen, üstünde halydan ýürek edilen ýa-da kejebe guralan düýe jaňlaryny düňňürdedip, apaň-apaň basyp barýandyr. Öňünde atbaşçylar, yzynda beýleki gelnaljylar — uzyn kerwen bolup gelýändirler. Bir ýerlerden göýä diýersiň, bagşynyň sesem gelip duran ýalydyr:

— Tirkeşiň dokuzdan on hatar bolsun, Kejebäň çekmäge ak maýa gerek!

Şeýdip, beýik dabara bilen gelýän ak maýa äwmezlik bilen gyzly öýüň gapysynda çöker! Ak gollary bilezikli uz gelinler gyzylly şaýlaryny türkmeniň çogly güneşine lowurdadyp, göçürilýän gyzy goltuklap, ak öýden alyp çykarlar. Gyzyl-çog bolup, dähedem-dessemläp gelýän täze gelin üstüne mündürilensoň, ak maýa emaý bilen ýerinden türar-da, gelen ugruna baka bezegli başyny dik tutup, ynamly gadam urup ugrar... Gelin getirilip, dabara sowlansoň, düýebaşlykdyr halyklary ak öýüň dulundan asyp goýarlar. Onsoň ol şol ýerde ýene-de toý-tomaşa dileg edip, ýeneki toýlara çenli içerik özboluşly bezeg berip durandyr!...

Şu zatlary göz öňüne getirip durşuňa, birdenem oglanlykda üýşüp-üýşüp matal aýdyşan günleriň ýadyňa düşer: öýde oturanlardan ekabyrrak biri matal aýtmaga başlar, ol ilki bilen matal aýdyşmanyň:

— Men bir matal aýdaýyn, Şahy matal aýdaýyn. Damak tutar aýdaýyn, Bilin, hany göreýin! —

diýen ýaly giriş sanawaçlaryny sanar-da, yzyndanam jogabyny bilmeli tapmaçalara geçer:

— Eleme-deşik börügim, kellä geýsem ýaraşar! Hany, biliň nämedigini!

Matalyň jogabyny biljek bolup, her kim bir zat diýer. Eger biler ýerde bilinmese, anyklaýjy sorag-jogaplar alşylar:

- Öýdeçimi, düzdeçi?

- Öýdeçi.

- Janlymy, jansyz?

- Jansyz.

- Iýilýänmi, iýilmeýän?

- Iýilmeýän.

Şonda-da bilinmese, matal aýdan adam ýurt sorar. «Bar, pylan şäheri saňa berdik!» diýlensoň, matalyň jogabyny dabara bilen jar eder:

— Düýebaşlyk!..

Hawa, bu äpet mirashananyň goýnundaky zatlaryň her birini türkmen bolup synlamagyň aýratyn, üýtgeşik lezzeti bar. Olar seniň okan dessanyň! Olar seniň çagalygyň! Ata-babalaryň eli degen, ulanan zatlary. Şonuň üçinem olaryň her birinde miras mukaddesligi bar. Onda ata-babalaryň ruhy bar.

Ine, şu zatlary göz öňünde tutup, adamzat medeniýetiniň döreden muzeý atly mukaddes öýüne «mirashana» diýesiň gelýär.

Taňry nazary düşen türkmene bolsa, ata-babalaryndan ummasyz miras galypdyr. Beýle baý mirasy diňe köküni taryhyň iň çuň gatlaklaryna uran halk, müňýyllyklaryň dowamynda ady äleme ýaň salan millet goýup biler!

Ejegyz ÇARYÝEWA,
TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň
esasy ylmy işgäri,
dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty.


© 2003-2017, TŁrkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.