Makalar

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Halyçylyk sungatynyň waspy

Halyçylyk sungaty uzak heňňamlarda timarlanyp, gitdigiçe owadanlanyp, türkmeni dünýä ýüzüne tanadyp gelen milli guwanjymyzdyr, halkyň ýüzüniň tuwagydyr.

Ylmy barlaglar we çözgütler

Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi.

Himiya instatituty: Gin mumkinçilikler, aydyn maksatlar

Ýurdumyzda ylym-bilime, dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda, alymlaryň işine itergi bermek, türkmen ylmynyň taze binýadyny tutmak boýun-ça düýpli işler amala aşyrylýar.

PÄHIM-PARASAT ÇEŞMESI

Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.

Ylym — häzirki eýýamyň osüş guraly

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.

Ylmyň meşhur ussatlary

Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.

«IT GELDI — GUT GELDI»

Halkymyz «It geldi — gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar.

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.

MIRAS MUKADDESLIGI

«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

KÄMILLIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.

BAG — ZEMINIŇ ZYNATY

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.

MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY

Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hünärmenleri ylmy ekspedisiýanyň maglumatlaryny toparlara bölýärler

Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

TARYHYŇ ÝANY

Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.

HÜWDI SANAWAÇLARY

Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.

GOWHERIň GYMMATYNY SARRAF BILER

Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Häzirki döwürde iň wajyp mesele­leriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplu­mynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.

ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.

RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.

YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.

Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry — daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.

Arheologiýa: taryhy tapyndylaryň döwrebap seljermesi

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.

ULY TOÝUŇ SÄHEDI: SANLARDAKY ROWAÇLYK ALAMATLARY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sar­pa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.

Bezgli Deräniň Syry

Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10—11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.

REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.

TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?

Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.

«Türkmenistan» gazeti,
2016-09-14

2016-njy ýyl — Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr. Taryhdan belli bolşy ýaly, Paryzdepe taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän galanyň galyndysydyr. Onuň umumy meýdany 3,2 gektara barabardyr. Ýadygärlikde Nusaýdaky tapyndylara meňzeş küýze bölekleri, şeýle hem bu şäheriň gülläp ösen döwrüniň Beýik Seljuk türkmen döwleti bilen bagly bolandygyny tassyklaýan tapyndylar ýüze çykarylýar. Ol barada IX—X asyrlara degişli bolan çeşmelerdäki maglumatlar agdyklyk edýär. Paryzdepe orta asyrlarda gülläp ösen şäher bolupdyr. Emma alymlaryň pikirine görä, ýadygärligiň esasyndaky medeni gatlaklar has gadymy döwre — b.e. öňki V müňýyllyga degişlidigini görkezýär. Taryhçy alymlar Paryzdepäniň iri ilatly ýer hökmünde Parfiýa döwletiniň döwründe dörändigi baradaky çaklamalary hem öňe sürýärler. Ýadygärligiň töweregindäki gadymy döwürlere degişli bolan kärizler hem köp asyrlaryň dowamynda netijeli ulanylypdyr. Guýular we akarlar ussalar tarapyndan yzygiderli arassalanypdyr. Netijede, olar uzak wagtlap adamlara hyzmat edipdir.

Şunun bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Paryzdepäni ylmy esasda öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekip, munuň üçin taryhçylardan, arheologlardan we alymlardan ybarat ýörite topary döretmegiň gerekdigini aýtdy hem-de bu taryhy ýadygärligi düýpli öwrenmek barada degişli ýolbaşçylaryň öňünde anyk wezipeleri goýdy. Milli Liderimiz bu işiň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda degişli derejede geçirilmegini belläp, halkyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, milletiň taryhy-medeni baýlygyny ylmy taýdan öwrenmek hem-de wagyz etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugruny düzýär diýip nygtady.

Iki aýdan soň, ýagny 19-njy martda hormatly Prezidentimiz ählihalk ýowaryna gatnaşmak üçin irden Paryzdepe gadymy taryhy ýadygärliginiň ýanyna geldi we ýeterlik giňligi bolan gazylan desga bilen tanyşdy. Şol ýerde ylmy nukdaýnazardan gyzykly bolan serişdeler ýüze çykaryldy. Olar türkmen halkynyň taryhynyň dürli döwürlerine degişlidir.

Desganyň ýanynda bassyrma dikeldildi we Paryzdepede tapylan arheologik tapyndylar görkezildi. Olaryň arasynda taryh ylmy üçin örän uly gymmaty bolan keramika önümleri we beýleki tapyndylar, şol sanda daş asyrynyň kremniý daşlary, XI—XIII asyrlar bilen senelenýän kümüş, keramika gap-gaçlar, orta asyrlaryň bişirilen kerpiçden gapy sütünleri, naýzanyň uçlary, daşdan sünnälenen gapy sütünleri, bugdaý saklamak üçin uly göwrümli hum, soky daşy we beýlekiler bar. Bu tapyndylar hormatly Prezidentimiziň Paryzdepä ilkinji gezek baryp göreninden soň, geçen gysga döwrüň içinde arheologlar tarapyndan ýüze çykaryldy.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerdäki diplomatlara türkmen halkynyň taryhynyň gadymy gözbaşy barada gürrüň berdi. Şeýle hem arheologlar tarapyndan barlaglaryň barşynda Türkmenistanyň medeni ekerançylygyň watanydygy hem-de hut şu ýerde gadymy döwürlerde biziň zehinli halk seçgiçilerimiz tarapyndan bugdaýyň «ak bugdaý» sortunyň döredilendigini tassyklaýan pikirler barada gürrüň berdi. Ak bugdaýyň hormatyna Aşgabadyň eteginde adybir muzeý hem açyldy. Milli Liderimiz şeýle hem hut şu ýerde örän owadan, güyçli we çydamly, ýelden ýüwrük, eýesine wepaly behişdi ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň baştutanlaryna türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň gadymy geçmişinden gyzykly pursatlary gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiz biziň ata-babalarymyzyň diplomatiýa sungatyna erk edip, çylşyrymly meseleleri parahatçylykly ýollar bilen çözmek arkaly dawalaryň öňüni alyşlary hem-de dawalaşýan taraplary ylalaşdyryp bilişleri hakynda gürrüň berdi.

Ýerli ýaşulularyň aýtmaklaryna görä, bir-mahal bu ýerde ýerasty desga ýerleşipdir. Häzir şu ýerde barlaglar alnyp barylýar. Ýüze çykarylan ýerasty desganyň diwarlary, esasan, inedördül görnüşli çig kerpiçlerden örülip çykarylypdyr, diwarlaryň aýry-aýry böleklerinde bişen kerpiçler hem duş gelýär. Diwarlaryň aşaky bölekleri uly daşlardan örülipdir. Alymlaryň we hünärmenleriň pikirine görä, bu desga ýerleşiş meýilnamasy boýunça haç görnüşinde bölüp, onuň merkezi bölegi kiçiräk gümmez bilen ýapylypdyr. Desganyň girelgesi günörta-gündogar, tarapynda ýerleşipdir. Girelgeden aşaklygyna gidýän üsti arka görnüşi üçek bilen ýapylan geçelgäniň ugry boýunça, ähtimal, basgançaklar ýerleşendir. Alymlaryň çaklamalary boýunça, edil girelge tarapynyň garşysyndaky diwaryň ýumrulmagy netijesinde (mümkin, güýçli siliň gelmegi sebäpli), desganyň daşky diwary bilen merkezindäki gümmez aralygy ýapan giň arkanyň ýüzi açylypdyr. Deslapky maglumatlara görä, bu desga orta asyrlara degişli edilýär, ýöne onuň anyk gurlan döwri geçirilýän ylmy barlaglaryň netijesinde kesgitleniler. Şu desganyň gurluşyk usullarynyň üsti bilen Paryzdepede orta asyrlarda gülläp ösen binagärliginiň özboluşly aýratynlyklaryny göz öňüne getirip bolýar. Diwarlaryň aşaky bölegi berkligi gazanmak maksady bilen, daşlar bilen örülen. Paryzdepäniň içki galasynda alnyp barylýan gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde göranyş diwarynyň bir bölegi açyldy. Şeýle açyş bu sebitde gadymy döwürlerde oguzlaryň daşdan galdyran galalarynyň bolandygyny subut edýär. Gadymy ýerde daşdan gurlan galalar «kent» diýlip atlandyrylypdyr.

Köpetdagyň etekleriniň oňaýly tebigy şertleri, süyji suwlarynyň bollugy bu ýerlerde ýaşaýşyň iňňän gadymyýetde döremegine getiripdir. Bu sebitde örän köp sanly ululy-kiçili galalaryň biri hem Oguzlaryň şäheri bolan Yzgantdyr. «Yz» «oguz» sözünden gelip çykýar, «gant» bolsa türkmenleriň «kent-şäher» sözündendir. Şunuň bilen baglylykda, Yzgant sözüniň ilkibaşdaky manysy «oguzlaryň şäheri» diýmekdir.

Hormatly Prezidentimiz gadymy rowaýaty mysal getirdi. Şol rowaýata görä, türkmen milletiniň nesilbaşysy Oguz han öz ogullaryny derýanyň akýan ugry bilen onuň durjak ýerine çenli gitmegi we şol ýerde mesgen tutmagy pent edýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Yzgant diýen ýer-ýurt adynyň «süýji suw» diýen görnüşiniň bardygyny hem mysal getirdi.

XX asyrda Paryzdepäni öwrenen alymlar hem bu ýadygärlikde-de oguzlaryň döwrüne mahsus bolan keramika önümleriniň bölekleriniň saklanyp galandygyny belläp geçýär.

Bu taryhy ýadygärlikde ylmy işler üç esasy ugur bilen alnyp barylýar, ýagny ugruň birinjisi, arheologiýa gözleg we gazuw-agtaryş işleri, ikinjisi, golýazmalaryň üsti bilen Paryzdepäniň we umumy sebitiň taryhy we bu ýerde ýaşan şahsyýetler bilen bagly täze maglumatlary ýüze çykarmak, üçünji ugur bolsa, etnografiýa gözleglerini geçirmekden ybaratdyr. Şu wagta çenli häzirki zaman enjamlarynyň kömegi bilen Paryzdepäniň topografik meýilnamasy taýýarlanyldy we arheologiýa gazuw-agtaryş işleri ýadygärligiň gadymy şäher eteginiň demirgazyk gündogar böleginde hem-de edil merkezinde amala aşyrylýar.

Ata-babalarymyzyň döreden we asyrlaryň dowamynda kämilleşip, şu günlere çenli ýetip gelen maddy we ruhy gymmatlyklaryň iň gowy nusgalaryny ýaş nesilleriň aňyna ornaşdyrmakda taryh ylmynyň ähmiýeti örän uludyr. Medeni mirasymyz Türkmenistanyň raýatlarynda öz Watanyna, halkyna bolan söýgini, buýsanjy güýçlendirer, sagdyn pikir-garaýyşly şahsyýeti kemala getirer. Hormatly Prezidentimiz döwletiň ruhy binýadyny pugtalandyrmakda, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmekde taryh ylmynyň ornuny nazara alyp, ony ösdürmek barada yzygiderli tagalla edýär.

Atageldi BAÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň direktory,
taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent.


© 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.