Makalar

TARYHYŇ ÝANY

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Ylmy barlaglar we çözgütler

Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi.

PÄHIM-PARASAT ÇEŞMESI

Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.

Ylym — häzirki eýýamyň osüş guraly

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.

Ylmyň meşhur ussatlary

Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.

«IT GELDI — GUT GELDI»

Halkymyz «It geldi — gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar.

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.

MIRAS MUKADDESLIGI

«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

KÄMILLIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr.

BAG — ZEMINIŇ ZYNATY

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.

MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY

Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hünärmenleri ylmy ekspedisiýanyň maglumatlaryny toparlara bölýärler

Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

HÜWDI SANAWAÇLARY

Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.

GOWHERIň GYMMATYNY SARRAF BILER

Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Häzirki döwürde iň wajyp mesele­leriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplu­mynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.

ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.

RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.

YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.

Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry — daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.

Arheologiýa: taryhy tapyndylaryň döwrebap seljermesi

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.

ULY TOÝUŇ SÄHEDI: SANLARDAKY ROWAÇLYK ALAMATLARY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sar­pa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.

Bezgli Deräniň Syry

Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10ó11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.

REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.

TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?

Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.

«Türkmenistan» gazeti,
10.08.2016

2016-njy ÝYL — MIRASA SARPA GOÝMAK, WATANY ÖZGERTMEK ÝYLY

TARYHYŇ ÝANY

Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.

Diýarymyzyň islendik welaýatyny alyp görseň -de, binagärlik aýratynlyklary bilen tapawutlanýan meşhur taryhy ýadygärlikleri we aramgähleri görmek bolýar. Ol ýadygärliklere wagtyň geçmegi bilen weýran bolmak howpy abanypdyr.

Daşoguz welaýaty hem taryhy we medeni ýadygärliklere oran baý ýerlerin biridir. Ol ýerde orta asyrlarda salnan ajaýyp ýadygärlikler diň e bir biziň halkymyzyň däl, eýsem, bütin dünýäniň ünsüni özüne çekýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty hem ýadygärlikleri rejelemäge we gorap saklamaga öz goşandyny goşup gelýär. Rejeleýiş işleri halkara ylmy hyzmat-daşlyklar esasynda geçirilýär.

Taryh instituty ABş-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň yglan eden «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilginiň gaznasy» atly halkara maksatnamasynyň bäsleşigine gatnaşyp, 2005-nji, 2008-nji,2011-nji, 2014-nji ýyllarda ýeň iji boldy. Şonuň netijesinde hem Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşýän, biziň günlerimize gözgyny halda ýeten Aksaraýdiň ýadygärliginde we Ysmamyt ata binagärlik toplumynda rejeleýiş işleri geçirildi.

...Ysmamyt ata ýadygärlikler toplumynyň rejeleýiş işleri halkara hyzmatdaşlygy esasynda guraldy. Köp ýyllaryň dowamynda Daşoguz welaýatynyň ýadygärliklerini rejelemeklige gatnaşan özbegistanly tejribeli arhitektorlar Wladimir Artemýewiň we Aliýa Urmanowanyň takyk ölçeg alýan gurallaryň kömegi bilen çyzan çyzgylary esasynda köneürgençli we ýerli rejeleýji ussalar tarapyndan alnyp baryldy.

Taryh institutynyň «Gadymy döwrüň taryhy» bölüminiň ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda Ysmamyt ata ýadygärlik toplumynda 2008-nji ýyldan şu günlere çenli 3 tapgyrda rejeleýiş we dikeldiş işleri ýerine ýetirildi.

Birinji tapgyrda toplumyň iki sany uly gümmezli, Ysmamyt atanyň mazarynda we zyýaratçylar üçin namaz, Gürhan okalýan, dileg edilýän otagly jaýda we ýedi gümmezli, uzynlygy 40 metre barabar däliz görnüşinde salnan «Daşköçe» diýlip atlandyrylan desgada rejeleýiş işleri alnyp baryldy.

Ikinji tapgyrda rejelenen binalar «Daşköçeden» demirgazyga uzaýan üsti dört gümmezli, günbatar tarapy kiçiräk baş gümmezli, uzynlygy 14,70 metrden ybarat dälizden namaz okalýan giň merkezi jaýyň töweregi dört otagly, üsti penjireli bir uly we dört sany kiçi gümmezli, öň i peştakly gyşky metjitden we aşhanadan ybarat.

Üçünji tapgyrda üsti bassyrmaly, iki sany oýma nagyşly agaç sütünü ýazky metjit, 12 sany üsti gümmezli hüjreli, iki sany üsti bassyrmaly eýwanly howluly we üsti uly gümmezli peştagy bolan daşky bassyrmaly medrese rejelendi.

Rejeleýiş işleri toplumyň günortasyndan we demirgazygyndan uza-boýuna binýadynyň başlanýan ýerine çenli çukur gazylyp, inedördül bişen kerpiçden ini 80 santimetr, boýy 1,5—2 metre barabar binýady täzeden tutuldy we yzgar geçmez ýaly berkidiş işleri geçirildi. Ýadygärlikde dürli ýyllaryň dowamynda ýerli ilat tarapyndan birnäçe gezek rejeleýiş işleri alnyp barlypdyr. Emma rejelemek baradaky kada-kanunyň yzarlanmandygy sebäpli, soň ky döwürlerde edilen bejergileri, ýagny diwarlaryň daşyndan we üstüne guýlan galyň , ini 50—60 santimetre barabar bolan betonlary aýryp, öň ki kaddyna getirmek üçin taýýarlaýyş işleri geçirildi. Ýadygärligiň daş-töweregini gömlen toprakdan arassalamak işleri arheologlaryň we antropologlaryň gözegçiligi astynda alnyp baryldy. Şeýle hem köne diwaryň örtükleri-suwaglary we kerpiç arasyndaky gumlary arassalandy hem-de onuň ýeri berkligi bilen tapawutlanýan, düzümine angidrit, owradylan hekdaşy we katalizator garylan berk erginden dolduryldy. Soň ra ýumrulan ýerleri dikeltmek işleri dowam etdirildi. Uly jaýryk atandygy zerarly diwarlaryň kabir ýerleri gyşarypdyr. Şol ýerler hem sökülip, täzeden dikeldildi.

Gyşky metjidiň , aşhananyň we hüjreleriň oýma nagyşly 23 sany gapylarydyr penjireleri ýerli neçjar ussasy tarapyndan täzelendi.

Köneürgençli ussalar gümmezlerde we hüjrelerde bar bolan gezden ýasalan nagyşly penjireleriň 22 sanysynyň öň ki durkuny dikeltdiler. Bassyrmalaryň 3-si sökülip, doly täzelenip dikeldildi. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem ýerli ýaşulularyň maslahaty bilen rejeleýiş işlerinde ulanýiýan derek agajynyň pürsleriniň arassalanmadyk pagta ýagyna ýatyrylmagydyr. Şeýtmek bilen pürsleriň berkligi we olara zyýan beriji garynjalaryň degmezligi gazanylýar.

Rejeleýiş işlerinin 3-nji tapgyrynda medresäniň dört hüjresinde ozal gömlüp galan täsin görnüşli nagyşly tekjeleriň üstünden barlyp, täze açyşlar edildi. Arassalaýyş işleri geçirilende, gezden ýasalan geometrik, ösümlik we zoomorf şekilli oýma nagyşly täsin bezegleriň bardygynyň üsti açyldy.

Köneürgençdäki XIV asyrda gurlan diýlip hasaplanýan Ibn Hajybyň medresesinin gurluşy we Bütünlerinin bezegi hut Ysmamyt atadaky medresäniň ki bilen meň zeşdir. Bu medreseler XX asyryň başlarynda hem öz wezipesini ýerine ýetirip, okuwçy okadylypdyr. Obanyň ýaşulularynyň gürrüň bermegine görä, XX asyryň başlaryna Nurjan ahun, Mätnyýaz ahun ýaly sowatly adamlar talyplara ders beripdir. Medresede gyzlar hem okapdyr. Olardan Gurban enäni, Ra-biýa halypany ýatlamak bolar. «Halypa» diýmek «sowatly, mugallym» diýildigidir. Rabiýa halypa gyzlary okadyp, olary sowatly etmekde uly işleri bitiripdir.

Ähli rejeleýiş işleri tamamlanandan son, ýadygärligiň daş-töweregine, 12 hüjräniň içine, gapylarynyň daş işigi-ne, bassyrmalaryň aşagyna, medresäniň howlusynyň düşegine iki hatar, çetleri dandanaly — dikligine goýlup jäheklenen inedördül kerpiçler düşeldi. Şeýle hem ýadygärligiň töwereginde abatlaýyş işleri geçirildi we sazak, ýylgyn ýaly duza-şora çydamly ösümlikler ekildi.

Ýadygärlikleri halkara hyzmatdaş-lygy arkaly öwrenmegiň we dikeldiş işlerini geçirmegiň taryh ylmynda, binagärçilikde, şeýle hem syýahat-çylygy ösdürmek babatda ähmiýeti uludyr.

Taryh instituty Paryzdepede we beýleki ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini, arheologik ýadygärlikleriň elektron kartasyny düzmegi dowam etmek, ýurdumyzyň muzeýlerinde ýerleşýän arheologik tapyndylar bolan metal önümleriniň bezeglerini öwrenmek, Institutyň gaznasynda saklanylýan arheologik tapyndylarymyz bolan baý medeni mirasymyzy rejelemek we täzeden dikeltmek, olaryň himiki düzümini kesgitlemek, olar barada makalalar we çykyşlar gurap, wagyz işlerini alyp barmagy, täze enjamlaryň kömegi bilen Türkmenistanyň häzirki zaman ilatynyň antropologik keşbini öwrenmegi maksat edinýär.

Halkymyzyň taryhyny, edebi we medeni mirasyny, däp-dessurlaryny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary halkara giň işligine çykarmakda döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

Nurgözel BÄşIMOWA,
TÝA-nyň Taryh institutynyň esasy ylmy işgäri,
Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty.


© 2003-2017, TŁrkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.