Makalar

GOWHERIň GYMMATYNY SARRAF BILER

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Ylmy barlaglar we çözgütler

Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi.

PÄHIM-PARASAT ÇEŞMESI

Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.

Ylym — häzirki eýýamyň osüş guraly

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.

Ylmyň meşhur ussatlary

Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.

«IT GELDI — GUT GELDI»

Halkymyz «It geldi — gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar.

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.

MIRAS MUKADDESLIGI

«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

KÄMILLIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr.

BAG — ZEMINIŇ ZYNATY

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.

MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY

Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hünärmenleri ylmy ekspedisiýanyň maglumatlaryny toparlara bölýärler

Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

TARYHYŇ ÝANY

Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.

HÜWDI SANAWAÇLARY

Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Häzirki döwürde iň wajyp mesele­leriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplu­mynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.

ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.

RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.

YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.

Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry — daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.

Arheologiýa: taryhy tapyndylaryň döwrebap seljermesi

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.

ULY TOÝUŇ SÄHEDI: SANLARDAKY ROWAÇLYK ALAMATLARY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sar­pa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.

Bezgli Deräniň Syry

Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10ó11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.

REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.

TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?

Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.

«Türkmenistan» gazeti,
12.07.2016ý.

2016-njy ÝYL — MIRASA SARPA GOÝMAK, WATANY ÖZGERTMEK ÝYLY

GOWHERIŇ GYMMATYNY SARRAF BILER

Orta asyr türkmen edebiýatynda edep hakynda

Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.

Bu möhüm meselede ata-babalarymyzyň durmuş tejribelerinden we ýiti zehininden kemala gelen gadymy golýazmalarymyz möhüm orny eýeleýär. Soňa görä-de, diňe bir öz ýurdumyzyň çäklerinde däl, eýsem, daşary ýurt kitaphanalarynda saklanylýan, halkymyza degişli gadymy golýazmalary toplamak we olary ylmy esasda öwrenmek, şeýlelikde, milli mirasymyzyň taryhynda öçmejek yz goýan akyldarlarymyzyň atlaryny ýüze çykarmak, olaryň döreden edebi-ylmy gymmatlyklaryny halka ýetirmek babatynda örän uly işler amala aşyrylýar.

Biz bu makalamyzda TÝA-nyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda aýawly saklanylýan, Italiýanyň kitaphanalaryndan getirilen gadymy golýazmalaryň biri-takmynan, XIII — XIV asyrlarda Anadoluda ýaşap geçen türkmen akyldary Ýahýa ibn Halylyň «Futuwwetnama» atly eseri barada gürrüň etmegi makul bildik.

Futuwwetnamaçylyk däbi orta asyrlarda bütin musulman dünýäsinde giň gerime eýe bölüp, türki, arap, pars dillerinde ýazylan «Futuwwetnamalaryň» dürli gömüşleri taryhda mälimdir. Ýahýa ibn Halylyň bize miras galdyran «Futuwwetnama» eseri türkmen dilinde ýazylan «Futuwwetnamalaryň» iň gadymysy hasaplanýiýar.

«Futuwwet» — köne türkmen sözi bölüp, ol «feta» diýen sözdendir. «Feta» häzirki zaman türkmen dilinde «ýigit» diýen manyny aňladýar. «Ýigit» diýlende, gowy hasiýetlerin ählisini özüne siňdiren iň bir kamil adam göz öňünde tutulýar. Has dogrusy, ol biziň häzirki ulanýan «ar» diýen sözümiz bilen manydaşdyr. Türkmenler göwni ýeten kişisine «ar kişi» diýýändir.

şeýlelikde, iň gowy hasiýetleri özünde jemleýän we başgalara-da dogry ýoly salgy berýän kamil kişä — «ýigit-är», ýagny «feta» diýlipdir. Olaryň tutýan ýoluny bolsa «futuwwet» diýip atlandyrypdyrlar.

Futuwwet barada awtor şeýle diýýär: «Futuwwet dogruçyllykdan we arassalykdan, ynançdan we pak ýüreklilikden, sahylykdan we jomartlykdan, edepden we haýadan kemala gelendir. Eger, ol bir agaç bolsa, onda onuň pudaklary dogruçyllyk we arassalykdyr, ýapraklary edepdir we haýadyr, köki bitewülikdir we berklikdir, miwesi ylym-bilimdir we ýagşy-zadalaryň söhbedidir».

«Futuwwetnama» kitabyndan alnan «Göwherleriň, jöwherleriň we dürleriň gymmatyny sarrap biler» (Sarrap — gymmatbaha daşlary tanaýan, olara baha kesýän adam) diýien jümlelerde simwoliki beýan edijilik bilen aýdylýan göwher, jöwher, dür — «Futuwwetnama» kitaby bölüp, sarrap — bu kitabyň gadyr-gymmatyna düşünip okaýan okyjydyr. Göwhere-düre deňelen bu kitabyň ähmiýetiniň, gymmatynyň bimöçber uludygyny aýratyn nygtasymyz gelýär. Çünki her bir adamy ylymly-bilimli etmek, iň bir kämil hasiýetleri, ýokary ahlak sypatlaryny ündemek bilen, onuň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek, şol esasda-da «feta — ýigit» diýen mertebä mynasyp bolan kamil ynsany kemala getirmek bu akyldaryň «Futuwwetnama» eseriniň özeni bölüp durýar. Elbetde, eseriň gymmaty hem şondadyr. Çünki munuň özi diňe bir geçmişiň däl, eýsem, häzirki zamanyň hem baş meselesidir.

Halkymyzyň gadymdan bäri saklap we berjaý edip gelýän milli däp-dessurlary, ahlak-edep ýörelgeleri bilen baglylykda, eserde 124 edep beýan edilýär. Bu edep kadalarynyň käbiri, ýagny türkmeniň myhmansöýerlik bilen baglanyşykly ahlak-edep ýörelgeleri — eserde şeýle beýan edilýär:

Myhmançylyga biwagt barmaly däl. Myhmançylyga çagyrmaga gelseler, onda gelen kişiniň öňüne düşüp gitmeli däl. Ol senden uly ýa kiçi bolsa-da, onuň yzyna düşüp gitmeli. Myhman ýerine baryp, içeri gireninde, sag aýagyňy ätläp girmeli. Gapydan içeri gireninde, «Bismilla» diýip girmeli, öýe gireninden soň, öňi bilen sag tarapyňa salam bermeli. Oý eýesiniň görkezen ýerinde oturmaly. Öňüňde goýlan tagama at dakman iýmeli. Nahardan soň köp oturmaly däl. Habaryň alynýança, ýagny öý eýesinden öň söze başlamaly däl. Köp sözlemeli däl.

Birini myhmançylyga çagyrmak üçin baranyňda, berjaý edilmeli edepler hem ünsi çekijidir:

Ilki bilen, baran öýüňe hormat goýmaly. Çagyrjak adamyňy gapyda durup, çagyrmaly däl. Gaýdanyňda, özüň myhmanyň öňünden ýöremeli.

Gelen myhmany garşylamak we ugratmak bilen baglanyşykly eserde berilýän nesihatlar, birinjiden, biziň ata-babalarymyzyň myhmanyň sarpasyny nähili belent saklandyklaryna has aýdyň göz ýetirmegimize kömek etse, ikinjiden, olar häzirki ýaşlarymyz üçin hem nusga alarlyk pentlerdir:

Gelen myhmany güler ýüz, süýji söz bilen garşylamaly. Myhmana öýüň töründen orun bermeli. Myhmany söwüş edip hezzetlemeli. Gowy hezzet-hormat edilenden soň, myhmanyň habaryny almaly.

Her hili ýagdaý ýüze çyksa-da, öý eýesi myhmanyň göwnüne degmeli dal, onuň göwnü-ne başgalaryň degmegine hem ýol bermeli däl.

Myhmany ugradanyňda, ilki bilen, onuň köwşüni öňüne alyp bermeli. Köwşi çep elin bilen alyp, myhmanyň öňüne goýmaly. Myhman köwşüni geýýänçä, sen hem geýmeli däl. Gelen myhmany boş goýbermeli däl. Myhmany halat-serpaý ýapyp, sowgatly ugratmaly.

Ýahýa ibn Halylyň bu gymmatly eserinde arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň ýada iýip-içmegiň, dogry naharlanmagyň sertleri, şeýle hem nahar wagtynda berjaý edilmeli edep-kadalar barada aýdylýan öwüt-ündewler ynsan saglygyny goramakda hem ähmiýetlidir. Olar şeýle beýan edilýär:

— Tagam iýmeziňden ön, elini ýuwmaly we süpürmeli. Tagama «Bismilla» bilen başlamaly. Tagamy ör turup ýa-da tirsekläp ýatyp iýmeli däl. Tagamy arkaýyn oturyp iýmeli. Nahary azajykdan, howlukman çeýnäp we tämiz iýmeli. Agzyňda nahar bar wagty, eger ol söz göwher hem bolsa, geplemeli däl, Tagam iýilýän wagty asgyrasyň ýa-da üsgüresiň gelse, agzyňa ýaglyk tutmaly. Ýöräp barýarkaň, tagam iýmek ýa-da suw içmek bolýan däldir. Tagam iýip otyrkaň, biri gelsede, ýerinden turup gitmeli däl. Saçak başynda başyňy gaşap, gülüp ýa-da artykmaç gepläp oturmaly däl. Her bir tagamy hormat we lezzet bilen iýmeli. Nahardan soň, iýlen tagamyň lezzetini duýup, gerekli doga-dilegleri etmeli. Nahar iýip bolanyňdan soň hem elini ýuwmaly we süpürmeli.

Syrkawlan, hassa adamyny soramaga barmagyň ýa-da ýas ýerlerine barmagyň gadymy-ýetden gelýän däp-dessurlary, edep-kadalary bilen baglanyşykly eserde ündelýän peniler, şeýle hem söz sözlemekde saklanylmaly edepler, egin-eşik geýmegiň edebi, ýol ýöremegiň edebi ýaly görnüşde aýratyn toparlara bölünip görkezilýän edep-kadalar hem örän ähmiýetlidir.

Ýahýa ibn Halylyň «Futuwwetnama» eserinde ündelýän her bir pikiriň, öwüt-ündewiň ýokary çeperçilikde beýan edilendigini hem bellemek gerek:

— Gül bilen ýoldaş bölüp, onuň bilen bile duran toprak hem güle meňzär, ondan gül ysy geler.

— Gül bilen ýoldaş bolandygy üçin bilbiliň ýeri gülzarlyk boldy. Diýmek, bilbil bilen ýol daş bolanyň hem ýeri gülzarlykdyr.

— Bal sirke bilen ýoldaş bolsa, ýagny onuň bilen goşulsa, süyji tagam ondan gider. Emma bir damjajyk hem deňze golaý baryp, onuň bilen goşulyşsa, özi hem deniz bolar.

— Yhlas bilen seretseň, ýönekeý bir daş hem lagyl bolar.

— Ylym deňizdir, oňa gutarma ýokdur.

Ýokary çeperçilikde beýan edilen şunuň ýaly paýhasly pentler eseriň içinden eriş-argaç bölüp geçýär.

Mahlasy, Ýahýa ibn Halylyň bize miras galdyran «Futuwwetnama» eseri adamlara pak ahlaklylygy, ýagşy gylyk-häsiýetleri ündäp, olary hemmetaraplaýyn ajaýyp ynsan bolmaga çagyrýar. Munuň özi umumadamzat ähmiýetli meseledir.

Täjigözel HOJAGELDIÝEWA,

TÝA-nyň Milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri,
dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty.


© 2003-2017, TŁrkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.