Makalar

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Ylmy barlaglar we çözgütler

Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi.

PÄHIM-PARASAT ÇEŞMESI

Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.

Ylym — häzirki eýýamyň osüş guraly

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.

Ylmyň meşhur ussatlary

Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.

«IT GELDI — GUT GELDI»

Halkymyz «It geldi — gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar.

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.

MIRAS MUKADDESLIGI

«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

KÄMILLIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr.

BAG — ZEMINIŇ ZYNATY

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.

MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY

Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hünärmenleri ylmy ekspedisiýanyň maglumatlaryny toparlara bölýärler

Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

TARYHYŇ ÝANY

Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.

HÜWDI SANAWAÇLARY

Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.

GOWHERIň GYMMATYNY SARRAF BILER

Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.

ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.

RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.

YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.

Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry — daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.

Arheologiýa: taryhy tapyndylaryň döwrebap seljermesi

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.

ULY TOÝUŇ SÄHEDI: SANLARDAKY ROWAÇLYK ALAMATLARY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sar­pa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.

Bezgli Deräniň Syry

Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10ó11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.

REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.

TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?

Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.

«Türkmenistan» gazeti, 2016-njy ýylyň 11-nji iýuny

12-nji iýuny — Ylymlar güni

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Häzirki döwürde iň wajyp meseleleriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplumynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar. Adamlar öz ýaşaýyş taryhynyň dowamynda iýmit ösümlikleriniň gözleginde bölüp, olardan azyk önümini almak üçin ekerançylyk medeniýetini ussatlyk bilen kämilleşdirip gelipdirler. Asyrlaryň dowamynda ösümlikleriň nesil toplumynyň hataryna täze döredilen oba hojalyk ekinleri girizilipdir. Gündelik durmuş zerurlygynyň talabyna baglylykda döredijilik gözlegleri häzirki döwürde hem dowam etdirilýär. Toprak-suw-howa şertlerine laýyklykda, ösümlikler we jandarlar berk sazlaşykly gatnaşyklaryň oňaýly täsiri netijesinde öz nesil dowamatlaryny bir bitewi aýlawyň çäginde dowam etdirýärler we özgerdýärler. Adamlar öz azyk harajatlary üçin sarp edýän ösümliklerinden öndürilýän önümleriň hil hasiýetlerine baha berip gelipdirler. Olary dürli hadysalaryň kyn şertlerine doz gelýän sortlarynyň we görnüşleriniň nesil toplumynyň tohumlarynyň durnukly asyl nusgalaryny ýönekeý usullar bilen ýitirmän saklapdyrlar hem-de öz zerurlyklaryna görä ekip ulanypdyrlar. Şeýle-de, olary tebigatyň üýtgemegi bilen ýerli şertleriň talaplaryna baglylykda özgerdip gelipdirler.

Alymlaryň pikirine görä, ösümlikleriň nesil toplumynyň ätiýaçlyk gorlaryny şol döwletiň «altyn ätiýaçlygyna» deňäp bolar. Her bir döwletiň altyn ätiýaçlygy çäklidir, ösümlikleriň nesil toplumynyň ätiýaçlygy gaýtalanýandyr we dowamlydyr. Bu wajyp mesele filosofiýa nukdaýnazary bilen seljerilende, ösümlikleriň nesil toplumynyň gory islendik halkyň buýsanjydyr, ýokary derejede durýan milli baýlykdyr. Çünki beýleki milli baýlyklar ösümlikler bilen tebigatyň arasyndaky bölüp geçýän hadysalaryň netijesinde ýüze çykýar.

Dünýäde howanyň üýtgemegi we ygallaryň kemelmegi netijesinde ösümlikleriň ýitip gitmek howpy alymlary biynjalyk edýär. Munuň iň esasy sebäbi hem, her bir ýitirilen ösümligiň sortuny we görnüşini taäzeden döretmek mümkinçiliginiň ýok hasap edilmegindedir. Şeýle-de, howanyň guraklygy ýabany ösümlikleriň gömüşleriniň ýitip gitmek howpuny ýokarlandyrýar. Soňky ýyllarda alymlar öz ýurtlarynda ösýän ýabany ösümlikleriň we oba hojalyk ekinleriniň nesil toplumynyň tohumlarynyň asyl nusgalaryny ýygnamak işlerine has uly ähmiýet berdiler. Netijede, alymlar dünýa boýunça dürli ösümlikleriň nesil tohumlarynyň asyl nusgalarynyň 7 milliona golaýyny ýygnap, öz milli Genetika banklarynda ýerleşdirdiler. Häzirki we geljeki nesiller üçin ýygnalan ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalary dünýäniň dürli döwletlerinde döredilen 1800 milli Genetika banklarynda saklanýar. Ösümlikleriň nesil toplumynyň tohumlarynyň asyl nusgalary Ýewropada, Demirgazyk Amerikada, Aziýada, Ýakyn Gündogarda, Latyn Amerikasynda, Afrikada, Malkara ylmy merkezlerde we hususy hojalyklarda uzak möhletli döwür üçin saklanylýar. Şeýlelikde, milli Genetika banklaryny döreden döwletleriň alymlary, öz ýurtlarynda azyk ýetmezçiligi howpunyň bolmak töwek-gelçiliginiň öňüni almak wezipesini üstünlikli amala aşyrdylar diýip hasap edýärler. Çünki şol döwletlerde ösümlikleriň nesil toplumynyň tohumlarynyň girew ätiýaçlygy hemişelik saklanýar we ösümlikleriň ýitip gitmek howpunyň öňi alynýar. Genetika banklary döredilen döwletlerde ösümlikleriň tohumlaryny täzeden dikeltmek we önümçilige ornaşdyrmak mümkinçiligi bar. Dünýäniň iň iri milli Genetika banklarynda we gorlarynda oba hojalyk ekinleriniň sortlarynyň ýitirilmezligi üçin bugdaýyň 788 654 sany, arpanyň 486 724, şalynyň 420 341, noýbanyň 268 369, mekgejöweniň 261 584, soýanyň 176 400, sorganyň 168 550, nohudyň 69 736 sany we beýleki ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalary saklanýar.

Ýer ýüzüniň ösümlikleriniň nesil toplumynyň tohumlarynyň ähli asyl nusgalaryny hiç bir döwletiň öz milli Genetika bankynda saklamak mümkinçiligi ýokdur, belki, onuň geregi hem ýokdur. Ösen döwletleriň alymlary tarapyndan oba hojalyk we senagat pudaklarynyň ykdysadyýetine oňyn täsirini ýetirip biljek beýleki döwletlerde saklanýan ösümlikleriň nesil toplumynyň tohumlaryny ylmy esasda öwrenýärler we döwletara ylalaşyklaryň esasynda öz milli Genetika banklaryna ýygnamaga çalyşýarlar. Şu nukdaýnazardan ösümlikleriň nesil toplumynyň tohumlarynyň alyş-çalyş işleriniň netijesinde ylym we önümçilik ähmiýetli ýokary hasylly däneli, gök we bakja ekinleriniň, miweli baglaryň sortlary hem-de gömüşleri dünýäniň köp ýurtlarynyň oba hojalygynda önümçilige ornaşdyryldy.

Türkmenistanyň dagynyň, düzüniň, çölüniň we deňziniň geografiýa taýdan ýerleşişi onda gezekleşip gelýän pasyllara görä, ösümlikleriň jandarlar bilen ýaşaýyş zerurlyk gatnaşyklaryna baglylykda, ösümlikler öz genetika nesil dowamatynyň durnuklylygyny häzire çenli saklap gelýärler. Tebigatda ösümlikleriň ösýän ýerleriniň toprak-suw-howa şertleriniň üýtgemegi bilen olaryň özara tebigy genetiki çakyşmalarynyň netijesinde täze morfologiki görnüşli ösümlige öwrülýärler. Tebigatymyzda ösýäri ösümlikleriň nesil toplumynyň tohumlarynyň asyl nusgalaryny ýygnamak zerurdyr. Şunda ýurdumyzyň milli Genetika bankynyň döredilmegi oňyn netijelerini berer. Bu bankda ýygnalyp saklanjak ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalary türkmen halkynyň egsilmez baýlygy hökmünde azyk howpsuzlygyny üpjün eder.

Ösümlikleriň nesil toplumyny ýygnamak we saklamak boýunça milli Genetika banky döredilen döwletleriň we Halkara ylmy merkezleriň alymlary bilen türkmen alymlarynyň arasynda halkara ylmy we dostlukly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Halkara ylmy gatnaşyklaryň netijesinde ata-babalarymyzyň döreden oba hojalyk ekinleriniň köp sanly sortlarynyň we görnüşleriniň daşary ýurtlaryň milli Genetika banklarynda saklanýandygy malim boldy. Şeýlelikde, halkara hyzmatdaşlygyň çäginde oba hojalyk ekinleriniň sortlaryny we görnüşlerini ýurdumyza getirmegiň mümkinçilikleri öwrenildi. Gadymy döwürde döredilen oba hojalyk ekinleriniň, esasan hem, gadymy bugdaýyň 41 sorty Gurak şehitlerde oba hojalyk ylmyny öwrenýän Halkara merkeziň Genetika bankynda saklanýar. Daşary ýurt alymlary bu sortlaryň daşky gurşawyň ýaramaz täsirlerine — yssa we gurakçylyga çydamly hasiýetleriniň bardygyny belleýärler we olaryň üstünde seçgi ylmy işlerini alyp barýarlar.

Türkmenistan çöllük ýurt hasap edilýän hem bolsa, onuň beýleki döwletlere garanda genetika taýdan durnukly, çylşyrymly tebigy hadysalara çydamly, başga ýurtlarda gaýtalanmaýan ösümlikleri bardyr. Olaryň nesil toplumynyň tohumlarynyň asyl nusgalaryny milli Genetika bankynda saklamak we peýdalanmak sogaply işleriň biri bolar.

Aşyrmuhammet Saparmyradow,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Oba hojalyk ylymlary bölüminiň baş bilermeni,
tehniki ylymlaryň kandidaty.


© 2003-2017, TŁrkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.