Makalar

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
  

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Ylmy barlaglar we çözgütler

Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi.

PÄHIM-PARASAT ÇEŞMESI

Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.

Ylym — häzirki eýýamyň osüş guraly

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.

Ylmyň meşhur ussatlary

Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.

«IT GELDI — GUT GELDI»

Halkymyz «It geldi — gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar.

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.

MIRAS MUKADDESLIGI

«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

KÄMILLIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr.

BAG — ZEMINIŇ ZYNATY

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.

MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY

Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hünärmenleri ylmy ekspedisiýanyň maglumatlaryny toparlara bölýärler

Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

TARYHYŇ ÝANY

Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.

HÜWDI SANAWAÇLARY

Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.

GOWHERIň GYMMATYNY SARRAF BILER

Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Häzirki döwürde iň wajyp mesele­leriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplu­mynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.

ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.

RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.

YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.

Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry — daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.

Arheologiýa: taryhy tapyndylaryň döwrebap seljermesi

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.

ULY TOÝUŇ SÄHEDI: SANLARDAKY ROWAÇLYK ALAMATLARY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sar­pa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.

Bezgli Deräniň Syry

Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10ó11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.

REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.

TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?

Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.

Türkmenistan gazeti, 2016-njy ýylyň 18-nji maý

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir. Ol öz ykbalyny bagyş eden işinde günbe-günden kämilleşip, öz döwrüniň ussat şahyry hökmünde halkyň söýgüsini gazanypdyr.

Magtymguly Pyragy öz döwrüniň öne sü­ren ýiti meselelerinin oňyn çözgüdini gözläp, durmuşda bolýan nogsanlyklary, olaryň pajygaly netijelerini ýürek hesreti bilen berk ýazgarypdyr. Türkmenleriň bir döwlete birik­mek, goňşy halklar bilen dostlukly ýaşaşmak ideýasy şahyryň eserlerinin süňňüne ornaşypdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Magtym­guly Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki in uly hyzmatlarynyň biri onuň agzybirlik ugrundaky tagallasydyr. Berkarar döwleti döretmek barada arzuw eden beýik şahyryň we akyldaryň röwşen umyt-ideýalarynyň hakdygyny taryh subut etdi.

Örän çylşyrymly döwürde ýaşan Magtym­guly öz döwrüniň her bir nogsanlyklaryna, ýa­ramaz hadysalaryna ýakyndan seslenipdir, köňül eleginden geçirip, olary berk ýazgaryp­dyr, olaryň öňüni almagy öz döwrüniň esasy wezipesi hasap edipdir hem-de türkmenleri agzybirlige, özara birleşip döwlet döretmäge çagyrypdyr.

Magtymgulynyň döredijiliginde agzybirlik, Watan, il-gün baradaky eserler esasy orun tutýar. Beýik şahyr öz halkynyň ykbaly bara­da ýakyndan alada edip, onuň erkinlik, özbaş-daklyk baradaky asylly arzuw-umytlaryny, isleglerini ussatlyk bilen beýan edipdir we halky agzybirlige çagyrypdyr. Ol özüniň «Türkmeniň» atly ajaýyp şygrynda

Köňüller, ýürekler, bir bölüp başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada tayýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Magtymguly agzybirligi erkin, rehnetli dur­muş gurmagyň esasy we ilkinji şertleriniň biri, parahat, asuda durmuşyň girewi hasaplapdyr. Şu röwşen ideýalary amala aşyrmak üçin «bir äriň daşyna jemlenmelidigi» baradaky pikirleri öne sürüpdir. Magtymguly ata-babalaryň penilerine we Firdöwsiden, Nyzamydan, Nowaýydan gaýdýan progressiw syýasy düşünjeleriň dessurlaryna wepaly adam hökmünde döwleti parasatly, bilimli we ynsanperwer hökümdaryň dolandyrmagy zerur diýip hasap edipdir. Magtymgulynyň özüniň hem şeýle hormat goýýan we onuň ynamlaryny ödäp biljek adamlaryň kabirlerine ýakyn durandygyny käbir subutnamalar tassyklaýar. Şeýle adamlaryň ikisi barada onuň goş-gularynda agzalyp geçilýär. Olar Öwez batyr we Çowdur han ýaly adamlardyr. Ol «Ärden» diýen şygrynda:

Agyr döwletler aýrylar,
Bir agza bakmaýan ärden

diýen bolsa, «Ýalydyr» goşgusynda:

Öter ömrüň — dünýa seýliň,
Hak ýoluna bagla biliň,
Agzy ala bolan iliň
Döwleti gaçan ýalydyr

diýip, bu pikiri dowam edýär.

Magtymguly öz il-gününi, Watanyny dine bir oňal görmek bilen çäklenmän, onuň özbaşdaklygyny saklamak, gerek bolsa janyny gurban etmek ýaly watançylyk pikirlerini öňe sürüpdir. Şonuň üçin ýigidiň edermenligini, mertligini Watan bähbidi, il-halk bähbidi bilen içgin baglanyşdyrýar. Şu jähetden ol halkyň erkin durmuşy ugrunda gaýratly göreşen ýigitleri wasp edip, gara nebislerine hyzmat eden namartlary, gorkaklary bolsa pugta ýazgarýar.

Magtymguly Watana, halka wepaly bolmagy hem-de yhlasly hyzmat elmegi jemgyýetiň gözelligi, adamyň ajaýyplygy, gaflatparazlygy ýoga çykarýan şamçyrag hasaplaýar. Magtymguly öz goşgularynda iliň-halkyň güýjüne mynasyp baha berýär. Ol «Ýaşymyz» diýen şygrynda şeýle ýazýar:

Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym botsun, gurulsyn,
Çille mest nerlermiz barça aýylsyn,
Bir suprada eda bolsun aşymyz.

Watansöýüjilik temasy beýik şahyryň döre­dijiliginiň esasy meselelerinin biri bölüp, onuň eserleriniň içinden eriş-argaç bölüp geçipdir. Şahyr hakyky watançylaryň halk köpçüligidigine düşünýär, şonuň üçin hem ol Watanyň üstüne howp abanan wagty, olara ýüz tulup, iliň-ýurduň ar-namysyny gorap saklamaga bütin türkmen halkyny çagyrýar. Magtymgulynyň «Türkmeniň», «Gürgeniň», «Gökleň», «Türk­men binasy», «Ili gözlär», «Bilinmez» ýaly ençeme goşgulary onuň watansöýüjiliginiň beleni mertebesini görkezýär. Ol şu hili eser­leri bilen adamlarda öz ýurduna, iline söýgi, guwanç häsiýelleriniň döremegine hemaýal edipdir.

Hak sylamy ş, bardyr onuň saýäsy,
Çyrpynşar çölünde neri, maýasy,
Reňbe-reň gül açarýaşyl ýaýlasy,
Gark bölmüş reýhana çöli türkmeniň.

Tebigat bilen berk baglanyşygyň joşguny netijesinde şahyrda watanperwerligiň çuňňur we güýçli duýgusy döreýär. Bular bolsa onuň goşgularynda şahyryň ruhy dünýäsiniň iň möhüm sülünleriniň biri bölüp durýar. Mag­tymguly Watana, halka wepalylygy we söýgini adamyň kämilligi, onuň ruhy gözelligi hasap edipdir. Bitewi türkmen döwlelini dörelmäge çagyrmak bilen, ol öz goşgularynda halk köp-çüliginiň güýjüne mynasyp baha berýär. Şahyr hakyky watançylaryň halkyň uly bölegini düzýändigine düşünýär.

Magtymguly Pyragynyň agzybirlikde ýa­şamak, Watany ak ýürekden söýmek bara­daky arzuwlary Berkarar döwleliň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurt Baştutanymyz döwleliň güýjüniň milletiň bitewüliginde we agzybirligindedigini mydama nyglap geçýär, döwleliň üstünlikleriniň esasynda bolsa parahatçylygyň we agzybirligiň durandygyny belleýär. Beýik akyldaryň türk­men halkynyň durmuşyndaky orny barada söz açyp, hormatly Prezidentimiz Magtym­guly Pyragynyň bize ajaýyp eserleri miras goýan şahyr we akyldardygyny belläp geç­ýär. Häzirki wagtda tutuş adamzal beýik filosofyň we ynsanperwer şahyryň şygryýetinden joşgun we ruhy kuwwat alyp, parasally türkmen danasynyň döredijiligine uly hormat goýýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly: «Magtym­guly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly be­ýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr».

Atageldi BAÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Taryh institutynyň direktory,
Taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent.


© 2003-2017, TŁrkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.