Makalar

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Ylmy barlaglar we çözgütler

Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi.

PÄHIM-PARASAT ÇEŞMESI

Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.

Ylym — häzirki eýýamyň osüş guraly

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.

Ylmyň meşhur ussatlary

Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.

«IT GELDI — GUT GELDI»

Halkymyz «It geldi — gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar.

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.

MIRAS MUKADDESLIGI

«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

KÄMILLIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr.

BAG — ZEMINIŇ ZYNATY

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.

MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY

Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hünärmenleri ylmy ekspedisiýanyň maglumatlaryny toparlara bölýärler

Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

TARYHYŇ ÝANY

Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.

HÜWDI SANAWAÇLARY

Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.

GOWHERIň GYMMATYNY SARRAF BILER

Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Häzirki döwürde iň wajyp mesele­leriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplu­mynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.

ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.

RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.

YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.

Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry — daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.

Arheologiýa: taryhy tapyndylaryň döwrebap seljermesi

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.

ULY TOÝUŇ SÄHEDI: SANLARDAKY ROWAÇLYK ALAMATLARY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sar­pa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.

Bezgli Deräniň Syry

Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10—11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.

REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.

TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?

Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.

«Türkmenistan» gazeti

29.02.2016

2016-njy ýyl — Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

25-nji fewralda paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirilip, onda hormatly Prezidentimiz yklymyň iri sport baýramyna taýýarlyk görmek bilen bagly gymmatly başlangyçlary öňe sürdi. Milli Liderimiziň şol günki taryhy çykyşynda Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galanda, ýurdumyz boýunça atly ýörişi guramak barada öňe süren teklibi biziň her birimiziň kalbymyzda ägirt uly buýsanç duýgusyny döretdi. Bu ýörişe gadymy Nusaý ýadygärliginden ak pata berler. Munuň özi bolsa, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň milli mirasyna çäksiz sarpa goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

«Parfiýa patyşalarynyň mesgen tutan ýeri bolan Täze Nusaýda gazuw-agtaryş işleri geçirilen mahaly tapylan at şekiljikleriniň arasynda sowut bilen üsti bürelen, söweş tuwulgasy geýdirilen söweşijiniň atynyň şekili tapyldy. Dünýäde ilkinji söweşjeň esgerler hem şu jelegaýda — Parfiýada döräpdir. Soňra bolsa atlary demir sowut bilen örtmek usuly gaýduwsyzlygyň we asyllylygyň nyşany hökmünde bütin dünýä ýaýrapdyr...

...şol meşhur bedewleriň watany bolsa, Köpetdagyň gerişleriniň ugry bilen uzalyp gidýän darajyk mes toprakly giňişlik bolan Ahaldyr...».

Hormatly Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabyndan.

Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar. Dal bedewlerimiz dünýäniň medeni tohum atlarynyň iň naýbaşylarynyň biri bolmak bilen tapylgysyz nesil çeşmesine öwrüldi. Alymlar Türkmenistanyň dünýä belli ahalteke atlarynyň gadymy hytaý çeşmelerinde «nusaý atlary», «ganatly atlar» ýa-da «asman atlary» diýip atlandyrylýan bedewleriň gönüden-göni neslidigini belleýärler. Bu ýerde gürrüň Parfiýa — Nusaý atlary barada gidip, ol ahalteke atlarynyň asly hasap edilýär.

Ärsak tarapyndan esaslandyrylan Parfiýa döwleti (b.e.öň. 247 — b.e. 226 ý.ý.) Türkmenistanyň çäginde döredilen esasy döwletleriň biri bolup, şöhratly taryhymyzda aýratyn orun eýeleýär. Ýeri gelende bellesek, gadymy döwürlerde Köpetdagyň etekleri Parfiýa, Parfiena, Nisaýa diýlip atlandyrylypdyr. Döwletiň ilkinji paýtagty hem Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Köne Nusaý bolupdyr.

Döwletiň çäkleriniň ýuwaş-ýuwaşdan giňelmegi (esasan-da, günbatar tarapa) we onuň uly imperiýa öwrülmegi bilen, onuň merkezide birnäçe gezek üytgedilipdir. Parfiýanyň merkezi ilki Nusaýdan Gekatompile («Yüz derwezeli» diýen manyny berýän şäher), soň Ekbatana (häzirki Hamedan) we Mesropotamiýadaky — Tigr derýasynyň kenaryndaky Ktesifona geçirilýär. Emma Nusaý döwlet garaşsyzlygynyň yglan edilen ýeri we Ärsagyň şa tagtyna çykan ýeri hökmünde döwletiň ruhy merkezi, nesilşalygyň goraghanasy we şa gymmatlyklarynyň saklanýan ýeri hökmünde özüniň gymmatly ähmiýetini saklapdyr.

Biziň ata-babalarymyz tarapyndan döredilen Parfiýa döwleti 500 ýyla golaý wagtlap dowam edip, onuň çäklerinde ýaşan ilat durmuşyň ähli ugurlary boýunça ösüşlere eýe bolupdyr.

Parfiýa döwletiniň taryhy bilen baglanyşykly ýazgy ýadygärlikleriniň örän az sanlysy saklanyp galypdyr. Çünki Parfiýadan soňky döredilen Sasanylar döwletinde parfiýalylara degişli ähli ýadygärliklere biparh garalypdyr. Diňe grek-rim awtorlarynyň galdyran ýazgylarynda, hytaýly syýahatçylaryň ýatlamalarynda we ermeni çeşmelerinde Parfiýa barada maglumatlar saklanyp galypdyr. Ýazgy ýadygärliklerine esaslanylyp ýazylan ilkinji ylmy iş N.S. Dibwoýza degişlidir. Bu eser iňlisçeden beýleki dillere-de terjime edilip, häzirki günlerimize çenli öz gymmatyny ýitirmän gelýär. A.G.Bokşaniniň 2 jiltden ybarat bolan «Parfiýa we Rim» atly eseri hem Parfiýa döwletiniň taryhy bilen baglanyşykly ýazylan esasy işleriň biridir.

Atşynaslar ahalteke bedewlerini Parfiýa atlarynyň nesli hasaplaýarlar. Görnükli alym, atlaryň janköýeri, professor W.O.Witt: «Ahalteke bedewleri şol gadymy arassa ganly atlaryň hazirki nesilleridir. Olaryň kömegi arkaly dünýäniň atşynaslyk ulgamynyň ähli medeniýeti kemala getirildi» diýip belleýär.

Biziň eýýamymyzdan ozalky V asyrda ýaşap geçen gadymy grek taryhçysy Ge-rodot «Gündogarda ajaýyp atlar gezýän Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar. Nusaý atlary öz gözelligi bilen tapawutlanýar. Bu bedewler kuwwatly şalara mynasyp. Olar tüňňüburun buysançly başlaryny belent tutýarlar we olaryň ýallary howada owsun atýar» diýip, belläp geçipdir. Şeýle hem Tasitiň «Parfiýalylaryň ýeke-täk harby güyji atly esgerlerdir» diýip belleýşi ýaly, parfiýalylar at bilen bagry bada-şan il bolupdyr. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda Plutarha salgylanylyp, şeýle bellenilýär: «Birmeňzeş ýeňillik bilen towsup münmäge we zerurlyk yüze çykanda, göze ilmez çaltlyk bilen çar ýana pytrap gitmäge ezber parfiýalylar duşmany peýkam bilen päsgelçiliksiz gyrgyna salmak üçin atly goşunlaryny bölek-bölek ýerleşdirýärier».

Gadymy grek filosofy we biografy Plutarhyň (b.e. 45—127 ý.ý.) Saýlanan terjimehallar" atlyeserinde Rim goşunlarynyň Parfiýa ýörişini suratlandyranda, Parfiýanyň agyr we ýeňil atly goşunynyň bolandygyny, söweşde, aýratyn-da, düz meýdanda olaryň örän howpludygyny belläpdir. Plutarhyň ýazmagyna görä, Mesopotamiýanyň çäklerine giren rim goşunyny parfiýalylardan gorky duygusy gaplap alypdyr. Parfiýalylaryň harby işeörän ezberdigi, olaryň kowgusyndan gaçyp gutulyp bolmaýandygy, özleriniň bolsa gaçsa ýetdirmeýändigi, esgeri görüp ýetişmänkäň, onuň peýkamyny görýändigiň barada aýdypdyrlar. Şeýle hem demir donly atlylaryň naýzalarynyň ähli zady paralaýandygy, gylyçlarynyň bolsa gerek ýerini kesýändigi hakdaky habar rim goşunlaryny uly howsala düşüripdjr. Ýeňil ýaraglanan, ýaý çekip, peýkamlary dyngysyz ýagdyryan, çakgan hereket edýän atly goşunlar parfiýalylara aýgytly ýeňiş gazanmaga ýardam beripdir. Agyr ýaraglanan göşunyň esgerleriňiň we atlarynyň söweş esbaplary bürançiden we’ demirden bolup, çig hamdan edilen gorag örtükleriniň yüzüne teňňe mysaly demir bölekleri tikilipdir. Plutarh öz ýazgylarynda: «Parfiýa söweşijileri öz söweş esbaplaryny uzyn donlaryna bukup, rimlileriň golaýyna baranlarynda bolsa, daşky lybaslaryny sypyryp aýrypdyrlar welin, olaryň endamlaryndaky we atlaryndaky sowutlardyr galkanlar Günüň şöhlesine lowurdap, rimlileriň gözüni gamaşdyrypdyr» diýip, örän çeper suratlandyrypdyr. Şeýle örtükleriň yüzüne tikilen tekiz demir bölejikleri Köne Nusaýdaky uly inedördül jaýda gazuw-agtaryş işleri geçirilende hem yüze çykaryldy.

Plutarhyň beýanyndan Parfiýa döwletiniň atly goşunynyň uly abraýa eýe bolandygy äşgär yüze çykýar. Bu onuň belli Rim serkerdesi Krassyň ýolbaşçylygyndaky goşunyň Karry şäheriniň (Türkiýäniň häzirki çäklerindäki Harran şäheri) golaýynda, bolan söweşde parfiýalylardan ýeňlendigini suratlandyrýan işinde has hem aýdyň görünýär. Parfiýanyň Rim imperiýasynyň Gündogar ýurtlaryny basyp almagyna böwet bolmagy parfiýalylaryň bitiren uly hyzmatlarynyň biridir.

Bu gönüden-göni döwletiň harby sungatyna bagly bolupdyr. Parfiýanyň atly goşuny iki görnüşden — ýenil ýaraglanan atlylardan hem-de agyr ýaraglanan atlylardan ybarat bolupdyr. Ýenil ýaraglanan atly ýayçylar Parfiýanyň atly goşunynyň köp bölegini tutup, agyr ýaraglananlardan on esse diýen ýaly köp bolupdyr. Zerurlyk yüze çykanda, halkyň arasyndan ýaý bilen ýaraglanan atly goşuny gysga wagtyň içinde toplamak mümkin bolupdyr. Goranyşda ýa-da hüjümde parfiýalylar duşmanyň daşyny ýarym gabawa alyp, uzak aralykdan köpçülikleýin ýaý atypdyrlar. «Parfiýa ýayçysy» ady bilen taryha giren parfiýalylaryň taryhda tutan orny örän uludyr. Atly esger gaçyp barýan garşydaşlaryndan öne geçip hem-de atyň üstünde doly yzyna öwrülip, duşmanlaryna tarap ok atyp bilipdir. Söweşde bu hereketi ýerine ýetirmek örän kyn bolup, ol rimlilere ýa-da beýieki halklara başartmandyr.

Häzirki wagtda Köne Nusaýda tapylan diwara çekilen surattaryň iki sany bölegi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň arheologiýa gaznasynda saklanylýar, Olaryň biri 30×40 santimetr ölçegde bolup, onda çapyp barýan atyň üstünde oturan eli ýaýly oglanyň keşbi şekillendirilipdir. Bu diwar bezeginiň böleginiň öwüşginleri ak, çal, gülgün, gyzyl, gyzgylt-goňur, mawy we gara reňklerden ybaratdyr. Atyň üstünde gürgara saçly, gök guşak bilen guşanan, ýenil eşikli ýigit görkezilipdir. Atyň üstüne gök köýnekçe atylyp, gyzyl eýer eýerlenipdir. Bu suratyň duşmanvň jümmüşine batyrgaý ylgap söweş eden ýaş oglanyň şekili bolmagy juda ähtimaldyr.

Diwar bezeginiň ikinji böleginiň ölçegi 45×35 santimetr bolup, iki tarapdan bir-birine garşy göreşýän atly goşunyň atlarynyň (göwüsleriniň, aýaklarynyň, toýnaklarynyň şekilleri saklanyp galypdyr. Bu bölekde dor, gara, çal we altynsow atlaryň bedenlerini görmek bolýar. Suratyň düşegi ak bolup, onuň yüzünde açyk goňur, garamtyl-gyzyl, goňur, sary we gara reňkler ulanylypdyr.

Parfiýa döwletinde ýaý häkimiýetiň nyşany bolupdyr. Şol sebäpden-de, ýaý bilen birlikde onuň oky we eli ýayly hökümdar ýa-da eli ýaýly esger parfiýalylaryň şekillendiriş sungatynda hem uly orun tutýar. Ony parfiýalylaryň zikgelän teňňeleriniň we diwar bezegleriniň mysalynda hem görkezmek bolýar.

Parfiýa welaýatlarynda zikgelenen ýerli pullaryň arka tarapynda atyň şekilini görmek bolýar.

Häzirki Türkmenistanyň çäklerinde atlaryň antik döwürde hem möhüm orna eýe bolandygyna Nusaýda yüze çykarylan diwar bezegleridir palçykdan, daşdan, bürünçden ýasalan şekillerdäki, möhürlerdäki, teňňelerdäki we heýkellerdäki atyň şekilleri hem güwä geçýär. Gadymy suratçylar Nusay atlaryny gayduwsyz ýyndam, buysançly, owadan keşpde şekillendiripdirler.

Diwar bezegleri bolan bu suratlar Parfiýa atlarynyň reňkleriniň nähili bolandygy barada maglumatlary berýär. Gadymy ýazyjylaryň Nusaý atlarynyň altyn öwüşginli bolandyklaryny aýdyp geçmegi aýratyn bellärliklidir. Olar häzirki zaman altynsow ahalteke atlarynyň ata-babalarydyr diymäge doly esas bolup biler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ata-babalarymyzyň baý medeniýetiniň gadymy ojaklarynyň biri bolan Watanymyzda türkmen bedewleriniň sarpasy belent tutulyp, olaryň şan-şöhraty öňküden hem giň gerimde dünýa ýaýylýar.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde türkmen bedewiniň şekiliniň saýlanyp alynmagy hem tötänden däldir. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly: «Ahalteke bedewleri türkmen topragynyň hakyky täsinligidir, türkmen halkynyň kalbynyň ganatydyr, biziň milli buýsanjymyzdyr».

Nurgözel Bäşimowa,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Taryh institutynyň esasy ylmy işgäri


© 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.