Makalar

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Halyçylyk sungatynyň waspy

Halyçylyk sungaty uzak heňňamlarda timarlanyp, gitdigiçe owadanlanyp, türkmeni dünýä ýüzüne tanadyp gelen milli guwanjymyzdyr, halkyň ýüzüniň tuwagydyr.

Ylmy barlaglar we çözgütler

Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi.

Himiya instatituty: Gin mumkinçilikler, aydyn maksatlar

Ýurdumyzda ylym-bilime, dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda, alymlaryň işine itergi bermek, türkmen ylmynyň taze binýadyny tutmak boýun-ça düýpli işler amala aşyrylýar.

PÄHIM-PARASAT ÇEŞMESI

Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.

Ylym — häzirki eýýamyň osüş guraly

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.

Ylmyň meşhur ussatlary

Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.

«IT GELDI — GUT GELDI»

Halkymyz «It geldi — gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar.

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.

MIRAS MUKADDESLIGI

«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

KÄMILLIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr.

BAG — ZEMINIŇ ZYNATY

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.

MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY

Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hünärmenleri ylmy ekspedisiýanyň maglumatlaryny toparlara bölýärler

Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

TARYHYŇ ÝANY

Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.

HÜWDI SANAWAÇLARY

Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.

GOWHERIň GYMMATYNY SARRAF BILER

Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Häzirki döwürde iň wajyp mesele­leriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplu­mynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.

ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.

RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.

YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.

Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry — daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.

Arheologiýa: taryhy tapyndylaryň döwrebap seljermesi

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.

ULY TOÝUŇ SÄHEDI: SANLARDAKY ROWAÇLYK ALAMATLARY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sar­pa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.

Bezgli Deräniň Syry

Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10ó11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.

REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.

TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?

Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.

«Türkmenistan» gazeti

22.01.2016

2016 ýyl — Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.

Bilşimiz ýaly, hormatly Preziden­timiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň çäginde, Köpetdagyň etegindäki umumy meýdany 3,2 gektara barabar bolan Parz-depede bolanda, ol ýeriň gadymy geçmişi barada gymmatly maglumatlary aýtdy. Tanyşlygyň barşynda asyrlara şaýat bölüp ýatan küýze belekleriniň Nusaýyň keramikasyna kybap gelýändigi bellenildi. Has ga­dymy döwre degişli bolan käriz ulgamy bolsa taryhçy alymlara Parzdepäniň Parfiýa döwletiniň döwrüne degişlidigi barada ylmy çaklamany öne sürmäge esas döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň mü­barek gadamy düşen Parzdepäniň gadymy medeniýetiniň Nusaý bilen ugurdaşlygy bize Köpetdagyň eteginde ýerleşýän bu gady­my şäheriň geçmiş taryhy hakynda söhbet açmaga ýardam edýär.

Gojaman Köpetdagyň günbataryna sary ýaýylyp gidýän Nusaý gaýtalanmajak gözelligi, üstünde geçen taryhy wakalary bilen asyrlaryň dowamynda dünýa alymlarynyň ünsüni özüne çekip gelipdir. Biziň eýýamymyzdan öňki II—I asyrlara degişli bolan bu mede­ni ojak Köne we Täze Nusaýdan ybaratdyr. Bu töwerekler parfiýalylaryň gadymy medeni ojagynyň esasy şäheri bolupdyr.

Ýerli ilat Köne Nusaýyň mesgenini häzir hem «Köne Nusaý» diýip atlandyrýar. Baýryň üstün­de gurlan bu medeni mesgen 15 gektara golaý ýeri öz içine alýar.

Biziň eýýamymyzdan öňki III asyryň ortasynda Orta Aziýanyň halklary selewkitlere garşy gozgalaň turzupdyrlar. Gozgalaňyň mer­keziniň biride Parfiýa bolupdyr. Bu ýerde ona doganlar Arşak we Tridat ýolbaşçylyk edip, olar Parfi­ýa döwletiniň esasyny tutupdyrlar. Mitridat II döwründe Parfiýanyň çägi Siriýadan Hindistan aralygyna çenli giňelipdir. Parfiýa döwleti biziň eýýamymyzdan öňki 226-njy ýylda synandan soň, Köne Nusaý dine V asyryň birinji ýarymynda gaýtadan dikeldilip başlanypdyr.

Köne Nusaýyň taryhy alymlary gyzyklandyrmak bilen, olar dürli döwürlerde gazuw-agtaryş işleri­ni alyp barypdyrlar. Bu işler 1930-njy ýyldan 1960-njy ýyllar aralygynda giň gerime eýe bolupdyr. 1946-1960-njy ýyllarda professor M.Ý.Massonyň ýolbaşçylygynda alnyp barlan işleriň netijesinde, ol ýerde inedördül kaşan zalyň, köşk toplumynyň bolandygy, ýaşaýyş we hojalyk jaýlary ýüze çykarylypdyr.

Gazuw-agtaryş işleriniň netije­sinde Köne Nusaýyň günorta we demirgazyk böleginde üsti açylan taryhy ýerler täsinligi bilen has-da ünsi özüne çekipdir. Galanyň günortasynda II—I asyrlarda gurlan köşk-ybadathana toplumy, onuň merkezindäki Parfiýa patyşalygynyň jaýy, demirgazyk bölekdäki tnedördül görnüşde bina edilen jaý (60 metr), howlusynyň töwere-gindäki 12 sany jaý gurluş aýra-tynlygy bilen tapawutlanypdyr.

Alym arheologlar bu ýerde geçiren gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda sol döwrüň adamlarynyň ellerinde taraşlanan gal-kanlary, demir donlary, altyn bi­len bezelen mata galyndylaryny, peýkamlary, şirmaýydan bejerilen tagtyň böleklerini, çüyşe bulgurla-ry, keramiki gaplary, dürli haýwan-laryň şahlaryny tapypdyrlar.

Ol ýerden tapylan ritonlar toplumy has-da özüne çekijidir. Olar­da fantastik şekillerde döşi we kellesi adamyňky, aýaklary atyňky adam-atyň, ýagny kentawryň, ganatly şiriň — grifonyň şekilleri, Zewsiň, Geranyň, Afinanyň, Paseýdonyň keşpleri beýan edilipdir. Galanyň demirgazygyndan tapy­lan, biziň eýýamymyzdan öňki II asyra degişli bolan mermer heý­kellerdir 2500-den gowrak resminamalar hem gymmatly taryhy maglumatlary özünde jemläpdir.

Täze Nusaýda ýaşaýşyň has giçki döwürlere çenli, hatda XIX asyrda hem dowam edendigi üçin, ol «Täze Nusaý» adyny alypdyr. Täze Nusaý hakdaky düypli maglumatla­ry orta asyr taryhçysy Al-Makdisiniň taryhy ýazgylarynda hem görmek boiýar. Taryhçynyň ýazmagyna görä, Täze Nusaý giň ýaýiymly, diyseň owadan, suwa baý, Gün görünmez baglyk ýer bölüp, sol döwürde şähe­riň 70 köçesi, 10 sany-da derwezesi bar ekeni. Şäheriň köçeleri dine araba geçer ýaly giňlikde bolupdyr. Keramikadan ýasalan turbalar ar-kaly suw bilen üpjün edilen şäherde kerwensaraýlardyr myhmanhanalar halka hyzmat edipdir.

Arheologlaryň pikirine görä, Täze Nusaýyň ykdysady tarapdan ýokary göterilmeginiň esasy sebäbi onuň ilatynyň ekerançylyk mede­niýeti bilen meşgullanandygydyr. Şäheriň töwereginde oturymly obalaryň onlarçasy bolupdyr. Şäheriň demirgazygynda ýaşaýan çarwa ilat ýygy-ýygydan şäher bazaryna gelip alyş-çalyş edipdir. Bu Täze Nusaýyň ykdysady taýdan ösmegi­ne oňaýiy sert döredipdir. Orta asyr­larda bu ýerde pulun zikgelenmegi diyseň uly ähmiýete eýe bölüp, Täze Nusaýda hünärmentçiligiň ös-megi şäher ilatynyň hal-ýagdaýyny ýokary derejä göteripdir.

Arheologlaryň maglumatyna görä, Täze Nusaý X—XI asyrlarda ep-esli giňelipdir. Bu döwürde şäheriň içinde we daşynda kop sanly jaýiar dikeldilipdir. XIII asyryň I çärýeginde şäher­de hünärmentçilik ösüp, syrçaly we syrçasyz keramiki önümler bilen bir hatarda jäçden ýasalan gap-gaçlary ýasamak giňden ýola goýlupdyr. Hünärmenler ýasan jäç gap-gaçlarynyň ýüzüne adam we haýwan şekilleri­ni çekipdirier. Keramikanyň ýüzüne çekilen äpet guşlaryň şekilleri bolsa Gündögar ýurtlaryna giňden ýaýran ertekilerdir rowaýatlaryň gahrymanlary bolupdyr.

Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagty Nusaýyň dünýa ylmynyň we medeniýetiniň ösüşinde uly yz galdyran beýik şahsyýetleriň dünýa inen topragydygyny hem belläp geçmelidiris. Orta asyrlarda Täze Nusaý­da «nusaýly» manysyny berýän, «Nesaýy» ady bilen belli bolan beýik akyldarlar bolupdyr. Meselem, şeýle beýik şahsyýetleriň biri hadys ylmynyň ägirt uly ussady hasaplanan, «Kütübi-sitte» ady bilen yslam dünýäsinde meşhurlyk gazanan alym Ahmed ibn şugaýyb bin Bahr bin Sihan bin Dinar En-Nesaýydyr. Beýik alym ömrüniň dowamynda musulman dünýäsinde meşhurlyga eýe bolan onlarça eseri döredipdir.

Ýeri gelende aýtsak, gözbaşyny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly», «Manas», «Koblan», «Alpamyş», «Kyrk gyz» ýaly ýüzlerçe meşhur eserleriň aglabasy Parfiýa medeniýeti bilen baglylykda çeperleşipdir.

Hawa, bu günki gün açyk asmanyň astyndaky müzeýi ýada sal­ýan gadymy Nusaý özüniň çuňňur taryhy bilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşuldy.

Gahryman Arkadagymyz türk­men halkynyň uzak geçmişiň do­wamynda döreden taryhy gymmatlyklaryna çuňňur sarpa goýýar. 2016-njy ýylyň berkarar ýurdumyzda «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi-de munuň aýdyň güwäsidir.

Goý, şeýle işleriň gözbaşynda durup, milli mirasymyzyň sarpalanmagy üçin dünýa nusgalyk işleri durmuşa geçirýän eziz Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýa ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Gyzylgül KYÝASOWA,

Türkmenistanyň Ylymlarakademiýasynyň
Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň direktory.


© 2003-2017, TŁrkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.