Makalar

ENERGETIKA ULGAMY:
INNOWASION ÖSÜŞLER WE MÖHÜM WEZIPELER

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



ŞÄHRYSLAM

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy we bimöçber aladalary bilen «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda medeni mirasymyzy ylmy taýdan çuňňur öwrenmek we döwrebap röwüşde dikeltmek işleri giň gerimde alnyp barylýar.

ARHEOLOGIÝA — GADYMYÝETIň DILI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her birgüni hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda täze-täze üstünliklere, rowaçlyklara beslenýär.

ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY

Täze ýylyň ilkinji suni, ilkinji sagady, ilkinji minutlary rowaçlyklara beslenip geldi. Ýylyň ilkinji güni dünýä inen taýçanagyň altynsow reňkem, sakar tagmasydyr sekilem, taýçanaga ömrüniň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň nazar salmagam döwletlilikden nyşan.

ÝAŞ ALYMLAR INNOWASIÝALAR DÜNÝASINDE

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýan ägirt uly işlerin netijesinde innowasiýalara esaslanýan we senagat taýdan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde uly üstünlikler gazanylýar.

YLMY ÖSÜŞLERIŇ OJAGY

Hormatly Prezidentimlz Türkmenistanyň Minlstrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisinde ýurdumyzyň ylym ulgamynyň işinin alnyp barlyşy bilen içsin gyzyklanyp, degişli ýolbaşçylara bu ulgamda işleriň täzeçe guralmagyna, iň täze usultärleri, hususanda, sanly ykdysadyýeti, täze innowasiýalary we nano tehnologiýalary ornaşdyrmakda, tebigaty öwrenişde ösüşiň täze belentliklerine ýetmekde ünsi has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.

«Dünýäde atyň üstünden oňat tagt ýok, kitapdan gowy dost ýok»

Hormatly Prezidentimiziň Döwlet medeniýet merkezine baryp, Döwlet kitaphanasynyň işini ösdürmek hem-de ony giňeltmek barada beren gymmatly maslahatlary ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi babatynda möhümdir.

ÝÜREKDEN ÝUREGE UZAÝAN ÝOLLAR

Milli Liderimizin belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň köpasyrlyk tejribesi özara gatnaşyklaryň medeniýetinde, medeniýetlerin özara gatnaşygynda jemlenendir.

MAHMYT KAŞGARLYNYŇ DÜNÝÄ KARTASY

XI asyrda Mahmyt Kaşgarly (1008—1105) tarapyndan ýazylan türkmen diliniň iň gadymy sözlügi bolan «Diwany lügat at-türk» atly ensiklopediki sözlük — türki halklaryň etnografiýasy, folklýory, geografiýasy, däp-dessurlary, adatlary, nakyllary, tagamlary, baýramçylyklary, ýaraglary, lukmançylyk adalgalary ýaly köp sanly tematikany özünde jemleýän ajaýyp eserdir.

HALK HAKYDASYNA HORMAT

Ýurdumyzda her ýyl bellenilip geçilýän Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül çemenli baryp, Watan gahrymanlarymyzyň belent ruhunyň öňünde tagzym etmek, indi arzyly hem asylly däbe öwrüldi.

GADYMY GÜNDOGAR MEDENIÝETI

Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň aprelinden oktýabr aýy aralygynda Germaniýanyň paýtagty Berliniň Täze muzeýinde «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy» atly sergi geçirilýär.

TÜRKMEN WE GYRGYZ DILLERINIŇ UMUMYLYKLARY

Hormatly Prezidentimiziň: «Goňşy we beýleki döwletler bilen özara bähbitli, dostlukly gatnaşyklarymyz gün-günden ösýär» diýip parasatly bellemegi, Türkmenistanyň söwdada, ykdysadyýetde, syýasatda we medeni gatnaşyklarda dünýäniň ençeme ýurtlary bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklarynyň ýylsaýyn ýokarlanýandygyny aňladýar.

GADYMY OGUZ ADATY

Beýik Seljukly döwletiniň meşhur weziri Nyzamalmülk «Syýasatnama» atly eserinde hökümdarlar barada şeýle diýýär: «Hökmigüýçli her döwürde bir adamy saýlap alyp, onuň şan-şöhratyny arşa çykarýar, oňa şalyk derejesini eçilýär.

GARAŞSYZ WATAN GOÝNUNDA

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty netijesinde, halkymyzyň mizemez agzybirligi dünýä ýaýyýar.

Sözi sarpaly alym

Halkymyz iňňän gadymy döwürlerden bäri ylma, bilime uly sarpa goýup gelýän halklaryň biri.

Ynsanperwerlik — kalplaryň küýsesi

Halkara forum GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň guramagynda geçirildi.

Paryzdepe: taryhyň altyn sahypalary

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň milli mirasyny öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga uly üns berilýär.

«TOMAGALY HUMAÝ KIMIN...»

Halkymyz gyz çagalara at dakanlarynda elmydama owadan atlary saýlamaga çalyşýarlar.

Türkmen dil bilime ösüş ýolunda

Berkarar diýarymyzda ylym-bilim ulgamyny özgertmek, ösdürmek, innowasiýalary giňden durmuşa ornaşdyrmak meselesi döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Ylma ykbalyny baglan halypa

Hormatly Prizidetimiz geçen hepdäniň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi hakynda durup, diýarymyzyň uzak ýaşly raýatlary barada mähirli sözleri aýtdy.

TÜRKMEN BAÝDAGYNDA AÝ WE ÝYLDYZLAR

Türkmenler gadym wagtlardan bäri baýdaga aýratyn sarpa goýupdyrlar. «Baýdak» häzirki wagta çenli dilimizde işjeň ulanylyp gelnen gadymy türkmen sözüdir.

Deňiz-derýa leksikasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş milli maksatnamasyna laýyklykda döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklary, şol sanda deňiz we derýa ulaglar ulgamy hem döwrebaplaşdyrylýar, kämilleşdirilýär we dünýä ylmynyň soňky gazanan innowasion tehnologiýalarynyň esasynda ösdürilýär.

WATANY SÖÝMEGIŇ BELENT NUSGASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkymyzyň milli medenýetine, mirasyna uly üns berilýär.

Hünärmentçilik bilen bagly söz düzümleri

Türkmen halky ylym-bilime hemişe belent sarpa goýup gelen halklaryň biri.

Türkmen diliniň leksikologiýasyna bagyşlanan derňew

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň, şol sanda ylym we bilim ulgamynyň has-da kämilleşmegine, rowaçlanmagyna, onuň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegine giň ýol açyldy.

DAGDANLY TAÝMAZ, TAÝSA-DA GAÝMAZ

Türkmen bagşylary joşup aýdym aýdanlarynda aýdymyň öz şygyr bentleri bilen ugurdaş manyly sanamalary hem özlerinden goşup goýberýärler.

Milli mirasyň hazynasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmeniň ruhy kämilligini, düşünje sagdynlygyny asyrlar boýy üpjün edip gelen milli mirasymyz çuňňur öwrenilýär.

GOWAÇANYŇ TOHUM ÇIGIDI: EKIŞ WE DÖWREBAP USUL

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda ýurdumyzda gowaça ekişi 2018-nji ýylyň 23-nji martynda Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda, 28-nji martda bolsa Daşoguz welaýatynda abraýly ýaşulularyň ak pata bermegi bilen badalga aldy.

Ýollar Dehistana sary

Ata Watanymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýar.

ADALGALAR EDEBI DILIMIZIŇ GYMMATLYGYDYR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ulgamynda-da giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.

TÜRKMEN AÝNA ÖNÜMÇILIGINIŇ TARYHYNDAN

Dünýä taryhynyň gatlaryna ösen medeniýetiň, sungatyň mekany bolup giren Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerinde geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylar ylmy esasda öwrenilýär.

BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ UGRUNDAKY ŞÄHER

Soňky ýyllarda TYA-nyň Arheologiýa we etnografiýa instituty tarapyndan Nusaý — Ürgenç kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen Paryzdepe, Şährihaýbar ýaly ýadygärliklerde alnyp barylýan işler bellärliklidir.

AZAJYK DERDI AŞ BASAR

Gyzgynlygyndan hemem gyzyl burçuň ajysyndan ýaňa agzyňy ýakyp barýan unaş sowuklamanyň, dümewiň bire-bir emi.

GÜÝZ NYGMATLARY

TYA-nyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynda hem ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligini artdyrmak, olary gorap saklamak boýunça işler ylmy esasda alnyp barylýar.

AZIÝANY BAGLAN TÜRKMEN PÄLWANY

Türkmen milli göreşi medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri göreş sungaty bilen içgin gyzyklanyp gelipdir.

Halyçylyk sungatynyň waspy

Halyçylyk sungaty uzak heňňamlarda timarlanyp, gitdigiçe owadanlanyp, türkmeni dünýä ýüzüne tanadyp gelen milli guwanjymyzdyr, halkyň ýüzüniň tuwagydyr.

Ylmy barlaglar we çözgütler

Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi.

Himiya instatituty: Gin mumkinçilikler, aydyn maksatlar

Ýurdumyzda ylym-bilime, dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda, alymlaryň işine itergi bermek, türkmen ylmynyň taze binýadyny tutmak boýun-ça düýpli işler amala aşyrylýar.

PÄHIM-PARASAT ÇEŞMESI

Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.

Ylym — häzirki eýýamyň osüş guraly

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.

Ylmyň meşhur ussatlary

Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.

«IT GELDI — GUT GELDI»

Halkymyz «It geldi — gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar.

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.

MIRAS MUKADDESLIGI

«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

KÄMILLIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr.

BAG — ZEMINIŇ ZYNATY

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.

MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY

Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hünärmenleri ylmy ekspedisiýanyň maglumatlaryny toparlara bölýärler

Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

TARYHYŇ ÝANY

Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.

HÜWDI SANAWAÇLARY

Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.

GOWHERIň GYMMATYNY SARRAF BILER

Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Häzirki döwürde iň wajyp mesele­leriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplu­mynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.

ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.

RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.

YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.

Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry — daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.

Arheologiýa: taryhy tapyndylaryň döwrebap seljermesi

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.

ULY TOÝUŇ SÄHEDI: SANLARDAKY ROWAÇLYK ALAMATLARY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sar­pa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.

Bezgli Deräniň Syry

Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10ó11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.

REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.

TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?

Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.

«Türkmenistan» gazeti, 01.03.2018ý.

ENERGETIKA ULGAMY:
INNOWASION ÖSÜŞLER WE MÖHÜM WEZIPELER

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistan döwletimizde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler bilen baglanyşykly taryhy ähmiýetli wakalar boldy. Döwlet Baştutanymyz ençeme möhüm çärelere, ýagny Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat — Turgundy täze demir ýoluny ulanyşa girizmek mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Bu taryhy wakalar Türkmenistan döwletimiziň täze senenamasyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Hormatly Prezidentimiz bu iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini hem geçirdi we onuň barşynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň ylmy işgärleriniň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda taýýarlanan «Energiýany tygşytlamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklady. Bu mönüm waka ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligini, şeýle hem tutuş türkmen halkynyň buýsanjyny belende galdyrdy. Bu Döwlet maksatnamasy mundan beýläk hem energetika pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmakda, önümçilik we durmuş ulgamlaryny döwrebap ösdürmekde mäkäm binýat bolup hyzmat eder.

«Energiýany tygşytlamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda çykaran Karary bilen tassyklanan, Türkmenistanda ylmy barlaglar we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017-2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna we meýilnamasyna laýyklykda işlenip düzüldi. Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipesi Türkmenistanyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin energetika pudagynyň mümkinçilikleriniň we tebigy energetik serişdeleriň ýokary derejede netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmekden, Türkmenistanyň ýangyç balansynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän we adaty bolmadyk çeşmeleriniň, ýangyç saýlanyp alynýan gömüşleriniň we ikilenji energetiki serişdeleriň paýyny artdyrmakdan, energetiki serişdeleriň peýdalanyş ýagdaýlarynda ilatyň saglygyna we ýaşaýyş-durmuşyna hem-de daşky gurşawa howpsuzlygyny üpjün etmekden ybarat.

Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegi çaltlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hasaplanýar. Energetika babatda döwlet syýasaty energetiki garaşsyzlygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, energo netijeliligi ýokarlandyrmaga hem-de energetikanyň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmaga gönükdirilendir. Bu wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ekologik taýdan arassa energetikany, onuň mundan beýläk hem howpsuzlygyny, energobalansyň gurluşynyň amatlylygyny, energotygşytlylygyň dolandyrylmagynyň öňdebaryjy usulyýetleriniň we ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyny, önümçiligiň we energiýa serişdeleriniň, şol sanda elektroenergiýanyň sarp edilişiniň energonetijeliligini üpjün edýän, ylmyň gazananlaryna esaslanýan täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we önümçilige ornaşdyrmak babatda möhüm işler alnyp barylýar. Döwlet maksatnamasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň energetiki, nebitgaz we beýleki pudaklaryň edaralary we kärhanalary üçin energotygşytlylyk boýunça ylmy barlaglary geçirmek we hödürnamalary taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň howa we geografik şertleri ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini döwrebap peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bu ylaýta-da oba ilatyny we medeni zolakdan uzakdaky yerleriň energoüpjünçiligini gowulandyrmaga ýardam edýär. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň bir görnüşi hem Gün energiýasy hasaplanýar. Türkmenistanyň howa we geografik şertleri Gün energiýasyny almaga, ony elektrik we ýylylyk energiýasy üçin senagat çäklerinde işjeň peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da ýurdumyzda ýeliň, geotermal suwlaryň energiýalaryny, bioýangyç energiýasyny peýdalanmak hem göz öňünde tutulýar.

Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça durmuşa geçirilmeli çäreler kesgitlendi. Bu çäreler innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini almak we energotygşytlaýjy enjamlaryň, abzallaryň we materiallaryň häzirki zaman görnüşlerini Türkmenistanyň ykdysady we durmuş pudaklarynda ulanmak boýunça işleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar. Şu maksatlar bilen, esasan hem elektroenergetika we nebit gaz pudagynda ýangyjyň köp sarp edilişini düzgünleşdirmek arkaly pes temperaturaly kombinirlenen ýylylyk üpjünçilik tehnologiýalaryny döretmek, nebiti we gazy çykarmakda, saklamakda we daşamakda energotygşytlylyk boýunça teklipleri işläp taýýarlamak ýaly wezipeler göz öňünde tutulýar. Ýylylyk üpjünçiligi we jemagat infrastrukturalaryň ulgamlarynda täze tehnologiýalary ulanmak arkaly ýylylyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, durkuny täzelemek we çykdajylaryň azaldylmagy boýunça ygtybarly ulgamy döretmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet maksatnamasyny durmuşa ornaşdyrmak energotygşytlylyk babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň çärelerini güýçlendirmegi göz öňünde tutýar we bu babatda hukuk namalarynyň işlenip düzülmegini we kabul edilmegini talap edýär. Şu nukdaýnazardan, energiýanyň alternatiw çeşmeleri hakynda degişli kanunyň taslamasyny taýýarlamak, şeýle hem energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça zerur standartlaryň kadalaşdyryjy hukuk we beýleki namalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçiriler.

Bu Döwlet maksatnamasynyň durmuşa ornaşdyrylmagy Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynda we 2018-2024-nji ýyllarda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipäni — ykdysadyýetiň ösüş depginlerini gazanmak üçin zerur bolan energonetijeliligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň amala aşyrylmagy jemi içerki önümiň birligine energiýanyň sarp edilişini azaltmaga, Gün, ýel energiýalaryny, şeýle hem energiýanyň gaýtadan dikeldilýän beýleki görnüşlerinden peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda Türkmenistan energetika babatda kuwwatly döwlet, tutuş sebitde elektroenergiýany eksport edýän esasy döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda energetika babatda giň gerimli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar, elektrik geçiriji ulgamlar yzygiderli çekilýär, elektrik toguny paýlaýjy beketler gurulýar, şeýle hem paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň ähli künjekleri elektrik energiýasy bilen netijeli üpjün edilýär. Döwletimiziň dünýä möçberinde alyp barýan giň gerimli işleri netijesinde ata Watanymyzyň halkara abraýy günsaýyn ýokarlanýar. 2017-nji ýylda Türkmenistan Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Başlyklygyna saýlanyldy. Türkmenistan özüniň energetiki toplumlaryny döwrebaplaşdyrmak we dünýä bazarlaryndaky energiýa geçirijileriň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgelerine esaslanýan syýasatyny netijeli amala aşyrmak arkaly bu halkara guramanyň işine ýolbaşçylyk etmek bilen özüniň ägirt uly möçberdäki tebigy baýlyklaryny tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmagy maksat edinýär. Türkmenistanyň energetika syýasaty ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň we halkara guramalaryň arasyndaky bu ugurdaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmeklige gönükdirilendir.

Türkmenistan özüniň ykdysady we energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaklyga jogapkärli çemeleşýär. Hut şonuň üçin hem energetika pudagynyň gerimini giňeltmek, dürli döwletlere, dünýäniň dürli sebitlerindäki täze bazarlaryna çykmak ýörelgesinden ugur alýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň bütin dünýä bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtmak bilen energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi bilen baglanyşykly umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürdi. 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda we 2013 nji ýylyň 17-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakyndaky Rezolýusiýalarynyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän energiýa howpsuzlygynyň täze ählumumy binýadyny döretmäge gönükdirilen, häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we isleglerine laýyk gelýän oňyn başlangyçlarynyň örän wajypdygyny we halkara bileleşik tarapyndan uly goldaw tapýandygyny subut etdi.

2014-nji ýylyň 9-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtynda ýokary derejede guramaçylykly geçirilen Halkara Energetika Hartiýasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi» atly maslahaty hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Döwlet Baştutanymyz bu halkara forumda eden taryhy çykyşynda energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi babatda Türkmenistanyň alyp barýan oňyn başlangyçlary hakynda söz açyp: «Bitarap döwletimiz energetika boýunça ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tarapdarydyr. Şoňa görä-de, dürli derejelerde, aýratyn-da, halkara guramalaryň çäklerinde adamzadyň ösüşi üçin uly ähmiýeti bolan bu meseleleri oňyn çözmäge işjeň gatnaşýar» diýip, belledi. Döwlet Baştutanymyzyň adalatly nygtaýşy ýaly, ählumumy howpsuzlyk bilen aýrylmaz baglanyşykly energetika howpsuzlygy häziki döwrüň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň başlyklygyna saýlanmagy möhüm ähmiýete eýe boldy. Şunuň bilen baglylyk-da, 2017-nji ýylyň 30-31-nji maýynda Halkara Energetika Hartiýasynyň «Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol» atly Aşgabat forumy geçirildi we onda energetika babatda öňde duran döwlet ähmiýetli, umumadamzat bähbitli ençeme meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

2017-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Aşgabat şäherinde geçirilen maslahatynyň 28-nji mejlisinde hem Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň möhüm ähmiýetli başlangyçlary netijesinde kemala gelen energetika diplomatiýasynyň dünýä işewürliginiň we bilermenler toparlarynyň arasynda uly gyzyklanma hem-de seslenme döredýändigi bellenildi. Milli Liderimiziň ählumumy we bölünmez energetika howpsuzlygynyň bütin dünýäde ýola goýulmagy babatdaky başlangyçlary, ylmy garaýyşlary biragyzdan makullanyldy. Türkmenistanyň dünýäde uly gyzyklanma döredýän energiýa serişdelerini tygşytlamak, onuň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak, energetika pudagynyň ekologiýa meselelerine aýawly hem-de uzak geljegi göz önüne tutup çemeleşmek, tebigy gurşawy gorap saklamak, bu pudaga innowasion tehnologiýalary we usullary ornaşdyrmak baradaky başlangyçlary dogrusynda pikir alşyldy. Bütin dünýäde oňyn Bitaraplyk syýasatyny netijeli we üstünlikli durmuşa ornaşdyrýan Türkmenistana ähli durmuş ulgamlarynyň kadaly işlemeginiň binýatlyk bölegi hökmünde «ýaşyl ykdysadyýeti» ösdürmek üçin hem zerur şertleriň döredilýändigi buýsandyryjy hakykatdyr.

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň täze başlangyçlary netijesinde ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistanyň durmuş ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň gaz senagatynyň öňünde goýlan wezipeleri berjaý etmek maksady bilen, 2030-njy ýyla çenli döwürde gazyň çykarylýan möçberini ýylda 230 mlrd. kub metre çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar. Maksatnamada bellenilen ösüş sepgitlerini gazanmak üçin häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gysga wagtda gurlup, işe girizilen Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý, Döwletabat — Sarahs — Hangeran hem-de Körpeje — Gurtguýy ýaly kuwwatly halkara gaz geçirijileri boýunça türkmen tebigy gazy daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyza iberilýär.

Türkmenistanyň geografik taýdan Ýewropa bilen Aziýa yklymlarynyň arasyndaky ägirt uly ulag geçelgesiniň merkezinde ýerleşmegi Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady we söwda hyzmatdaşlyklaryny işjeňleşdirmäge, hil taýdan has ýokary derejelere çykarmaga, geljegi möhüm ähmiýetli täze halkara we sebitleýin taslamalara badalga bermeklige oňyn şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň energetika syýasatynyň esasy maksady Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny toplumlaýyn ösdürmek arkaly diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä energetika ulgamynyň aýrylmaz bölegine öwrülmegini gazanmakdan ybarat. Ýurdumyz sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekden ötri gaz geçirijileriň infrastrukturasyny yzygiderli ösdürýär, turba geçirijiler ulgamynyň köpugurly ösen toruny döretmek arkaly energogöterijileri dünýä bazarlaryna ibermegiň gerimini giňeldýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen badalga berlen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi dünýä we sebit energetika ulgamynda ägirt uly ähmiýete eýedir. Bu transmilli gaz geçirijisi Türkmenistanyň eksport kuwwatlylygyny has-da artdyrmaga, sebitde energohowpsuzlygynyň üpjün edilmegini we ykdysady durnuklylygyň ýokarlanmagyna, söwdanyň, maýa goýu-myň ösmegine, täze iş ýerleriniň döredilmegine, şeýle hem halkara gatnaşyklarda täze belent derejelere çykylmagyna uly itergi berer. Bu transmilli gaz geçirijisi döwletimiziň tebigy gazy daşary ýurtly sarp edijilere satmak mümkinçiligini her ýylda 33 mlrd kub metr akdyrmak bilen bir hatarda, sebitdäki döwletleriň energiýa üpjünçilik derejesini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Munuň özi Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ep-esli artdyryp, ykdysady gatnaşyklaryň täze ugurlaryny açýar, täze iş orunlaryny döretmäge hem mümkinçilik berýär. Şeýle hem sebitde syýasy ýagdaýlaryň durnuklaşmagyna ýardam edýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çäginden geçýän bölegi 205 km barabar bolup, bu uly ähmiýetli halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny türkmen alymlary we hünärmenleri taýýarladylar. Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň hökümetleriniň arasyndaky satyn almak satmak hakyndaky Ylalaşyga laýyklykda gaz geçirijisiniň çig mal binýady hökmünde «Galkynyş» gaz ýatagynyň gurluşygy kabul edildi. TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynda hormatly Prezidentimiziň ýokary netijeli enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak baradaky görkezmelerinden ugur alnyp, dünýäniň abraýly halkara kompaniýalarynyň öndürýän enjamlaryny ölçeg-gözegçilik we telemehanizmleşdiriji serişdelerini, kompressorlaryny we ýokary hilli turba önümlerini peýdalanmak göz öňünde tutuldy. TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşýan döwletler bilen ylalaşyga laýyklykda, 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu gaz geçirijiniň Owganystanyň çäginden geçjek, ikinji tapgyrynyň gurluşygyna dabaraly ýagdaýda badalga bermegi türkmen we taslama gatnaşyjy beýleki döwletleriň halklarynyň buýsanjyny has-da belende galdyrdy. Bu gaz geçirijiniň gurlup, işe girizilmegi bilen dostlukly goňşy -döwletiň çäklerinde müňlerçe täze iş orunlary döredilip, özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary peýda bolar. Hut şonuň üçin hem bu möhüm ähmiýetli taryhy wakalar türkmen we sebitiň halklarynyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar.

Halkara gaz geçirijileri gurlanda we ulanylanda, ylmyň gazananlaryndan we täze tehnologiýalardan peýdalanmak gazgeçirijileriň gurluşygynyň we ulanylşynyň netijeliligini mundan beýläkde ýokarlandyrylmagyna, tehnologiýa taýdan ygtybarlylygynyň artmagyna ýardam eder. Häzirki wagtda gaz geçirijilerini gurmak üçin berk we ýeňil materiallary oýlap tapmak ýa-da bar bolan materiallaryň nanomateriallaryny ulanmak arkaly berkligini artdyrmak bilen gaz geçirijiniň kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak göz öňüne tutulýar. Gaz geçirijileriň gurluşygynda turbalary özara kebşirlemegiň ösen tehnologiýalaryny ulanmak maksady bilen ylmy barlaglar alnyp barylýar. Täze, çalt depginler bilen kebşirleýän awtomatik ulgamlary oýlap tapmak, kebşirlemegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça ylmy işleriň geçirilmegi geljekde turbageçirijileri howpsuz we bökdençsiz ulanmaga ýardam eder.

Türkmenistan döwletimizde türkmen emeli hemrasy arkaly gaz geçirijileriň işleýşine gözegçiligi ýola goýmak häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biri bolup durýar. Geljekde bu ugurdaky meseleler oňyn çözülip, degişli maglumatlar alynsa, munuň özi gazgeçirijiniň ulanylyşynyň gözegçiligini ýeňilleşdirmeklige ýardam eder.

Häzirki wagtda, hormatly Prezidentimiziň öňde goýan möhüm wezipelerinden ugur alyp geçirilýän ylmy barlaglar şol bir wagtyň özünde türkmen ylmyny döwrebap ösdürmäge we dünýä ylmy bilen aýakdaş gitmäge oňaýly täsirini ýetirýär. Biz hem türkmen ylmyny ösdürmekde we ony täze belentliklere çykarmakda, ylmyň gazananlaryny önümçilige, şol sanda ýangyç-energetika ulgamlaryna ornaşdyrmaga ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys.

Rahmanguly ESEDULAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Fizika-matematika, himiýa, geologiýa, tehniki ylymlar müdirliginiň
başlygy-akademik katip.


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy