Makalar

BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ UGRUNDAKY ŞÄHER

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



«Dünýäde atyň üstünden oňat tagt ýok, kitapdan gowy dost ýok»

Hormatly Prezidentimiziň Döwlet medeniýet merkezine baryp, Döwlet kitaphanasynyň işini ösdürmek hem-de ony giňeltmek barada beren gymmatly maslahatlary ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi babatynda möhümdir.

ÝÜREKDEN ÝUREGE UZAÝAN ÝOLLAR

Milli Liderimizin belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň köpasyrlyk tejribesi özara gatnaşyklaryň medeniýetinde, medeniýetlerin özara gatnaşygynda jemlenendir.

MAHMYT KAŞGARLYNYŇ DÜNÝÄ KARTASY

XI asyrda Mahmyt Kaşgarly (1008—1105) tarapyndan ýazylan türkmen diliniň iň gadymy sözlügi bolan «Diwany lügat at-türk» atly ensiklopediki sözlük — türki halklaryň etnografiýasy, folklýory, geografiýasy, däp-dessurlary, adatlary, nakyllary, tagamlary, baýramçylyklary, ýaraglary, lukmançylyk adalgalary ýaly köp sanly tematikany özünde jemleýän ajaýyp eserdir.

HALK HAKYDASYNA HORMAT

Ýurdumyzda her ýyl bellenilip geçilýän Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül çemenli baryp, Watan gahrymanlarymyzyň belent ruhunyň öňünde tagzym etmek, indi arzyly hem asylly däbe öwrüldi.

GADYMY GÜNDOGAR MEDENIÝETI

Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň aprelinden oktýabr aýy aralygynda Germaniýanyň paýtagty Berliniň Täze muzeýinde «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy» atly sergi geçirilýär.

TÜRKMEN WE GYRGYZ DILLERINIŇ UMUMYLYKLARY

Hormatly Prezidentimiziň: «Goňşy we beýleki döwletler bilen özara bähbitli, dostlukly gatnaşyklarymyz gün-günden ösýär» diýip parasatly bellemegi, Türkmenistanyň söwdada, ykdysadyýetde, syýasatda we medeni gatnaşyklarda dünýäniň ençeme ýurtlary bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklarynyň ýylsaýyn ýokarlanýandygyny aňladýar.

GADYMY OGUZ ADATY

Beýik Seljukly döwletiniň meşhur weziri Nyzamalmülk «Syýasatnama» atly eserinde hökümdarlar barada şeýle diýýär: «Hökmigüýçli her döwürde bir adamy saýlap alyp, onuň şan-şöhratyny arşa çykarýar, oňa şalyk derejesini eçilýär.

GARAŞSYZ WATAN GOÝNUNDA

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty netijesinde, halkymyzyň mizemez agzybirligi dünýä ýaýyýar.

Sözi sarpaly alym

Halkymyz iňňän gadymy döwürlerden bäri ylma, bilime uly sarpa goýup gelýän halklaryň biri.

Ynsanperwerlik — kalplaryň küýsesi

Halkara forum GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň guramagynda geçirildi.

Paryzdepe: taryhyň altyn sahypalary

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň milli mirasyny öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga uly üns berilýär.

«TOMAGALY HUMAÝ KIMIN...»

Halkymyz gyz çagalara at dakanlarynda elmydama owadan atlary saýlamaga çalyşýarlar.

Türkmen dil bilime ösüş ýolunda

Berkarar diýarymyzda ylym-bilim ulgamyny özgertmek, ösdürmek, innowasiýalary giňden durmuşa ornaşdyrmak meselesi döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Ylma ykbalyny baglan halypa

Hormatly Prizidetimiz geçen hepdäniň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi hakynda durup, diýarymyzyň uzak ýaşly raýatlary barada mähirli sözleri aýtdy.

TÜRKMEN BAÝDAGYNDA AÝ WE ÝYLDYZLAR

Türkmenler gadym wagtlardan bäri baýdaga aýratyn sarpa goýupdyrlar. «Baýdak» häzirki wagta çenli dilimizde işjeň ulanylyp gelnen gadymy türkmen sözüdir.

Deňiz-derýa leksikasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş milli maksatnamasyna laýyklykda döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklary, şol sanda deňiz we derýa ulaglar ulgamy hem döwrebaplaşdyrylýar, kämilleşdirilýär we dünýä ylmynyň soňky gazanan innowasion tehnologiýalarynyň esasynda ösdürilýär.

WATANY SÖÝMEGIŇ BELENT NUSGASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkymyzyň milli medenýetine, mirasyna uly üns berilýär.

Hünärmentçilik bilen bagly söz düzümleri

Türkmen halky ylym-bilime hemişe belent sarpa goýup gelen halklaryň biri.

Türkmen diliniň leksikologiýasyna bagyşlanan derňew

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň, şol sanda ylym we bilim ulgamynyň has-da kämilleşmegine, rowaçlanmagyna, onuň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegine giň ýol açyldy.

DAGDANLY TAÝMAZ, TAÝSA-DA GAÝMAZ

Türkmen bagşylary joşup aýdym aýdanlarynda aýdymyň öz şygyr bentleri bilen ugurdaş manyly sanamalary hem özlerinden goşup goýberýärler.

Milli mirasyň hazynasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmeniň ruhy kämilligini, düşünje sagdynlygyny asyrlar boýy üpjün edip gelen milli mirasymyz çuňňur öwrenilýär.

GOWAÇANYŇ TOHUM ÇIGIDI: EKIŞ WE DÖWREBAP USUL

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda ýurdumyzda gowaça ekişi 2018-nji ýylyň 23-nji martynda Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda, 28-nji martda bolsa Daşoguz welaýatynda abraýly ýaşulularyň ak pata bermegi bilen badalga aldy.

Ýollar Dehistana sary

Ata Watanymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýar.

ENERGETIKA ULGAMY:
INNOWASION ÖSÜŞLER WE MÖHÜM WEZIPELER

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistan döwletimizde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler bilen baglanyşykly taryhy ähmiýetli wakalar boldy.

ADALGALAR EDEBI DILIMIZIŇ GYMMATLYGYDYR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ulgamynda-da giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.

TÜRKMEN AÝNA ÖNÜMÇILIGINIŇ TARYHYNDAN

Dünýä taryhynyň gatlaryna ösen medeniýetiň, sungatyň mekany bolup giren Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerinde geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylar ylmy esasda öwrenilýär.

AZAJYK DERDI AŞ BASAR

Gyzgynlygyndan hemem gyzyl burçuň ajysyndan ýaňa agzyňy ýakyp barýan unaş sowuklamanyň, dümewiň bire-bir emi.

GÜÝZ NYGMATLARY

TYA-nyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynda hem ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligini artdyrmak, olary gorap saklamak boýunça işler ylmy esasda alnyp barylýar.

AZIÝANY BAGLAN TÜRKMEN PÄLWANY

Türkmen milli göreşi medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri göreş sungaty bilen içgin gyzyklanyp gelipdir.

Halyçylyk sungatynyň waspy

Halyçylyk sungaty uzak heňňamlarda timarlanyp, gitdigiçe owadanlanyp, türkmeni dünýä ýüzüne tanadyp gelen milli guwanjymyzdyr, halkyň ýüzüniň tuwagydyr.

Ylmy barlaglar we çözgütler

Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi.

Himiya instatituty: Gin mumkinçilikler, aydyn maksatlar

Ýurdumyzda ylym-bilime, dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda, alymlaryň işine itergi bermek, türkmen ylmynyň taze binýadyny tutmak boýun-ça düýpli işler amala aşyrylýar.

PÄHIM-PARASAT ÇEŞMESI

Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.

Ylym — häzirki eýýamyň osüş guraly

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.

Ylmyň meşhur ussatlary

Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.

«IT GELDI — GUT GELDI»

Halkymyz «It geldi — gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar.

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.

MIRAS MUKADDESLIGI

«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

KÄMILLIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr.

BAG — ZEMINIŇ ZYNATY

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.

MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY

Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hünärmenleri ylmy ekspedisiýanyň maglumatlaryny toparlara bölýärler

Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

TARYHYŇ ÝANY

Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.

HÜWDI SANAWAÇLARY

Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.

GOWHERIň GYMMATYNY SARRAF BILER

Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Häzirki döwürde iň wajyp mesele­leriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplu­mynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.

ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.

RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.

YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.

Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry — daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.

Arheologiýa: taryhy tapyndylaryň döwrebap seljermesi

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.

ULY TOÝUŇ SÄHEDI: SANLARDAKY ROWAÇLYK ALAMATLARY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sar­pa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.

Bezgli Deräniň Syry

Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10ó11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.

REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.

TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?

Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.

«Türkmenistan» gazeti,
09.01.2018

BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ UGRUNDAKY ŞÄHER

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň şahalary Türkmenistanyň çäklerinden dürli ugurlara ýaýrapdyr. Şol ýollaryň Merw — Ürgenç, Merw — Amul, Merw — Sarahs, Sarahs — Abiwerd — Nusaý -Dehistan ýaly şahalary we olaryň ugrunda ýerleşen şäherdir kerwensaraýlaryň, rabatdyrsardobalaryň köpüsi öň bellibir derejede ylmy taýdan öwrenilen bolsa, Nusaý — Ürgenç şahasy häzire çenli ýörite meýllnama esasynda derňelmän gelýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň 15-nji dekabrynda geçirilen mejlisinde tassyklanan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýady-gärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllar Harda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň döwlet maksatnamasynda» bu ugurda ýerleşýän birnäçe ýadygärliklerde gazuw işlerini geçirmeklik meýilleşdirilýär.

Soňky ýyllarda TYA-nyň Arheologiýa we etnografiýa instituty tarapyndan Nusaý — Ürgenç kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen Paryzdepe, Şährihaýbar ýaly ýadygärliklerde alnyp barylýan işler bellärliklidir. Geçen ýyl bolsa, hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň gadymy we baý taryhyny düýpli öwrenmek barada öňe süren başlangyçlaryny goldamak bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan instituta Ahal welaýatynyň Bäherden etraby-nyň çäginde ýerleşýän orta asyrlara degişli Şähryslam taryhy medeni ýadygärliginde arheologiýa işlerini alyp barmak teklip edildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinin alymlara meýdanda işlemek üçin amatly şertleri döretmegi we giňden ýardam bermegi bilen, gadymy Şähryslamyň taryhyny giňişleýin öwrenmäge mümkinçilik döredi. Geçirilen arheologiýa gazuw işleriniň netijesinde, ylmy taýdan gymmatly tapyndylar ýüze çykaryldy we baý taryhy maglumatlar toplanyldy.

Şähryslam barada hormatly Prezidentimiz özüniň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda Nusaý sebitinden ýene günbatarlygyna gidilende, häzirki Bäherden şäheriniň merkezinden 20 kilometr demirgazykda orta asyr Täk Ýazyr galasynyň galyndylary, Şähryslam ady bilen tanalýan şäheriň ýerleşýändigini belleýär. Gadymy oguz türkmenleriniň ýazyr taýpasynyň merkezi şäheri bolanlygy sebäpli, bu gala türkmen halkynyň taryhyny we medeniýetini öw-renmekde uly ähmiýete eýedir.

Şähryslamda IX — XIV asyrlarda ýaşaýyş dowam edip, onun iň gülläp ösen döwri bolan XII asyryň ahyrlarynda — XIII asyryň başlarynda şäheriň tutýan umumy meýdany 100 gektara barabar bolupdyr. Häzirki wagt gazuw-agtaryş işleri, esasan, şäheriň iki ýerinde, gündogar we günbatar içki galalarynda geçirildi. Gündogar içki galasynyň merkezinde alnyp barlan gazuw işlerinin dowamynda bişen we çig kerpiçlerden gurlan köşk toplumynyň galyndylary ýüze çykaryldy.

«Günbatar içki galasy» diýlip atlandyrylan depede geçirilen barlaglar onuň kerwensaraý bolandygyny görkezdi. Onun gurluş meýilnamasy orta asyr kerwensaraýlarynyňka mahsus dörtburç görnüşde, burçlary dinli, ortasy howluly görnüşde gurlupdyr. Kerwensaraýyň günorta diwaryny uzaboýuna (45 metr), gündogar we günbatar diwarlaryny bolsa bölekleýin daş tarapyny gazyp açmak başartdy. Daşky diwarlar 2—3 metr galyňlykda çig kerpiçden gurlup, bişen kerpiçler bilen örtülipdir. Häzirki wagtda kerwensaraýyň gazylyp açy-lan daşky diwarlarynyň beýikligi 4 metrden geçýär. Gazuw işlerinin dowamynda tapy-lan oýulyp nagyşlanan syrçaly we syrçasyz diwar kerpiçjikleri we arap hatynyň şekilleri kerwensaraýyň esasy girelgesiniň sünnälenip bezelendigine şaýatlyk edýär.

Myhmanlar üçin niýetlenen ýaşaýyş we kömekçi otaglar daşky diwaryň iç tarapyndan, oňa ýabşyrylyp gurlupdyr. Otaglaryň dörtburç howla çykýan öň tarapyna tutuşlygyna eýwan aýlanypdyr. Otaglaryň diwarlary çig we bişen kerpiçden örülip, olaryň arasynda we binýadynda keseligine agaç pürsler goýlupdyr. Megerem, şeýle gurluşyk usuly ýer yrananda diwarlaryň ýykylmak howpuny azaltmak hem-de olary zeýiň zaýalamagyndan goramak üçin ulanylan bolsa gerek. Käbir otaglaryň diwarlarynda we düşeginde (polunda) gips suwaglary saklanyp galypdyr. Otaglar ýyladyş ulgamlary, ýuwunmak ýa-da taret üçin niýetlenen teşnawlar (bişen kerpiçden 1×1 metr töweregi ölçegde gurlan wannajyklar), poluň aşagyndan keramiki turbalardan biri-birine sepleşdirilip gurlan lagym ulgamlary hem-de hapa suwlary akdyrmak üçin niýetlenen çukurlar we ş.m. bilen üpjün edilipdir.

Kerwensaraýyň daş-töweregini hem ýaşaýyş jaýlary, suw geçirijiler we dürli ölçegdäki guýular gurşap alypdyr. Guýularyň käbiriniň çuňlugy 4—5 metre ýetýär we olar bişen kerpiçden hem-de giňligi ýarym metrden gowrak keramiki turbalardan gurlupdyr. Bu guýulara suw şäherdäki 5—6 gektary tutup ýatan ho-wuzdan keramiki turbalar arkaly akdyrylypdyr. Howza bolsa suw dag eteginden, Şähryslamdan 20 kilometr günortada ýerleşýän we orta asyr ýazuw çeşmelerinde Abhadaran ady bilen duşýan (Bäherden ady hem şu atdan galypdyr diýen çaklama bar) obanyň ýa-nyndaky käriziň we ýap suwunyň guýýan uly kölünden alnyp gaýdylypdyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz öz kitabynda: «XI — XII asyrda şäheriň azaphon ilaty dagdan gaýralygyna, şähere çenli uzynlygy 20 kilometrden gowrak bişen kerpiçden örülen suw geçiriji çekipdir. Bu suw geçiriji şol döwür üçin-de juda täsin ulgamdyr» diýip ýazýar. Dogrudan-da, Merkezi Aziýanyň, Eýrahyň we Kawkazyň çäklerinde öwrenilen suw geçirijilerinden has kämil gurlan bu desga bişen kerpiçden bolup, ol sekuntda 250 litr suwy akdyrmaga ukyply bolupdyr. Ol bişen kerpiçden gurlandygy sebäpli, onun geçjek ugrunda her 800—1000 metr uzaklykda bir kerpiç bişirilýän küre gurlupdyr. Häzir bu suw geçirijiniň geçen ugruny yzarlamak we şähere girýän ýerinde bir böleginiň üstüni açyp öwrenmek Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlaryna başartdy. Suw geçiriji 60×80 santimetr giňlikde, gapdallary iki setir dikligine, aşagy iki setir keseligine örülen bişen kerpiçden gurlupdyr. Bu desgany şeýle daş aralyga bişen kerpiçden gurmak bilen, pederlerimiz suwuň Garagumuň çägelerine siňmeginiň öňüni almagy we ýitgisini azaltmagy, şonuň bilen birlikde hem ekologiýa meselesini, ýagny ýerlerin şorlaşmagyndan goramagy maksat edinen bolsalar gerek.

Şähryslamda alnyp barylýan arheologiýa barlaglary ýurdumyzyň orta asyr şäherleriniň dine bir binagärlik aýratynlyklaryny öwrenmäge ýardam bermän, eýsem, ata-babalarymyzyň maddy medeniýeti, senetçiligi, hünärmentçiligi barada hem ummasyz köp maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. Geçirilen gazuw işleriniň dowamynda metaldan, aýnadan, keramikadan, süňkden, daşdan ýasalan bezeg önümleriniň, ýaraglaryň, durmuşda ulanylýan dürli esbaplaryň we gap-gaçlaryň köp mukdary ýüze çykajyldy. Aýratyn-da, misden, ýarym gymmat baha daşlardan we süňkden ýasalan bezeg önümleri, ýagny ýüzükler, gulakhalka we monjuklar, ýüz görülýän aýnalar we düwmejikler, senetçilik gurallaryndan: dürli ölçegdäki çemçejikler, terezi çanajyklary, demirden ýasalan pyçaklar we çüýler, dürli reňkdäki aýnalardan ýasalan ululy-kiçili gutujyklar we çüýşejikler, talkohlorit daşyndan dürli ölçeg-de ýasalan gazanlar, esasan-da, dürli renkler bilen reňklenen we nagyşlar bilen bezelen syrçaly gap-gaçlar köp duşýar. Keramiki we beýleki senetçilik önümleriniň agramly bölegi Şähryslamyň öz ussahanalarynda taýýarlanylypdyr. Muňa bu ýerden tapylan köp sanly keramika bişirilýän peçler, metal erginlerinin galyndylary, demir magdanlaryny saklamak üçin ammarlar, hek daşlary şaýatlyk edýär. Şeýle hem gazylyp açylan otaglaryň birinde ýerleşen ojagyň gapdalyndan kiçijik daş gazanyň, kinniwanja mis çemçejigiň we terezi çanajyklarynyň tapylmagy zergärçilik bilen hem meşgullanylandygyny tassyklaýar. Otaglaryň biriniň polunyň aşagynda ýerleşdirilen çukurdan tapylan mata dolanan goňur renkli keleplenen ýüplügiň uly bölegi has-da gymmatly tapyndy bolup, dokmaçylygyň taryhy barada wajyp maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. Bu zatlar Şähryslamyň ilatynyň ykdysadyýetiniň esasynyň senetçilik we söwda bolandygyna, öndüren senetçilik önümlerini gelýän kerwenler bilen alyş-çalyş edendiklerine güwä geçýär.

Keramiki önümleriň içinde ak palçykdan ýasalyp, altyn suw bilen ösümlik, epigrafik nagyşlar çekilen şakäseler özüniň ýokary hili bilen tapawutlanýar. Epigrafik nagyşlar, esasan, arap hatynda ýazylan ýagşy arzuwlardan ybarat bolupdyr. Bu gaplar dine Merw, Nusaý, Dehistan ýaly iri söwda we senetçilik merkezlerinde taýýarlanylypdyr. Şeýle hem gazuw işlerinin dowamynda tapylan hytaý farforyndan ýasalan gaplar, mis we kümüş teňňeler Şähryslamyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, goňşy şäherler we ýurtlar bilen ösen pul-haryt gatnaşyklaryny alyp barandygyna şaýatlyk edýär.

Şähryslamda geçirilýän gazuw işleriniň dowamynda üsti açylan binalar we tapylan gymmatly arheologik tapyndylar geçmişde bu şäheriň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen örän iri söwda-hünärmentçilik merkezlerinin biri bolandygyny we onuň bu sebitde ýaşan ilatyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini görkezýär. Geljekde toplumlaýyn we düýpli arheologik barlaglaryň bu täsin ýadygärlikden Türkmenistanyň orta asyrlardaky maddy medeniýetini, şäher gurluşygyny, binagärçiligini, senetçiligini we ş.m. çuňňur öwrenmek üçin täze maglumatlary ýüze çykarjakdygyna berk ynanýarys. Ýüze çykarylan tapyndylar türkmenleriň goňşy halklar bilen alyp baran ykdysady we söwda gatnaşyklaryny dikeltmäge ygtybarly çeşme bolup hyzmat eder.

Allaguly BERDIÝEW,

TYA-nyň Arheologiýa we etnografiýa instituty.


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2018, TŁrkmenistanyň Ylymlar akademiżasy