Makalar

AZIÝANY BAGLAN TÜRKMEN PÄLWANY

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



GÜÝZ NYGMATLARY

TYA-nyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynda hem ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligini artdyrmak, olary gorap saklamak boýunça işler ylmy esasda alnyp barylýar.

Halyçylyk sungatynyň waspy

Halyçylyk sungaty uzak heňňamlarda timarlanyp, gitdigiçe owadanlanyp, türkmeni dünýä ýüzüne tanadyp gelen milli guwanjymyzdyr, halkyň ýüzüniň tuwagydyr.

Ylmy barlaglar we çözgütler

Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi.

Himiya instatituty: Gin mumkinçilikler, aydyn maksatlar

Ýurdumyzda ylym-bilime, dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda, alymlaryň işine itergi bermek, türkmen ylmynyň taze binýadyny tutmak boýun-ça düýpli işler amala aşyrylýar.

PÄHIM-PARASAT ÇEŞMESI

Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.

Ylym — häzirki eýýamyň osüş guraly

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.

Ylmyň meşhur ussatlary

Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.

«IT GELDI — GUT GELDI»

Halkymyz «It geldi — gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar.

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.

MIRAS MUKADDESLIGI

«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

KÄMILLIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr.

BAG — ZEMINIŇ ZYNATY

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.

MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY

Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hünärmenleri ylmy ekspedisiýanyň maglumatlaryny toparlara bölýärler

Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

TARYHYŇ ÝANY

Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.

HÜWDI SANAWAÇLARY

Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.

GOWHERIň GYMMATYNY SARRAF BILER

Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Häzirki döwürde iň wajyp mesele­leriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplu­mynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.

ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.

RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.

YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.

Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry — daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.

Arheologiýa: taryhy tapyndylaryň döwrebap seljermesi

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.

ULY TOÝUŇ SÄHEDI: SANLARDAKY ROWAÇLYK ALAMATLARY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sar­pa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.

Bezgli Deräniň Syry

Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10ó11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.

REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.

TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?

Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.

«Türkmenistan» gazeti,
25.11.2017

AZIÝANY BAGLAN TÜRKMEN PÄLWANY

Türkmen milli göreşi medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri göreş sungaty bilen içgin gyzyklanyp gelipdir. Olar bu sungaty diňe bir toý-dabaranyň, baýramyň bezegi hökmünde görmän, eýsem, göreşi dürli çylşyrymly, gapma-garşylykly meseleleri çözmegiň, parahatçylygy saklamagyň, özara düşünişmegiň, ýaraşmagyň sungaty derejesine ýetiripdirler. Batyrlygyň, mertligiň, gaýduwsyzlygyň alamat-nyşany hökmünde görlen göreş sungaty türkmen halkynyň arasynda şeýle bir meşhur derejä baryp ýetipdir welin, gadymy döwürler bu sungat bilen türkmen gelin-gyzlary hem meşgullanyp, ony hatda maşgala gurmagyň bir çözgüdi derejesine çenli ösdüripdirler. Muňa «Kitaby dädem Gorkut» şadessanyndaky Bamsy Beýrek bilen Banuçiçegiň, «Görogly» eposyndaky Görogly beg bilen Harmandäliniň arasynda bolan göreşleri we beýlekileri mysal hökmünde görkezse bolar. Halk arasyndan ýygnanyp alnan rowaýatlarda-da taýsyz pälwan hesaplanan Salyr Gazanyň hem özi ýaly bir pälwan gyz bilen göreşip, ony ýeňendigi beýan edilýär. Şeýle taryhy pälwanlaryň biri hem orta asyrlarda Aziýanyň «çempiony» derejesine göterilen Mahmyt Pälwan bolupdyr.

Her bir ynsanyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmakda, erki, ukyby, zehini taplamakda hereketiň — sportuň peýdasy çäksizdir. Türkmen milli göreşi hem aýkido, dzýudo, guşakly göreş, karate, kuraş, taekwondo, uşu ýaly beden taýdan taplanan, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmekde synagdan geçen we nesilden-nesle geçip gelýän asylly däpleriň biridir. Türkmen milli göreşi Aziýa oýunlarynyň sanawyna girizildi. Munuň özi Türkmenistanda köpugurly sportuň ösdürilmegine, her bir adamyň sagdyn durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işleriň netijeli hasiýete eýediginiň anyk güwäsi bolup durýar.

Döwrüniň belli pälwany, ussal rubagyçy şahyr Mahmyt Pälwan, irki çeşmeleriň agramly böleginiň berýän maglumatlaryna görä, 1255-nji ýylda gadymy Horezmde, has dogrusy, Gürgenç — Köneürgenç topragynda dünýä inip, 1326-njy ýylda dünýäden ötüpdir. Şahyryň aramgähi Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda öz adyny göterýän Ysmamyt ata öwlüýasinde ýerleşýär. Mahmyt Pälwanyň öz ady Mahmyt, kakasynyň ady Ýar ýa-da Pirýar bolupdyr. Ilat arasynda Pirýar weli ady bilen meşhur bolan bu şahsyň aramgähi Köneürgenç şäherindedir.

Abdyrahman Jamynyň «Nefehatul-üns», Alyşir Nowaýynyň «Nesaýymyl-muhabbet», Hüseýin Wagyz Kaşifiniň «Futuwwetnamaýy Soltany», Kemaleddin Hüseýin Gäzergähiniň «Mejälisul-uşşak» atly eserlerinde we beýleki ilkinji çeşmelerde Mahmyt Pälwanyň ilkibaşdaky adynyň «Mahmyt Böke Ýar», ýagny «Ýaryň ogly Mahmyt Böke (Pälwan)» görnüşinde meşhur bolandygy beýan edilýär. Bu maglumatlar Mahmyt Pälwanyň gelip çykyşy boýunça türkmen pälwany bolandygyny anyklamakda uly ähmiýete eýedir. Çünki «böke» sözi irki türkmen dilinde pälwan diýmegi aňladypdyr. Bu sözüň manysy bekewül (bökewül) — göreş tutýanlaryň emini — sözünde saklanyp galypdyr. Mahmyt Pälwan halk arasynda Mahmyt ata, Pälwan ata, Hezreti Pälwan, Pälwan Mahmyt, Pilmahmyt ýaly dürli atlar bilen atlandyrylypdyr. Häzirki döwürde ol Ysmamyt ata ady bilen meşhurdyr. Bu barada akyldar şahyr Magtymguly Pyragy özüniň «Şypa ber» atly şygrynda: «Horezm ýurdunda ýatan jananlar, Ismi Mahmyt — ar päliwan şypa ber», Oraz Aşyky (XIX asyr) hem «Medetkär Ysmamyt Pälwan bölaýdy» diýip ýatlap geçýär.

Şahyr ylym-bilimi söýýän, halalhon, takwa we pälwanlykdan baş çykarýan maşgalada önüp-ösüpdir. Ol başlangyç bilimi Gürgençde alýar. Onuň öz döwrüniň ylymly-bilimli adamlarynyň biri bolandygyny, döwrüniň pelsepewi, jemgyýetçilik-syýasy, sopuçylyk we edebi ylymlaryndan oňat baş çykarandygyny çeper rubagylary, «Kenzil-hakaýyk» («Hakykatlar genji») atly eseri we köp sanly ylmy çeşmeler tassyklaýar.

Şahyryň biziň günlerimize 200-den gowrak rubagysy, «Kenzil-hakaýyk» atly mesnewisi, bir gazaly we birnäçe kytgasy gelip ýetipdir. Onuň çuňňur pelsepä ýugrulan döredijiligi diňe bir parsy dilli türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, tutuş Gündogar edebiýatynyň hem ösmegine itergi beripdir.

Çeşmelerde Mahmyt Pälwanyň Kattaly edebi tahallusyny ulanandygy beýan edilýär. Onuň biziň döwrümize Kattaly tahallusy bilen ýazan eserlerinden diňe ýeke-täk bir gazaly gelip ýetipdir.

Mahmyt Pälwan diňe bir rubagyçy şahyr bolman, eýsem, ol örän güýçli pälwan hem bolupdyr. Pälwanlygy şahyrlygyndan, şahyrlygy pälwanlygyndan zyýada bolan Mahmyt Pälwan kakasynyň ugrukdyrmagy bilen, ýaşlykdan göreş sungaty bilen içgin gyzyklanypdyr we meşhur pälwan bolup ýetişipdir. Bu barada Alyguly han Dagystany«Ryýazuş-şugara» atly eserinde: «Ol özüniň belent mertebeli we hormatly kakasynyň ýörelgesine eýerip, pälwanlyk lybasynda bir älemi janlandyrdy, azat-erkinlik eşiginde bir älemi özüne bendi etdi...» diýip, Mahmyt Pälwana ýokary baha beripdir. Bu maglumat onuň pälwanlar neberesinden bolandygyna şaýallyk edýär.

Ol örän berdaşly, daýaw, kuwwally, haýbatly pälwan bolup, kämillik ýyllarynda Horezmde, Mawerennahrda, Horasanda, Eýranda, halda Hindislanda hem onuň arkasyny ýere degrip bilen pälwan tapylmandyr. Ol bütin ömrüne bu ülkeleriň baş pälwany hökmünde toýlarda, dabaralarda ýa-da ýörite göreş ýaryşlarynda yzygiderli göreş tutup, hemişe ýeňiş gazanypdyr. Hatda şa pälwanlaryny-da ýenip, uly at-abraýa eýe bolupdyr. Şonuň üçin orta asyr tezkireçi alymlary oňa örän ýokary baha beripdirler. Türkmen tezkireçisi Lutfulla beg Azer Begdiliniň 1174-nji hijri-kamary — 1760-1761-nji milady ýylynda ýazan «Ateşkedeýi-Azer» atly eserinde ol hakynda: «Pälwanlyk owazasy, jismany we ruhany kuwwaty jahany tutan (eýelän). Öz döwründe taýsyz, belki, hiç döwürde hiç kim onuň bilen merdanalyk lapyny urup bilmez. Şygyr sungatynda hem ussat bolupdyr» diýlip, pälwanlyk abraýy bilen bir hatarda ussal rubagyçydygy hem nygtalypdyr.

Mahmyt Pälwan göreş sungatynyň inçe syrlaryny doly özleşdirenden soň, ýörite pälwanlyk sport mekdebini — göreş öýüni açyp, köp sanly şägirtleri ýetişdiripdir. Şonuň üçin ol wagtyň geçmegi bilen pälwanlaryň piri hasaplanylyp ugrapdyr. Soňabaka onuň ady pälwanlaryň pälwany, pälwanlaryň piri diýen manyda, hatda baş pälwana berilýän lakam manysynda ulanylyp ugrapdyr. Şonuň üçin onuň goşgulary ilkibaşda şägirtleriniň arasynda, soň-soňlar bolsa göreş meýdanyndaky pälwanlaryň arasynda okalypdyr, ondan medet dilenipdir. Pälwanlar onuň ady bilen ant içipdirler, göreş öýlerinde bolan dabaralarda, «Ýa Pirýar weli» diýen sözi dilleriniň senasy edip, ondan ruhy goldaw tapypdyrlar. Şonuň üçin bu endik soň-soňlar däbe öwrülip, ol ýörelge Eýranda, Owganystanda we Hindistanyň kabir ýerlerinde häzire çenli saklanyp galypdyr.

Ol göreş öýünde öz şägirtlerine diňe bir pälwançylygyň inçe syrlaryny, inçe sungatlaryny öwretmän, olara, ilkinji nobatda, ynsanperwerlik, ejize hemaýat, entäni goldamak ýaly adamkärçilikli ýokary ahlak ýörelgelerini hem öwredipdir.

Çeşmelerde Mahmyt Pälwanyň örän ynsanperwer, adamkärçilikli, Watanyny, il-ýurduny söýen pälwan bolandygy barada biri-birinden az-kem tapawutly, emma biri-biriniň üstüni ýetirýän birnäçe hekaýatlardyr rowaýatlar, ylmy maglumatlar saklanyp galypdyr:

Rowaýatlarda aýdylyşyna görä, Mahmyt Pälwana Hind ülkesiniň şasy Çunadan öz huzuryna çagyrýan bir çakylyk gelip ýetipdir. Bu çakylykda onuň näme maksat bilen çagyrylýandygy beýan edilmändir. Şonda Mahmyt Pälwan özüni hindi şasy hyzmatynda gulluk etmäge çagyrandyr öýdüp, Watanyny hiç bir zada çalyşmajagyny aýdyp, permana garşylykly şu rubagyny goşupdyr:

Bir zergär oglanjykülkesi Miltan,

Çakylyk getirdi berdi diýp soltan,

Men-u dostlarmyň hümmeti gaşynda,

Bir arpa alynmaz Çuna, Hindistan.

Emma gaýyp äleminden oňa ol ýere gitmek barada bir yşarat bolupdyr, ýagny pälwan özüniň göreş tutmak üçin ol ýere çagyrylandygyny bilipdir. Şondan soň ol Hindislana barypdyr. Hind mülküniň patyşasynyň bir atly pälwany bar eken. Palyşa Mahmyt Pälwany şol pälwan bilen göreşdirmek üçin çagyran eken. Hindistana baran Mahmyt Pälwan özüniň hemişeki kadasy-ýörelgesi bilen göreş tutuljak gününden bir gün öň Allatagala doga-dileg etmek maksady bilen mukaddes öwlüýälere zyýarata barýar. Doga-dileg edip durka, bir keramatly mazaryň başynda bir garry aýalyň nalyşy bilen Taňra doga-dileg edip: «Hudaý-a, bu Horezmden gelen pälwanyň garşysynda meniň oglumy şermende-ýüzügara çykarmagaý Sen. Oglumyň hem, biziň hem ykbalymyz şoňa bagly, bizi şanyň gazabyna duçar etmegeý Sen» diýip, mynajat kylyp, ýal-baryp duranyny görüpdir. Bu zenanyň şa pälwanynyň enesidigini bilen Mahmyt Pälwan onuň zaryn sözlerine, nälyşyna we perişanlygyna dözmän, ertesi toýda şa pälwanyndan ýykylmagy müwessa bilýär. Patyşa Mahmyt Pälwan bilen öz pälwanyna göreş tutmagy emr edýär. Mahmyt Pälwan bir-iki gezek zor salandan şa pälwanynyň özünden ezizdigini bilýär. Emma ol birnäçe wagtlap tomaşaçylary gyzykdyrmak maksady bilen dürli göreş emellerini ulanyp, halka hezil berýär. Soňra, adam ykbaly bilen baglanyşykly bolany üçin, bilgeşleýin garşydaşyndan ýykylýar we özüniň bu işinden hoşal bolýar. Hindi patyşasy hem begenip, maksadyna ýetýär. Şägirtleri ýagdaýy aňlap, ondan närazy bolýarlar. Şonda Mahmyt Pälwan olara:

— Güýç synanyşmakdan, göreş-mekden maksat diňe bir garşydaş pälwanyňy ýere ýykmak däl, pälwana ilkinji gerek zat merdanalykdyr, ejize mähribanlykdyr, goldawdyr:

Güýçli elin, güýç-kuwwatyň şüküri,

Ejizleriň elin tutmak ahyry

diýip, pälwanlygyň ahlak ýörelgeleri barada olara öwüt-nesihat beripdir. Emma olar halypasyndan närazy bolupdyrlar. Şonda Mahmyt Pälwan olara: «Men ýykylsam hem, ýyksam hem, öňki Mahmytdyryn» diýip, şäherden daşary — sähra çykyp, olar bilen ýeke-ýekeden göreş tutup, baryny ýykýar.

Emma hindi şasy ýörite çagyryp getirdendigi üçin, Mahmyt Pälwany, ýykylan hem bolsa, hormatlap-sarpalap, öz söhbedine-mejlisine goşupdyr, ýürekdeşlik edip, aw-şikara bile gidipdir. Bir gün Mahmyt Pälwany hem özi bilen alyp, daglyk ýerde aw awlap ýörkäler, şanyň kowalap barýan awy gaýadan uçupdyr. Patyşa hem atynyň jylawyny saklap bilmändir. Atyň iki aýagy kemer gyrasynda galyp, öňki iki aýagy hata bolanda — gaýadan sallananda, şanyň ýany bilen al çapdyryp gelýän Mahmyt Pälwan derrew elini uzadyp, aty üstündäki patyşa bilen bilelikde göterip, düz-tekiz ýerde goýupdyr. Muny gören patyşa örän haýran galyp: «Munuň ýaly aýylganç güýjüň bilen meniň pälwanymdan ýykylmagyň geň galdyryjy» diýipdir. Şonda Mahmyt Pälwan onuň düýp sebäbiniň şanyň özüdigini ýaňzydyp, şu rubagyny aýdypdyr:

Mert kişi nebsine bolýandyr emir,

Hiç kime daýanmaz, özgä tekge biýr,

Düşeniň aýagyn almak mertlik däl,

Mertlik ýykylana bolmakdyr destgir.

Şonda Hindistanyň patyşasy hoşal bolup, Mahmyt Pälwana hormat-sarpa bilen ýüzlenip: «Menden näme dilegiň bolsa dile, bitireýin» diýipdir. Mahmyt Pälwan patyşadan maly-dünýä, altyn-kümüş dilemän, birwagtlar Hindislana ýesir düşen horezmli ýesirleri azat etmegini haýyş edipdir. Hindistan patyşasy Mahmyt Pälwanyň haýyşyny kabul edip, horezmli ýesirleri boşadyp, ýol harajatlaryny-da berip, Horezme iberipdir. Kabir rowaýatlarda gelşine görä, şa şonda Mahmyt Pälwana bir pil sowgat beripdir. Şonuň üçin oňa Pilmahmyt hem diýlipdir.

Bu rowaýatlar we taryhy maglumatlar Mahmyt Pälwanyň örän adamkärçilikli, ejize hemaýalkär, entäne ýardam etmek-de öz bähbidinden geçmegi başarýan, watansöýer ynsan bolandygyna şaýatlyk edýär. Horezmdir Horasany, Eýrandyr Turany, hatda Hindistany hem öz pälwanlygy bilen baglan, halk arasynda belent adamkärçiligi, ynsanperwerligi bilen giňden tanalan türkmen gerçegi:

Birgöwün awlamak — uly haj, bilseň,

Müň Käbeden artyk bir ýürek, bil sen

diýmek bilen, ynsan mertebesini bar zatdan ýokary tutupdyr.

Rahmanberdi GODAROW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.


© 2003-2017, TŁrkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.