Makalar

Himiya instatituty: Gin mumkinçilikler, aydyn maksatlar

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Makalar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



GÜÝZ NYGMATLARY

TYA-nyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynda hem ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligini artdyrmak, olary gorap saklamak boýunça işler ylmy esasda alnyp barylýar.

AZIÝANY BAGLAN TÜRKMEN PÄLWANY

Türkmen milli göreşi medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri göreş sungaty bilen içgin gyzyklanyp gelipdir.

Halyçylyk sungatynyň waspy

Halyçylyk sungaty uzak heňňamlarda timarlanyp, gitdigiçe owadanlanyp, türkmeni dünýä ýüzüne tanadyp gelen milli guwanjymyzdyr, halkyň ýüzüniň tuwagydyr.

Ylmy barlaglar we çözgütler

Daşky gurşawy goramak, ekologiýanyaýawlysaklamak bilen baglanyşykly meseleler häzirki zaman dünýäsinde esasy meseleleriň birine öwrüldi.

PÄHIM-PARASAT ÇEŞMESI

Öňňin, 15-nji iýunda hormatly Prezldentimiziň paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen dikuçarda, guşuçar belentlikden tanyşlykda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkelini Köpetdagyň belentliginde ýerleşdirmek barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerıne sylaglar gowşuryldy

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik

Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir.

Ylym — häzirki eýýamyň osüş guraly

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir.

Ylmyň meşhur ussatlary

Sagdynlygyn we ruhubelentligiň ýylynda ynsany bagtly, eşretli durmuşa ýetirýän güýç ylymdyr.

«IT GELDI — GUT GELDI»

Halkymyz «It geldi — gut geldi» diýýär. Gut sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol bagt manysyny aňladýar.

GADYMYÝETE BAGYŞLANAN ÖMÜR

Öz durmuşyny türkmen topragyndan üzňe görmedik alym-arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi ömrüniň köp bölegini türkmen sährasynda, has takygy, Garagum çölünde, gadymy ýadygärlikleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak bilen geçirdi.

MIRAS MUKADDESLIGI

«Mirasa sarpa soýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

KÄMILLIK MEKDEBI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bolup geçýän öz-gerişlikler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, halkyň medeni babatda hem kämilleşmegine şert döredýär.

Şöhratly taryhymyz ruhy binýadymyz

Milli Liderimiz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda il içinde Paryzdepe ady bilen meşhur bolan gadymy taryhy ýadygärlige baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr.

BAG — ZEMINIŇ ZYNATY

Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär.

MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY

Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýarŞu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-deýokumyna sarpa goýdugymyz bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hünärmenleri ylmy ekspedisiýanyň maglumatlaryny toparlara bölýärler

Geobotanika we Milli gerbariý gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň barlaghanalarynda biziň ýurdumyzyň dürlik künjeklerine bolan ýazky ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlary we ösümlik materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

TARYHYŇ ÝANY

Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öň ki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy.

HÜWDI SANAWAÇLARY

Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär.

GOWHERIň GYMMATYNY SARRAF BILER

Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar.

ÖSÜMLIKLERIN GENETIKA BANKY AZYK HOWPSUZLYGYNYŇ ESASY ŞERTI

Häzirki döwürde iň wajyp mesele­leriň biri hem ylym we önümçilik bähbitli ösümlikleriň tohumlarynyň asyl nusgalaryny genetika banklarynda saklamak hem-de olaryň nesil toplu­mynyň gorlaryny ýöriteleşdirilen ekin ýerlerinde diri görnüşde ösdürmek we öwrenmek bölüp durýar.

ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzy özgertmekde innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahat geçirildi.

RÖWŞEN GELJEGIŇ KEPILI

Milli Liderimiz ylym ulgamyny ösdürmegiň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şerti hökmünde ýaş alymlaryň täze neslini terbiýeläp ýetiş-dirmäge aýratyn üns berýär.

YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr.

AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýa hakyndaky oýlanmalary, dünýa düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir.

Türkmenistanda ösümlik dünýäsiniň köp dürliligini gorap saklamak boýunça uly gözleg işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň bu işi ýokary hünärli biolog-floristiçileri we sistematikaçylar amala aşyrýarlar. Bu işiň esasy ugry — daşary ýurtlaryň howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri ýurduň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak ýa-da introduksiýa, ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak bolup durýar.

Arheologiýa: taryhy tapyndylaryň döwrebap seljermesi

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Parfiýa atlary: geçmişden — şu güne

Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar.

ULY TOÝUŇ SÄHEDI: SANLARDAKY ROWAÇLYK ALAMATLARY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sar­pa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, özgertmek ugrunda alnyp barylýan ägirt işleriň her biri milli mirasa sarpa goýmak bilen utgaşdyrylýar.

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär.

Nusaý: şu günden gadymy geçmipe nazar

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutudan ugurlarynyň biri bölüp durýar. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyrmak Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň gerime eýe bolýar.

Bezgli Deräniň Syry

Ol ýazgylar ilkinji gezek kiçi Bezegli deräniň diwar ýazgylarynda gabat gelýär. Diwar suratlary, alymlaryň pikirine görä, takmynan, 14 müň ýyl ozalrak döredilipdir. Şeýlelikde, şol gowak ýazgylaryndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Çendir jülgesiniň, Ak obasynyň, Gyzyl Ymam gonamçylygynyň gapdalynda, iki dagyň arasynda, beýik gumly dag depelerinde ýerleşen daş heýkelleriň ýaşy, takmynan, 10ó11 müň ýyla golaýdyr. Şol ýadygärlikler birbada döremändir. Olar müňýyllyklaryň dowamynda ýasalypdyr. Şonuň üçin olaryň dörän wagty we daşky şekili asyrlar boýunça üýtgäp durupdyr.

REPETEK — OÜNÝÄ DEREJESINDÄKIGÖZELLIK

Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Gündogar Garagumuň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezjpesine Garagumuň çägeli çölüniň aýratyn, ÖTjboluşly iiýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da, demir ýol duralgalarynyň, säginelgeleriň we öri meýdanlaryndaky guýularyň töwereklerini gök-bagçylyga öwürmäge uly iins berüýär.

TÜRKMEN "STOUNHEJI"!?

Türkmenistanyň biçak baý geçmişi bar. Bu gün Altyn depe, gadymy Merw, Coltan Sanjaryň mawzoleýyi, Köneürgenjiň binalary, Maşady-Misserian galalary, Nusaý galasy köpleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärlikler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda olar bilen bir hatarda henize çenli doly öwrenilmedik ýadygärlikler hem az däldir.

«Türkmenistan» gazeti, 2017-07-08

Himiýa instatituty:
Giň mumkinçilikler, aýdyn maksatlar

Ýurdumyzda ylym-bilime, dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda, alymlaryň işine itergi bermek, türkmen ylmynyň täze binýadyny tutmak boýunça düýpli işler amala aşyrylýar. Muňa TYA-nyň Himiýa institutynda alnyp barylýan işlerin mysalynda-da göz ýetirip bolar. Golaýda bu institutda alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, institutyň direktorynyň orunbasary biologiýa ylymlarynyň kandidaty Nabat ORAZOWA bilen söhbetdeş bolduk.

— Nabat Geldiýewna, Himiýa institutynda ýerli mineral, gidromineral we uglewodorod çig mallaryny toplumlaýyn işlemegiň fiziki-himiki esaslarynyň ylmy hem tehnölogik meselelerini çözmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler harada aýdaýsaňyz!

— Himiýa instituty ýurdumyzyň himiýa senagatyny, şol sanda nebit-gaz pudagyny ösdürmekde öz goşandyny goşýar. Institutymyzda «Türkmengaz» Döwlet konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň buýurmasy esasynda köpugurlaýyn ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Mysal üçin, daşary ýurtlara eksport edilýän we gaýtadan işlenilýän tebigy gazyň we gaz kondensatynyň düzümlerini we fiziki-himiki hasiýetlerini öwrenmek işleri yzygiderli dowam etdirilýär. Geçirilen ylmy-barlag işlerinin netijesinde, gaz ýataklaryndaky tebigy gazyň we gaz kondensatynyň düzümindäki uglewodorod we uglewodorod däl komponentleriň ýaýraýşynyň biri-birinden tapawutlanýandygy ýüze çykaryldy.

Alnyp barlan ylmy-barlag işlerin netijeleri suwuklandyrylan gazy öndürmek üçin gurlan 6 sany desganyň (Naýyp gaz ýatagynda 4, Bagaja gaz ýatagynda 2 desga) gurluşygynda we Samandepe we Galkynyş ýataklarynda gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň gurluşygynda ulanyldy.

«Daşoguzgazakdyryş», «Türkmengazakdyryş» we «Döwletabatgazakdyryş» müdirlikleri üçin tebigy gazyň komponent düzüminiň we hasiýetinin seljermeleri yzygiderli alnyp barylýar. Alnan maglumatlar sargytça ulanmak üçin hödürlenilýär. Bu maglumatlar Türkmenistanyň eksporta iberýän gazynyň pasporty bolup hyzmat edýär.

Institutda ýurdumyzyň nebit-gaz pudagy bilen baglanyşykly wajyp meseleler, ýagny nebit-gaz ýataklarynyň ugurdaş we gatlak suwundan peýdaly elementleri bölüp almak boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Özleşdirilen nebit-gaz ýataklary barada toplanan maglumatlar we şol ugurdan geçirilen seljermeler nebitiň, gazyň we ugurdaş suwuň düzüminde birnäçe peýdaly komponentleriň ýygnanýandygyny subut edýär.

Nebitiň düzüminde ugurdaş komponentlerden kükürt, parafin, wannadiý, nikel we agyr metallaryň birnäçesi bar bolsa, gazyň düzüminde kükürtli wodorod, geliý, kömürturşy gazy, propan we ýokary uglewodorodlar, gatlak suwlarynyň düzüminde nahar duzy, kaliý hloridi, litiý, kalsiý, aşgar, ýod, brom, bor, stronsiý, rubidiý, seziý, germaniý we başga-da birnäçe komponentler bar. Diýmek, nebit-gaz ýataklary ýarym komponentli bolup, olaryň düzümi halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň wajyp çig maly bolan bir wagtda uglewodorodlara hem-de himiki elementleriň dürli gömüşlerine, birleşmelerine baýdyr. Himiýa institutynda şol peýdaly komponentleri agzalan senagat suwundan bölüp almak boýunça ylmy-barlag işleri ýola goýuldy we dowam edýär.

— Himiýa institutynyň alymlarynyň we hünärmenleriniň alyp barýan ylmy işlerinde gazanylýan netijeler hem-de himiýa pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleri dogrusynda aýdaýsaňyz!

— Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň ýa-da dünýä ykdysadyýetiniň üstünlikli ösüşi, ilkinji nobatda, bilim we ylym ulgamynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenilýär. Şunda jemgyýetiň intellektual kuwwatyndan netijeli peýdalanmak möhüm şert bolup durýar. Şeýlelik-de, ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň ulanylmagy ýokary derejede ösen döwletleriň ösüşiniň möhüm şertidir. Galyberse-de, ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň, bir tarapdan, düýpli we amaly barlaglary geçirmek babatda, beýleki tarapdan bolsa, olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak babatda öňdebaryjylygy gazanmaga çalyşmagy täze döwrüň tapawutly aýratynlygydyr, hasiýetli alamatydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň häzirki zaman türkmen ylmyny işjeň ösdürmek başlangyjy ýurdumyzy innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlaýjynyň ornuna dalaşgärleriň hataryna çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuş-ykdysady ähmiýete eýe bolýar.

Ýurdumyzyň ylmynyň ösüşini hil taýdan täze, dünýä derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň hem-de tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we durmuşyň meselelerini çözmäge gönükdirmek hormatly Prezidentimiziň türkmen alymlarynyň, ähli jemgyýetçiligiň öňünde goýan baş wezipesidir. Hut şoňa görä-de, ylmyň depginli ösdürilmegine, ýurdumyzda bellenilen ägirt uly özgertmeleriň ählisiniň ýeterlik derejede düýpli ylmy esaslandyrylmasynyň bolmagy üçin oňy kämilleşdirmek, hil taýdan ýokarlandyrmak we höweslendirmek boýunça uly çareleriň döredilmegine aýratyn strategik ähmiýet berilýär. Şu maksatlar bilen soňky ýyllarda ýurdumyzyň ylmynyň uly hem-de ygtybarly hukuk binýady döredildi, oňy ösdürmek we düzümlerini kämilleşdirmek babatda çözgütler kabul edildi.

Himiýa pudagynda innowasiýa täzelikleri ulanmak bilen, täze tehnologiýalaryň esasynda ýerli çig mallardan bäsleşige ukyply önümleri öndürmek we olary dünýä bazaryna çykarmak meseleleri ýakyn ýyllarda türkmen alymlarynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Ekologiýa we ýerli çig mallary tygşytly ulanmak babatynda bolsa, alymlaryň öňünde döwlet tarapyndan ekologik arassa hem-de galyndysyz tehnologiýalary ylmy taýdan işläp düzmek meseleleri goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz ileri tutulýan wezipeleri kesgitläp, çig mal öndürýän milli ykdysadyýetiň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolan önümleriň köp görnüşlerini öndürýän innowasion, döwrebaplaşdyrylan, ýokary tehnologiýaly senagata, gaýtadan işleýän pudaklaryň häzirki zaman düzümine esaslanýan ykdysady-ýete öwrülmegini esasy ugur hökmünde görkezdi.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, institut Türkmenistanda himiýa ugrundan ylmy-barlag işlerini alyp barýan ýeketäk institutdyr. Ol ýurdun mineral, gidromineral we uglewodorod çig mallaryny toplumlaýyn işlemegiň fiziki-himiki esaslarynyň ylmy hem tehniki meselelerini çözmekligi hem-de ýurdumyzyň tehnölogik we ylmy-barlag institutlary we ýokary okuw mekdepleri, şeýle-de Türkmenistanyň himiýa senagaty üçin ýokary derejedäki hünärmenleri taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn işleri alyp barýar.

— Institutda telekeçiler we hususy kärhanalar bilen alnyp barylýan işler barada nämeler aýdyp bolar?

— Türkmenistan mineral, gidromineral we uglewodorod çig mallarynyň dürli görnüşleriniň gorlaryna eýedir. Mineral, gidromineral duzlary, minerallaşan ýod-bromly, seýrek we seýrek ýaýran elementli ýerasty suwlary, gaz çykarylanda emele gelýän kükürdi, nebiti, tebigy gazy we gaz kondensatyny gazyp almak we himiki taýdan gaýtadan işlemek meselesi halk hojalygyny ösdürmegiň wajyp ugurlarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiziň şu görkezmeleriniň çäklerinde institutda işewür telekeçiler bilen ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak barada işler ýaýbaňlandyrylýar. Şu babatda biz bilen işleýän telekeçileriň biride «Çaly» hususy kärhanasydyr. Kärhanada Himiýa institutynyň alymlary tarapyndan ýerli çig mallary ulanyp, tehnologiýasy işlenip düzülen üçekli ýapmak, turbageçirijileri izolirlemek üçin niýetlenen mastikanyň önümçiligi ýola goýuldy. Mastikanyň önümçiligi institutyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda we gözegçiliginde alnyp barylýar.

Himiýa institutynyň alymlary we hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen tehnologiýa esasynda öndürilýän mastika häzirki wagta çenli daşary ýurtlardan satyn alynýan izogam ýaly örtükleri doly çalşyp bilýär, bu önümiň ulanyş ömri daşary ýurt önümlerinden uzakdyr we ekologiýa taýdan arassadyr.

Himiýa institutynda senagat galyndylaryny gaýtadan işläp ulanmagyň çözgütlerini oýlap tapmagyň üstünde hem ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Şu möhüm meseleleriň çäklerinde «Maryazot» ÖB-de ulanylan katalizatorlaryň we Baýramalynyň ýag zawodynyň senagat zyňyndysy bolan gossipol şepbiginiň (smolasynyň) esasynda reňk almagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi we oňa oýlap tapyş patentini almaga resminamalar tabşyryldy.

Ýurdumyzda işlemäge, ylmy işler bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleri döredýän mähriban Arkadagymyza alkyşymyz çäksizdir. Goý, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bütin adamzat ähmiýetli işleri rowaç, ýurdy parahat bolsun!

— Nabat Geldiýewna, beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag bolun! Himiýa institutynyň alymlarynyň alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Söhbetdeş bolan
Sona DURDYÝEWA,
«Türkmenistan».


© 2003-2017, TŁrkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.