Halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşllyk


"Ylym we tehnika milli ykdysadyýetin ganatydyr."

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Baş sahypa
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar
Türkmenistanyň saýtlary

Merkezi ylmy kitaphanasy
File server
Arhiw



«Demokratiýa we hukuk» žurnaly, № 2 2015 ý.

HALKARA YLMY-TEHNIKI HYZMATDAŞLLYK: MAKSATNAMA-HUKUK BINÝADY WE GÖRNÜŞLER

Göwher Geldiýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Filosofiýa we hukuk bölüminiň müdiri, syýasy ylymlaryň kandidaty

Gülşat Durdyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň aspiranty

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna tehnologiýalary, täzeçilikleri, ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça geçirilýän giň gerimli özgertmeler diňe syýasy ykdysady halkara gatnaşyklaryň giňelmegi bilen däl-de, eýsem daşary döwletler öňdebaryjy senagat we ylmy merkeler bilen ylmy-tehniki gatnaşyklaryň ösmegi bilen hem utgaşýar. Barlaglaryň halkara häsiýete eýe bolmagy, ylmy bilimleri, tehnologiýalary alyşmak bolup geçýär, ylmy işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler geçirilýär. Ýurdumyzda innowasion işleri ýaýbaňlandyrylan şertlerinde halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek zerurlygy — zähmetiň we ylmy ösüşiň halkara bölünmesiniň netijesi bolup, onuň barşynda önümleriň we ylmy gatnaşyklaryň täze görnüşleri döredilmelidir.

Senagat hymatdaşlygyny we onuň esasyny düzýän ylmy-teniki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyplygy dünýäniň 33 döwletiniň gatnaşmagynda 1973-nji ýylda Helsinkide geçirilen Ýewropada howpsuzllyk we hyzmatdaşlyk boýunça masllahatda jar edildi. Türkmenistanda bu ugurda halkara gatnaşyklarynyň hukuk üpjünçiligi, özara gatnaşyklaryň esasy ýörelgeleri we düzgünleri milli kanunçylykda berkidildi, işiň ugurlary we olary amala aşyrmagyň meýilnamalary syýasy-maksatnamalaýyn resminamalarda kesgitlendi, olaryň görnüşleri Türkmen döwletiniň halkara şertnamalarynda ösüşe eýe boldy.

Halkara ylmy-tehniki hymatdaşlyk — bu ylmy-tehniki wezipeleriň bilelikde işlenip düzülmegi, ylmyň gazananlaryň, önümçilik tejribesiniň özara alşylmagy we hünärli işgärleriň taýýarlanmagydyr. Ylym ulgamyny we innowasion ösüşi has-da ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak bilen baglylykda degişli ugurda daşary ýurtlar bilen özara gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýetini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz şeýle diýdi: «Ýurdumyzda ylmyň taryhy, onuň häzirki ýagdaýy we geljegi Berkarar Watanymyzyň syýast, ykdysady we medeni ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr. Şoňa görä-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyndan ugur alyp, ata Watanymyzyň ykdysady ösüşini, halkymyzyň hal-ýagdaýyny we bagtyýar gelejegini kesgitleýän ylym ulgamy dünýäniň ylmy giňişligine çalt we netijeli goşulmalydyr».

«Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk babatda uzakmöhletleýin döwlet syýasatynyň maksatlary kesgitlendi. «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bu ugurda geçirilmeli işleriň esasy ugurlary we çäreleriň toplumy beýan edildi.

«Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasy» dünýä tejribesini öwrenmek, tehnologiýalary ornaşdyrmak, olary önümçilik ulgamynyň hajatlaryna uýgunlaşdyrmak we milli ykdysadyýetimizde meseleleriň innowasion çözgütlerini gözläp tapmak boýunça wezipeleri goýýar. Bilelikdäki barlaghanalary, edaralary döretmek, hymatdaşlygyň taslamalaryny, maksatnamalaryny amala aşyrmak, dünýäniň dürli ýurtlaryndan alymlary çagyrmak, tejribe alyşmak maksadynda türkmen alymlaryny daşary ýurt merkezlerinde tejribe okuwuny geçirmek üçin ugratmak, halkara tehnologik merkezleri bien özara gatnaşyklary ýola goýmak we netijeli tehnologiýalary özara bähbitli esasda alyşmak meýilleşdirilýär.

Ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy düýpli we amaly ylmy nazarýet we tejribe wezipelerini çözmäge, tehnologik işleri ösdürmäge, işgärleri taýýarlamaga, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny peýdalanmak howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Häzir milli Liderimiziň bu ulgama aýratyn üns bermegi netijesinde halkara gatnaşyklaryny ýola goýmaga we ösdürmäge ýardam edýän hukuk binýady döredildi. Oňa «Döwlet ylmy-teniki syýasaty hakynda», «Ylmy işgärleriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy tehnologiýa parklary hakynda»,, «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy namalar degişli bolup, olar daşary ýurt ylmy merkezleri, alymlary, oýlap tapyjylary bilen gatnaşyklaryň ýörelgelerini, ugurlaryny meýilleşdirmegiň şertlerini, salgyt ýeňilliklerini we görnüşlerini kesgitleýär.

«Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanda alymlyk derejeleri we alymlyk atlary hakynda daşary ýurt döwletleriň resminamalarynyň deň derejeliligini ykrar etmek we kesgitlemek hakynda düzgünleri berkidýär.

Halkara hyzmatdaşlygy ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda hökümetara we pudagara ylalaşyklaryň esasynda amala aşyrylýar, olarda taraplaryň hukuklary we borçlary bilen bir hatarda işleriň anyk görnüşleri göz öňünde tutulýar. Türkmenistan häzire çenli dünýäniň 30-dan gowrak ýurtlary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk baglaşdy. Diňe 2015-nji ýylyň birinji ýarymynda degişli ugurda dürli derejedäki ylalaşyklaryň sekizisine gol çekildi. Halkara hyzmatdaşlygynyň wektor ugurlylygy örän giň çäklere eýe bolup, onuň gerimine GDA we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary, Ýaponiýa, Hytaý, Hindistan, Türkiýe, Koreýa Respublikasy, Eýran, BAE, Saud Arabystany ýaly döwletler girýär.

Mysal hökmünde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylym we tehnologiýa hymatdaşlygy hakynda ylalaşygy, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylym we tehnologiýa hymatdaşlygy hakynda ylalaşygy, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylmy-tehniki hymatdaşlyk hakynda ylalaşygy we beýlekileri görkezmek bolar. Umumy häsiýetli hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklar bilen birlikde hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça hökümetara şertnamalary baglaşylýar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Seýsmiki gorag babatda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygy bellemek gerek.

Pudagara ylalaşyklary dürli derejedäki ylmy edaralaryň arasynda baglaşylýar. Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň şertnamalaýyn binýadynda Belarus Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasy hem-de Ukrainanyň Milli akademiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklar we beýlekiler bar. Bu sanawda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty bilen «Belarus Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty» döwlet ylmy edarasynyň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen Belarus Respublikasynyň Täze materiallar himiýa institutynyň arasyndaky ylalaşyk, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň O.Ý.Şmidt adyndaky Ýeriň fizikasy instituty bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we fizuika institutynyň arasyndaky ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda şertnama we beýlekiler bar.

Ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň maksatnamalary şertnamalaryň aýratyn toparyna degişlidir. Bu ylym we tehnika babatda özara gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň täze görnüşidir. Bu şertnamalarda kesgitlenen kadalar geljegi nazarlap, bu ugurda gazanylanlary ulanmak babatda tertibiň ölçeglerini kesgitleýär, şonuň bilen degişli ulgamda netijeli gatnaşyklary halkara derejesinde netijeli meýilleşdirmegiň wezipesini ýerine ýetirýär. Maksatnamalarda düzgün bolşy ýaly, özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, amala aşyrmagyň esasy tapgyrlary kesgitlenýär, şeýle hem anyk taslamalaryň birnäçesi goşulyp bilner. Mysal üçin, häzir Türkmenistanyň Hökümetiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet, sungat, ylym we bilim babatda 2015-2018-nji ýyllar üçin maksatnamasy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Belarus Respublikasynyň we Ukrainanyň Milli ylymlar akademiýalarynyň arasynda ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygyň maksatnamalary amala aşyrylýar.

Ylmy edaralaryň we türkmen alymlarynyň bilelikdäki we sebit ylmy taslamalary amala aşyrmaga, şeýle hem daşary ýurtlarda geçirilýän halkara maslahatlaryna we dürli çärelere, iş duşuşyklaryna we geňeşlerine, daşary ýurt ylmy merkezlerinde guralýan okuwlara we beýlekilere gatnaşýandygyny hem bellemek gerek. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Ýewropa Bileleşiginiň 2010-njy ýyldan bäri amala aşyrýan «Merkezi Aziýanyň ylym-bilim ulgamy» atly sebit maksatnamasyny (CAREN) görkezmek bolar. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň Internete ýokary tizlikli girmegini üpjün edýän Türkmen ylym-bilim tory döredildi.

Gözegçilik, seljeriş ulgamyny kämilleşdirmek we seýsmiki maglumatlary işlemek maksadynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem bu ugurda dünýä ösüşiniň meýillerini nazara almak bilen Aşgabatda Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Meteorologiýa we seýsmologiýa milli merkeziniň seýsmologlarynyň bilelikdäki ylmy-amaly maslahaty guraldy.

Ylmy işgärleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin halkara hyzmatdaşlygy işjeň ulanylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Belarus Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýalarynyň arasyndaky Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnama laýyklykda Tehnologiýalar merkeziniň ýaş alymlary Belarusda Genetika we sitologiýa institutynda tejribe okuwyny geçirdiler. Häzir Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Ylym we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen assosasiýasynyň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky ähtnamanyň çäklerinde Tehnologiýalar merkeziniň ýaş hünärmenleriniň 13-si üçin Ýaponiýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde we ylmy-tehnologik merkezlerinde tejribe okuwyny geçirmek guraldy.

2014-nji ýylyň başyndan 2015-nji ýylyň iýun aýyna çenli aralykda ylmy maslahatlara we seminarlara gatnaşmak üçin Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň 79-sy daşary ýurtlarda boldular. Ylymlar akademiýasynyň geçirýän halkara ylmy çärelerine öz nobatynda daşary ýurtly alymlar gatnaşýarlar. Mysal üçin 2014-nji ýylda Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Tehnologiýalar merkeziniň açylyş dabarasyna dünýäniň elli alty ýurdundan alymlaryň iki ýüze golaýy gatnaşdylar.

Halkara ylmy hyzmatdaşlyk ylym, tehnologiýalar, ylmy işleri talap edýän önümçilik babatda ähliumumy goşulyşmak proseslerine, ýurdumyzyň ösüşiniň innowasion ýoluna düşmegine, intellektual önümler, ylmy kuwwaty artdyrmaga, tehnologik howpsuzlygyň üpkün edilmegine ýardam edýär.

EDEBIÝAT:

1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. 6-njy tom. Aşgabat. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. 2013 ý.

2. «Türkmenistan» gazeti. 2015-nji ýylyň 12-nji iýuny.

3. Türkmenistanyň Mejlisiniň maglumatlary 2014 ý., № 1, 39-njy madda

© 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.