Ylma hyzmat edýän guramalar

Merkezi ylmy kitaphanasy

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Ylma hyzmat edýän guramalar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



"Ylym" neşirıaty hakynda maglumat

"Ylym" neşirıaty hakynda magumat berilıär.

Çaphanasy hakynda maglumat

Çaphana öz Tertipnamasyna görä iş alyp barıan, hojalyk hasaplaşygyndaky, öz-özüni dolandyrıan döwlet edarasy bolup.

TÜRKMENISTANYň YLYMLAR AKADEMIÝASY

MERKEZI YLMY KITAPHANA

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy SSSR YA-nyň Türkmenistan bölümçesi hökmünde 1940-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda açyldy. 1951-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan TSSR YA-nyň Merkezi ylmy kitaphanasy (MYK), 1998-nji ýylyň 29-njy iýunyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň Merkezi ylmy kitaphanasy. 2009-njy ýylyň 12-nji iýunyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy.

MYK-nyň esasy wezipesi: Türkmenistanda ylmyň we tehnikanyň ösmegine, olaryň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaklyga, ykdysadyýetiň we medeniýetiň ýokary galmagyna hemaýat edýär we ýerine ýetirýän hyzmaty boýunça aşakdaky borçlardan ybarat: Ylmy edebiýatlaryň umumy hazynasyny döredýär; Türkmenistanyň YA-nyň ylmy edaralaryny we halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işleýän hünärmenlerini, medeniýet işgärlerini kitaphanaçylyk bibliografiki hyzmat bilen üpjün edýär; kitaphanaşynaslyk, bibliografiýaşynaslyk we kitabyň taryhy ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýar; Türkmenistanyň YA-nyň ylmy-barlag institutlarynyň kitaphanalarynyň merkezleşdirilen ulgamyny döretmek boýunça baş kitaphana wezipesini ýerine ýetirýar; goňşy daşary ýurt kitaphanalary we ylmy edaralary bilen kitap alyş-çalyş işini ýola goýýar we alyp barýar; halkara kitaphana abonementiniň sebit merkezi wezipesini ýerine ýetirýär; Türkmenistanyň YA-nyň neşirleriniň arhiw we bronlanan fonduny döredýär, akademikleriň, habarçy-agzalaryň, ylymlaryň doktorlarynyň, ýazyjylaryň jemgyýetçilik işgärleriniň şahsy hazynalaryny döredýär we saklaýar.

MERKEZI YLMY KITAPHANANYň BÖLÜMLERINIň WE BÖLÜMÇELERINIň DÜZÜMI:

- Kitaphananyň metbugat eserlerini komplektleýji bölümi;

- Merkezi Aziýa döwletleri bilen kitap alyş-çalyş bölümçesi;

- Daşary ýurt edebiýaty we Halkara kitap alyş-çalyş bölümi;

- Edebiýatlary ylmy taýdan pudaklaşdyrma we kataloglar bölümi;

- Hyzmat ediji bölümi;

- Internet otagy;

- Kitap hazynahana bölümi;

- Döwürleýin neşirler bölümçesi;

- Türkmen edebiýaty we seýrek neşirler bölümi;

- Bibliografiýa, kitaphanaşynaslyk we kitapşynaslyk ylmy-barlag bölümi;

- Sorag-jogap we kitaphana-bibliografik işleri bölümi;

- Kitaphana işini kompýuterleşdirmek we mehanizmleşdirmek bölümi;

- Metbugat eserlerini skanirlemek bölümi;

- Sahaplaýyş bölümi.

Kitaphananyň metbugat eserlerini komplektleýji bölümi: Diýarymyzda neşir edilýän metbugat eserlerini kitaphananyň hazynahanasynda yzygiderli toplaýar, gelip gowşan edebiýatlara inwentarizasiýa geçirýär. Abuna ýazylyp alnan we kitap alyş-çalyş ulgamy boýunça kitaphana gelip gowşan kitaplaryň, döwürleýin neşirleriň işçi we elektron kartotekasyny ýöredýär we metbugat eserleriniň doly gelip gowuşmagyny gazanýar.

Merkezi Aziýa döwletleri bilen kitap alyş-çalyş bölümçesi: Bu sebitiň döwletleriniň kitaphanalary bilen alyş-çalyş işini guraýar we bu işi ýerine ýetirmek üçin ätiýaçlyk gaznasyny döredýär.

Daşary ýurt edebiýaty we Halkara kitap alyş-çalyş bölümi: Türkmenistanyň taryhy, medeni ösüşi bilen bagly dürli ýurtlarda dürli dillerde neşir edilýän metbugat eserlerini kitaphana alýar we olaryň kataloglar ulgamyny döredýär. Halkara kitap alyş-çalyş işini alyp barýar.

Edebiýatlary ylmy taýdan pudaklaşdyrma we kataloglar bölümi: Kitaphana gelip gowuşýan ähli metbugat eserleriniň kataloglar (elipbiý we pudaklaýyn) ulgamyny döredýär we alyp barýar. Türkmen, rus we GDA halklarynyň dillerindäki edebiýatlara kitaphanaçylyk ýazgysyny geçirýär, ylmyň dürli pudaklary boýunça indeksler goýýar.

Hyzmat ediji bölümi: Kitaphananyň gaznasynda saklanýan ähli edebiýatlar bilen okyjylara hyzmat edýär. Döwlet derejesinde geçirilýän ylmy maslahatlara, milli baýramçylyklara, belli şahsyýetlere, görnükli alymlara, halk hojalygynyň derwaýys meselelerine bagyşlanan edebiýatlaryň giňişleýin sergilerini yzygiderli gurnaýar. Täze gelen edebiýatlaryň hemişelik sergisini alyp barýar. Geçirilýän köpçülik işleri barada türkmen telewideniýesiniň kanallary arkaly edebiýatlary wagyz edýär; döwürleýin neşirleriň sahypalarynda gurnalýan sergiler barada yzygiderli çykyş edýär.

Internet otagy: Aspirantlara, doktorantlara, dalaşgärlere we ylmy işgärlere hyzmat edýär.

Kitap hazynahana bölumi: Gelip gowşan metbugat eserlerini bölünen formatlaryň inwentar nomerleri boýunça ýerleşdirýär.

Edebiýatlaryň ýitgisiz saklanmagyna jogapkärçilik çekýär, olary yzygiderli barlap durýar. Okyjylaryň metbugat eserlerine talaplaryny öz wagtynda bökdençsiz ýerine ýetirýär. Kitaplary, žurnallary jiltlemäge taýýarlaýar.

Döwürleýin neşirler bölümçesi: Ylmyň ähli pudaklary boýunça kitaphananyň hazynahanasyna gelip gowuşýan gazet-žurnallaryň doly toplanmagy we aýawly saklanmagy üçin jogapkärçilik çekýär.

Sorag-jogap we kitaphana-bibliografik işleri bölümi: Türkmen we rus dillerinde goýberilýän döwürleýin neşirleriň makalalarynyň dowamly kartotekasyny ýöredýär, bibliografik delilnamalary beryär we onuň arhiwini alyp barýar. Bibliografik görkezijileri düzmäge gatnaşýar. Aýda bir gezek «Täze kitaplar» atly habarnama çykarýar, edebiýatlar barada habar beriş işleriniň ähli görnüşlerini ýerine ýetirýär.

Türkmen edebiýaty we seýrek neşirler bölümi: Diýarymyzyň çäklerinde we onuň daşynda türkmen dilinde neşir edilýän ähli metbugat eserleri, şeýle-de Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, ösümlik dünýäsi, gazylyp alynýan peýdaly magdanlary bilen bagly dürli dillerde neşir edilen gymmat bahaly kitaplary, golýazmalary we dissertasiýalary jemleýär we aýawly gorap saklaýar. Olar bilen okyjylara hyzmat edýär.

Kitaphana işini kompýuterleşdirmek we mehanizmleşdirmek bölümi: ähli dillerdäki metbugat eserleriniň elektron kataloglar ulgamyny döredýär.

Metbugat eserlerini skanirlemek bölümi: kitaphananyň hazynasyndaky gymmatly we seýrek metbugat eserleriniň nusgalaryny skanirleýär we olar bilen okyjylara hyzmat edýär.

Bibliografiýa, kitaphanaşynaslyk we kitapşynaslyk ylmy-barlag bölümi: dürli temalara degişli döwürleýin, retrospektiw görkezijileri düzýär. «Türkmen alymlary» atly tapgyrlaýyn görkezijileri goýberýär. Kitapşynaslyk, bibliografiýaşynaslyk we kitaphanaşynaslyk meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýar.

Sahaplaýyş bölümi: zaýalanan metbugat eserlerini doly abatlamak işini yzygiderli alyp barýar.


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy