TALAPLAR

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




„İaş alymlar — dünıä ylmynyň we medeniıetiniň birleşdiriji güıji” atly halkara ylmy maslahatyň işine gatnaşmak üçin maglumatlary doldurmagyň talaplary

Maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus.

Guramaçy — Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasynyň Taryh instituty.

Bellige alnyş.

Maslahatyň işine gatnaşmak üçin oňa gatnaşyjynyň bellige alyş kagyzyny doldurmak we çykyşyň tezisleri bilen bilelikde ony Guramaçylyk toparyna ibermek zerurdyr.

Maslahata gatnaşyjynyň bellige alyş kagyzy (daşary ıurtly alymlar üçin).

Familiıasy

Ady

Atasynyň ady

Wezipesi

Ylmy derejesi, ady

Gurama (doly ady)

Guramanyň salgysy (poçta belgisi bilen)

Gulluk telefony

E-mail

Çykyşynyň ady (baş harplar bilen ıazylmaly däl)

Çykyş, tezis haısy dilde taııarlanan

Tezisleri taııarlamaga bildirilıän umumy talaplar

Çykyşyň tezisleri taııarlanylanda şu aşakdaky talaplaryň berjaı edilmegini haıyş edıäris:

1.Çykyşyň tezisleri Guramaçylyk toparyna elektron poçta boıunça iberilıär.

Çykyşyň tezisleriniň möçberi A4 (210×297 mm) formatynyň 1,5 sahypasyndan (setirarasy 1,5, 14-lik ölçegde) uly bolmaly däldir.

2.Faıl setirleıin şulary öz içine alar:

Familiıasy, ady, atasynyň ady (dolulygyna), ylmy derejesi, ylmy ady, ıaı içinde ıurduň gysgaldylan ady görkezilıär;

çykyşyň ady — 14-lik ölçegde, ıarym goıy baş harplarda, sahypanyň merkezinde ıerleşdirilıär;

tezisleriň tekstiniň beıleki bölegini ıazmazdan öň 1 setiri göıbermek gerek.

3.Tezisleriň esasy mazmuny adaty Times New Roman şriftiň 14-lik ölçeginde ıazylıar we sahypanyň ini boıunça deňlenilıär. Her seresetir gyzyl çyzyk bilen tapawutlandyrylıar. Meıdanlar: ıokarsy we aşagy — 2,0 sm, çepi — 2,5 sm, sagy — 1,5 sm.

4.Çykyşyň tezisleriniň sahypalary belgilenilmeıär.

5.Çykyşyň tezisleri diňe Word (doc. giňeltmesi bilen) resminamasynyň formatynda kabul edilıär.

6.Tezisler boıunça düzedişler we goşmaçalar kabul edilmeıär. Guramaçylyk toparynyň çözgüdi boıunça tezisler kabul edilmän hem bilner.

Tezisleri, bellige alyş kagyzlary we beıleki maglumatlary ibermek.

Çykyşyň tezislerini, bellige alyş kagyzy, şeıle-de wizalary taııarlamak we myhmanhanada ıer edinmek üçin (Guramyçylyk toparyň resmi çakylygy alnandan soň) pasportyň göçürmesini elektron poçtada 2013-nji ıylyň 10-njy fewralyna çenli maslahatyň Guramaçylyk toparyna şu salgy boıunça ibermek gerek:

history@online.tm ; taryh_turkmen@mail.ru

Guramaçylyk toparynyň iberen jogap haty siziň tezisleriňiziň we maslahata gatnaşyjynyň bellige alyş kagyzynyň bize gelip gowşandygynyň kepili bolup durıar.

Guramaçylyk topary çykyşyň tezislerine seredilmegiň netijeleri boıunça siziň salgyňyza maslahata gatnaşmaga resmi çakylygy iberer.

Guramaçylyk toparynyň resmi çakylygyny alan maslahata gatnaşyjylaryň Türkmenistana gelmegi we bu ıerde bolmagy bilen bagly ähli çykdajylar Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasynyň Taryh instituty tarapyndan tölenilıär.

Guramaçylyk topary wiza üpjünçiligini amala aşyrıar, şeıle hem maslahata gatnaşyjylaryň aeroportda garşylanmagyny we maslahat tamamlanandan soň aeroporta äkidelmegini guraıar.

GURAMAÇYLYK TOPARY


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy