aş alymlar dn ylmynyň we medenietiniň birleşdiriji gji atly halkara ylmy maslahaty

Baş sahypaYlymlar akademiasy
Baş sahypa  Bize hat az  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw





Hormatly kärdeşler!

Sizi 2013-nji ýylyň 24-25-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýaş alymlar  dünýä ylmynyň we medeniýetiniň birleşdiriji güýji atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýarys. Maslahat Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky  12527 belgili Kararyna laýyklykda geçirilýär.

Maslahatyň guramaçysy  Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty.

Maslahatda şu aşakdaky bölümçeleriň işlemegi göz öňünde tutulýar:

  • Medeniýetleriň özara täsiri we siwilizasiýalaryň gatnaşyklary ýolunda ýaş alymlaryň gumanitar ylymlar babatyndaky hyzmatdaşlygy.
  • Ýaş alymlaryň tehniki progresiň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde takyk we tebigy ylymlar babatyndaky hyzmatdaşlygy. Üstünlikler we mümkinçilikler.
  • Ýaşlarda ruhy-dünýägaraýyş gymmatlyklaryny kemala getirmekde sungatyň, diliň we däp-dessurlaryň orny we ähmiýeti.
  • Ylym we tehnologiýa babatda ýokary hünär derejeli ýaş ylmy işgärleri taýýarlamagyň usullaryny we görnüşlerini kämilleşdirmek we ylmy bilimleriň yzygiderliligini üpjün etmekde halypaçylygyň ähmiýeti.
  • Ýaş alymlar we ösüşiň innowasiýa ýoly.

Maslahatyň maksady  ylym ulgamynda ýaş alymlaryň hyzmatdaşlygyna we onuň ösüş ýollaryna degişli möhüm meseleleri giňden ara alyp maslahatlaşmak, üstünlikleri we mümkinçilikleri seljermek, daşary ýurtly alymlaryň tejribesini umumylaşdyrmak we ylmyň dürli ugurlarynda täze mümkinçilikleri ýüze çykarmak; ýaş alymlary taýýarlamagyň usullaryny we ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak; ylmy we medeniýeti ösdürmek boýunça täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak.

Maslahata gatnaşmak üçin ýüz tutmalar (islegler) 2013-nji ýylyň 10-njy fewralyna çenli şu salgy boýunça kabul edilýär  history@online.tm; taryh_turkmen@mail.ru.

Maslahatyň işine gatnaşmagyň şertleri baradaky maglumaty siz şu telefonlar boýunça alyp bilersiňiz:

Tel.: (99312) 93-16-02; 93-01-18; 93-26-97.

GURAMAÇYLYK TOPARY

e-mail: ast.info@science.gov.tm 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy