"Bilim, ylym, sport we syýahatçylyk Beýik Galkynyş zamanasynda" atly I halkara sergisi we maslahaty

Baş sahypaYlymlar akademiýasy
Baş sahypa  Bize hat ýaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw





Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň Baýdak aýynyň 14-indäki Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde "Bilim, ylym, sport we syýahatçylyk Beýik Galkynyş zamanasynda" atly I halkara sergisi we maslahaty geçirilýär.

Sergi we maslahat Aşgabadyň Sergiler köşgünde 2008-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 1-3-i aralygynda şu salgyda geçirilýär: Garaşsyzlyk şaýoly, 104.

Guramaçylar:

  • Türkmenistanyň Bilim ministrligi;
  • Türkmenistanyn Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti;
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeş.

Sizi görkezilen çärelere "Ylym" bölümi boýunça gatnaşmaklyga çagyrýarys.

"Ylym" bölümi boýunça serginiň we maslahatyň esasy maksady

  • ýurduň we daşary ýurduň tejribelerini jemlemek;
  • Türkmenistanda ylmy ösdürmegiň netijeli taslamalaryny durmuşa ornaşdyrmak üçin özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we hyzmatdaşlary çekmek;
  • Ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa ornaşdyrmak we ylmy işgärleri taýýarlamak üçin zerur resurslary, kadalaşdyryjy-hukuk we guramaçylyk üpjünçiligini kesgitlemek.

Serginiň we maslahatyň tematikasy gatnaşyjylaryň tekliplerine laýyklykda üsti doldurylyp bilner.

Sergä we maslahata taýýarlygyň möhletiniň gysgalygyny göz öňünde tutup, Siziň öz çözgütleriňizi mümkin boldugyça gyssagly habar bermegiňizi haýyş edýäris.

Gatnaşmaklyga sargytlaryň kabul edilişi:

  • maslahata – 2008-nji ýylyň Nowruz aýynyň 30-na çenli;
  • sergä – 2008-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 10-na çenli.
    "Ylym" bölümi boýunça sergä we maslahata gatnaşmagyň şertlerini Siz şu salgy boýunça alyp bilersiňiz:
  • 744000, Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 15, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeş, Email – conference@science.gov.tm
  • Faks (+99312) 39-67-72
  • Tel.: 35-36-12 (Çaryýew Oraz Çaryýewiç)
  • 35-49-49 (Komolsew Aleksandr Alekseýewiç)

Sergä gatnaşmaklygyň şertlerini Siz Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň saýtyndan alyp bilersiňiz: www.cci.gov.tm

    Bellik. Sergä we maslahatyň beýleki bölümlerine gatnaşmaklyga degişli meseleleri Siz şu salgy boýunça anyklap bilersiňiz:
  • "Bilim" bölümi boýunça – Türkmenistanyň Bilim ministrligi – Email –exhibition.edu@gmail.com; telefon – (+99312)35-34-41 (Baýramow Nursähet Saparowiç)
  • "Sport" we "Syýahatçylyk" bölümleri boýunça – Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti, www.tourism-sport.gov.tm, Email – turkmentour@online.tm, telefon – (+99312) 39-76-06 (Garlyýewa Aýna)
GURAMAÇYLYK KOMITETI
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy