«Türkmenistanda energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň meseleleri» atly halkara ylmy maslahat

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw





Hormatly jenaplar!

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 6-njy noýabryndaky Kararyna laýyklykda, 2010-njy ýylyň 24-25-nji fewralynda Aşgabat şäherinde «Türkmenistanda energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň meseleleri» atly halkara ylmy maslahat geçirilýär.

Ylmy maslahatyň guramaçysy — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

Ylmy maslahatyň esasy ugurlary:

  • energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň ylmy-tehniki, ekologik we ykdysady nukdaý nazardan häzirki zaman ýagdaýy;
  • energiýany öndürmekde alternatiw çeşmeleri ulanmak boýunça düýpli ylmy-barlaglarda ýetilen sepgitler;
  • energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmak ücin täze tehnologiýalar we enjamlar;
  • energiýanyň alternatiw çeşmeler ulgamynyň işiniň ygtybarlygyny we energiýanyň hilini ýokarlandyrmagy üpjün etmek;
  • ylmy-tehniki, ekologiki we ykdysady nukdaý nazardan energiýanyň alternatiw çeşmeleriniň häzirki ýagdaýy, ösüşi we ulanylyşy.

Maslahata gatnaşyjylaryň teklipleri boýunça, maslahatyň tematikasynyň üsti doldurylyp bilner.

Maslahatyň esasy maksady: Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň tejribesini umumylaşdyrmak, ylmy ösdürmegiň we energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmak boýunça netijeli taslamalary durmuşa geçirmek üçin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we hyzmatdaşlary çekmek; täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrylmaklyga ýardam etmek, olaryň peýdalanylmagyndan ýokary ykdysady netije almak.

Ylmy maslahata gatnaşmak üçin resminamalar 2010-njy ýylyň 15-nji żanwaryna çenli kabul edilýär.

Salgymyz — 744000, Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 15

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

Habarlaşmak üçin telefonlarymyz:

35-36-12- (Çaryýew Oraz Çaryýewiç)

35-49-49- (Komolsew Aleksandr Alekseýewiç)

GURAMAÇYLYK TOPAR

e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, TŁrkmenistanyň Ylymlar akademiżasy