TALAPLAR

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň işine gatnaşmak üçin maglumatlaryň resmileşdirilmegine bildirilýän

TALAPLAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-njy ýylyň 10-njy noýabrynda kabul eden 425 belgili Kararyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabat şäherinde «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahaty geçirilýär.

Guramaçy — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

Halkara ylmy maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus dilleri.

Hasaba almak

Halkara ylmy maslahatyň işine gatnaşmak üçin maslahata gatnaşyjynyň hasaba alnyş görnüşini doldurmaly we çykyşyň tezisi we annotasiýasy bilen birlikde Guramaçylyk toparyna ibermeli.

Çykyşyň tezisi halkara ylmy maslahatyň iş diliniň haýsy hem bolsa birinde, annotasiýalar beýleki iki dilde, hasaba alnyş görnüş türkmen dilinde bolmaly.

Türkmenistanly alymlar üçin halkara ylmy maslahata gatnaşyjynyň hasaba alnyş görnüşi

(adaty şrift, Times New Roman, 12 pt, türkmen dilinde doldurmaly)

Familiýasy

 

Ady

Atasynyň ady

Wezipesi

Alymlyk derejesi, ady

Gurama (doly ady)

Guramanyň salgysy (poçta indeksi bilen bilelikde)

Iş telefony

Çykyşyň ady (Baş harplar bilen ýazmaly däl)

Çykyş haýsy dilde taýýarlandy

Çykyşlaryň tezislerini we annotasiýalaryny resmileşdirmeklige

bildirilýän umumy talaplar

Çykyşlaryň tezisleri we annotasiýalary resmileşdirilende aşakdaky talaplary berjaý etmeli:

1. Çykyşyň tezisiniň möçberi A4 (210×297 mm) formatda, 1,5 sahypadan geçmeli däldir, çykyşyň annotasiýasynyň her biriniň möçberi A4 formatda 0,5 sahypa çenli ybarat bolmalydyr.

2. Çykyşyň tezisleri we annotasiýalar Arial şrifti bilen ýazylýar we bir faýlda saklanýar hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly:

awtoryň (awtorlaryň) ady, familiýasy (dolulygyna), ýaýyň içinde döwletiň ady görkezilýär (mysal üçin: Nurmyrat Ataýew (Türkmenistan), setiriň merkezi boýunça deňlemek bilen 14—lik şriftde goýygara ýazmaly;

çykyşyň ady — baş harplar bilen setiriň merkezi boýunça deňlemek bilen adaty 16-lyk şriftde goýygara ýazmaly;

ylmy maslahatda çykyş edýäniň ady, familiýasy (eger çykyşyň birnäçe awtory bar bolsa, hökman görkezilmeli) — adaty 14—lik şriftde ýazylmaly;

tezisleriň tekstiniň galan bölegini yazmazdan ozal 1 setir goýbermeli.

3. Tezisleriň we annotasiýalaryň esasy mazmuny 14 ölçegdäki adaty şrift bilen ýazylýar we setiriň ini boýunça deňlenilýär. Her setirbaşy aýrybaşga ýazylýar. Setirleriň arasy 1—lik ölçegde bolmalydyr.

Matematiki formulalar kompýuterde degişli formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmalydyr.

Sahypa ölçegi: ýokarsy we aşagy — 2,0 sm, çep tarapyndan 2,5 sm, sag tarapyndan 1,5 sm.

4. Edebiýatyň sanawy olaryň tekstde ýerleşdirilen tertibinde ähli edebiýatlara salgylanylyp berilmelidir. Edebi çeşmeleriň salgylanmalary çykyşyň tekstinde kwadrat ýaýyň içinde sanlar bilen belgilenýär: [1], [2], [3—5] we beýlekiler. Edebiýatlaryň sanawy tezisiň tekstiniň ahyrynda ýerleşdirilýär, olaryň öň ýanyndan EDEBIÝATLARYŇ SANAWY diýen sözbaşy ýerleşdirilýär.

5. Çykyşlaryň tezisleriniň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenmeýär.

6. Tezisler bir dilde iberilende, hökmany suratda beýleki iki dillerde annotasiýalary berilýär.

Annotasiýanyň iňlis we rus dillerindäki terjimesini Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary «Ylym» neşirýatynda tassyklatmalydyr, başga şäherlerden gelýän awtorlar — ýokary okuw mekdepleriniň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly.

7. Ylmy çykyşy ýazuw görnüşinde beýan etmäge mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda, şekilleriň, formulalaryň we tablisalaryň bolmagyna ýol berilýär. Bu ýagdaýda her bir obýekt sahypanyň görkezilen ölçeginden çykmaly däldir, şrifti bolsa 14 pt-dan az bolmaly däldir. Tezisiň umumy göwrümi, şekilleri, formulalary we tablisalary bilen bilelikde A4 formatdaky 2 sahypadan geçmeli däldir.

8. Maslahata tabşyrylýan ähli maglumatlar we tezisler diňe Word formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmesi bilen).

9. Düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär. Guramaçylyk komitetiniň karary boýunça tezisler kabul edilmän biliner.

Gelen resminamalar yzyna gaýtarylmaýar.

Hasaba alnyş görnüşleri, tezisleri we annotasiýalary ibermek.

Hasaba alnyş görnüşler, tezisler we annotasiýalar çykyş edýäniň işleýän edarasynda seredilýär we edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat üsti bilen ugradylýar.

Hata hökmany suratda hasaba alnyş görnüşiniň, tezisiň we annotasiýanyň elektron görnüşleri hem goşulmalydyr.

Çykyşyň tezisleri we annotasiýalary Guramaçylyk toparyna 2018-nji ýylyň 2-nji martyna çenli iberilmelidir.

Faýllary arhiwirlemeli däl!

Üns beriň!

1. Çykyşlaryň tezislerini we annotasiýalary bir faýlyň içinde ýerleşdirmelidir. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemelidir. Mysal üçin, çykyş edýän — Ataýew Nurmyrat Täçmyradowiç, faýlyň ady- «Ataýew N.T. tez.doc».

Görkezilen faýl çykyşyň tezisini we iki sany annotasiýany özünde jemleýär.

2. Hasaba alnyş görnüşleri nutugyň ähli awtorlary tarapyndan doldurylýar we bir faýla ýerleşdirilýär. Ilki bilen halkara ylmy maslahatda nutuk boýunça çykyş edýäniň hasaba alnyş görnüşi, soňra bolsa awtordaşlaryň hasaba alnyş görnüşleri ýerleşdirilýär.

Hasaba alnyş görnüş üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «has» diýen harplary özünde jemlemelidir. Mysal üçin: «Ataýew N.T.has.doc»

3. Her bir nutugyň tezisi üçin aýratyn faýl döredilýär we halkara ylmy maslahatda nutuk bilen çykyş edýäniň ady görkezilen papka goýulýar. Mysal üçin: «Ataýew N.T.»

4. Her bir nutuk ýerleşdirilen papka degişli edaranyň ady ýazylýar.

Guramaçylyk topary


© 2003-2018, TŁrkmenistanyň Ylymlar akademiżasy