«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahaty

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw





Hormatly kärdeşler!

Sizi 2018-nji ýylyň iýun aýynda Ylymlar gününe bagyşlanyp, Aşgabat şäherinde geçiriljek «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýarys.

Halkara ylmy maslahat Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýylyň 10-njy noýabrynda kabul eden 425 belgili Karary esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan 2018-nji ýylyň iýun aýynda geçirilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 15.

Guramaçy — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.

Halkara ylmy maslahatyň iş dili: türkmen, iňlis we rus dilleri.

Halkara ylmy maslahatyň tematikasy:

· Türkmenistanyň ykdysady pudaklaryny ösdürmek üçin ylmyň we tehnikanyň gazananlary;

· nebit-gaz toplumynda, energetikada, oba hojalygynda, gurluşykda, binagärlikde, seýsmologiýada, dokma senagatynda, lukmançylykda we derman senagatynyň önümçiliginde hem-de beýleki pudaklarda innowasion tehnologiýalar;

· ykdysady ylymlar;

· ynsanperwer ylymlary;

· tebigaty goramak, ekologiýa we tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak;

· geomaglumat ulgamlary, nanotehnologiýalar, biotehnologiýalar;

· energiýa- we serişdetygşytlaýjy tehnologiýalar, energiýanyň alternatiw çeşmeleri;

· maglumat we telekommunikasion tehnologiýalar.

Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň teklipleri boýunça, maslahatyň tematikasynyň üsti doldurylyp bilner.

Halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin resminamalar 2018-nji ýylyň 2-nji martyna çenli kabul edilýär.

Halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin maglumatlary resmileşdirmeklige degişli talaplary Siz şu ýerden alyp bilersiňiz.

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym,

tehnika we innowasion tehnologiýalar»

atly halkara ylmy maslahatyň

GURAMAÇYLYK TOPARY

© 2003-2018, TŁrkmenistanyň Ylymlar akademiżasy