«Berkarar döwletimiziň bagtyıarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiıalar» atly halkara ylmy maslahaty

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw





«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahaty

Hormatly kärdeşler!

Sizi 2016-njy ýylyň 12-13-nji iýunynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýarys.

Halkara maslahat Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň 10-nji oktýabrynda kabul eden № 14438 Karary esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçirilýär.

Guramaçy- Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.

Maslahatyň iş dili: türkmen, iňlis, rus

Ylmy maslahatyň tematikasy:

  • Türkmenistanyň ykdysady pudaklaryny kämilleşdirmek boýunça ylmyň we tehnikanyň gazananlary, ykdysadyýet ylymlary;
  • nebit-daz toplumynda, energetikada, oba hojalygynda, gurluşykda, binagärlikde, seýsmologiýada, dokma senagatynda, lukmançylykda we derman senagatynyň önümçiliginde hem-de beýleki pudaklarda innowasion tehnologiýalar;
  • ynsanperwer ylymlary;
  • tebigaty goramak, ekologiýa we tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak;
  • geomaglumat ulgamlary, nanotehnologiýalar, biotehnologiýalar;
  • energiýa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar, energiýanyň alternatiw çeşmeleri;
  • maglumat we telekommunikasion tehnologiýalar.

Maslahata gatnaşyjylaryň teklipleri boýunça, maslahatyň tematikasynyň üsti doldurylyp bilner.

Maslahata gatnaşmak üçin resminamalar 2016-njy ýylyň 11-nji martyna çenli kabul edilýär.

Talaplar

Maslahatyň işine gatnaşmak üçin talaplar hata goşulýar.

GURAMAÇYLYK TOPARY

e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy