„Nowruz — parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baıramy” atly halkara ylmy maslahaty

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw





Hormatly kärdeşler!

Sizi 2013-nji ıylyň 21-nji martynda Aşgabat şäherinde geçiriljek „Nowruz — parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baıramy” atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrıarys. Maslahat Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2013-nji ıylyň 11-nji ıanwaryndaky 12761 belgili Kararyna laıyklykda geçirilıär.

Maslahatyň guramaçylary — Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasy we Türkmenistanyň Bilim Ministrligi.

Maslahatda şu aşakdaky bölümçeleriň işlemegi göz öňünde tutulıar:

  • Berkarar döwletiň bagtyıarlyk döwründe Nowruz baıramynyň häzirki zaman öwüşginleri.
  • Nowruz baıramyň taryhynyň çeşmeleri we taryhnamasy.
  • Nowruz baıramynyň Gündogaryň maddy we ruhy medeniıetiniň ösüşine täsiri.

Maslahatyň maksady — halkara jemgyıetçiliginde Nowruzyň mirasyny ıaıratmak maksady bilen bu baıramçylygyň gelip çykyşynyň taryhyny, onuň bilen baglanyşykly ıüze çykan däp-dessurlary öwrenmek. Döwletleriň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary berkitmekde we halklaryň taryhy-medeni däp-dessurlaryny wagyz etmekde Nowruz baıramynyň ähmiıeti.

Maslahata gatnaşmak üçin ıüz tutmalar (islegler) 2013-nji ıylyň 10-njy fewralyna çenli şu salgy boıunça kabul edilıär — history@online.tm

Maslahatyň işine gatnaşmagyň şertleri baradaky maglumaty siz şu telefonlar boıunça alyp bilersiňiz:

Tel.: (99312) 93-16-83

GURAMAÇYLYK TOPARY

e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy