«Beýik Galkynyşlar eýýamynda ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara sergi we ylma maslahat

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw





Hormatly kärdeşler!

Sizi «Beýik Galkynyşlar eýýamynda ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara sergä we ylma maslahata gatnaşmaga çagyrýarys.

Sergi we maslahat Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-nji ýylyň 6-njy noýabryndaky Kararyna laýyklykda 2010-njy ýylyň 12—14 iýun aralygynda Garaşsyzlyk 104, salgyda, Sergi köşgünde geçirilýär.

Halkara ylmy maslahata gatnaşýan alymlaryň we hünärmenleriň geliş-gidiş, ýaşaýyş, iýmit çykdajylaryny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy öz üstüne alýar.

Guramaçylar:

  • Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy;
  • Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy.

Serginiň we ylmy maslahatyň tematikasy:

  • Türkmenistanyň ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmekde ylmyň we tehnikany gazananlary;
  • nebit-gaz toplumynda, oba hojalygynda, gurluşykda, dokma senagatynda, ylymda, bilimde, medeniýetde, lukmançylykda, ekologiýada we beýleki pudaklarda innowasion tehnologiýalar;
  • energiýa-serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar;
  • energiýanyň adaty däl çeşmeleri;
  • maglumat tehnologiýalarynda innowasiýalar.

Maslahata gatnaşyjylaryň teklipleri boýunça, maslahatyň tematikasynyň üsti doldurylyp bilner.

Maslahatynyň işine gatnaşmak üçin materiallaryň resmileşdirilmegine bildirilýän talaplary Siz şu ýerden alyp bilersiňiz

Sergä gatnaşmagyň şertleri barada maglumaty Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň saýtyndan alyp bilerdiňiz: www.cci.gov.tm

Resminamalar:

  • Maslahata gatnaşmak üçin — 2010-njy ýylyň 30-njy martyna çenli,
  • Sergä- gatnaşmak üçin −2010-njy ýlyň 10-njy apreline çenli kabul edilýär.

GURAMAÇYLYK TOPARY
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy