«Türkmenistanyň orta asyr şäherleri Ýewraziýa siwilizasiýasynyň ulgamynda» atly halkara ylmy maslahaty

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw





Hormatly kärdeşler!

Sizi 2012-nji ýylyň 28-30-njy martynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmenistanyň orta asyr şäherleri Ýewraziýa siwilizasiýasynyň ulgamynda» atly halkara ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýarys.

Maslahat Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2011-nji ýylyň 09-njy sentýabrynda kabul eden № 11825 Karary esasynda geçirilýär. Maslahatyň guramaçysy — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty.

Ylmy maslahatda şu aşakdaky bölümçelerde işlemeklik göz öňünde tutulýar:

1. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamakda we öwrenmekde halkara hyzmatdaşlyk

2. Türkmenistanyň orta asyr şäherleriniň taryhynyň çeşmeleri we taryhnamasy

3. Türkmenistanyň orta asyr şäherleri Beýik Ýüpek ýolunyň ulgamynda

4. Türkmenistanyň orta asyr şäherlerinde maddy we ruhy medeniýetiň ösüşi

Maslahatyň maksady — Türkmenistanyň orta asyr şäherleriniň taryhynyň derwaýys meselelerini giňişleýen ara alyp maslahatlaşmak, onuň taryhnamasyny çuňňur seljermek, bu babatda daşary ýurt alymlarynyň tejribesini umumylaşdyrmak, täze çeşmeleri aýan etmek; taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenmegiň we gorap saklamagyň ýollaryny hem usullaryny ara alyp maslahatlaşmak; Türkmenistanyň orta asyr taryhyny, medeniýetini, arheologik ýadygärliklerini öwrenmek boýunça täze taslamalary berjaý etmekde özara bähbitli ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak.

Maslahata gatnaşmak üçin teklipler 2011-nji ýylyň 30-njy dekabryna çenli history@online.tm;  nurgozel-b2006@yandex.ru salgysy boýunça kabul edilýär.

Maslahata gatnaşmagyň şertleri baradaky maglumaty Siz şu telefonlar boýunça alyp bilersiňiz:

iňlis dilinde:

(+993—12) 93-03-88 (Nazarow Azat Akmämmedowiç);

rus dilinde:

(+993—12) 93-16-02 (Baýlyýew Atageldi Täçmyradowiç).

Guramaçylyk topary.

e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy