Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy


"Ylym we tehnika milli ykdysadyýetin ganatydyr."

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Baş sahypa
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Milli Liderimiz Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda eziz diýarymyzda üstünlikli amali aşyrylýan asyrlara barabar ägirt uly işlerin netijesinde gazanylýan ýokary ösüş depginleri we ýetilen belent sepgitler bu gün dine Türkmenistanda däl, eýsem, kütin dünýäde hem ykrar edilen hakykata öwrülýär. Ýurdumyzda döwlet we jerngyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlary boýunça amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli dtoýpli özgertmeler häzirki wagtda ýokary derejede üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzda demokratiýany pugtalandyrmaga, milli ykdysadyýetmizi özgerdip guramaga, fcalkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen içeri we daşary syýasat üstünlikli alnyp barylýar. Halkymyz öz Lideriniň il-ýurt bähbitli başlangyçlaryny gyzgyn goldaýar we olary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň her bir işe oýlanyşykly çemeleşip, aýgytly hereket etmegi bolsa, bellenen maksatnamalaryň we meýilnamalaryň öz wagtynda we netijeli ama­la aşyrylmagyna yardam edýär. Jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda onat netije berýän durmuş-ykdysady özgerişlikler munuň aýdyň mysalydyr. Bu, ilkinji nobatda, bilim, ylym, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ulgamlaryndaky öz-gertmelerdir. Hormatly Prezidentimiziň bilim, ylym babatda kabul eden we edýän Permanlarydyr kararlary ýurdumyzda bilim syýasatynyň ösüş ýoly bölüp, bilim-terbiýeçilik, ylym işgärleriniň has-da döredijilikli, netijeli işlemeklerine onat sert döredýär. Bilimin, ylmyň jemgyýetiň ösüş depginlerini üpjün etmekde bolsa aýratyn orny bardyr.

Hut şu nukdaýnazardan Hormatly Prezidentimiz 2009-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde sözlän sözünde ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginin önünde anyk wezipeleri goýdy. Sol mejlisde Merhemetli Prezidentimiziň kabul eden «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyny döretmek hakynda» we «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň meseleleri haky-nda» Permanydyr Kararynyň diýseň uly taryhy ähmiýeti bardyr. Çünki olar öz batly gadamlary bilen barha taze ösüşlere eýe bolýan Türkmenistan Watanymyzy mun-dan beýläk-de ösdürmegiň ylmy konsepsiýasyny, ylmy esaslandyrmalaryny işläp düzmeklige giň yol açýar. Hut sonun üçin-de Milletin Liderinin bu resminamalary yurdun ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.

Bütin dünyadaki öňdebaryjy ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak, täze tehnikalary, tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak, döwrüň talabyny üstün­likli berjaý etmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak ýurdumyzda esasy ýörelgä öwrüldi.Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýaşlary terbiýelemek, bilimi, ylmy ösdürmek baradaky Hormatly Prezidentimiziň Kabul eden resminamalarynyň bu gün gyşarnyksyz durmuşa geçirilýändigine ylmy esaslara daýanýan durnukly ösüşimiz aýdyň şaýatlyk edýär.

Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ylmy ösdürmäge düýpli çemeleşilýär. Aspiranturalaryň, doktoranturalaryň açylmagy ylmyň täze sepgitlerine aralaşmaga döwlet tarapyndan berilýän gymmatly goldawdyr. Ylmyň çäginiň, serhediniň bolmaýşy ýaly, dünýäniň dürli künjeginde okamaga, bilim almaga, ylmyň ile­ri sürülýän wajyp ugurlaryny öwrenmäge, tejribe alyşmaga döwlet Baştutanymyz tarapyndan şertdir mümkinçilikleriň döredilmegi milli ylmymyzyň gadamlarynyň güýçlenmegine yardam etdi. Ýurdumyzda bazaar ykdysadyýetiniň rowaçlanmagy, bir tarapdan, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň işjeňligini, döredijilik hyjuwyny bere­kete getirmegiň girewi bolsa, ikinji tarapdan, ylmyň gazananlarynyň elýeterli bol-magyna, ylmyň islendik ugurlaryny bütin çuňlugy bilen tiz öwrenip, özleşdirmäge, karni lleşdirmäge yardam berýär.

Syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklarymyzyň pajarlap ösýän mahaly Türk­menistan durnukly we ygtybarly döwlet hökrnünde tanalyp, dünya halklarynyň nazarynyň bize tarap öwrülen pursatynda ylmy jemgyýetçiligiň tazeden galky-nmagyny, netijeli açyşlaryň önümçilige ornaşdyrylmagyny şu günki döwür talap edýär. Bu talaby kemsiz ödemegiň hötdesinden gelmek üçin bolsa Hormatly Prezi-dentimiz ajaýyp sertler döredip, ileri tutulýan ugurlary anyk kesgitläp, ugrukdyryp gelýär. ine, sona görä-de, kuwwatly döwletimizde ylma täzeçe çemeleşmek, ägirt özgerişlikleriň ruhunda täzeçe işlemek hyjuwy döreýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy ylmyň, halk hojalygynyň, bay kö-pasyrlyk ruhy mirasymyzyň dürli ugurlarynda düýpli barlaglary geçirmek, durmuş we ykdysady meseleleri çözmek üçin alymlaryň güýçlerini bir ýere jemleýän ýokary ylym edarasydyr.

Häzirki wagtda Ylymlar akademiýasynyň garamagynda 11 sany ylmy-barlag instituty işleýär. Olarda fizika-matematika, himiýa, geologiýa we tehniki ylymlar, lukmançylyk, biologiýa we oba hojalyk ylymlary hem-de gumanitar ylymlary boýunça geljekde ähli babatda Türkmenistan döwletimiziň güýç-kuwwatyny artdyryp, halka­ra abraýyny mundan beýläk-de ýokary göterjek in wajyp meseleleriň üstünde ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy ýokary okuw mekdepleri hem-de dürli ministrlikleriň we pudaklaryň ylmy-barlag institutlary ta­rapyndan ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işlerini utgaşdyryjy merkez bölüp durýar. Ylymlar akademiýasy halkara gatnaşyklary boýunça öz işini halkara, hökümetara we edaralar arasyndaky ylrny-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyklar, şeyle hem halkara guramalarynyň maksatnamalary tarapyndan berilýän grantlar esasynda guraýar. Ol ylmy taslamalara, okuw kitaplaryna we okuw gollanmalaryna, şeyle hem Türkmenistana getirilýän daşary yurt tehnologiýalaryna seljeriş geçirmek, ýurdumyzda yerli we daşary yurt täze tehnologiyalaryny giňden ulanmak, ylmy-barlag we tejribe-gurnaw işleriniň netijelerini önümçilige ornaşdyrmaklyga yardam bermek işlerini alyp baryar. Ylymlar akademiýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň ylmy ösdürmek hem-de yurdumyzyň halk hojalygyna zerar bolan ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri tayyarlamagy üpjün etmek boyunça kararlaryndan we görkezmelerinden ugur alyp, aspiranturalara, doktoranturalara we ordinaturalara kabul etmek işlerini amala aşyryar.

Ylymlar akamediýasynyň garamagynda Merkezi ylmy kitaphana, «Ylym» neşirýaty we çaphana bar.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen 2009-njy ýylyň 12-nji iýunynda açylan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bir ýyllygyna bagyşlanylyp türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen bu neşirde akademiýanyň düzümine girýän institutlaryň ylmy-barlag işlerinin esasy ugurlary barada giňişleýin gürrüň berilýär.

İ 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.