Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşiň ýokary okuwdan soňky türkmen we halkara bilim ülňüleri boýunça Portaly


Baş sahypa
Türkmençe Русский English
Ýokary okuwdan soňky bilim
Türkmenistan

ÝEWROPA
Bolonýa prosessi
Ýewropa Bilelesigiň döwletlerinde praktika

Amerikanyň Birleşen Ştatlary
Syýasat we umumy soraglar
Bilim ulgamy we okuwy dowam etmek
Okuw goldaw ulgamy we hilini barlamak
Azerbajan
Finllýandiýa
Iordaniýa
Gazakystan
Russiýa Federasiýasy
Ýokary okuwdan soňky bilim boýunça halkara gatnasyklary
UNESCO we Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki guramalary
Ýewropa Bilelesigi
OECD
Bilim boýunça halkara gatnaşyklar
Baha bermek we hile güwä geçmek

Maglumat gorlaryny gözlemek

Gadyrly myhman,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşiň ýokary okuwdan soňky türkmen we halkara bilim ülňüleri boýunça Portaly hoş geldiňiz. Şu web saýtyň maksady aspiranturanyň geljekki mümkinçiliklerini öwrenýän halkara tejribesiniň, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde we daşary ýurtda aspirantura derejesinde okamaga isleg bildirýän Türkmenistanyň talyplarynyň — aspirantlarynyň, ylmy barlaglar boýunça jemgyýetçilikleriň agzalarynyň we mugallymlaryň tejribesiniň esasynda gelýän maglumatlary toplamakdyr.

Mundan başga- da, websaýt Türkmenistanda aspirantura bilimini almak isleýän daşary ýurtly talyplar, ylmy barlag jemgyýetçilikleriniň we bilim boýunça ygtyýarlandyrylan edaralaryň wekilleri üçin bilim boýunça ülňülere we halkara ülňülerine laýyklykda goşmaça bilim almak boýunça giňişleýin maglumatlary almaga mümkinçilik döredýär. Websaýt goşmaça bilim almak boýunça maglumatlaryň dört toplumyndan ybaratdyr. Maglumatlar üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde berilýär.

Türkmenistanda aspirantura biliminiň ulgamy şu websaýtda gözleg ulgamy arkaly alyp bolýan umumy maglumat we kadalaşdyryjy esasdan ybaratdyr. Aspirantura derejesiniň üç tapgyry — master, doktorlykda öňki we doktorlyk derejeleri hem-de okuw meýilnamalary hem anyk beýan edilendir.Mundan başga-da aspirantyň hünür bilimi hem-de ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyklar bilen bilelikde okuw guramagyň ygtyýarlandyrylan maksatnamalary barada hem maglumat berilýär.

Websaýtda Türkmenistanda ýokary bilim almak barada ähli zerur bolan maglumatlar bardyr. Okuwy goldamak boýunça ulgamlar milli we halkara alyş - çalyşa hem - de okuw maksatnamalaryna degişli maglumatlardan ybaratdyr. Şeýle hem siz saýtda CIMO ýewropa maksatnamasy we beýleki maksatnamalar bilen tanşyp bilersiňiz.

Ýokary geňeş  — Tacis ýurtlarynyň saýlanan synyndaky 2008-nji ýylyň aspirantura biliminiň ülňüleriniň synynda Türkmenistanda aspirantura biliminiň ulgamyna meňzeş formatda anyk maglumatlar berilýär.

Synyň we saýlanan ýurtlar bilen gatnaşyklaryň netijeleri ylmy barlaglaryň dürli görnüşli akademiki däplerine we medeni gurşawa laýyklykda aspirantlyk bilimi boýunça ýurduň derejesi barada maglumatlar berýär. Finlýandiýa ýokary bilimiň skandinaw ulgamyna eýerýän senagat taýdan ösen öňdebaryjy ýurduň wekili hökmünde, Iordaniýa ýokary bilimiň ileri tutulýan ugurlary we ösüşi bolan hoşniýetli arap ýurdy hökmünde, şeýle hem Azerbaýjan, Gazagystan we Russiýa geçiş döwründe goňşu ýurtlarda aspirantura bilimine geüiş ulgamynyň nusgalary hökmünde.

Ýewropada we Demirgazyk Amerikada aspirantura bilimi daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplara, milli we halkara döwlet bilim edaralaryna hem-de ýurtlaryň we sebitleriň arasynda aspirantura bilimi boýunça alyş - çalyşa çekilen döwlet eýeçiligindäki däl guramalara bilim ulgamynyň tapgyrlarynyň we okuw meýilnamalarynyň amaly we syýasy derejesi barada maglumat berýär.Bolon prosesi bu ulgamyň umumy gurluşy bilen tanyşdyrmak we ony tutuşlygyna ýa-da aspirantura biliminiň dürli tapgyrlary boýunça deňeşdirmek üçin doly beýan edildi. Hiliň barlagy we sertifikasiýa Bolon prosesiniň unsurydyr.

Aspirantura bilimini almak boýunça halkara hyzmatdaşlyk barada maglumatlar ýokary we aspirantura bilimi boýunça Ýewropa halkara hyzmatdaşlygynyň öwrenilen, ara alnyp maslahatlaşylan hem-de milli kanunçylyk we beýleki kadalaşdyryjy resminamalar arkaly ýurduň derejesine laýyk getirilen esasy üç binýatdan ybaratdyr. Olar UNECKO we BMG -niň beýleki guramalaryna, ähli ýewropa ýurtlary üçin gurama hökmünde Ýewropa Geňeşine we senagat taýdan ösen ýurtlaryň guramasy hökmünde OECD hem degişlidir.

Sizi biziň saýtymyzda aspirantura bilimine degişli maglumatlary ýygnamak bilen wagtyňyzy oňat geçirmäge çagyrýarys. Eger-de ýalňyş maglumatlar tapsaňyz ýa-da anyk däl, ýeterlik däl maglumatlary tapsaňyz, bize habar bermegiňizi haýyş edýäris, biz öz websaýtymyza düzedişler girizeris. Siziň pikirleriňiziň we tagallalaryňyzyň gadyryny bileris.

Copyright © 2008-2009 Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeş