Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşiň ýokary okuwdan soňky türkmen we halkara bilim ülňüleri boýunça Portaly


Baş sahypa
Türkmençe Русский English
Ýokary okuwdan soňky bilim
Türkmenistan

ÝEWROPA
Bolonýa prosessi
Ýewropa Bilelesigiň döwletlerinde praktika

Amerikanyň Birleşen Ştatlary
Syýasat we umumy soraglar
Bilim ulgamy we okuwy dowam etmek
Okuw goldaw ulgamy we hilini barlamak
Azerbajan
Finllýandiýa
Iordaniýa
Gazakystan
Russiýa Federasiýasy
Ýokary okuwdan soňky bilim boýunça halkara gatnasyklary
UNESCO we Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki guramalary
Ýewropa Bilelesigi
OECD
Bilim boýunça halkara gatnaşyklar
Baha bermek we hile güwä geçmek

Maglumat gorlaryny gözlemek

Finlýandiýada aspiranturada okuw ulgamynyň umumy beýany

1. Aspirantura ulgamynyň umumy häsiýetlendirmesi

2. Aspirantlyk okuwlary bilen baglanyşykly syýasy meseleler we olary düzgünleşdirmegiň esaslary

3. Finlýandiýanyň aspiranturasyny halkaralaşdyrmak

4. Master ylmy derejesini almak

5. Doktorlyk derejesi boýunça okuwlaryň gurluşy

6. Hünär derejeleri we aspirantura okuwlary

7. Aspiranturalary teklip edýän ýokary okuw mekdepleri.

8. ICT goldaw ulgamy we maglumat sowatlylyk ülňüleri.

9. Finlýandiýanyň ýokary bilim töleg bahasy.

10. Aspirantura kabul etmek we maliýeleşdirmek.

11. Halkara alyş-çalyş maksatnamalar

12. Ylmy-barlag işleri geçirmegiň düzgünleri.

 



Top

1. Aspirantura ulgamynyň umumy häsiýetlendirmesi

Bölümçe: bu bölümçe Finlýandiýanyň ýokary okuw mekdepleri, häzirki döwürde hereket edýän ylmy derejeler ulgamy, bu ugurda höküm sürýän halkaralaşma hereketi, Finlýandiýada iňlis dilinde bilim almak üçin döredilen mümkinçilikler, ylym we tehniki syýasaty barada umumy maglumat berýär we okyjylary aspirantlura barada statistiki maglumatlar bilen üpjün edär.

Finlýandiýada aspirantura ulgamy

Özüniň ösen, ýokary derejede guralan we hil taýdan doly gözegçilikde saklanylýan bilim ulgamy bilen Finlýandiýa dünýäniň ösen ýurtlarynda ýaşaýan we ylmy derejeleri goramaga isleg bildirýän aspirantlaryň arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Finlýandiýada bilime aýratyn üns berilýär. Bilim ulgamynyň ýokary derejesi Finlýandiýa döwletiniň milli ýörelgeleriniň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Finlýandiýanyň ýokary bilim ulgamy iki esasy bölümlerden ybaratdyr. Olar politehniki okuw edaralary we uniwersitetler. Uniwersitetleriň esasy wezipeleri ylmy-barlag işleri alyp barmak we onuň esasynda gutardyş we aspirantlar üçin guralýan okuwlary alyp barmakdan ybaratdyr.

Ýokary okuw mekdepleri

Finlýandiýanyň 11 sany dürli şäherlerinde we şäherçelerinde 20 sany uniwersitet we 29 sany politehniki bilim edralary ýokary bilimi hödürleýär we Finlýandiýanyň umuman 23 künjeklerinde bilim almak mümkinçiligini teklip edýär. Bu bilim edaralary halkara häsiýete eýedir we ýurduň ýokary bilim ulgamynda uly abraýy we iňlis dilinde alnyp baryýan okluwlaryň giden görnüşleri dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan talyplaryň bu ýurtda bilim-ylym almak islegini has-da artdyrýar.

Häzirki döwürde Finlýandiýanyň ýokary bilim berýän edaralary 350-den gowrak okuw meýilnamalaryny teklip edýär. Bu meýilnamalaryň käbiri gysga möhletli okuwlardyr we olar alyş-çalyş meýilnamalaryň çäginde guralýan okuwlardyr. Beýlekileri bolsa has giňişleýin düzülen meýilnamalar bolup, birnäçe ýyllaryň dowamynda okamak üçin niýetlenýär we olar Finlýandiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde ylmy derejeleri almakda esasy orun tutýan talaplaryň biri hasaplanylýar.

Ylmy derejeler ulgamy

Okuwlaryň köp ugurlary boýunça bakalawr we master derejeleri berilýär. Elbet-de, üç-dört ýyllyk okuwy talap edýän bakalawr derejesine ortaça tapdaky dereje hökmünde garalýar we bäş ýyllyk okuwy talap edýän master derejesi Finlýandiýanyň bilim ulgamynda esasy uniwersitet derejesi hökmünde garalýar.

Aspirantlyk okuwlarynda esasy dereje doktorlyk derejesi hasaplanylýar we köp halatlarda özbaşdak we öňdebaryjy ylmy-barlag işleriň ýerine ýetirilmegi bilen hödürlenilýär. Mundan başga-da doktorlyk derejesini üç-dört ýyllyk doly okuwlardan soň almak mümkinçiligi bar. Bu oluwlar beýleki teklip edilýän ýollara garanyňda has gysgadyr. Düzgün boýunça doktorlyk ylmy işler neşir edilýär we köpçülikleýin ara alyp maslahatlaşmaga hödürlenip goralýar. Bu ylmy işler bilen birlikde aspirant ylmy-barlag işleri boýunça seminar okuwlara we käbir ýagdaýlarda goşmaça okuwlara gatnaşmalydyr ýa-da ylmy işleri neşir etmelidir.

Finlýandiýada ylmy-barlag işleriň hili ýokarydyr. Ulgamlaýyn we ýokary derejede guralan ylmy-barlag okuwlary ýüze golaý aspirantlyk okluwlaryny teklip edýän bilim mekdeplerinde tamamlamak mümkinçiligi bar. Bu bilim mekdepleri Finlýandiýanyň uniwersitetlerine berkidilip, ylmyň ähli esasy ugurlaryny öz içine alýar. Aspirantlar ýokary derejede guralan yzygiderli geçirilýän okuwlara gatnaýarlar we Finlýanbdiýanyň öňdebaryjy ylmy toparlarynda öz bilimlerini ýokarlandyrýarlar. Bu ylmy toparlar Finlýandiýanyň we dünýäniň beýleki ylmy merkezleri bilen berk aragatnaşygy saklaýarlar.

Halkaralaşmak hereketi

1990-njy ýyllarda ähli uniwersitetler teklip edýän okuwlaryny we alyp barýan ylmy-barlag işlerini halkaralaşmakda uly tagallalary etdiler, mysal üçin, daşary ýurtly aspirantlaryň we alymlaryň artýan sanynyň ünsüni çekmek işinde. Häzirki döwürde Finlýandiýanyň uniwersitetlerinde dereje almak boýunça okuwlary geçýän talyplaryň 147,00 sanynyň 2.2% daşary ýurtly aspirantlardyr. Ylmy aspirantlyk okuwlary boýunça daşary ýurtly aspirantlara düşýän paýy 5.5% ýetýär. Esasan-da, Aziýa ýurtlaryndan okamaga gelýän talyplaryň sany soňky ýyllarda ýokary tizlikde artýar.

Halkara mobillik merkezi (SIMO) we beýleki guramalaryň giden topary Finlýandiýada aspirantlyk okuwlar we ylmy-barlag işleri üçin haklaryny hödürleýärler. Mundan başga-da birnäçe haklar boýunça meýilnamalar hereket edýär we olar Finlýandiýanyň uniwersityetleri we ylmy-barlag institutlary tarapyndan ýerine ýetirilýär.

SIMO masterlik we doktorlyk derejeleri boýunça okluwlary tamamlan aspirantlara we we ýaş alymlara, şeýle-de daşary ýurt uniwersitetlerinden gelen mugallymlara we dolandyryş boýunça hünärmenlere haklary tölenilýär. Umuman aýdanyňda, haklaryň iki görnüşi bar. Olar özbaşdak ylmy işleri alyp barýan ýaş alymlara berilýän şahsy haklar we Finlýandiýanyň alymlara we aspirantlara okamak mümkinçiligini döredýän ýokary okuw mekdepleri tarapyndan berilýän haklar.

Iňlis dilinde alnyp barylýan okuwlar

Häzirki döwürde derejeler boýunça düzülen meýilnamalara laýyklykda iňlis dilinde alnyp barylýan okuwlaryň onlarçasy teklip edilýär. Okuw ýylynyň dowamynda tamamlamak mümkinçiligini berýän gysga möhletli okuwlaryň meýilnamalaryň ýüzlerçesi hereket edýär. Alyş-çalyş meýilnamalary boýunça gelen talyplar (aspirantlar) üçin dürli ugurlar boýunça düzülen meýilnamalar boýunça alnyp barylýan ýörite okuwlaryň giden topary hödürlenilýär. şeýlede daşary ýurtlylar üçin fin dili we medeniýeti boýunça okuwlar geçirilýär. «Stadi in Finland» ady bilen SIMO tarapyndan neşir edilýän gollanmada bu halkara meýilnamalaryň sanawy yzygiderli berilýär.

Mundan başga-da daşky gurşawy öwreniş, tokaýçylyk, Arktika boýunça ylymlar, senagaty taslamalaşdyryş we rus we Gündogar Ýewropany öwreniş ugurlary boýunça aýratyn meýilnamalar hereket edýär. Bu ugurlar ylmy-barlag işleriň milli ugurlary hasaplanylýar. Finlýandiýanyň uniwersitetleri beýleki ugurlar boýunça hem halkara bäsleşik esasynda aspirantlar üçin okuwlary uly buýsanç bilen teklip edýär. Bu iki ylmy-barlag we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag işleri Finlýandiýanyň hökümetiniň 1990-njy ýyllardan bäri öşüşiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Talyplaryň köpüsini umumy okuwlar bilen birlikde maglumat çeşmeleri hökmünde garalýan özbaşdak bilim almak ulgamyna berilýän aýratyn üns we tekstlere berilýän derňewler geň galdyrýar. Mundan başga-da aspirantlar we olaryň mugallymlaryň arasyndaky berk arabaglanyşyk daşary ýurtly talyplarda uly täsir galdyrýar. Bu olarda aspirantlyk okuwlar barada aýratyn täsir galdyrmak bilen olara okuwlara özbaşdak aýratyn çemeleşmek endikleri ösdürmäge ýardam edýär.

Ylym we tehnologiýa ugry boýunça ýöredilýän syýasat

Finlýandiýanyň Ylym we tehnologiýa boýunça geňeşi premýer ministr tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär we bu gurama Döwlet geňeşine we onuň ministrliklerine ylmy-barlag, tehnologiýa we olary enjamlaşdyrmak we olara baha bermek bilen baglanyşykly wajyp meseleleri boýunça maslahatlary berip durýar. Geňeş strategiki öşüşe we Finlýandiýanyň ylym we tehnologiýa boýunça ýöredýän syýasatyny utgaşdyrmak işine, şeýle-de döwlet derejesinde bütinleýin täzelikleri girizmek işine jogapkärdir. Finlýandiýanyň Ylym we tehnologiýa boýunça geňeşi 1987-nji ýylyň mart aýynda döredildi. Finlýandiýa döwletiniň ýurduň Ylym we tehnologiýa boýunça geňeşi baradaky permany 2006-njy ýylyň ýanwar aýynda güýje girdi.

Aspirantlyk okuwlary barada statistiki maglumatlar

Finlýandiýada 1990-njy ýyllarda doktorlyk derejesini alýanlaryň sany ýylda iki esse köpeldi we bu ösüş 21-nji asyryň başlarynda hem duýulýar. 2007-nji ýylda 1.523 täze doktorlyk derejeleri hasaba alyndy. Zenanlar doktorlyk derejesiniň 50.6% düzýär, bu san 1990-njy ýyllarda 33% ýetýärdi.

2004-nji ýylda doktorlyk derejeleri bilen baglanyşykly işlerde 13.000 golaý adam zähmet çekip, olar işçi güýjüniň 0.5% tutýar. Filasofiýa ylymlarynyň doktory derejesiniň eýesi bolan adamlaryň iş bilen üpjün ediliş ýagdaýy erbet däl. Bu derejeli adamlaryň arasyndaky işsizlik derejesi Finlýandiýada halkara şertlerine laýyklykda has aşak dereje hasaplanylýar (2.2% 2004-nji ýylda). Finlýandiýada işsizligiň derejesi 2007-nji ýylyň dekabr aýynda 6% boldy. Doktorlyk derejesiniň eýesi bolan adamlaryň aglaba köpüsi jemgyýetçilik edaralarynda zähmet çekýärler.

Çeşme: Finlýandiýanyň Bilim ministrligi, Halkara mobillik merkezi (SIMO)



Top

2. Aspirantlyk okuwlary bilen baglanyşykly syýasy meseleler we olary düzgünleşdirmegiň esaslary

Bölümçe: Bu bölümçe aspirantlyk okuwlaryny syýasy taýdan tertipleşdirmegiň ýollary, ýokary bilim boýunça ýöredilýän syýasy ugurlar, uniwersitetleri kanuny taýdan düzgünleşdirmek, şeýle-de ýokary bilim ulgamy baradaky kanunlar barada gürrüň berýär. Aşagy çyzylan kanun baradaky tekstleriň rus we türkmen dillerindäki nusgalary hem hödürlenilýär.

Finlýandiýada aspirantlyk okuwlaryny syýasy taýdan tertipleşdirmek

Bilim ministrligi bütin bilim ulgamynda bilim syýasatyny durmuşa ornaşdyrmak işine ýolbaşçylyk edýär. Diňe beýleki ministrliklere degişli bolan käbir ugurlar muňa degişli däldir. Bilim ministrligi tarapyndan dolandyrmagyuň esasy ýaragy bolup kanunçylyk, maliýeleşdirmek, maglumat bilen üpjün etmek we lisenziýalaşdyrmak syýasaty hyzmat edýär. Resmi taýdan dolandyrmak aktlaryň, permanlaryň, milli meýilnamalaryň, hünär talaplary we beýleki düzgünler we düzgünnamalar arkaly amala aşyrylýar.

Ministrlik hökümet we parlament üçin kanunçylygy we strategic syýasy ugurlary taýýarlaýar we Ýewropa Bileleşiginde bu ugur boýunça düzgünnamalary we jarnamalary taýýarlamak işine gatnaşýar. Ministrlik bilim boýunça alnyp barylýan işlere ýolbaşçylyk edýär we olary dolandyrýar. Ol döwlet gulluklaryna serişdeleri bölýär we ýerli edaralara we hususy guramalara resmileşdirmek we beýleki zerur meseleler boýunça goldawy berýär. Bilim ministrliginiň gaznasy 6.6 milliard ýewra ýetýär.

Ösüşiň esasy ugurlary bilim almakda deň mümkinçiliklerden, medeni deňlikden, bilim, medeniýet we ykdysadyýet boýunça bäsleşik häsiýetden, ilatyň ruhy we fiziki sagdynlgyndan, jemgyýetçilik deňligi we onuň gatnaşygyndan ybaratdyr. Bu ägirt uly ugry kesgitleýän gymmatlylklar siwilizasiýa, bol-elinlik, demokratiýa we döredijilikdir.

Bilim ministrliginiň 2015-nji ýyl döwre çenli strategiýasy bu ugur, fin jemgyýeti we halkara jemgyýeti bilen baglanyşykly wezipeleri özünde jemleýär. Öňde goýlan wezipelere we olary ýerine ýetirmegiň ýollaryna yzygiderli baha bermek, onuň bilen baglanyşykly ýüze çykýan täze pikirleri we aýratynlyklary göz öňünde tutmak wajypdyr. Bu startegiýa Bilim ministrligi we onuň alyp barýan işini şöhlelendirýär.

Finlýandiýanyň bilim syýasaty

Finlýandiýanyň bilim-ylym ulgamynda hile, netijelilige, deňlige we halkaralaşmak işine aýratyn üns berilýär. Bu bolsa abadan fin jemgyýetiniň ösüşini güýçlendirmäge ugrukdyrylandyr. Durnukly ykdysady ösüş ýurduň medeni, social we ykdysady abadançylygyny kepillendirmegiň ygtybarly esasyny üpjün eder. Finlýandiýanyň bilim-ylym syýasaty Ýewropa Bileleşiginiň strategiýasy bilen ähli taraplaýyn berk arabaglanyşykdadyr.

Finlýandiýada bilime we medeniýete hukuk Konstitusiýada bellenendir. Jemgyýetçilik edaralary Finlýandiýada ýaşaýan we maliýe ýagdaýyna garamazdan her bir adamyň hökmany orta bilimden soň bilim almaga we ösmäge deň mümkinçilikler bilen üpjün etmelidir. Kanunçylyk hökmany orta bilimi, mugt esasy bilime bolan hukugy göz öňünde tutýar. Beýleki bilimleriň köpüsi, şol sanda uniwersitetde aspirantlyk okuwlary talyplar üçin mugtdyr.

Parlament bilim we ylmy-barlag işleri bilen baglanyşykly kanunçylygy kabul edýär we bilim-ylym syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Hökümet we Bilim minstrligi bu syýasatyň bölekleri hökmünde bilim-ylym syýasatyny işläp düzmek we ony amala aşyrmak işine jogapkärdir. Bilim ministrligi döwlet gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän bilime jogapkärdir. Hökümet her dört ýyldan bilim we ylmy-barlag işleriniň ösüş planlaryny kabul edýär.

Finlandiýanyň ylym babatynda ýöredýän syýasaty

Hökümet ylym, tehnoilogiýa we täzelikleri girizmek syýasatyny goldaýan ýörelgeleri kesgitleýär we degişli kanunçylygy taýýarlaýar. Ministrlikler ylym we tehnologiýa babatynda ýöredilýän syýasaty taslamalaşdyrmak we ony durmuşa geçirmek işine jogapkärdir. Bilim ministrligi bilim-ylym bilen baglanyşykly meseleleri çözýär we iş bilen üpjün edýär. Ykdysady ministrligi senagat we tehnologiýa babatynda ýöredilýän syýasaty bilen baglanyşykly meseleleri çözýär.

Ylym we tehnologiýa babatynda ýöredilýän syýasat boýunça geňeşi ylmy, tehnologiýany we olar bilen bilelikde bilimi ösdürmekde wajyp orny tutýar. Finlýandiýanyň Akademiýasy Bilim ministrliginde amala aşyrylýan ylmy-barlag işleri maliýeleşdirmekde esasy çeşme bolup hyzmat edýär.

Döwlet maksatnamasy ylmy-barlag işleriň bilim ulgamynda tutýan wajyp ornuna aýratyn üns berýär. Durnukly ykdasay ösüş we material we ruhy abadançylyk bilime esaslanýar we ylmy-barlag işler we ösüş gaznasy bilen baglanyşykda bolýar. Finlýandiýanyň Akademiýasynyň mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen çäreler geçirilýär we uniwersitetleri Döwlet Maksatnamalarynyň çäginde üpjün etmek we Ylym we tehnologiýa boýunça geňeşi tarapyndan goldamak göz öňünde tutulýar.

Ylmy syýasatyň maksady ylmy we ylmy jemgyýeti ösdürmekden, ylmy işleriň we alymlary taýýarlamagyň halkara derejesindäki hilini, täsirini we ösüşini üpjün etmekden, hyzmatdaşlygyň çäginde netijeli we giň ylmy ulgamyň ösüşini itermekden ybaratdyr.

Ylmy-barlag işleriniň ösüşi bilim we ylmy-barlag işleriň ösüş planyna, hökümet maksatnamasyna we ylym we tehnologiýa syýasaty boýunça geňeşi tarpapyndan ýöredilýän syýasata esaslanýar.

Uniwersitetlerde kanunçylyk we olary dolandyrmagyň aýratynlyklary

Finlýandiýanyň Konstitutiýasy ylmyň azatlygyny, döredijligi we bilimiň iň ýokary derejesini kepillendirýär. Bu ýörelgeleri durmuşa geçirmek maksady bilen uniwersitetler baradaky täze aktda (1998) uniwersitetleriň awtonomiýasy kepillendirilýär we olaryň ýerine ýetirýän hyzmatlary, işleri we wezipeleri umumy şertlerde suratlandyrylýar. Bu çäklendirmeleriň çäginde her bir uniwersitet işini gurnamakda we oňa degişli bolan guramalarda ýüze çykýan meseleleri çözmekde degişli netijeleri çykarýar.

Kanunçylygyň täze nusgasynda uniwersitetlere degişli bolan adamlaryň dürli toparlarynyň öz dolandyryş edaralarynda wekil hökmünde çykyş etmäge hukugynyň bardygy barada bellenilýär. Uniwersitetleriň, işewürlik we beýleki jemgyýetleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen uniwersitetlere bilim edarasynyndan başga edaralaryň wekillerini öz edaralarynyň wekilleri hökmünde kabul etmäge hukuk berilýär.

Uniwersitetler özbaşdak okuw we ylmy-brlag işlerini guramagy ýola goýmagyň ýollaryny kesgitleýär we fakultetleriň we beýleki okuw we ylmy bölümleri döredýär. Fakultetler we beýleki bölümler özbaşdak dolandyryş häsiýete eýe bolup, senatda dürli toparlaryň agza hökmünde çykyş etmek hukugy bardyr. Olara degişli bolan agzalaryň sany umumy agzalykdakylaryň üçden birini düzýär.

Her ders boýöunça uniwersitet dereje ulgamy baradaky döwlet permany hereket edýär. Bu permanlar diňe her bir dereje üçin giňişleýin we umumy gurluşyny kesgitleýär (mazmuny, gurlyşy we easy wezipşeleri) we uniwersitetler her bir derejäniň mazmunyny kesgitklemäge doly hukugy bardyr.

Bilim ministrligi we her uniwersitet anyk wezipeleri, taslamalary ýerine ýetirmegi we maliýe derejesini kesgitlemegi özüne botrçnama edip alýandygyny tassyklaýan ylalaşyga gol çekýär. Ylalaşyk üç ýyllyk möhletleýin döwür üçin gol çekilýär we maliýe meseleleri boýunça aýratynlyklara garalýar we her ýyl gepleşikler geçirilýär.

Uniwersitet derejesinde kanuny gurluş

Uniwersitetler baradaky Akt (645/1997) we Perman (115/1998) uniwersitetleriň maksady, ylmy işleri we okuwlary, guramaçylyk we dolandyryş aýratynlyklary, işgärleri we resmi dili, talyplary, uniwersitetiň kabul eden netijeleri baradaky garşy çykmalary we talyplaryň kanuny taýdan goramak işleri baradaky bölümleri öz içine alýar.

Uniwersitetler baradaky kanunçylyga üýtgeşmeler girizildi we täze kanunçylyk 2005-nji ýylyň awgust aýynyň 1-ine güýje girdi. Bu üýtgeşmeler iki tapgyrlaýyn dereje almagyň gurluşyny we uniwersitetleriň borçnamalryny we ýerine ýetirýän hyzmatlaryny düzgünleşdirmegi we uniwersitetleri dolandyrylyşy kämilleşdirmegi öz içine alýar.

Ýokary bilim edaralarynyň derejeleri baradaky kanunçylyk ýokary derejeleriň ulbgamy baradaky permandan (464/1998) we uniwersitet derejeleri baradaky döwlet permanyndan (794/2004) ybaratdyr. Bu perman, mysal üçin, uniwersitet derejeleri bermegiň wezipeleri, olaryň umumy gurluşy we mazmuny, şeýle-de dürli uniwersitetleriň arasyndaky ilim bilen baglanyşykly borçnamalary ýaýratmagy beýan edýär.

şwed dili resmi okuw dili hasaplanylýan ýokary okuw mekdepleriniň düzgünnamalary şwed dilinde okuw işleri alnyp barylýan ýokary okuw mekdepleri baradaky Akty (1354/1990) we Permany (1287/1990) öz içine alýar. Uniwersitetleriň işgärler toparyna degişli bolan düzgünnamalara hünär kämilleşdirmek we borçlar baradaky perman uniwersitetde bar bolan wezipelere degişli bolan permany (309/1993), şeýle-de boş ýokary bilim edaralarynda professor we uly mugallym boş ýerlerine kabul etmek baradaky permany (260/1994) degişlidir.

Mundan başga-da aýlyk haklary we tölegleri baradaky düzgünnamalary we derejeleriň halkara derejesinde kabul edilmegi we derejelere laýyklykda wezipeleriň hünär kesgitlemesi baradaky düzgünnamasy hereket edýär. Uniwersitetleriň talyplary üçin maliýe kömegini bermek işi talyplara berilýän maliýe kömegi baradaky Akty (65/1994) we Permany (260/1994) laýyklykda guralýar.

Finlýandiýanyň derejeler baradaky kanunçylygy/ýokary bilim ýa-da aspirantlyk derejeleri

Politehniki okuw edaralary baradaky Akt, 255/1995

Kanunçylyk politehniki okuw edaralaryň dolandyrylyşy, gözegçiligi we baha bermegi, okuwlaryň alnyp barylýan dili, derejeler, talyplary kabul etmek, mugallymlar we beýleki işgärler, maliýeleşdirmek işlerini beýan edýär.

Politehniki bilim edaralary baradaky perman, 256/1995

Perman politehniki bilim edaralaryň dolandyrylyşy, derejeleri, okuwlary, okuw meýilnamalryny, Ýewropa Bileleşiginiň kanunçylygyny we halkara ylalaşyklary, kredit geçirimleri, şahadatnamalry, okuw ýyly, talypşlary kabul etmek, mugallymlara bildirilýän talaplary beýan edýär.

Ýewropa jemgyýetiniň raýatlarynyň hünär derejelerini ykrar etmegiň umumy ulgamyny durmuşa geçirmek baradaky perman (520/1997), perman hünär derejelerini ykrar etmek baradaky haýyşnama bilen ýüz tutmagyň tertibini beýan edýär.

Finlýandiýanyň ýokary bilim ulgamyna baha bermek baradaky geňeşiniň işi baradaky perman: 1320/1995, perman Finlýandiýanyň ýokary bilim ulgamyna baha bermek baradaky geňeşiniň wezipelerini we mazmunyny beýan edýär.

Bilime baha bermek baradaky perman, 150/2003

Perman Finlýandiýanyň bilim ulgamyna baha bermek, geňeşiniň wezipelerini we mazmunyny beýan edýär.

Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan berlen derejeleri ykrar etmek baradaky perman, perman daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan berlen derejeleri ykrar etmegi beýan edýär 519/1997.

Inwalidlere hödürlenilýän hyzmatlar we kömek baradaky perman, 759/1987, perman ýerli edaralaryň ulag, terjime, ýaşayş jay, dikeltmek we şahsyýete goldaw bermegi öz içine alýan kömegi we hyzmatlary beýan edýär.

Şahsyýetiň dil boýunça bilim derejesini tassyklaýan döwlet şahadatnamalary baradaky Akt, 669/1994, perman dil boýunça bilim derejesini kesgitleýän test komitetiniň mazmunyny we wezipelerini beýan edýär.

Akt derejeleriň Ýewropa Bileleşiginde ykrar etmegi beýan edýär, 1597/1992

Halkara mobillik merkezi baradaky Akt, 238/1991, akt merkeziň (SIMO) wezipelerini kesgitleýär we halkara mobilleri ösdürmek, maglumat bilen üpjün etmek, haklary bermek we maliýe kömegi ýaly meseleleri hem öz içine alýar.

Halkara mobillik merkezi baradaky perman, 239/1991, halkara mobillik merkezi baradaky akt, perman SIMO-nyň dolandyrylyşyny, wezipelerini we işgärler bölümini beýan edýär.

Milli bilim edarasy baradaky akt, 182/1991, akt Finlýandiýanyň Milli bilim edarasynyň wezipelerini, borçlaryny we guramaçylyk işlerini beýan edýär.

Bilim we medeniýet ulgamynyň üpjün edilişini maliýeleşdirmek baradaky akt, 635/1998, akt bilim we medeniýet ulgamlaryny düzgünleşdirilen tertipde döwlet tarapyndan maliýeleşdirmek

Talyplary saýlap kabul etmek we döwlet synag şahadatnamalaryny hasaba almak baradaky kanun (diňe fin dilinde) Laki opiskelijavalintarekisteristä ja ylioppilastutkintorekisteristä, 1058/1998

Finlýandiýanyň Akademiýasynyň işi baradaky kanun (kanun diňe fin dilinde) — Laki Suomen Akatemiasta, 378/1994

Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan berlen derejeleri ykrar etmek baradaky akt, 531/1986, akt fin döwleti üçin ýa-da şäher edaralaryndaky wezipeler üçin ýokary okuw mekdepleri tarapyndan berlen derejeleri ykrar etmegi beýan edýär.

Döwlet we hususy bilim edaralaryny dolandyrmak baradaky kanun (diňe fgin dilinde) — Laki valtion ja yksityisen järjestämän koulutuksen hallinnosta), 634/1998

Inwalidlere hödürlenilýän hyzmatlar we kömekler baradaky akt, 380/1987, akt jemgyýetde hereket etmegi we ýarawsyzlyk sebäpli ýüze çykýan kynçylyklary aradan aýyrmagy kepillendirýän deň hukuklar bilen inwalidleri üpjün etmegi maksat edinýär.

Dil boýunça bilim derejesini tassyklaýan döwlet şahadatnamasy baradaky akt, 668/1994, akt dolandyrylyşy, baha bermek we tölegi amala aşyrmak meselelere garaýar.

Talyplara maliýe kömegini bermek baradaky perman, 260/1994, perman talyplaryň maliýe kömegini almaga bolan hukuklaryny we onuň ýollaryny beýan edýär.

Talyplara maliýe kömegini bermek baradaky akt, 65/1994, akt talyplara maliýe kömegini bermek göz öňünde tutulýan okuwlary beýan edýär.

Okamaga rugsat bermek baradaky perman, 1216/1993, perman okamaga rugsat berilmäge degişli okuwlary we beýleki aýratynlyklary beýan edýär.

Okamaga rugsat bermek baradaky akt, 1215/1993, akt okamaga rugsat bermegi kesgitleýär we okamaga rugsat bermek hukugyny bermegi we talaplary beýan edýär.

Finlýandiýanyň Konstitusion kanuny, 731/1999

Perman, 1005/2000, perman bilim we okuw işleri boýunça milli utgaşdyryjy toparyň wezipelerini we mazmunyny beýan edýär.

Uniwersitetler baradaky akt, 646/1997, uniwersitetler baradaky akt okuw we ylmy işleri, guramaçylygy we talyplara degişli işleri beýan edýär.. (FLT 1)

Uniwersitetler bardaky perman, 115/1998, perman okuw işlerini, talyplar bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleri we işgärler toparyny beýan edýär.

Uniwersitet derejeleri baradaky döwlet permany, 794/2004 (FLT2)

Finlýandiýanyň Ylym we tehnika babatynda alyp barýan syýasaty boýunça geňeşi baradaky döwlet permany,847/2005 (LFT3)

Internet ulgamy we ýokary/aspirantlyk okuwlara degişli beýleki kanunlar

Finlýandiýanyň awrorlyk hukugy baradaky akty (404/1961) 1961-nji ýylda güýje girýär we şondan bäri 21 gezek gaýtadan seredilip üýtgedildi. Awtorlyk hukugy baradaky akta girizilen soňky üýtgeşmeler 2005-nji we 2006-njy ýyllarda we olar 2005-nji ýylda Jenaýatçylyk kodeksine hem girizildi.

Awtorlyk hukugy baradaky akty ulanmak baradaky aýratyn permanlar bar (574/1995, soňky nusgasy 2005-nji ýylda üýtgedildi) we Ýewropa ykdysady topara girýän döwletlere degişli ýagdaýlar üçin Awtorlyk hukugy bardaky ajkty ulanmak baradaky perman (575/1995).

Awtorlyk hukugy baradaky akt gelip çykyşy Finlýandiýa bolan işleri goraýar. Gelip çykyşy daşary ýurtlar bolan işler halkara ylalaşyklara laýyklykda goralýar. Awtorlyk hukugy baradaky halkara ylalaşyklar Finlýandiýa tarapyndan gol çekildi we aýratyn permanlaryň we aktlaryň üsti bilen amala aşyryldy.

— Edebi we döredijilik işlerini goramak baradaky Bern konwensiýasy (1886) iň wajyp halkara awtorlyk hukugy baradaky konwensiýadyr.

— Rim konwensiýasy — ýerine ýetirijileri, fonogramma prodýuserleri we ýaýlymlar guramalary goramak baradaky halkara konwensiýadyr.

— WIPO ylalaşygy — halkara awtorlyk hukugy baradaky ulgam bolup, ol WIPO awtorlyk hukugy ylalaşygy tarapyndan düzülendir we WIPO ýerine ýetirijilik we fonogramma ylalaşygyna (WPPT) 1996-njy ýylyň dekabr aýynda gol çekildi.

— Akyl zähmetiniň mirasyna bolan hukugyň söwda bilen baglanyşykly taraplary baradaky ylalaşyk (TRIPS, 1994)

Maglumat jemgyýetçilik gulluklaryny üpjün etmek baradaky akt458/2002 (FLT4)

Jemgyýetçilik sektorynda electron gullugy we arabaglanyşygy baradaky akt, 13/2003 (FLT5)

Electron aragatnasyk seriişdelerinde şahsyýetiň hukugyny goramak akty, 516/2004 (FLT7)

Iş döwründe şahsyýetiň hukugyny goramak akty, 759/2004 (FLT8)

Domeýn at baradaky akt, 228/2003 (FLT9)

Jemgyýetçilik gözleg ulgamynyň gurluş taýdan ösüşi baradaky döwlet jarnamasy 2005 (FLT10)



Top

3. Finlýandiýanyň aspiranturasyny halkaralaşdyrmak

Bölümçe: SIMO-nyň 1991-nji ýylda döredilmegi, 2001-nji ýyldan bäri täze ýörelgani öňe sürmek, Ýewropa Bileleşigi we R&D bilim guramalary bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek bilen birlikde, Finlýandiýanyň ýokary bilim ulgamynda halkaralaşmak hereketini iki uly döwre bölýärler.

Halakaralaşdyrmak ýörelgesiniň iki döwri

Bilim ulgamyny halakaralaşdyrmak 1980-nji ýyllarda Finlýandiýadnyň bilim syýasatynyň wajyp bölegine öwrüldi. şol döwürde Finlýandiýanyň halkara derejesinde abraýynyň artmagy elbet-de bu herekete itergi berdi. Aýratynda Yewropa kontinentinde bolup geçen üýtgeşmeler muňa sebäp boldy.

Ýewropa ösüş hereketine Finlýandiýanyň işjeň gatnaşmagy halkara derejesinde ähli ugurlar boýunça ösüşi talap etdi we esasan-da bilim ulgamynda aýratyn hem ýokary bilim ulgamynda döremegine getirdi. Finlýandiýanyň ýapyk jemgyýetiniň we ykdysadyýetiniň halkara hyzmatdaşlyk we bäsleşlik ugrunda öňe çykmagy hünärmenlere bolan talaby has-da güýçlendirdi we ýola goýlan işleriň düýpli üýtgedilmegini hem talap etdi.

Ilkinji öňe sürülýäň halkaralaşmak ýörelgesiniň manysy onuň talyp alyş-çalyş işleriniň hilini has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Takmynan uniwersitet talyplarynyň üçden biriniň her ýylda daşary ýurtlarda dereje okuwlaryny geçmegi hökmanydyr. Halkara hyzmatdaşlyk bilimiň hilini we mazmunyny ýokarlandyrmagyň we fin talyplary üçin bilim almak mümkinçiligini artdyrmagyň serişdesi hökmünde garalýar. Talyplaryň alyş-çalyş hereketi has aýdyň we düşünikli görnüşe eýe boldy we esasy wezipeleriň biri hökmünde kabul edildi.

SIMO-nyň döredilmegi

Halkara hyzmatdaşlygyň easy serişdeleriniň biri bolup Finlýandiýanyň halkara mobillik we alyş-çalyş meýilnamasy boýunça merkezi SIMO hyzmat edýär. Ol 1991-nji ýylda döredildi. SIMO merkezi döwlet edaralaryndan düzülip, olar talyplar bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere, okuw işlerine, hünärmenleriň alyş-çalyş işine, üç ministrlikde hereket edýän grantlaryň dürli görnüşini dolandyrmak işine jogapkärdir. Umuman aýdanyňda, SIMO Finlýandiýada hödürlenilýän bilimi halakara derejesine ýetirmek işine jogapkärdir.

2001-nji ýylda öňe sürülen täze halkaralaşmak ýörelgesi

Täze halkaralaşmak ýörelgesi garry adamalaryň agdyklyk edýän Finlýandiýa döwletinde we medeniýetiň we dürli milletleriň wekilleriniň köpelýän ýurdunda işçi güýjine bolan talaba hem esaslanýar. Bu ugurlar geljekde dowam etdiriler we giňeldiler. Birnäçe maglumatlara görä, geljek ýylllarda immigrantlaryň sanynyň has-da artjakdygy göz öňünde tutulýar. Häzirki döwürde immigrantlaryň köp bölegi Finlýandiýa döwletine öňki Sowet soýuzyna degişli bolan döwletlerden gelýänler. Döwletlerdäki we sebitlerdäki öňünden bilip bolmaýan syýasy, jemgyýetçilik ýa-da ykdysady öwrülişiklere gözegçilik edip bolunmajak derejelere çenli ýetýän migrasiýalara eltýär, bu ýagdaýa bolsa Finlýandiýa döwleti taýýar bolmalydyr.

2001-nji ýylyň halkaralaşmak strategiýasynyň gelen netijesi aýdyňdyr: Finlýandiýa özüniň üçünji döwür bilimlerini we ylmy gözleglerini güýçlendirmeli, çünki bu ýagdaý umumy ykdysady bäsleşige ukyplylygy goldaýan güýç hasaplanylýar. Üçünji döwür bilimleri — bu globallaşmanyň talaplaryna laýyk gelmekligi aňladýar. Bu maksada ýetmek üçin Finlýandiýa Ýewropanyň bilim gurluşyna işjeň gatnaşmalydyr we halkara bilim isleglerine ýetmek üçin öz içki mazmunyny ösdürmelidir.

Çeşme: OECD—iň üçünji döwür bilimleri tematik syny — Finlýandiýa barada hasabat (2008:38)

Ýewropa Bileleşiginiň agzalary bolan guramalary bilen hyzmatdaşlyk

Finlýandiýa ÝB-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyga gatnaşýar. ÝB-niň alyp barýan syýasaty Finlýandiýanyň bilim, ylym, ýaşlar we medeni syýasatyny ösdürmekde şöhlelenýär. ÝB-nde kabul edilen kararlar milli kanun çykaryjylyga öz täsirini ýetirýär. ÝB başlangyçlary we işleri milli işleri durmuşa geçirmekde goşmaça goldaw bolup durýar. ÝB bilen bilelikdäki taslamalary hem maliýeleşdirýär. Agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk özara hereketleri ýokary götermäge, maglumatlaryň alyş-çalşygyny we tejribe alyşmagy ösdürmäge gönükdirilendir.

Ministrligiň kanunçylykda esasy alyp barýan işi awtorlyk hukuklary we diplomlary bermek we derejeleri tassyklamakdyr. ÝB agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyga itergi bermekde, maglumatlaryň alyş-çalşygyny tizleşdirmekde we gerekli ýerlerde milli maksatnamalary ösdürmekde goşýan goşandy bilen uly orun tutýar. Häzirlki döwürde ÝB Ýewropada bilim ulgamynda ylmy derejeleri bermekligi düzgünleşdirmek, talyp-mugallym gatnaşyklary, bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ýaly işleri özünde jemleýär.

Finn bilim we ylym syýasatynyň umumy çäkleri ÝB Lissabon strategiýasyndaky görkezilen ugurlar bilen birmeňzeşdir.

Ýokary bilimde ÝB-niň toruny Bologna Hereketi bolup, onuň maksady Ýewropanyň ýokary bilim ulgamyny ösdürmek we bu ugurda beýleki kontinentleri özüne çekmekdir. Bologna Hereketiniň wezipeleriniň ýene bii tutuş Ýewropa boýunça hünär ussatlygy ýokary bolan akademik derejeleri düzgünleşdirip, Ýewropa ýokary okuw meýdanyny döretmekdir.

ÝB eýýäm agza döwletleriň birinden beýlekisine geçilen ýagdaýyndaky iş we okuw maksatly derejelerdäki ýüze çykýan päsgelçilikleri aradan aýyrmak barada işleri geçirdi. Diplomlary we şahadatnamalary tassyklamak işine Bäsleşik geňeşi garaýar. Milli derejede bolsa Bilim ministrligi diplomlary tassyklamak boýunça umumy düzgüni taýýarlamaga borçlanýar. Milli bilim komiteti derejeleriň ekwiwalentlerini bermekdäki maglumatlar bilen üpjün edýär.

Finlýandiýa Ýewropa karz goýumalryny geçirmek ulgamy Bolognada kabul edilen kararlary, Kopengagende kabul edilen ýörite bilim we hünär öwretmek boýunça Ýewropanyň kwalifikasiýa çarçuwasynyň ülňülerini we işlerini ösdürmäge işjeň gatnaşýar. şeýle hem Finlýandiýa hünärmen taýýarlygynda ÝEWROPASS ulgamyny üstünlikli ulanýar. Bu ulgam ýörite hünär derejelerini (başlangyç, orta we hünärmen) kabul etmekde ýöriteleşdirilendir. şeýle ulgamlardaky işjeň hereketi Finlýandiýanyň bu ugurda aýgytly orun tutýandygyny görkezýär.

Finlýandiýa ÝEWROPASS okuw maksatnamasyny we DILLER PASPORT ulgamyny ulanýan on döwletiň biri bolmagy maksat edinýär. Bu ulgam bilim edaralarynyň işini ýokary götermekdäki işleriň netijesidir.

Hökümetiň her dört ýyldan kabul edýän bilimi we ylmy gözlegleri ösdürmek maksatnamasy bilimi we ylmy derejelerde ösdürmekde uly syýasy üýje eýedir. Bu ösüş maksatnamasy hökümetiň sxtrategiki resminamalarynda görkezilen ugurlardadan gözbaş alyp gaýdýar. Bilimi ösdürmek we internasiolaşdyrmak barada maksatnamalar we käbir syýasatlar barada taslamalar sebit guramalary. Bilim edaralary we bilim institutlkary tarapyndan düzülýär.

Bileleikdäki hereket ylalaşyklary Bilim ministrligi bilen politehniki institutlaryň we bilim ministrligi bilen uniwersitetleriň arasynda gazanyldy. Bu ylalaşyklaryň özeninde ýokary bilimi internasionallaşdyrmak meselesi durýar. Iş ýüzünde bilimi internasionmallaşdyrmak — bu uniwersitetleri maliýeleşdirmegiň ölçegleriniň biridir. Bilim ministrligi bu ugurda hem maliýe goldawlarynyn ýokarda ady agzalan okuw mekdeplerine berip durýar.

Beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk

Beýleki halkara guramalary bilen hzymatdaşlyk bilim ministrligi üçin UNESKO-da agza döwletlerini gyzyklandyryp bilýän birnäçe gollanmalar we konwensiýalar bolup, ol ylmy maksatnamalary, bilermenlariň ýygnaklaryny we maslahatlaryny öz içine alýar. Mundan başga-da bu gurama bilermen goldawyny üpjün edýär, halkara hereketlerini guraýar hasabatlary we resminamalary düzýär we olary köpçülige ýetirýär. Hemişe bilim, ylym ulgamynda utgaşdyryjy orny, medeni gymmatlyklary aýap saklamak, ynsan hukuklasryny goramak, sabyrlylyk, parahatçylygy goramak UNESKO-nyň esasy çagyryşlarydyr.

Bilim we bilim syýasaty OECD-niň çäreleriniň esasydyr. Global bilim hyzmatdaşlygynda öňdebarajy guramalaryň biri bolan OECD-niň bilim baradaky synlaryna Finlýandiýa işjeň gatnaşýar. Finlýandiýada parlament bilim we ylym syýasatynyň esasyny kesgitleýän kanuny çykarýar. Hökümet we bilim ministrligi bolsa bu syýasaty ýerine ýetirmäge borçlanýar. Ýewropa Bileleşigi, OECD we BMG-sy, şeýle-de Nordik hzymatdaşlygy bilen bilelikde wezipeler we maksatlar kesgitlenilýär. Bu ugurdaky ylalaşyklar, gelnen netijeler syýasata laýyklykda köpçülige ýetirilýär.



Top

4. Master ylmy derejesini almak

Bölümçe: master ylmy derejesiniň ulgamy, okuw maksatnamasy we sertifikatlaşdyrmak EG we AS (ECTS) -niň 1.8.2005 senedäki uniwersitet bilimini sertfikatlaşdyrmak beyanatynda görkezilendir.

Derejeler barada umumy maglumat

Finlýandiýa milli ýokary okuw mekdepleriniň bölümleri köp görnüşli fakultetlkerdem ybaratdyr. Tehnologik uniwersitetleri, halk hojalyk yokary okuw mekdebi we çeperçilik akademiýalary ylmy barlaglary ýerine ýetirýän ylym öýleri bolup, gözlegleriň we barlaglaryň esasynda aspirantlykdan doktorlyga çenli dereje bilen sylaglamak hukugyna eýedir. Goşmaça hökmünde aýdanymyzda uniwersitet bilim derejesini harby akademiýa we goranmak işini alyp barýan Milli goranmak ýokary okuw mekdebi hem berýär.

2005-nji ýylyň awgust aýynda iki ugurly ylmy derejäniň gurluşy bilen tanyşdyryldy. Bu maksatnama öňki master derejesindäki aspirantlaryň derejesini bakalawr (finçe «kandidaatin tutkinto» şwedçe «kandidatekamen») we master diýen iki topara bölünýär.

Öňler bakalawr derejesi hökmany bolman aspirantlaryň köp bölegi göni masterlik kursyny okaýardylar. 2005-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap uniwersitetlerdäki esasy sapak sanlarynyň ýerleşdirilmegi we köpeldilmegi Ýewropa karz goýmlaryny geçirmek ulgamynyň (ECTS) esasyna esaslanyp ýeri çalşyryldy.

Ýokary okuw mekdeplerinde dereje bermek düzgüni: masterlik derejesi

Uniwersitetlerde okaýan talyplara dereje bermek hakyndaky özgertme 1990-njy ýyldan bäri synag edilýär. Ony üýtgetmek baradaky pikirler ýokary okuw mekdepler we ýokary bilim üçin maslahatlaryň jemleýji bahalary, giňden goýlan maksatlar we halkara maksatnamalar esasynda ýüze çykdy.

Bu özgertmäniň netijesinde köp pudaklarda anyk goýlan wezipeler kabul edildi. Täze dereje düzgüni köplenç bir esasy sapagy hem bir ýa-da birnäçe goşmaça esasy däl sapaklary bileleikde alyp barmakdan durýar. Okuw sagat sanlary (takmynan 40 sagat) bilen haspalanylýan her bir sagat talypdan talap edilýän işleriniň ýerine ýetirilmegi bilen kesgitlenilýär.

Pes derejeli akademik dereje (köplenç kandidat) diýip aýdylýar. Birinji dereje bakalawr bolup, ol 120 sagat sanyndan ybarat. Ýorary derejeli akademik derejä masterlik derejesi degişlidir. (köplenç magustr hem diýilýär) Bu derejäniň umumy sagat sany 160 ýa-da 180, ýa-da ýokary okuw mekdebinde goşmaça 40—60 sagat sanyna deň. Pes derejeli okuwyň dowamlylygy azyndan 3 ýyl, ýokary derejäniňki bolsa 5 ýyla çenli ýa-da soňra 2 ýtllyk bakalawr derejesi alynýar. Masterlik derejäniň ortaça möhleti 6,5 ýyla çenli. Medisinada, stomatologiýa we weterinariýa ugurlarynda hökmany 6 ýyl okamaly. B hünäre degişli derejeler giň ýaýrandyr.

Aspirantlyk üçin taýýarlanylýan maksatnamalar başlangyç, orta we ýokary derejeli sapaklardan durýar. Bakalawr derejesi esasy sapaklaryň başlangyjyndan hem ortalyk bölümden ybarat bolup, ol hem öz içine tezisleri, ikinji derejeli sapaklary we dil öwrenmegi alýar. Masterlik derejesi üçin aspirantlar ýokary derejeli okuw meýilnamasyny tamamlap, muňa goşmaça masterlik tezisini hem taýýarlamalydyrlar. Käbir derejeler hökmany tejribeligi talap edýär, beýlekiler üçin bu ýagdaý goşmaçadyr.

Masterlik derejesi

Uniwersitet derejelerine hödürlenen 2004-nji ýylda çykarylan 794-njy karary derejäniň maksadyny, göwrümini, şeýle-de gurluşyny düzýär. Uniwersitet öz berjek sylagynyň düzümini we onuň jikme-jik mazmunyny işläp taýýarlady.

Ikileýin (ikinji sapar) alynýan uniwesitet derejesi

Ikinji sapar alynýan uniwersitet derejesi azyndan 120 hasapdan ybarat (2 ýyl doly okuw). Okuwyň möhleti iknji sapar alynýan dereje üçin hödürlenen meýilnama bilen gitmegi talap edýär.Bu meýilnama daşary ýurt talyplary üçin azyndan 90 hasaby öz içine alýar.Adatça bu dereje magistr diýlip atlandyrylýar. Ikinji sapar alynýan derejler ehnol;ogiýa, farmakologiýa we binagärçilik ugurlary boýunça hödürlenilýär. Bu derejeleriň iňlis diline edilen terjimesi masterlik derejedir.Ol esasanam Sungat ylymlarynyň we Ylymlaryň masteri diýen iki görnüşde bolup durýar. Ikinji sapar alynýan derejeleriň içinde medisinada, wterinariýada we diş lukmançylygynda lisentiat bolup durýar. Ikinji sapar alynýan dereje üçin giriş talaplary birinji sapar dereje almak üçin tabşyrylýan resminamalardan ybarat bolup durýar.

Medisinada we diş lukmançylygynda goraljak dereje üçin uniwersitet birinji sapar alynmadyk dereje bilen hem kabul edililip bilner. Medisinada dereje öz içine 360 hasaby (6 ýyl doly okuw) diş lukmançylygy bolsa 300 hasaby (5 ýyl doly okuw) öz içine alýar.

Ikinji sapar alynjak dereje üçin bellenen maksatnama öz talyplaryny:1) dereje meýilnamasynyň öz içine alýan ýokary derejeli sapaklaryň we hünär sapaklarynyň okadylmagy; 2) ylmy bilimleri ulanmak üçin gerek bolan bilim we ussatlyk hem-de özbaşdak we talap edilýän sungaty işler üçin gerek bolan ylmy usullar bilen hem ussatlygy; 3) öwrenilýän ylmy pudagy ösdüriji we tejribeçi hökmünde özbaşdak işleri alyp barmakda ylym hem-de ussatlygy; 4) ylmy hem döredijilik bilimi gorajaklar üçin gerek bolan bilim hem ussatlyk; 5) dil hem adamlar bilen aragatnaşyk aklamak endiklerini öwretmek bilen bilen üpjün edýär.

Ikinji sapar alynýan dereje üçin alnyp barylýan okuwlar, esasy hem aralyk we ýokary derejedäki okuwlar, dil hem gürleşme okuwlary, köp ugurlaýyn okuw maksatnamalary, beýleki okuwlar, mereje Masterleriň tezislerini öz içine alýar (20—40 hasap).

Uniwersitet biliminde şahadatnama

Dereje üçin talap edilen okuwlaryň ählisi tamamlanandan soň, talyp dereje üçin şahadatnama berilmegine ýüz tutup biler. şahadatnama uniwersitet ýa-da fakultet tarapyndan gowşurlyp, onuň görnüşi uniwersitet tarapyndan tassyklanylýar. şeýle-de uniwersitet haýyş bilen ýüz tutulanda talyplary dereje meýilnamasynyň dowamynda okan ähli sapaklaryna şahadatnama bermäge borçludyr. şeýle-de talyplar goşmaça şahadatnama alyp bilerler (Goşmaça Diplom). Her bir talybyň okuw hasaplary hasap depderçesinde bellenilýär we ol onuň nusgasyny göçürip almaga haklydyr. Goşmaça şahadatnama esasanam dürli sapaklaryň bahalary hem tezisleriň bahalaryny öz içine alýar.

Bilimiň käbir ulgamlarda gutardyş hünär tejribeligini geçmek üçin ýollanma almak hökmanydyr. Bu ugurlar derman senagaty, medisina, mal lukmançylygy, diş lukmançylygy we psihologiýa ylymlaryndan ybaratdyr. Medisinada, diş hem mal lukmançylygynda-da gutardyş hünärmenlerine dereje almak mümkinçiligi bar, ýagny medisinada, diş we mal lukmançylygynda hünärmenler derejesi.

Uniwersitet derejesi we okuw hasaplary ýurtdan daşarda-da kabul edilýär. Talyplaryň garaşsyzlygyna garap, uniwersitet kabul etjek talyplarynyň ugurtapyjylygyna garap saýlaýar. Gutardyş okuwlarynyň çärýeklerinde başga uniwersitetlerde dürli goşmaça okuwlar we geljekde göz öňüne tutulýan okuwlar bar. Başga ýerde alnan okuwlaryň ýöreýänligi ýa-da ýöremeýänligini uniwersitetiň özi çözýär. Talybyň masterlik derejesini goran ýerine garap, doktorlyk meýilnamasyny başga ýerden alan bolsa, onda uniwersitet talybyň özleşdiryän meýilnamasyny başlamazdan öň goşmaça okuwlary gutarmagy talap edip biler.

Çeşme: http://eacea.ec.europa.eu/ressources/eurydice/eurybase/pdf/section/FI EN C6 15. pdf



Top

5. Doktorlyk derejesi boýunça okuwlaryň gurluşy

Bölümçe: Bu Finlýandiýanyň aspirantura gurluşyny beýan edýär, doktorlyk okuwlarynyň mazmunyny aspirantlyk okuwlarynda Lissenzianto we doktarlyk derejeleriniň aýratynlygynyň hem üstünde durup geçýär,şeýle-de Finlýandiýada çykarylan dürli doktarlyk derejesi baradaky buýruklary we doktorlyk deejesine degişli bolan talaplary we giriş okuwlaryny görkezýär.

Aspiranturalar

1995-nji ýylyň başynda Finlýandiýada täze aspiranturalaryň düýbi tutuldy. Ol ýerde milli we ýokary derejeli ylmy işlerden ybarat bolan okuwlar girizildi. Köp sanly aspiranturalar birnäçe uniwersitetler we ylmy merkezler bilen hyzmatdaşlyga girizilen. Gündizki doly okuwy alyp barýan aspirant talyplar aspiranturada okaýarlar. Ähli ýokary okuw jaýlary aspirantura gurluşyna girizilen.

Finlýandiýanyň Ylymlar Akademiýasy Bilim ministirligi tarapyndan bellenen aspiranturalary doktoranturada okaýanlaryň ýurduň içinde hem daşynda alyp barýan gözleg işlerinde geçýän tejribelerini doly goldaýar.

Aspiranturalar gözleg işlerinde özlerini gowy tarapdan tanadan merkezler, ýokary derejeli ylmy gözleg taslamalary, milli hem ylmy taýdan giňeldilen ulgamlar hyzmatdaşlygy bilen arabaglanyşyk saklaýar. Mundan başga-da uniwersitetler, ylmy gözleg merkezler hem alnyp barylýan meýilnamalara gatnaşýarlar. Bilelikde gurnalan okuwlaryň esasy aýratynlygy olaryň giňeldilen milli we halkara okuwlaryndan ybarat bolmagydyr. Aspiranturalar doly okuw üçin ähli mümkinçilikleri hödürleýär. Güýçlendirilen ylmy-gözleg tejribeligi doktorluralaryň okuw möhletini azaldar diýip umyt edilýär. Bu bolsa olaryň hususy sektorlarda goldaw bolup hyzmat eder.1998-nji ýylda aspiranturalaryň işleri gowy bahalandyryldy we işleri ýokary derejede ýetirilýär diýlip hasap edilýär.

Uniwersitet derejesiniň gurluşy — doktorlyk derejesi

Bakalawr we master derejesinden soň täze üýtgeşme girizilen doktorlyk okuwy belli bir derejede üýtgeşmelere duçar boldy. Ýewropa bilim ulgamy Bologna Hereketiniň esasy ýörelgeleri bilen gurnalandyr, doktorlyk okuwlary hem şolar tarapyndan hereketlendirilendir. 2000-nji ýylyň ýazynda Bilim ministrligi tarapyndan Finlýandiýada doktorlyk okuwlaryny ýokarlandyrmak maksady bilen çykyşlar goýberildi.

Çykyşlaryň esasy doktorlyk derejesiniň diňe bir hünär işleri üçin ýokary derejede bolman, eýsem beýleki taraplarda-da çetde durmazlygy üpjün etmek bolup durýar. Doktorlyk biliminiň söwda we senagat bilen baglanyşygy hakynda soňrak bellenilip geçiler. şeýle-de halkara ösüş merkezleri bar, ol bolsa doktorlyk derejesine dalaş edýän talyplaryň okuw döwründe hem ýurduň daşynda ylmy-barlagg işlerini öz içine alýar. Finlýandiýa Ýewropada doktorlyk derejesi boýunça alnyp barylýan işlerde millilige seredýär. Olary öz bilimlerini ösdürmäge ugrukdyrylan çärelerde ulanýar.

Ylmy-barlag bilen öwezi doldurylan aspirantura okuwy ýokary derejeli taýýarykda bolup, ol uniwersitetiň esasy maksatlaryna gulluk edýär. Bu gadymy ýörelge beýleki usulyýetlerden has oňat mümkinçilik berýän ýaly görünýär. şonuň üçin iş tejribesi alnyp barylýan senagatda, döwlet edaralarynda, bilim ulgamynda hat-da ylmy-barlag işleri bilen bagly bolmadyk ýagdaýlarda hem gowy netijeleri berýär diýlip kabul edilen. Senagat edaralary we uniwersitetler bilen hyzmatdaşlyk senagatda doktorlyk derejesine garamazdan alnyp barylýan işler talap edilýär.

Doktorlyk derejesi diňe bir öz hünäriň boýunça däl, eýsem beýleki ugurlarda gowy netijeler bilen tapawutlanýar. şunuň ýaly ýagdaýlarda doktorlyk derejesiniň artykmaçlygy örän ulydyr. Bu dereje CV-niň gymmatlygyny artdyrar we işe girişen pursatyň artykmaçlyk tarapy bolup hyzmay edýär. şeýle-de, işe girişen pursatda dereje saňa üstünligi kepil geçmeýär, bu bolsa öz başarnygyňy hereket üsti bilen subut etmekdir. Senagat pudagy resmi derejede tapawutlanan ylmy işler bilen gyzyklanýar. Häzirki döwre çenli bahasy ösüp barýan halkara çäreleriniň ýerleri akademik derejelerine has hem aýratyn üns berýär. Köp ýurtlarda ekspertleriň ünsüni doktorlyk derejeleriniň çekmegi adata öwrüldi, bu bolsa söwda gatnaşyklarynda uly orun tutýar.

Doktorlyk derejesi we talaplar

Helsinki ehniki uniwersitetde h`dürlenilýän doktoranturalar masterlik derejesinden soňky ylmuy dereje hasaplanylýar we bu okuwary ge`mek hökmanydyr. Bu ýokary okuw mekdebinde teklip edilýän doktorantura okuwlary esasan-da tehniki ylymlaryň doktory ýaly derejäni goramak mümkinçiligi teklip edilýär. şeýle-de filosofiýa ylymlarynyň doktory derejesi hem käbir ýagdaýlarda masterlik derejesinden soň goramak işi ýola goýlan. TKK bu derejäni hödürlemeýär.

Tehniki ylymlaryň doktory we filosofiýa ylymlarynyň doktory derejelerini bilen baglanyşykly okuwlary`möhleti dört ýyldyr. Bu kuwlary hökmany derejede yzyny üzmän gatnamak talap edilmeýär, çünki okuwlaryň gidýän döwründe dürli maksatly meýilnamalaryň üstüne işlemek mümkinçiligi ýüze çykyp biler.

Bu okuwlaryň maksady ylmyň anyk ugry boýunça çuňlaşdyrylan bilimi bermekden we özleşdirilen bilimleri kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu bolsa alnyp barylýan ylmy-barlag işiň hiliniň ýokary bolmagyna täsir edýär. Ýokary derejede alnyp barylýan ylmy işler ylmyň netijeligini ýoarlandyrýar. Siz biziň sahypamyza girip, özüňizi gyzyklandyrýan soraglara jogap tapyp bilersiňiz http://www.tkk.fi/en/prospective students/.

Doktorlyk deresi we onuň mazmuny

Aspirantura nazary okuwlardan we gözleg-barlag işlerden ybaratdyr. Aspiranturada esasy hem ylmy-barlag işlerine üns berilýär. Okuwyň dowamlylygy ECTS sapaklarynyň üsti bilen ölçenilýär. şeýlelik-de bir okuw ýylynda ortaça 1600 sapak bolup ol hem ECTS sapaklarynyň 60-yna deňdir. Tehniki yzlymlarynyň gutardyş şahadatnamasyna iki ýyl hödürlenilýär.

Tehnikli ylymlarynyň doktory derejesi üçin 4 býyl hödürlenilýär. Gutardyş derejesi bilen nazary okuw bilelikde tamamlanýar we doktorlyk dissertasiýasy goşmaça talap edilip bilner.

Aspirantura degişli nazary okuwlar ECTS sapaklaryna deň we amaay sapaklar görnüşinde tamamlanýar. Sapaklar üç görnüşde amala aşyrylýar: gözleg ulgamy sapak T (30—40 ECTS sapaklar), goşmaça okuwlar ulgamy (S sapak10—20 ECTS) we ylmy tejribeler we ýörelgeler (sapak 4,5—15 ECTS). Aspirantura üçin seminarlar, çap edilen işler we kurslar talap edilýär. Dilleri öwrenmek aspirantura derejesinde makullanylmaýar.

Neşir edilen işler ylmy ýolbaşçy bilen birlikde dürli bölümçelerde ara alnyp maslahatlaşylyp bilner. Neşir işler her bir aspiantyň ylmy mowzugyny şöhlelendirmelidir. Ylmy ýolbaşçy neşir işleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik edip, ony belli bir derejede bahalandyrmalydyr. Bahalandyrma neşir edilen işlriň çap litine laýyklykda amala aşyrylýar.

Finlýandiýanyň uniwersitetleri tarapyndan berilýän doktorlyk derejeleri we olaryň hödürlenilýän ugurlary:

Aşakda görkezilen ugurlar döwlet kanunyna laýyklykda hödürlenilýär. Olaryň iňlis dilindäki terjimeleri resmi taýdan tassyklanylandyr.

  • azyk senagat ylymlarynyň doktory;
  • maldarçylyk ylymlarynyň doktory;
  • derman senagat ylymlarynyň doktory;
  • pelsepe ylymlarynyň doktory;
  • dolandyryş ylymlarynyň doktory;
  • ylymlaryň doktory (bilim)
  • (ykdysadyýet we işewirlik) ylymlaryň doktory;
  • senetçilik ylymlarynyň doktory;
  • (sport we saglyk) pelsepe ylymlarynyň doktory;
  • medisina ylymlarynyň doktory;
  • (tokaý we ekerançylyk) ylymlaryň doktory;
  • aýdym-saz boýunça ylymlaryň doktory;
  • hukuk ylymlarynyň doktory;
  • psihologoiýa ylymlarynyň doktory;
  • sungat ylymlarynyň doktory (sungat we bezeg)
  • sungat ylymlarynyň dojtory (tans)4
  • sungat ylymlarynyň doktory (teatr we drama);
  • tehniki ylymlarynyň doktory ýa-da oba hojalyk ylymlarynyň doktory;
  • ylyhyýet ylymlarynyň doktoery;
  • saglyk boýunça ylymlaryň dokrory;
  • jemgyýetçilik ylymlarynyň doktory;
  • jemgyuýetçilik ylymlarynyň doktiory.


Top

6. Hünär derejeleri we aspirantura okuwlary

Bölümçe: Bu bölüm akademiki däl hünär gutardyş okuwlaryny hödürleýär we işewirlik dolandyryşyň masteri derejesi üçin maksatnamalary öz içine alýar.

Hünär we ýaşlar üçin teklip edilýän okuwlary hödürleýän uniwersitetler

Bu uniwersitetler bilen birlikde politehniki okuw edaralary ýaşlar üçin okuwlaryň dürli görnüşlerini teklip edýär. Açyk politehniki uniwersitetler derejeleri almak üçin okuw sapaklaryndan başlap beýleki hyzmatlary öz içine alýar we şeýle okuw jaýlary Finlýandiýada eýýäm däbe öwrüldi.

Açyk uniwersitetlerde we açyk poliethniki institutlarda köp çäreler Bilim ministrligi ýokary bilim ojaklary üçin niýetlenen pul serişdeleri bilen üpjün edilýär. Okuw tölegi diňe dolandyryş tölegi, okuw materiallarynyň bahalaryny we şuňa meňzeşleri öz içine alýar. Tölegler okuwlara we olary alyp barmagyň usullaryna baglylykda dürli-dürlidir. Emma şeýle bolsa-da tölegleri elýeterlilikde saklamaga tagallalar edilýär.

Politehniki ylmynyň derejesini almak üçin okuwlar ýokary derejede berilmegine getirýär we ol talyplaryň okuwlary bilen baglanyşykly geçen tejribeleri hem göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda politehniki derejede bilim alandygy barada talyplara diplomlar hödürlenilýär. Okuw maksatamalaryny kämilleşdirmegi maksat edinýän uniwersitetler, politehniki okuw mekdepleri ýöriteleşdirilen bilimleri hödürleýärler.

Bulary aspiranturalar diýip hsaplasa bolar. Adatça bu maksatnamalar 20-40 bölümlerden ybarat dyr. Ähli uniwersitetlerde we politehniki institutlarda talyplar üçin az möhletli kurslary gurnaýarlar. Bilimiňi dowam etdirmek ýokary bilim ojaklary tarapyndan gurnalýar we bu talyplar üçin tölegsiz kurslar hökmünde teklip edilmeýär.

Ýokary bilimi dowam etdirmegi teklip edýän okuw mwkdepleri we beýleki edaralar ýerli maksatnamalary işläp düzmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar ýerli taslamalarda hereket edýän güýç bolup hyzmat edýärler.

Işewirlik we dolandyryşyň magistr hünär derejesi

Bu dereje bütindünýäde ykrar edilip, ol talyplary geljekde işewirlik we dolandyryş ugry boýunça ökde hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen döredilendir. Bu derejäniň artykmaç tarpy onuň diňe işewirlik üçin niýetlenen däldigindeddir. Mundan başgada bu derje jemgyýetçilik, döwlet, hususy kärhanalary we beýleki ugurlarda hereket edýän edaralary dolandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Derjäni alan talyplaryň öz işine ussat hünärmen bolup ýetişmegi üçin ähli nazary we amaly sapşaklar geçirilýär.

Bu dereje dünýäde meşhur derejeleriň biridir. Häzirki döwürde dünýä boýunça 2500-den gowrak bu ugur boýunça dereje maksatnamalary hödürlemnilýär. şeýle maksatnamalar Amerikada 20-nji asyrda döredildi we wagtyň geçmegi bilen olaryň sany jemgyýetiň talabyna laýyklykda köpeldildi. Adatça bu dereje maklsatnamasy 2 ýyllyk bolsada Amerikada bu maksatnamanyň bir ýyllyk möhletli maksatnamasy has meşhurlykdan peýdalanýar. Doly däl we uzak aralykdaky maksatnamalar hem elýeterlidir. Olaryň köpüsi iňlis dilinde alnyp barylýar. Bu faktor daşary ýurtly ýaşlary şu maksatnamalar boýunça okamaga bolan islegi has-da artdyrýar. Döwlet dili iňlis dili bolmadyk ýurtlarda bu maksatnamalar boýunça okuwlar ýeňilleşdirimlen iňlis dilinde alnyp barylýar.

Bu meýilnama hem edil beýleki meýilnamalar ýaly halkaralaşdyrmak işi bilen ber arabaglanyşykda saklanylýar. Talyplar bu meýilnama laýyklykda okadyljak sapaklaryň mazmuny, möhleti, ugurlary bilen gyzyklanyp bilerler we gerekli maglumatlar bilen üpjün ediler. Bu meýilnamanyň çäginde gysga möhletli meýinamala hem hödürlenilýär.

Çeşme: http:/www.find-mba.com/what-is-an-mba

Helsinki Ykdysady ýokary mekdebinde okatmagyň gurluşy we onda ulanylýan usulyýet

Bonda teklip edilýän okuwlar dünýä tejribsine laýyklykda guralýar we bu ýokay okuw jaýy Emori, Rutgers, Saus karolina, Jorjtaun, UCLA, Konkordia, Kwinz, Rotterdam, Indiana, ESADE, INSEAD ýaly dünýä belli mekdepler bilen hyzmatdaşlygy aklaýar.

Bu meýilnama şu nusgada guralan:

  • talap edilýän 12 nusgalyk okuwlar;
  • 7 saýlamaga hödürlenýän okuwlar;
  • 1 işewürlik taslamasy

Ähli mowzuklar adat boýunça ýarymýyllyk okuwlar ulgamy boýunça alnyp barylýar.

Ähli saoaklar yzygiderlilikde we tertip boýunça eçirilýär. Talyplaryň islegine görä,

aýratyn mowzuklara üns berilýär. Olar global dolandyryş, halkara merketing, halkara maliýe we telekeçilik.

Okuwlar ýokary derejede interaktiwleşdirilendir. Dürli okuw usullary, ýagny taslamalar, ara alyp maslahatlaşmalar, oýunlar we umumy okuwlar ulanylýar. Okuwa doly gatnaşmak hökmanydyr.

Çeşme: http://www.hseee.fi/content.php?&id=1062&m=53&sm=433



Top

7. Aspiranturalary teklip edýän ýokary okuw mekdepleri.

Bölümçe: Aspiranturalary teklip edýän ýokary okuw mekdepleri barada maglumat.

Aspiranturalary teklip edýän ýokary okuw mekdepleri barada maglumat

Bilim ministrligine degişli 20 uniwersitet bar, 10 sany dürli hünärleri teklip edýän uniwersitetler, 3 sany ykdysadyýet we işewirlik mekdepleri, 3 sany tehniki uniwersitetler we 4 sany sungat akademiýasy.

Harby ýokary mekdepleri Milli garonayş kolleji we goranypş ministrligi tarapyndan dolandyrylýar.

Milli goranyş kolleji

Ýokary okuw mekdepleriniň ýok ýerlerinde olaryň merkezleri hereket edýär. Olar ýerli poliehniki institutlary we edaralary öz içine alýar. Olara ýerli geňeşler hem girýär. Olar bilim we ylmy-barlag işlerinde hyzmatdaşlyk edýärler.

Şeýle gatnaşyklar aragatnaşyk ulgamynda, saglykda we zenan kesellerini öwrenýän ylmy edaralarda saklanytlýar.

Wirtuial uniwersitetler tor ulgamynda hyzmatdaşlykda hereket edýärler

Finlýadiýanyň wirtual uniwersieti ýurduň ähli uniwersitetleriniň bilelikdäki tagallalary netijesinde hasaplaýyş tehikasynyň esasynda döredildi.

Elektronik söwda hyzmatlary we bilelikdäki geçirilýän okuwlar ýaly wirtual uniwersitet hyzmatlary Finlýndiýanyň ähli uniwersitetler üçin niýetlenendir. Siz www.virtualuniversity.fi girip bilersiüiz.

Gatnaşyklar

Wirtual uniwersitetler

Siz Finlýandiýada okamaga gyzyklandyrma bildirýäňizmi? Discover Finland atly web sahypasy — daşary şurtly talyplar we ylmy hünärmenleriň Finlýandiýanyň ýokary bilim, terbiýeçilik taýýarlygy we okuwçy alyş-çalyp maksatnamalary barda hödür edýän mümkinçiliklerine bolan taklaplara gönükdirilendir. (Cenbtre for International Mobility)



Top

8. ICT goldaw ulgamy we maglumat sowatlylyk ülňüleri

Bölümçe: 1) Bu bölüm ýokary we aspirantura okuw we gözleg ugurlaryny maglumat bilen üpjün etmek üçin. 2) Ýokary okuw mekdeplerinde aspirantlyk barada maglumat bilen üpjün etmek üçin

CSC-IT ylmy merkezi

Ylmy hasaba alyş merkezi hasaba alyş we internet (maglumat) hyzmatlary boýunça ýöriteleşdirilen, olar döwlete degişli bolup, Bilim minstrligi tarapyndan edra edilýän milli bölümler guramasydyr. CSC Finlýandiýanyň IT ylmy merkezidir. CSC akademiýalary, ylmy-barlag institutlary we komşpaniýalary öz içine alýan, hasaba alyş we maglumat hyzmatlary boýunça IT goldawlary we dürli çeşmeleri bilen üpjn edýän girdejisiz edaradyr. CSC Finlýandiýanyň giňden ulanylýan software we database, şeýle-de iň güýçli super hasaba alyş ulgamyny üpjün edýär. Bu hyzmatlary ylmy-barlag hünärmenleri Funet arkaly baglanyşdyyrp ulanyp bilerler.

Hasaba alyş hyzmatlary

Ylmy barlag işlerinde hasaba alyş müşderiler üçin, mundan başgada köptaraplaýyn hasaba alyş tehniki korporasiýasy özünde ylym üçin iň wajyp bolan arzalary we databazalary özünde jemleýär. Hasaba alyş tehniki korporasiýasynyň superkompýuterleri hatda iň talap edilýän ikitaraplaýyn maksatnamany hem işledip bilýär.

Superkompýuteriň hasaba alyş güýji onuň beýleki taslamalardan çalt işledip bilýän adaty proisessorlara garanda 1000 esse çalt işlemegindedir. Hasaba alyş tehniki korporasiýanyň iň ykjam kompýuterleriň biride CRAY XT4 XT 5, Louhi atly ulgamdyr. Ol häzirki wagtda bir sekundyň dowamynda 86000 milliard operasiýany ýerine ýetirip bilýär.

Biziň müşderilerimiz biziň hünärmenlerimiz bilen maslahatlaşyp bilerler. Biziň ekspertimamayz şu aşakdakylary özünde jemleýär:

  • algoritmleriň gurluşy;
  • koduň optimizasiýasy we ikitaraplylygy;
  • hasaba alyş taslamalary;
  • hardware özünde jemleýän maglumatlary.

Şeýle-de hasaba alyş tejhnikasy bütindünýä HPC taslamasynyň hataryna girýär.

  • DEISA seti Ýewropanyň hasaba alyş merkezine baglanşygy üpjün edýär.
  • Ýeweropanyň PRACE hasba alyş merkexzinde Petaflop derejedäki superkompýuterleriň täze tapgyry taýýarlanylýar.

Goşmaça hyzmatlar

Hasaba alyp tehniki korporasiýasy müşderileri ylmy software ulagamynyň uly ýybyndysy, okatmak, dürli taraplaýyn goldaw bermek, täze programma düzmek we hasaba alyş infrastrukturasyny ösdürmek bilen üpjün edilýär.

Software hyzmatlary:

  • Finlýandiýanyň uly göwrümli ylmy software ylmy maglumatlare toplumy;
  • Maslahat beriş we hasaba alyş ulgamynda software boýunça okuwlwry geçirmek;
  • Halakara softare ulagamyndan peýdalanýanlaryň konsortiýasyny baglanyşdyrmak;
  • Ýewropa bileleşiginiň pul bilen üpjün edilen EMBRACE we ELIXIR ýaly taslamasyna gatnaşmaga mümkinçilik.

Açyk ylmy çeşme software taslamasynyň ösdürilişi, ýagny:

  • ELMER — multi-fiziki elementleriň toplumy;
  • Chipster — DNK derňew maglumatlarynyň taslamasy;
  • CPAW — parallel kompýuterleriň DFT kody;
  • SOMAZ — daşky gurşaw esasynda molekulalaryň düzlüşi we derman oýlap tapmagyň seti;
  • ESO Reflex — Ýewropanyň GO obserwatoriýasy üçin astronomiýa maglumatlaryny özünde saklaýan taslama.

Grid insfraktura toruna goldaw we onuň ösüşi:

  • Fin halkara N-Grid infrastrukturasynyň öňdebaryjylygy we kordinasiýasy;
  • Ýewropanyň EGEE we DEISA ýaly infrastruktura setiniň operasiýasyna gatnaşmak;
  • LHC hasaba alyş Tier 1—iň skandinawiýanyň NPGF-si bilen hyzmatdaşlygy.

Ylym we medeniýet üçin maglumatlar hyzmaty

Biologiýa, himiýa we dil bilimi ylymlaryna birnäçe görnüşli hyzmatlary ýerine ýetirýän we ynamdar ätiýaçlyk nusgasyny özünde jemleýän arhiwler biziň maglumatlar y dolandyrmagyň esasy bolup durýar.

Biz siziň islegleriňizi kanagatlandyrmak üçin aşakdaky hyzmatlary ýerine ýetirýäris we maglumatlary saklaýarys:

  • gysga we uzak möhletli maglumatlary saklamak hyzmaty;
  • müsderileriň islegini kanagatlandyrmak üçin maglumat gory.

maglumatlary gurnamak hyzmaty:

  • saklamak we maglumatlarey kämilleşdirmek.

Maglumat gory

  • 70 sany ylmy maglumat gory, CIS maglumat gory.

Maglumatlary gaýtadan işlemek hyzmaty

  • maglumat gözlemek, wizuallaşdyrmak, uly göwrümli maglumatlar ýygyndysy.

Maglumatlar barda maslahatlaşmak, saklamak we derňew etmek

Finlýandiýanyň kitaphanasynyň akademiki ulgamy biziň daşky gurşaw hyzmatlarymyz tarapyndan amala aşyrylýar:

  • LINNEA — finlýanduiýanyň uniwersitetleri üçin aýratyn kitaphana ulgamy;
  • ARMAS  — finlýandiýanyň tehniki potensiýaly üçin aýratyn maglumat gory
  • NELLI — milli maglumat-gözleýiş ulgamy;
  • DORIA  — öýjükli maglumatlary amala aşyrmak üçin ulgam.

Maglumatlary gurnamak hyzmaty

CSC hasaplaýyş tehnikasy korporasiýasynyň platformasy:

  • maglumatlary gurnamak hyzmatlkaryny merkezleşdirmek;
  • maglumatlar toplumyny ösdürmek;
  • NAKA ulanyjylaryň hasaba almak ulgamy;
  • Maslahat beriş hyzmatlary.

Ýokary bilimde ekspertiza

Hasaba alyş tehniki korporasiýasy döwlet bilim we ylym administrasiýasy maglumat ulgamyny dolandyrýar we kämilleşdirýär

  • NAKA — Finlýandiýanyň ylmy-barlag institutlarynyň, politehnikalarynyň we uniwersitetleriniň hasaba alyş ulgamy.
  • KOTARIUS — uniwersitetleri statistika bilen üpjün edýän maglumatlar gory.

Ygtybarly maslahat beriş

Biziň müşderilerimiz öz IT taslamalary we olary kämilleşdirmek barada biziň hünärmenlerimiz bilen maslahatlaşypçmbilerler. Mundan başga-da hasaba alyş tehniki korporasiýasy müşderileriň islegi esasynda IT-ni dolandyrmak we kämilleşdirmek üçin gözleglre goşulýarlar, ýagny esasan hem:

  • taslamany meýilleşdirmek we isleg bildirýänleri çagyrmak;
  • elektron trans hereketleri;
  • ulanyjylaryň dolandyrylyşynyn kämilleşdirmek;
  • maglumatlaryň howpsuzlygy

Gözlegler üçin hyzmatlar

Hasaba alyp tehniki korporasiýasy uniwersitetleri, poiltehniki edaralary, gözleg institutlarynyb we senagat kompaniýalaryny hasaba alyp we maglumat beriş hyzmatlary bieln üpjün etýär. Ekspert hyzmatlary tutuşlygyna akademiki gözleg guramalary üçin niýetlenendir.

Funet setiniň hyzmatlary

Funet — Finlýandiýanyň gözleg topary üçin hyzmat edýän maglumat beriş tory. Bu 80 guramany we 350000 ulanyjylary birleşdirýär. Funet hyzmatlary hasaba alyş tehnikasynyň korporasiýasy mundan başgada Funet ulgamynyň howpsuzlygyny üpjün edýär we okamak we gözleg üçin maglumatlary dolandyrmakda gerek bolan hyzmatlary kämilleşdirmäge işjeň gatnaşýar. NORDUnet-iň üsti bilen Funet tölegli internetlere we beýleki akademiki setlere baglanyşmagy hödürleýär. NORDUnet-iň agzalary: Finland Funet-i, şweýsariýanyň SUNET-i, noewegiýanyň UNINETT-i, Daniýanyň Forksningsnettet-i we Islandiýanyň Rhnet-idir. Funetiň agzalary Finlýandiýanyň uniwersitet derejesindäki ajkademiýalaryna we jemgyýetçilik gözleg institutlaryna açykdyr.

Hasaba alyş tehniki korporasiýasy wideo tehnologiýasyna esaslanan dürli hyzmatlary hödürleýär. Bu hyzmatlar özünde wideo konferensiň we maglumat akymyny özünde jemleýär. şeýle-de hasaba alyş tehniki korporasiýasynyň ýokary derejeli audiowizual talaplary üçin gurulan multimedia studoýasy bar. Bu otag müşderiler üçin hem açykdyr.

Gözleg kitaphanalary

Gözleg kitaphanalary özünde gözleg we ylym üçin hyzmat edýän ýöriteleşdirilen kitaphanalary jemleýär. Finlýandiýada 200-den gowrak gözleg kitaphanalary bar. Bu kitaphanalaryň esasy uniwersitetleriň kitaphanalaryndan, Milli kitaphana haspa edilýän Helsinki uniwersitetiniň kitaphanasyndan we Kabul ediş kitaphanasyndan düzülen akademiki kitaphana setidir.

Finlýandiýanyň ýokary bilim baradaky (maglumatlary) gory

Ýokary bilim barada dogry maglumatlar almak üçin iki sany maglumat gory gurnaldy: biri uniwersitetler üçin biri bolsa politehk=niki ulgam üçindir. Uniwersitetler, poliethniki edaralar Bilim ministrliginiň taýýarlan maglumatlar goryna girip, öz ipleri we wezipeleri barad habar berýärler. (uniwersitetler üçin KOTA maglumat gory htt.llwww.esc.fi ýa-da http://www.csc.fi/amkota) we politehniki edaralar üçin AMKOTA maglumat gory htt:iiwww.csc.filamkota) olar şu aşakdakylary özünde jemleýär:

  • Arza we kabul etme;
  • Talyplar;
  • Daşary ýurtly talyplar;
  • Derejeler;
  • Derejeleriň sany;
  • Gözlegleriň dowamlylygy
  • Hünärmenleri ýerleşdirmek;
  • Mugallymlar düzümi;
  • Beýleki düzüm agzalary
  • Netijeler üçin çykdaýjylar;
  • Bilimi dowam etmek;
  • Uniwersitetiň gurluşyny beýan etmek;
  • Daşary ýurtlarda tejribe toplan mugallymlar;
  • Ylmy neşir işleri;
  • Daşary ýurt dillerinde okadylýan aspirantlyk taslamalary

Eurobase — Ýewropanyň bilim ulgamynyň maglumatlary

«Eurobase» bilim ulgamyny tutuşlaýyn öz içine alýan ýokary derejede guralan ýeke-täk tor ulganydyr. Ol «Eurydice» Ýewropa Bölümi tarapyndan düzülen we dolandyrylýar.

Maglumatlara girmek üçin hukuk saýlamak üçin çep tarapda görkezilen sahypalary saýlap bilersiňiz.

— sahypalaryň üsti bilen maglumatlar goruna girmek

Bir ugurdan maglumatlar çeşmesi, maglumatlar gurnamak.

1. Täze talyplar

2. Bakalawr derejeli talyplar.

3. Master derejeli talyplar

— Maglumat çeşmeleri umumy tanyşdyrylyş

— maglumat almak üçin mümkinçiligi gözlemek, barlamak we äzeden dikeltmek

— neşirleri ulanmak, okuw maksatlary üçin hyzmatlardan peýdalanmak

— maglumatlaryň asyl nusgalary barada materialar we maglumatlary beýleki maksatlar üçin ulanmak

— bir ugur boýunça maglumatlar, olary tertipleşdirilen ýagdaýyny üpjün etmek

— usulyýet, ýörelgeler we ulgamlaýyn gözleg

— maglumat gözlegini ýeňilleşdirmek

— mowzuklary we ylmy netijeleri derňemek mümkinçiligi

— täzelikler, täze talaplar we ylmy edebiýat bilen tanyşmak

— maglumatlaryň asyl nusgalary barada materialar we maglumatlary beýleki maksatlar üçin ulanmak

— Maglumatlaryň çeşmesine düşünmek

— Bilimleriň täzelenmegi

— belli ugur boýunça çuňňur bilim almak mümkinçiligi

— maglumatlar arkaly ugurlar boýunça täzelikleri öwrenmek

— gerekli maglumatlary gözlemek we olary bir ulgama girizmek

— gözleg usulyýeti täzeden öwrenmek we ýörelgeleri girizmek

— mowzuklary we ylmy netijeleri derňemek mümkinçiligi

— täzelikler, täze talaplar we ylmy edebiýat bilen tanyşmak

Çeşme: Fin uniwersitetleriniň kitaphanasy, 2004—2007 ýyllar üçin maksatnamasy

3) IT esasynda öwretmegiň serişdeleri we meýilleşdirmek

Oodi (Helsinki tehniki uniwersitet)

Oodi bu maglumat ulgamy bolup, ol maglumatlary talyplar, ylmy işler we okuwlar üçin dolandyrmak we hasaba almak blen meşgullanýar:

  • Maglumatlary barlamak we üýtgetmek;
  • Okuwlary suratlandyrmak we gerekli maglumatlar bermek;
  • Okuwlary, synaglary we beýleki i`ler barada maglumatlar bilen üpjün etmek;
  • Bahalaryň sanawy we beýleki häsiýetlendiriş

Noppa (Helsinki tehniki uniwersiteti)

Noppa hem özboluşly maglumat ulgamy hökmünde hereket edýär we talyplary okuwlar barada maglumatlar bilen üpjün edýär. Onda umumy okuwlaryň beýanlaryny, okuw materiallaryny we dersler barada maglumatlary tapmak mümkin.

Ol 2008-nji ýylyň ýanwar aýýnda TKK-da gurnaldy. şahsy sahypalar bu ulgamda ýerleşdirilýär we bu ulgamyň üsti bilen mugallymlar öz ýumuşlaryny talyplara ýetirip bilýär.

Optima

Optima elektron maglumat ulgamydyr.

Tokka

Tokka on-laýn maglumatlar ulgamlaryň biri bolup, ol masterlik derejersine degişli bolan maglumatlary berýär. Bu ulgam noýabr-dekabr aýlarynda açylýar.



Top

9. Finlýandiýanyň ýokary bilim töleg bahasy

Bölümçe: Kanuna görä ýokary bilim mekdepleriniň töleg bahalary barada ylalaşyklar uniwersitetler we piltehniki bilim edaralaryň bilen baglanyşylýar. Ýokary okuw mekdepleri bu mesele barada Finlýandiýanyň Ýokary bilim töleg bahalary boýunça geňeşligiň masklahatyna alýarlar.

FINHEEC—iň syýasaty we wezipeleri Ýokary bilim töleg bahalary baradaky geňeşliginde 1320/1995 karary esasynda we 465/1995 belgili düzedişe laýyklykda dolandyrylýar.

  1. bilim ministrligi we ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda;
  2. politehniki bilim edaralary üçin tölegleriň geçirilişi;
  3. ýokary okuw mekdeplerini dolandyrmakda we ýokary bilim syýasatyny gatnaşmakda göz öňünde tutulýan tölegler;
  4. ýokary bilim ulgamyny töleglerini kesgitlemek we garamak;
  5. halkara hyzmatdaşlygyň çägindäki işler babatynda;
  6. ylmy -barlag işleri babatynda.
  • maglumatlaryň elýeterliligi, gözleg we täzeden dikeldiş esaslary
  • peýdalanylan neşir ipleri we hyzmatlar
  • maglumatlary diogry peýdalanmak we materiallaryň ygtybarlygy
  • maglumatlara bolan islegi kanagatlandyrmak işini guramak
  • gözleg usullary we ýörelgeleri işläp düzmek
  • maglumatlary derňemek we kämilleşdirmek
  • edebiýatlary we materiallary ulanmagyň ýolaryny salgy bermek we derňemek
  • zerur maglumatlary öňünden kesgitlemek
  • ylmy materiallary ulgama salmak we ýelýeterli etmek

Ýokary okuw mekdeplerinde hünär sapaklarynyň bahalandyrylyşy

1998-nji ýylda ýokary okuw mekdepleri tarapyndan taýýarlanan FINFEES meýilnamasy hünär sapaklaryny bahalandyrmak we hasaba almak meselesini öz içine alýar. «Hünär sapaklarynyň bahalandyrylyşy» diýen adalgany köp halatlarda bahalandyrmak manysynda ulanylýar. Bilim ministrligi bölümçeleri belläp hünär sapaklaryny bahalandyrmak boýunça jogapkär ýolbaşçylaryň wezipesi hünär sapaklary azyndan 20 ball möçberinde bahalandyrmak we şahadatnamalar barada karary çykarmakdan ybaratduyr. Iş topary 12 agzadan ybatrat bolup, olar uniwersitetleri, politehniki bilim edaralaryny bilen doly tanyşyldy.

Hünar sapaklarynyň sertifikaty bu köpçülik tarapyndan tanalýan ýa-da özleşdirilen usul bolup durýar, emma derejesi bolmadyk sapaklaryň özüne mahsus ülňüleri bolýar. Sertifikatyň hyzmatyna girýan işler, bu kandidatlaryň resmi işleri bilen baglanyşykly meselelerigaralyp, uniwersitetleriň, politehniki bilim edaralarynyň her biri gözden geçirilenden soň, olar barada häsiýetnamany doldurylýar. Iş toparyna hünärmenleriň işlerini hem ulanmak zerur bolup durýar. Muňa garamazdan, soňky netijäni ýolbaşçy çözýar. Hünär sapaklary bellenilende, ýolbaşçylar onuň netijeli tejribelä laýyk bolar ýaly edip düzýärler. Çözgüt köplenç hawa ýa-da ýok ýazgy esasynda kabul edilýar. Käwaglar çözgüt gizlin ýagdaýda kabul edelip bilner. şeýle ýagdaýlarda, kandidatlara belli bir möhlet berlip (1 ya-da 2 ýyl) berlip, şol öwür aralygynda olar goşmaça düzedişlerini girizip bilýärler. Bahalandyrylan sapaklar hemişe şol ýarymýyllygyň ülňüleriniň esasynda syn berilýär, ýöne olar bir ugra degişli bolan beýleki sapaklar bilen meňzeş däl. Kurslar hödürnamalar, häsiýetnamalar, hasaba alyş karary kabul edilenden soň üpçün edilýär.

Çeşme: Finlýandiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň sertifikatynyň görnüşleri: tejribe we maksatnamalar

Ýokary bilim hakyndaky häsiýetnama

Bologna ylalaşygyna laýyklykda Ýewropada ýokary okuw mekdepleriniň bilim ulgamy we onuň gurluşy 2 tapgyrlaýyn okuwy tamamlamakdan (ýagny bakalawr derejesini almakdan) hem-de aspiranturany tamamlamakdan ybaratdyr. Akreditasiýa, ýagny ýokary bilim hakyndaky häsiýetnama Ýewropada bilim ulgamynda bolup geçýän üýtgeşmelerini gollamak babatynda ýüze çykýan iň wajyp meseleleriň biridir.

Dereje maksatnamasynyň häsiýetnamasy işiň mazmunynyň yzygiderliligi, baglanşygy we umumy manysy doly gözden geçirilenden soň kabul edilýär. Ol belli bir wagtyň dowamynda gözden geçirilýar. şeýlelikde bu maksatnama belli wagtdan soň täzeden barlanylýar. Bu herekete bellenen gulluk tarapyndan gözegçilik edilýar. Ýokary bilim hakynda sertifikat käbir ýurtlarynda täzelik hasaplansa-da, ol Bologna hereketine girýan ýurtlar tarapyndan giňden kabul edilýar.

Olar şularda ybarat:

  1. FINHEES
  2. Ýokary okuw mekdepleri tarapyndan hünar sapaklary boýunça berilýän sertifikatlar
  3. Politehniki ugur boýunça aspirantlyk «FINHEES» tarapyndan täzeden kabul edilen ýokary okuw mekdepleriniň bahalary

Finlýandiýada ylmy-barlag işe baha bermek

Ylmy işe baha bermek we onuň usulyýetini kämileşdirmek Finlýandiýanyň Akademiýasynyň esasy wezipesidir. Bu umumy baha berme işini, ylmy işlere bildirilýän talaplar we ylmy işleriň maksatnamasyny öz içine alyp, maliýeleşdirmek meselesine berilýän bahasyny we görkezijileri ösdürýär. Daşary ýurtly we fin ekspertleri baha bermäniň hiline, netijelerine jogap berýärler.

Ýokary okuw mekdeplerinde dolandyryş bilen bagly bahalandyrma hem Finlýandiýanyň Akademiýasy tarapyndan geçirilýär. şeýle-de bolsa, «FINHEES» we Finlýandiýanyň Akademiýasynyň arasyndaky ýerine ýetirmeli iş anyk bölünendir: Finlýandiýa Akademiýasy ýokary okuw mekdebiň ýerine ýetiren ylmy barlag işine baha bermäge jogap berse, «FINHEES» edaralaryň işleriniň beýleki görnüşlerine baha bermek işine jogapkärdir.

Deňhukukly daşary ýurtly ekspertleriniň adalatly syny däp bolan baha bermek işi hemişe akademiýanyň we akademiýanyň debatlarynyň bir bölegi bolup hyzmat edýär. Soňky ýyllarda çykdajylara edilýän talaplara görä bu has hem giňedi. Ylmy-barlag geçirijilere, ylmy-barlag toparlara we ähli ylmy-barlag institutlara olaryň gazanan netijeleri boýunça baha berilýär.

Ylmy-barlag geňeşiniň ilkinji Finlýandiýanyň ylmy-barlag işiniň ýagdaýy we hili diýen hasabaty 1997 ýylda çap edilýar. Bu hasabat ylmy pudagyň ýagdaýy we hili, şeýle-de akademiýa Finlýandiýanyň halk hojalygynyň durli ugurlarynda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriň halkara derejedäki baha berilişi we häsiýetlendirilişi goldaýar.

Hil kepillendiriş we halkara hyzmatdaçlyk

NOQA — habar ýaýratma üçin forum bolup, maglumatlary alyş-salyş edýär we ikitaraplaýyn bähbitli taslamalary goldaýar. Ýokary bilimiň hilini barlamak bilen bagly durli Skandinaw garaýyşlarynyň bilen baglanyşykly meseleleri bilelikde çözmek esasy maksat bolup durýar. 2005—2006 ýyllarda NOQA-nyň taslamasy Ýewropa ülňüleri we skandinaw dolandyryş ýörelgeleri bilelikde derňew geçirdi. Bologna hereketiniň jogapkär ministrliginiň razyçylygy bilen hil barlaýan guramalard üçin döredilen taslama, Ýewropa ülňülerini dolandyrmak ýörelgeleri düzündirmek üçin gönükdirlendir.

Şeýle hem guramalaryň, hereketleriň we deňeşdirme usulyna esaslanan taslamadyr. Finlýandiýa NOQA bilen ýakyn hyzmatdaşlykda.

ENQA

ENQA- (Ýokary biliminiň hilini kepillendirmek baradaky Ýewropa Birleşigi) — 2000-nji ýylda Ýewropa Kommisiýasy tarapyndan QA gullugy we döwletiň arasyndaky maglumat alyş-çalyşygy, usulyýeti kämilleşdirmekdäki tejribe we ýokary biliminiň hilini barlamakdaky netijeli tejribäniň mysallarynyň alyş-çalyşyny giňeltmek we ösdürmek maksady bilen 2000-nji ýylda ENQA — (Ýokary bilimiň hilini kepillendirmek baradaky Ýewropa Birleşigi) Ýewropa Komissiýasy tarapyndan başlanýar. ENQA we hil kepili gullugy baradaky doly maglumat EN bölumçesinde ýerleşyar.



Top

10. Aspirantura kabul etmek we maliýeleşdirmek

Bölümçe: Finlýandiýada uniwersitetleri we taslamalary maliýeleşdermegi, talyplar üçin maliýe kömegini bermek ulgamyny kämileşdermegi we uniwersitetlere kabul ediş suratlandyrylýar.

Finlýandiýa uniwersitetlerini maliýelişderme

Ähli fin uniwersitetleri döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýar. Olar konstitusion awtonomiýa döwlet tarapyndan dolandyrylýan ýokary okuw mekdepleridir.Politehniki ugur boýunça geçirilýän dersler ýerli ýokary okuw mekdebi tarapyndan gurnalýar. Döwlet we ýerli häkimiýet ýa-da hususy gazna bilen maliýeleşdirilýän tölegli hususy okuw mekdepler diňe uly ýaşly talyplary okatmak üçin niýetlenendir.

Uniwersitetler aýratyn uniwersitetler politehniki bilim edaralary baradaky aktlara laýyklykda dolandyrylýar. Bir wagtda iki derejäni goramaga mümkinçilik bermek üçin uniwersitetleriň gurluşyna degişli kanunlara gaýtadan seredilýär we 2005-nji ýylyň awgust aýynyň 1-ne kabul edilýär. Esasy syýasy ýörelgeleri we ösüş maksatnamany Bilim we Ylym Ösüş Maksatnamasynyň esasy ugurlary kesgitlenip, döwlet tarapyndan alty ýylyň içinde kabul edilýär we olar dört yyl möhlet üçin niýetlenendir. Işi dolandyrmak we netijeli hereket etmek maksady bilen Bilim ministriligine uniwersitetleri we politehniki bilim edaralaryny sazlaşykly dolandyrmak tabşyrylýär. Bu strategik sazlaşykly dolandyrma milli bilim syýasatyny amala aşyrmakda uly orun tutýar.

Milli häkimiýet, ýagny Bilim ministriligi we söwda-senagat ministriligi ýokary bilim we asperantura, ylym we tehnologiýa syýasatyna jogapkärdir. Bilim ministriligi ylmy-barlag işleriň geçirilişine, bilim syýasatynyň durmuşa geçirlişiniň we Finlýandiýanyň Akademiýasynyň işine jogap berýär. Söwda we senagat ministriligi ýurduň senagaty bilen baglanyşykly işlere, tehnologiýa ugry boýunça ýöredilýän syýasata gözegçilik edýär. Milli tehnologiýa baradaky gullugy we ýurduň tehniki ylmy-barlag merkezi bilen hyzmatdaşlyk edýär. Döwletiň 80% golaý maiýe serişdeleri bu iki ministrilige gönükdirilendir.

Çeşme: OECD 2005

Finlýandiýa Akademiýasy, Fin ylmy geňeş guramasy, ylmy-barlag merkezi administrasiýasyna seredýar we uniwersitetde amala aşyrylýan ylmy-barlag işiniň esasy bölegini maliýeleşdirýär. Akademiýanyň ylmy-barlag geňeşi bar, olar üç ýyllyk möhlet bilen bellenen, her ylmy-barlag işi öz düzgünleri boýunça maliýeleşdirilýär. Tehnologiýa we ösüş üçin jemgyýetçilik maliýeleşdirme, uniwersitetiň daşary maliýeleşdirmegiňde esasy orny tutýan TEKES-e gönükdirilýär.

Finlýandiýada R we D maksatnamasyny maliýelleşdirme

2003-nji yylda Finlýandiýada R we D maksatnamasynyň umumy çykdaýjysy 5 milliard EU, onuň 3,5%-i milli azyk ugry eýeleýär. Ýokary bilim sektorynyň (uniwersitetler, politehniki bilim edaralar we uniwersitetiniň merkezi keselhanalary) çykdaýjysy 976 milliard ya-da ähli çykdaýjynyň 19%-i. Iş sektory 70% hasaplandy we jemyyetçilik sektory (esasy döwlet ylmy institutlary) 10%. GDP-iň 1%, Finlýandiýanyň jemgyýetçilik R we D gaznasy dünýade iň ýokary bolup, EU ortaça 0.77% (OECD).

Bilim ministriligi 2005-nji ýylda ylyma 640 million EU geçirdi, bu döwletiň R we D gaznasynyň 410% görkezýar. Pul serişdesiniň köpüsi uniwersitetlere we Finlýandiýa akademiýasyna geçirildi, ylmy çykdaýjysy Bilim ministriliginiň maliýeleşdirme taslamasy politehniki ýörelgeleri esasynda ylmy girdejiniň iň esasy çeşmesidir. Uniwersitetleri maliýeleşdirmegiň esasy daşary çeşmesi Finlýandiýa Akademiýasy ylmy maliýeleşdirme we Milli tehnologiýa gullugy «TEKES» bolup hasaplanylýar.

2003-nji ýylda daşky maliýeleşdirme 775 politehniki ylmy edaralarda we 49% uniwersitetlerde hasaba alyndy. Bilm ministrligi hen şeýle taslamalary işjeň gatbaşýar. Milli tehniki gullugy bolan «TEKESH» Finlýandiýanyň Akademiýasyny we ýokay kuw mekdeplerini maliýeleşdirmek işini ýola goýmakda uly orun tutýar.

Talyplar üçin maliýe kömek bermek ulgamy

Däbe görä fin ýokary okuw mekdepleri tölegsizdir. Daşary ýurt talyplary üçin tölegiň girişi jedelräk bolup, iki çözgüde gelinýär. Talyplar maliýe kömegi üçin jemgyýetçilik gaznasyna ýüz tutup bilýärler. Kömek jemgyýetçilik ätiýaçlandyryşy boýunça dolandyrylýar.

Talyplara şu aşakdaky maliýe kömegi berilýär: talyp haky, U.Ý.J. tölegi we karz pul serişdeleri. Talyplara berlen kömek pul yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen berilýär. Alnan karz pullar bank we döwlet tarapyndan belligi alynýar. Talyplar maliýe kömegini bermek barada meýilnama 1972-nji ýylda düzüldi. 1977-nji ýylda häzirki wagtda hem hereket edýän meýilnama meňzeş maliýe meýilnamasy kabul edildi. Ýeke kireýine jaý alyp ýaşaýan talyplara goşmaça öý esbaplary berilýär. Mäliýe kömegi 7 ýyl möhlet bilen berilýärdi.

1980-nji ýylda talyplaryň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen köp işler edildi. 1992-nji ýylda talyp haky 2 esse köpeldildi. Bu üýtgeşmeler 55 aý öz güýjüni saklady. Gaýybana däl talyplaryň sanyny artdyrmak maksady bilen pul kömegi berilýän talyplaryň iş gerdijileri belli bir derejede azaldyldy. 1998-nji ýylda kabul edilen girdeji kömegi bermek ulgamy has-da güýçlendirildi. 2004-nji ýylda girizilen üýtgeşmeler döwlet tarapyndan berilýän karz pullarynyň möçberini artdyrar. Talyp okuwy gutarandan soň berlen kömek pullary salgyt tölemegi bilen bile berilýär.

Bütin okuw döwründe berlen mäliýe kömegi käbir şertlerde diňe 70 aý üçin berilýär. Magistr derejesini alýan talyplara 55 aý mäliýe kömegi 45-den 55 aýa çenli berilýär. Galan 70 aý pul kömegi Y.O.H.­-inde alnyp barylýan okuw işleri üçin berilýär.

Orta mekdebiň, ýörite hünärment mekdepbiň, we milli halk mekdebiň okuwçylaryna 8 hepdelik pul kömegi berilýär. Daşary ýurtda okaýanlara hem kömek berilýar. Kömek almaly talyplaryň sany 500.000,ýöne olaryň diňe 300.000-ine kömek berilýär. Bu görkezijiniň pes däldiginiň sebäbi mekdep okuwçylary pul kömegine mätäçligindedir.

Umiwersitetleriň talyplarynyň 50%-i gaýybana okaýandyr. şol talyplara mugt maliýe kömegi berilýär.

— Daşary ýurt talyplara berilýän maliýe kömek;

— Iki ýyl Finlýandiýada ýaşan (diňe okuw maksady bilen) we Finlýändiýada ýaşamaga rugsat berlendigi barada şahadatnamany alan talyplara maliýe kömegi berlip bilner. Fin talyplaryna hem daşary ýurtda okamak üçin pul kömekçi berilýär.

1991-nji ýylda daşary ýurtlarda okaýan 5227 sany talyp pul kömegini aldy. Talyplara ýaşamak üçin töleýän bahasyny peseltmek üçin köp tagallalar edilýär. Döwlet tarapyndan jaý gurluşygy alnyp barylýar we şol ugry maliýe kömegi bilen üpjün etmek bankda kiçi göterimli karz pullary alynýar. Ýerli hökümiýet hem gurluşygy mugt ýa-da arzan bahadan ýerine ýetirýär. Talyplar hem şol serşdeleriň esasynda jaý gurup bilerler.

Uly ýaşly talyplara maslahatlar we görkezmeler gullugy

Ýakynda bilim ulgamyna girizilen üýtgeşmeleri uly ýaşly adamlary okuwa çekmäge gönükdirilendir. Onuň esasy maksady öňki alan bilimi tassyklamak we elektron maglumatlary bazasyny döretmek.

Talyp guramalary we birleşmeleri

Her ÝOM-inde talyplaryň ukyplaryna seredýän talyp birleşmeleri bar. Magistraturada okaýan her bir talyp bu birleşmäniň agzasydyr. Olarda talyplara köp ýeňillikler berilýär. Talyp birleşmeleri döwlet tarapyndan üpjün edilýär. Ähli talyp birleşmeleri Finlýandiýanyň milli talyplar birleşmäniň düzümine girýär.

Talybyň we mugallymyň alyş-çalyşygy Finlýandiýanyň okuw bilimine halky doly aralaşdyrmakda uly orun tutýar. Finlýandiýa öz talyplaryny daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerinde okatmak üçin maliýe kömegi berýär.

Ýewropa Birleşiginiň okuw maksatnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen döwlet tarapyndan milli dolandyryşa goşmaça maliýe serişdeleri bölünýär. Ýokary okuw mekdepleri özleriniň halkara alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşýan talyplaryna hem belli bir derejede pul kömegini berýärler.

Finlýandiýanyň Bilim ministrligi we ýokary okuw mekdepleri uzak möhletli alyş-çalyş maksatnamalary ýola goýmak üçin ylalaşyga gol çekdiler. Finlýandiýa her bir üçünji talyby okuwyny daşary ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde dowam edip biler. şu maksatnamada gowy netijeleri görkezen ýokary okuw mekdepler halkara hyzmatdaşlygy üçin döwlet tarapyndan sylaglanyldy.

2001-nji ýylyň ahyrynda Finlýandiýanyň Bilim ministrligi we ýokary okuw mekdepler ulgamyny halkaralaşdyrmak üçin meýilnama düzdiler. Bu meýilnama laýyklykda daşary ýurtly talyplary ylmy dereje almak üçin Finlýandiýanyň ÝOM-ine kabul edilip bilner. Bu 2010-nji ýyla çenli şeýle talyplaryň sany birnäçe esse artmalydyr. Bu meýilnama eýýam durmuşa geçirildi.

Iňlis dili döwlet dili bolmadyk döwletleriň arasynda Finlýandiýa iňlis dili öwretmek ilkinji orunda durýar. Ähli ýokary okuw mekdeplerinde halkara alyş-çalyş maksatnamalrynyň çäginde okaýan talyplar üçin gönükdirilen iňlis dili okuw merkezleri bar.

Daşary ýurtly we ýerli talyplara iňlis dilini ýokary derejedi öwretmek üçin döwlet goşmaça maliýe kömegini berýar. Daşary ýurtly talyplary fin we şwed dillerini hem öwrenip bilýärler.

1990-njy ýylyň başlarynda Finlýandiýanyň we beýleki döwletleriň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy öwretmek üçin Halkara Ösüş Merkezi döredildi. Finlýandiýa bu guramanyň üsti bilen ýokary okuw mekdepleriniň mümkinçileri barada maglumat berýär.

CIMO maksatnamasy bu Bilim ministrliginiň garamagyndaky guramadyr. Bu gurama halkara alyş-çalyşga we Ýewropa Bileleşiginiň geçirýän her bir okuw medeni maksatnamalaryny döwlet derejesinde geçirilmegine jogap berýar.

Finlýandiýanyň okuw mekdeplerini halkara derejesine getirmekde maksady bilen metbugat, sorag-jogap okuw hyzmatlaryny hödürleýär. şeýle-de daşary ýurtlarda fin dilini we medeniýeti öwretmek we daşary ýurtly talyplary üçin tomusky fin dili okuwlaryny geçirmekde uly orun tutýar.

Bu gurama Finlýandiýanyň ilçihanalary we fin medeni-okuw merkezleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar.

Köp halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär:

  1. 1. Okuw hyzmatdaşlyk bileleşigi;
  2. 2. Ýewropa Halkara bilim bilelişigi;
  3. 3. Halkara alymlar bileleşigi

MOK — bu takyk ylymlary boýunça bilim alýan talyplaryň esasy merkezi bileleşmesidir. Medisina ylymlary hünäri böyünça bu bileleşmäniň agzasy bolmak hökmany şert däldir.

CIMO tarapyndan hödürlenilýän baza

Fin uniwersitetleri we politehniki institutlary tarapyndan hödürlenilýän bu baza 450-den gowrak halkara okuw maksatnamalaryny maglumatlar bilen üpjün edýär. Takmynan hemme maksatnamalaryň dili iňlis dili bolup durýar.

Käbir maksatnamalar gysga möhletli okuwlardan ybarat bolup, alyş-çalyş maksatnamalaryň bölegi hökmünde çykýar, başgalar giň göwrümli esasy maksatnama okuwlary doly tamamalamak üçin we fin ýokary bilimini almak birnäçe ýyllary öz içine alýar.

Talyp we ylmy-barlag alyş-çalyşlar barada maglumat

Ýakynda uniwersitetler we politehniki institutlar özleriniň halkara bilim we ylmy işlerini geçirdiler. 2003-nji ýylda daşary ýurda okuwa giden fin talyplaryň sanynyň jemi 7554-e ýetdi. 2002-nji ýyl bilen deňeşdirilende talyplaryň sany 122-ä ýa-da 2% göterildi. Öňki ýyllardaky ýaly takmynan uniwersitetiň bäşdeb bäri (19%), politehniki institutynyň ýediden biri (14%) özleriniň dereje okuwlarynyň bir bölegini daşary ýurtlarda okadylar.

Ýurduň maksady — 2010-njy ýyla çenli daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň sanyny 14000-e götermek. Daşary ýurt talyplarynyň alyş-çalyş sany birnäçe ýyllaryň dowamynda artdyryldy. Finlýandiýa 6616 sany daşary ýurtly talyplary kabul etdi, bu bolsa 2002-nji ýyla garanyňda 10% göterilendigini görmek bolýar.



Top

11. Halkara alyş-çalyş maksatnamalar.

Halkara alyş-çalyş maksatnamalar esasan hem uniwersitetlerde köp taraplaýyn alyş-çalyş maksatnamasynyň usti bilen kämilleşdirilýär. 2003-nji ýylda fin uniwersitetleriň alyş-çalyş maksatnamasynyň çäginde talyplarynyň sany 3863-e ýetdi, 2002-nji ýyldan bäri Finlýandiýa okamaga gelen daşary ýurtly talyplaryň sany 5,4% göterildi. 2003-nji ýylda bolsa Finlýandiýanyň gelen uniwersitetlerine bilim almaga gelen talyplaryň sany 3987-ä ýetdi.

2003-nji ýylda fin uniwersitetlerinde ylym-barlag geçirýän alymlaryň sanynyň 15%-i iki hepdäniň dowamynda daşary ýurtly uniwersitetlerinde ylmy işleri alyp bardylar we 1088 sany daşary ýurtly alym fin uniwersitetlerine bir aýlyk ylmy-barlag işlerini alyp barmaga geldiler.

2003-nji ýylda 3691-e golaý politehniki institutlaryň talyplary 3 aýyň dowamynda okadylar ýa-da tejribeçiligini daşary ýurtlarda geçirdiler. Talyplaryň daşary ýurtlarda okatmaklygyň ortaça dowamlylygy 4,8 aýa barabardyr. Mugallymlaryň alyş-çalyşygyna göz aýlasak, onda 44%-e golaý politehniki institutlaryň mugallymlarynyň daşary ýurtda okamaklygynyň ýa-da işlemekliginiň dowamylygy bir aýdan hem gowrakdygyny görüp bilýäris.

Politehniki institutlar 73-e golaý daşary ýurtly mugallymlary we ekspertleri bir aý möhlet bilen, takmynan 1462 mugallymlary bolsa bir aýdanam azrak möhlet bilen kabul edýärler.

Iki ýokary okuw mekdepleriniň bölümleri, 2001-nji ýylda kabul edilen halkaralaşdyrylan ýörelge esasynda derejeleriň ösüşiniň alyp barylmagyny dowam etdirýarler. Onuň esasy maksady Finlýandiýanyň halkara bilim bazaryndaky bäsdeşligini güýçlendirmek bolup durýar. 2003-nji ýylda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda hiç hili wajyp üýtgeşmeler girizilmedi.

Finlýandiýa hereketligi Ýewropada merkezleşdirilendir: 79% — bu Finlýandiýa alnyp barylan işler, 89% Finlýandiýadan tarapyndan daşary ýurtlarda alnyp barylan işler. Bularyň hemmesi Ýewropa ýurtlary bilen bilelikde alnyp barylan işlerdir. Esasan hem alyş-çalyşlar Demirgazyk Amerika we Awstraliýa bilen geçirildi.



Top

12. Ylmy-barlag işleri geçirmegiň düzgünleri.

1991-nji ýylda Bilim ministriligi tarapyndan tassyklanylan Milli kada-düzgünler barada maglumat berýan merkez, Finlýandiýada alnyp barylýan düzgünlere degişli ylmy işlere gözegçilik edýär. Merkeziň maksady maslahatlara ýardam bermek, maglumatlary paýlamak, herekete başlangyç bermek we barlag geçirmegiň düzgünleri beýan etmek bolup durýar.

Dürli ylmy ugurlarboýunça bir-birine berk baglanyşykda bolan ahlak kadalary bar, meselem: barlag geçirijiniň we başlanylýan obýektiň arasyndaky gatnaşyk. Fin milli düzgünler barada maglumat berýän merkez tarapyndan biotehnologiýa barada, ylmy assosiasiýa barada we birnäçe guramalar barada köp maglumat berilýar.

Intellektual hukuklar we barlagyň netijelerini peýdaly ulanylmak

TKK-nyň esasy maksatlarynyň biri ýokary derejeli ylmy barlaglary geçirmek we halkara metbugatda çap edilen netijeleri dünýä konwensiýasynda görkezmek. Olary bakalawr, master we doktor derejelerinde okatmakda hem peýdalanylýar. Doktorlyk dissertasiýalary çap edilip, jemagatyň öňünde goranylýar. Emma dissertasiýany goramakdan ötri ynanşçly ylalaşygyň ýoklugyna ýa-da gelnen netijäňiň çap etmekden öňüni aljak tekste degişli bolan şertleriň ýokdugyna göz ýetirlidir.

Hyzmat edýänler sylaglanýan ýagdaýynda gözlegçilige mümkinçilikler berilýän bolsa, mümkin boldugyndan netijeler görkezilýär. Muňa garamazdan, kompaniýanyň ylalaşykda görkezilen syryny we söwda ynamyny saklamagyň zerurlygy hemişe hasaba alynýar. TKK maksatnamasynyň ynandyryjy tarapy ylmy barlaglar daşky serişdeleriniň esasynda maliýeleşdiirilip, TKK maksatnamasynyň çäginde alnyp barylýan ylmy barlaglaryň işi ornaşdyrylan ýerlerinde alnyp barylýar. Beýleki ylmy gözlegleriň taslamalary aýratyn sebäplere baglylykda jogapkärçiligi öz üstüne alýar.

TKK-iň Otanieni halkara täzelikleri giriziş merkezi ylmy gözlegleri we amaly ýollaryň hereket ediş bitewiligini goldaýar. Muňa ylmy barlaglaryň ylalaşyklary we peýdaly ylmy gözlegleriň netijeleri degişlilikde Merkez dolandyryş we bazar intellektual özboluşlylygyny we söwdany ilkinji basganjakda ýardam bermek bilen iş salyşýar. Mundan başga-da, bu Mmerkez Ýewropa Bileleşigine degişli resminamalary we içerki ylmy barlag taslamalaryny gözden geçirip, olary TKK maksatnamasy tarapyndan baha berilýär. Merkez barada ýazylan işler we oýlap tapyjylaryň hukuklary barada, hem-de söwda bähbitleri babatynda bolup geçýäň täzilikler doly tanyşmak isleseňiz, onda Centre’s home page http; lloiic-tkk.fit internet sahypasynda okap bilersiňiz.

Statistika we Ýokary bilimi barada berilýän statistiki maglumatlar we hyzmatdaşlyk

Finlýandiýanyň ýokary derejeli hyzmat ediş statistikasy, esasy hödürnamalary özünde jemleýär we neşir edýär. Olaryň käbiri halkara standartlaryna esaslanyp, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary tarapyndan tassyklanyldy. Peýdaly ýokary derejeli hödürnamalaryň kämilleşmecgi statistiki habarlara laýylykda dürli wagta dürli ýerlerde yglan edilýär. Toparlar söz başylaryň ýa-da toparyň adyndan olaryň sifrinden, belgileýin ýa-da harp sifrlerden, toparlaryň suratlandyrylyşyndan we düşündirilişinden ybarat. Ýorite toparlar bölekleýin habarlardan durýan hususy görkezilýän statistiki faktlary boýunça dürli toparlaryň esasy aýratynlygyna salgylanýar. Olaryň her bir bölegi ýeke bir topara degişlidir. Bu klassifikasiýada toparlar atlandyrylýar, sifrler bolsa olar bilen çap edilýar.

1997 ý. Bilim derejesiniň toparlary

1997 ý. Bilim ulgamynyň toparlary

0

Çagalar bagy

0. Umumy bilim

1

Başlangyç bilim

1. Mugallymçylyk okuwy we ylmy okuw

2

Kiçi klaslaryň bilimi

2. Gumanitar ugry

3

Uly klaslaryň bilimi

3. Ykdasady we syýasy ylymlar

4

Iň pes derejedäki bilim

4. Anyk ylym

5

Pes derejedäki bilim

5. Tehnologiýa

6

Ýokary derejedäki bilim

6. Oba hojalygy we tokaý hojalygy

Uniwersitetiň talyplary

2008-nji ýylda uniwersitetiň talyplary tarapyndan ýygnalan maglumatlar bilimli talyplary öz içine alýar we ýöredilýän sanawda 2008-nji yylyň 20-nji sentýabryna çenli olaryň barlygy ýa-da ýoklugy ýöredilýär.

Uniwersitet derejeleri

Statistika Finlandiýanyň uniwersitetlerindäki derejelerini geçen talyplary, olaryň okuwda gazanan ballaryna laýyklykda şahsy maglumatlaryny ýygnaýar. Statistiki Akt şol maglumatlar bilen berk baglanyşykda işlemegi talap edýär. Statistika Finlandiýa döwleti şeýle maglumatlary öz statistikasy we maglumat gullugy üçin ulanýar. Mysal üçin, olary hasaplaýyş maglumat görnüşinde Bilim ministrliginiň ýolbaşçylygyndaky KOTA geçirmek.

Statistika boýunça 2007-nji ýylda Finlandiýada 22.300 uniwersitet derejeleri goranyldy. Bu bolsa geçen ýylyň statistikasyna garanyňda 15% köp. Umuman, az derejeli 5900, uly derejeli 13.900. Doktorlyk derejesini gutaran 1.500 bellenen. Zenanlar bolsa ähli derejeleriň 63%-ini gutardy. Ylmy tarapdan öwrenilende uly derejelere gumanitar we tehnologiýa ugurlaryndan köp derejede ýetildi. Zenanlar gumanitar ugurdan 82%-i gutardy, erkekler bolsa 75% gumanitar we ylym derejelerini goradylar.

Daşary ýurtly talyplary 820 derejeleri gutardy, şolaryň 23%-i doktorlyk, daşary ýurtly talyplar ylymda, tehnologiýada we tebigaty goramakda iň uly derejeleri garandylar. Daşary ýurtly talyplaryň 43%-i gutaran derejelerini zenanlara degişli.

Okuwy gutarmaklygyň häzirki netijesi uniwersitetleriň ýuridiki ýagdaýynyň üýtgeşmeleri sebäpli, uniwersitetleriň awtonomiýasy berkleşýär. Uniwersitetler täze görnüşli ýuridiki esaslary, kanun esasynda jengyýetçilik we hususy ýuridiki şahsy dolandyryşy dörederler. Soňra dolandyryş we uniwersitetleriň gelen netijesleri boýunça üýtgediler. 2009-njy ýylyň awgust aýynda täze kanun hereket edip başlar.

Köp üýtgeşmeler we ýokary bilimi çäklendirmek işi gyzyklandyrýar. Uniwersitetlerde we tehniki bilim edaralarynda torlaryň işi kämilleşdirilýär. Administratiw düzümleriň birikmeginde we özara kömegi esasynda dürli maksatnamalara erkin barma hukugy dörediler. 2010-njy ýyla çenli Bilim ministrligi ýokary bilimiň gurluş taýdan ösmegi baradaky anyk çäreleri geçirmek işlerini kesgitledi. Uniwersitetleriň we politehniki bilim edaralaryň işleri bütin ýer şary boýunça iş salyşmakda şöhlenener. Ýene bir bellemeli zat, bo bolsa ösüşleriň biri täze ösüş uniwersitetidir. Ol 2009-njy ýylyň 1-nji awgustynda işläp başlar. Täze uniwersitet Helsinki tehniki uniweriteti, Helsinki ykdysady mekdebi we Helsinki sungat uniwersiteti öz içinde alar. Turku uniwersiteti, Turku ykdysady mekdebi bolsa 2011-nji ýylda işläp başlar. Gündogar fin uniwersiteti, Kuopio we Joensuu uniwersitetleri bu täze uniwersitetleriň esasy bolup hyzmat ederler. Olar öz işini 2010-njy ýylda başlar.

Copyright © 2008-2009 Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeş